04.12 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.

04.12 2024

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

04.12 2024

3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

04.12 2024

Ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystanynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran hem-de birnäçe möhüm soraglary çözmäge ýardam etjek bu sammiti çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

04.12 2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.

04.12 2024

Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Serginiň işine dostlukly ýurduň döwlet düzümlerinden, hususy pudagyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.

04.12 2024

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

03.12 2024

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

03.12 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.

02.12 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

1469 sahypa
Soňky habarlar
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy