Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda
Çap edildi 20.04.2023
2491

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy.

Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm gurallaryň biri bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistany mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen ýörite taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler soňky wagtda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagy giňeltmek, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary we geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ählumumy gün tertibiniň meseleleriniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny berkarar etmek meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýändigine aýratyn üns çekildi. Biziň Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz adam hukuklaryny we bähbitlerini goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etmek bilen hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.

Duşuşykda gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Şu maksat bilen, tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmagy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Söhbetdeşler sanlylaşdyrmak meselelerine uly üns berdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan we döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler bilen şertlendirilendir.

Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow