Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 08.10.2026
41

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Täjigistan Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Täjigistanyň Prezidentiniň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini we Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýdyp, Prezident Emomali Rahmonyň şu gezekki sаparynyň hem Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreleriň sebitiň döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ähli ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistany özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan, däp bolan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen-täjik gatnaşyklarynyň we iki ýurduň arasyndaky yzygiderli syýasy dialogyň okgunly häsiýetini belläp, Türkmenistanyň syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de ýola goýlan ynanyşykly dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady.

– Biz Türkmenistan bilen Täjigistanyň halkara giňişlikdäki, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki netijeli özara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýäris hem-de özara goldaw bermek, halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlary utgaşdyrmak däplerini dowam etmegi maksat edinýäris – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we türkmen tarapynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga, iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Ulag arabaglanyşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak wajyp wezipeleriň biridir. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem geljegi uly ugur bolup durýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň taryhy we medeni ýakynlygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer ugruň hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigini belläp, ýurdumyzyň medeniýet, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow