Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 08.10.2026
45

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Şawkat Mirziýoýewiň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýdyp, Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki sаparynyň hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de bu möhüm çäräniň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Türkmenistanda Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzy diňe bir geografik ýerleşişi däl, eýsem, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy umumylyklar hem birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň BMG-niň, YHG-nyň we GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny aýratyn belläp, ýokary derejedäki türkmen-özbek dialogyna mahsus bolan birek-birege düşünişmegiň we açyklygyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm şert bolup durýandygyny aýtdy. Bu bolsa, öz gezeginde, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin berk binýat döredýär.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamda baý tejribe toplanylandygyny belläp, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň munuň aýdyň mysaly bolandygyny aýtdy.

Ulag we logistika ulgamy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň örän amatly geografik çäkde ýerleşmegi bu ulgamda özara taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn belläp, Medeniýet günleriniň we festiwallaryň geçirilmeginiň, sungat we ylmy işgärleriň arasyndaky yzygiderli dialogyň iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmaga hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary däp bolan türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekdiler.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow