Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2023-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2023-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 19.04.2023
1556

Şu ýylyň mart aýynyň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň netijeli işleri alyp barýandyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dürli görnüşde geçirilen işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, forumlar, Türkmenistanyň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň üstünliklere beslenýändigini tassyklady.

1-2-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Onuň dowamynda ýurdumyzda adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara borçnamalaryň hem-de BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň maslahatlarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Mejlisiň çäklerinde Adam hukuklary boýunça komitet Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara paktyň kadalarynyň we düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça üçünji döwürleýin hasabatyna garady.

6-njy martda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ulag-logistika, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, oba hojalyk pudagynda we daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

7-nji martda Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet meseleleri boýunça tehniki goldaw beriş toparynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onda bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, 2023-nji ýylda guraljak çäreleriň “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýakyn wagtdaky bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, adam söwdasyna garşy göreşmek we migrantlara ýardam etmek, serhedi dolandyrmak ulgamyndaky meselelere seretdiler.

8-9-njy martda Täjigistan Respublikasynda iş sapary bilen bolan türkmen wekiliýetiniň agzalary dostlukly ýurduň ugurdaş ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Saparyň çäklerinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen baglylykda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehniki, parlament, ulag-logistika ulgamlary, dokma toplumy, senagat hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalaryň we sebit meýdançalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda we DIM-niň binasynda GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematow bilen geçirilen duşuşyklarda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. I.Nematow GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparyna ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi.

9-njy martda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda utgaşykly görnüşde geçirilen bu forumy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde gurady.

Gün tertibine azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi. Hususan-da, howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşyklydygy, dünýäniň oba hojalyk önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi, daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri peseltmek hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygy, azyk önümlerini ibermegiň durnukly ulag ulgamlarynyň döredilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

10-11-nji martda Daşary işler ministrliginde “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin Eýranyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wladimir Rahmanin bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda azyk we ekologik howpsuzlyk, tebigatdan rejeli peýdalanmak, hususan-da, çölleşmä we gum tupanlaryna garşy göreşmek hem-de suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

10-njy martda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine deglip geçildi.

11 — 15-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Manamada (Bahreýn Patyşalygy) geçirilen Parlamentara Birleşigiň Assambleýasynyň hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň mejlislerine gatnaşdy. Çykyşlarda parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmakda, şol sanda pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe milli we ählumumy tagallalary birleşdirmekde dürli ýurtlaryň parlamentlerine uly ornuň degişlidigi bellenildi.

14-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň Patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda sebit howpsuzlygynyň häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türk kompaniýalarynyň ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandyklary kanagatlanma bilen bellenildi.

14-nji martda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili bilen Keniýa Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar. Soňra Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy boldy.

15-nji martda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, hususan-da, ýaşlar syýasaty, reproduktiw saglyk, gender deňligi, zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-tatar işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy. Şeýle hem onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiligi bilen baglylykda, pudaklaýyn edaralaryň, işewür toparlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.

16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak, olaryň täsirlerini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi.

Sammitiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

16-17-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň çäklerinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda parahatçylygy we deňhukuklylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berildi. Şeýle hem syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda YHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16-17-nji martda Daşary işler ministrliginde türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy.

20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu şanly waka Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Katar Döwleti bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän möhüm ornuny alamatlandyrýar.

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ruhy hem-de maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmek, dünýäniň syýahatçylyk düzümleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak forumyň baş maksady boldy.

20-nji martda Wena şäherinde Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şol gün Halkara atom energiýasy agentliginiň ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory M.Grossi bilen geçirilen duşuşykda saglygy goraýyş we azyk howpsuzlygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

22-nji martda Daşary işler ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurama agza döwletlerde meýilleşdirilýän çäreleriň tertibine, şol sanda iýun aýynda Türkmenistanda TÜRKSOÝ-nyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şol ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna garaldy.

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 22-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwerlik ýüki (derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, dokma we dürli azyk önümleri) iberildi.

22-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Synçylar toparynyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar. Olar Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar, welaýatlarda we Aşgabat şäherindäki uçastok saýlaw toparlarynyň işi bilen tanyşdylar.

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen geçiren duşuşygynda Arkalaşygyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, medeni-ynsanperwer, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda, obasenagat toplumynda, işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

24-nji martda Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda S.Lebedew saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ugurdaş kanunçylyga, umumy ykrar edilen hukuk kadalara laýyklykda geçirilýändigini belledi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň ähmiýetini belläp, durmuş meselelerini çözmekde innowasion tehnologiýalaryň we häzirki zaman ekologik ölçegleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny nygtady.

26-njy martda ýurdumyzda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawçylara ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky 42 saýlaw uçastogynda hem ses bermek mümkinçiligi döredildi. Olarda saýlaw wagtynda belli bir sebäplere görä Türkmenistanyň çäginden daşarda bolan raýatlarymyzyň öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

28-nji martda Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu şäheriň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar ulanylýar. Brifingiň dowamynda dürli halkara guramalaryň wekilleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleriniň täze şähere gelip görendikleri, şäheriň gurluşygynda ulanylan gurluşyk, binagärlik, logistik, tehnologik we dizaýn çözgütlerine ýokary baha berendikleri nygtaldy.

29 — 31-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäresi türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Medeniýet günleriniň çäklerinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat, Türkmenistanyň milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, türkmen we koreý sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti, türkmen kinosynyň görkezilişi guraldy.

29-njy martda Aşgabatda daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen türkmen-özbek syýasy geňeşmeleriniň dowamynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa, nebitgaz, himiýa, elektroenergetika ulgamlarynda, oba hojalygy we suw serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy.

29 — 31-nji mart aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy boýunça geçirilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejä getirmek boýunça ýokary derejeli maslahatyna, şeýle hem Zyňyndysyz dünýä ugrunda halkara güne bagyşlanan ugurdaş çärä gatnaşdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahatda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we sebitleriň arasyndaky tapawudy azaltmak maksady bilen, ilatly ýerlerde zyňyndylary işlemek boýunça ulgamlary ýola goýmak, ýaşaýyş we senagat zyňyndylaryny ýok etmekde döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýurdumyz tarapyndan milli derejede alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Arkadag şäherinde häzirki zaman zyňyndysyz tehnologiýalarynyň, “akylly” ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň we ekologik usullaryň ulanylyşy barada aýdyldy.

Saparyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory N.German, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika boýunça kömekçisi, Baş sekretaryň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Ýença bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny berkitmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda BMG hem-de onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Geçen aýyň dowamynda Daşary işler ministrliginde Çili Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Beýik Britaniýanyň, Ysraýyl Döwletiniň, Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleri geçirmegiň maksadalaýykdygy bellenilip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, synda beýan edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen baglylykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan çäreler Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ýolunda ädýän anyk ädimlerini şöhlelendirdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow