Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
­Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
­Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 03.12.2024
2317

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropulunyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy diplomaty Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň, iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem täze ilçä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan düýpli özgertmeler barada maglumat berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalaryň ählisi hut şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Munuň özi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de durnukly ösüşiň gazanylmagynda uly ähmiýete eýedir.

Türkmen-grek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Mejlisiň demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak babatda alyp barýan köpugurly işi ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mowzuklaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Nygtalyşy ýaly, munuň özi döwletara dialogyň ähli esasy ugurlarda işjeňleşdirilmegine gönüden-göni ýardam berer.

Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorari mähirli kabul edilendigi hem-de netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gönükdirilen işleri dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Ýekaterini Ksagorarini Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ukyp-başarnyklary we yhlasy özüne ynanylan jogapkärli wezipäni Siziň makullamagyňyza, şeýle hem meniň ynamymy ödemäge mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ýekaterini Ksagorariniň meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Katerina Sakellaropulu,

Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow