Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Milli sungatyň öwüşginleri
Medeniýet
Milli sungatyň öwüşginleri
Çap edildi 09.11.2026
31

Şu ýylyň 3 — 7-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwal geçirildi. Oňa dürli ýurtlardan kino işgärleriniň 70-den gowragy öz döreden filmleri bilen gatnaşdylar. Türki döwletleriň kino sungaty boýunça işleýän wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan kinofestiwalyň maksady kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Abraýly halkara kinofestiwala ýurdumyzyň kinematograflary tarapyndan döredilen filmleriň gatnaşdyrylandygyny we olaryň festiwalyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendiren bu hoş habar ýurdumyzda milli kino sungatynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny äşgär edýär. Festiwal Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, Halkara kino birleşiginiň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), «TRT» teleradiokompaniýasynyň guramagynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri, ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Türkmen kinematograflarynyň abraýly kinoforumyň eminler toparynyň düzümine goşulmagy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk babatda abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere, festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny nygtamak gerek. “Gorkut ata” kinofestiwalyna-da Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Gürgenç gözeli Törebeg” atly çeper film gatnaşdyryldy. W.Işangulyýewiň režissýorlyk eden bu filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Festiwalyň ýapylyş dabarasy Stambul şäherindäki Atatürk medeniýet merkezinde geçirildi. “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemlerine laýyklykda, doly göwrümli çeper filmleriň arasynda “Iň gowy film” baýragyna Türkiýe Respublikasynyň, “Iň gowy režissýorçylyk işi” baýragyna Azerbaýjan Respublikasynyň, “Iň gowy erkek keşbi” baýragyna Özbegistan Respublikasynyň, “Iň gowy zenan keşbi” baýragyna Russiýa Federasiýasynyň, “Iň gowy ssenariýa” baýragyna Gyrgyz Respublikasynyň kinematograflary mynasyp boldular. Gazagystan Respublikasynyň kino ussatlary bolsa eminleriň ýörite baýragyny eýelemegi başardylar. Dabarada ýurdumyzyň wekiline filmiň mynasyp bolan kubogy gowşuryldy. Şeýle hem festiwalyň çäklerinde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň “Ýeňişli ädimler”, “Küştdepdi” atly filmleri görkezildi.

Ýurdumyzda milli kino sungatynyň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan sungat ussatlarymyz täze döredýän eserleri bilen dünýä çykýarlar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde dürli duşuşyklar we döredijilik söhbetdeşlikleri, «Gorkut ata» I halkara kino simpoziumy hem geçirilip, «Bozdag» kinostudiýasyna gezelenç guraldy.

Halkara festiwala gatnaşan ýurdumyzyň wekilleri kino sungatyny ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow