Sizi belent ruhy-ahlak ýörelgelerini özünde jemleýän Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň eneňiziň aradan çykmagy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize we Siziň maşgalaňyza çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy bildirýärin.
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy.
Siziň käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.
Şu ýylyň mart aýynyň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň netijeli işleri alyp barýandyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler.
Mähriban eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy we medet beriji sözlerimi beýan edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryň esasy wezipesidir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.