Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 08.10.2026
33

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Sergeý Lebedew duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köpugurly dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady. Şunda ýurdumyzyň Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna işjeň, başlangyçly çemeleşýändigi nygtaldy. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi hem-de gurama agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, halkara gün tertibiniň giň ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin meýdança boljak GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda uly kuwwata we mümkinçiliklere eýe bolan Arkalaşygyň giňişliginde netijeli özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Ýurdumyz GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we çärelere işjeň gatnaşýar, ykdysadyýet, söwda, medeniýet we sport ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem ulag we energetika ulgamlarynda tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmagy goldaýar.

Türkmenistanyň şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji mejlisi, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we GDA agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisleri ýaly möhüm çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet, sungat we ylym işgärleriniň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini belläp, Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berlendigini aýtdy. Bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu günler GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi, «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, GDA agza döwletleriň milli tagamlarynyň festiwaly we sergisi geçirilýär. Bu çäreler Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda baý medeni-taryhy mirasy açyp görkezmäge hem-de ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň, bilelikdäki festiwallary, Medeniýet we kino günlerini yzygiderli geçirmegiň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam etjekdigini belläp, Türkmenistanyň GDA agza ýurtlaryň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga uly goşant boljak oňyn netijelere ýetmek üçin bu gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler hem-de tagallalaryň netijeli utgaşdyrylandygy üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli işgärlerine, hususan-da, Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow