Adamzat taryhynda bedew gadymy döwürlerden bäri wepaly ýoldaş, syrdaş we hojalykda kömekçi bolup hyzmat edipdir. Muny köp sanly arheologik tapyndylar, şahyrlaryň eserleri, taryhy öwrenijileriň ýazgylary hem tassyklaýar. Ynsanyň bu ajaýyp jandara bolan gatnaşygy meşhur şahyrana eserleriň köpüsinde täsirli beýan edilýär.
Türkmen halkynyň bedew ata bolan söýgüsi we hormaty hemişe egsilmez bolupdyr. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda behişdi bedewleri kemala getirmäge öz yhlasyny, seçgiçilik we seýisçilik zehinini siňdiripdir. Arassa ganly iň gadymy tohumlaryň biri bolan, ajaýyp gözelligi, çydamlylygy, wepalylygy bilen tapawutlanýan ahalteke atlary halkymyzda erkinligiň, maksada okgunlylygyň nyşany hökmünde görlüpdir. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolandan soň, behişdi bedewlerimiz we atşynaslyk däplerimiz milli gymmatlyk derejesine çykaryldy. Täze taryhy döwürde ahalteke bedewi Watanymyzyň döwlet nyşanynyň bezegine öwrüldi. Ýanardag, Akhan ýaly ajaýyp atlaryň keşpleri şekillendirilip gurlan gaýtalanmajak ýadygärlikler behişdi bedewlere bolan egsilmez söýginiň, hormatyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, seçgiçilige ylmy usullary ornaşdyrmak, bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara derejeli atçylyk sport toplumlaryny gurmak, ýokary derejeli hünärmenleri we türgenleri taýýarlamak üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, halk seçgiçilik tejribesini, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmek maksady bilen, Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi döredildi. “Akylly” şäherde gurlan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy biotehnologiýanyň häzirki gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini taýýarlamakda ylmyň we bilimiň özara utgaşygynyň gazanylmagyny üpjün edýär. Ahalteke atlaryna goýulýan belent hormat, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, medeni durmuşynda tutýan orny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda köpöwüşginli beýanyny tapýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2010-njy ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi milli atşynaslyk sungatymyzy aýawly saklamak, öwrenmek we ösdürmek, atçylyk sportuny ilerletmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işlere ýardam berdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu assosiasiýa dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleri, atşynaslary, behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýanlary birleşdirýän abraýly meýdança bolup hyzmat edýär. Onuň işi tejribeleriň we innowasion işläp taýýarlamalaryň özara alşylmagyna, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň alnyp barylmagyna, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy ippologiýa merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ösdürmäge ýardam berýär.
Ahalteke atyna bolan gyzyklanma, onuň gymmaty baradaky düşünjeler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Bu onuň täsinligi, şeýle hem dünýä atşynaslygynyň ösüşine ýetiren täsiriniň köp sanly alymlar tarapyndan ykrar edilmegi bilen şertlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewi barada ýazan düýpli ylmy-köpçülikleýin eserleri uly ähmiýete eýedir. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly baý mazmunly kitaplarda gözbaşy müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň däp bolan usullary beýan edilip, onuň halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygynyň filosofiýasy açylyp görkezilýär.
Behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny belende götermekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem uly goşandy bar. Topar daşary ýurtlarda üstünlikli çykyş edip, abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy. 2025-nji ýylda “Galkynyş” topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şol ýerde şu ýylyň ýanwarynda geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde toparyň sirk sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin türkmen wekiliýetine Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalary gowşuryldy.
Türkmen atşynaslygynyň baý däpleri, ady äleme dolan toparyň ýigitleriniň ýokary ussatlygy şu ýylyň martynda Baku şäherindäki “Bina” atçylyk sport merkezinde görkezildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň goňşy ýurda saparynyň çäklerinde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk federasiýasynyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ýurdumyzyň çapyksuwarlary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara at çapyşyklarynda ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp boldular. Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyndaky ajaýyp çykyşlar “Galkynyş” toparynyň atçylyk we atly sport boýunça daşary döwletlerde guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde türkmen çapyksuwarlarydyr ganatly bedewleri “Aziýanyň çempiony” we “Dünýäniň çempiony” diýen hormatly atlara mynasyp boldular. Özbek paýtagtynda geçirilen «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahatda parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we ynamy berkitmekde behişdi bedewleriň tutýan orny bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewi gadymy döwürlerden bäri diplomatik ünsüň, parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň nyşany hökmünde görlüpdir. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň martynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýurda amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtaýşy ýaly, baryp biziň zamanamyzdan ozalky II asyrda türkmen halkynyň Hytaýyň imperatoryna behişdi bedewleri — şöhratly ahalteke atlaryny sowgat berendigi mälimdir. Munuň özi möhüm dostlukly diplomatik we strategik wakadyr. Dostluk saparynyň dowamynda Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň adyndan HHR-iň Başlygyna Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi. HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, olara Hytaýda uly hormat goýulýandygyny, mundan bir müçe öň, ýagny 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini belledi.
2023-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi tötänleýin däldir. Bu ýokary okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany gowşurmak dabarasy geçirildi. 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edilen bu çözgüt umumadamzat gymmatlygy hökmünde ahalteke bedewiniň eýeleýän ornuny has-da berkitdi.
Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we dostluk taglymlaryny ilerletmek, dünýä jemgyýetçiliginiň halkymyzyň medeni mirasy, ýurdumyzyň häzirki durmuş-ykdysady gazananlary bilen tanyşmagy üçin täze mümkinçiliklere ýol açdy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, dünýä derejesindäki halkara ýaryşlary ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen gol çekildi.
Şu ýylyň şygarynyň ähmiýetine, many-mazmunyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçihanalary tarapyndan dürli çäreler, tanyşdyrylyş dabaralary, okuw sapaklary guralýar. Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. Atşynaslardyr hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi.
Fewral aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde atly sport ýaryşlary, şol sanda konkur boýunça halkara bäsleşikleri guramak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Toplumyň wekilleri bilen söhbetdeşlikde amerikan we türkmen atşynaslarynyň, ugurdaş hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Saparyň ahyrynda ýolugruna Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylda dürli ýurtlarda geçiriljek atlar bilen bagly halkara çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigi bellenildi.
Şu ýylyň martynda HHR-e dostluk saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplum bilen tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyza sport atlaryny taýýarlamak, halkara ýaryşlary guramak boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny aýtdylar. Bu usulyýet ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamakda esasy şertleriň biridir. Hytaýly atşynaslar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, atçylyk pudagynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Maý aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Windzor galasynyň çäginde her ýyl geçirilýän atly sport çärelerine gatnaşdy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan atly sport ýaryşlaryna 20 ýurtdan atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Abraýly festiwala gatnaşyjylar bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini synlamaga mümkinçilik aldylar. Sergide dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen behişdi bedewleriň gözelligini, olaryň reňkleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, toý-tomaşalaryň bezegi bolan bedewleriň syn-sypatyny açyp görkezýän gymmatlyklar görkezildi. Gadymy däpleriň, çuň paýhasyň, zergärçilik zehininiň sazlaşygyny özünde jemleýän ajaýyp at esbaplarydyr bezegleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Patyşa Karl III we Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa maşgalasynyň agzalaryny ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň çakylyklary uly hormat bilen kabul edildi. Patyşa Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine ýurdumyzdan ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Ýewropada geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty Watanymyzyň abraýyny, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga şert döreder. Ony şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur “Pilbergen” atçylyk toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär. Çempionatyň maksatnamasy diňe bir sport çärelerini däl, eýsem, başga-da birnäçe çäräni öz içine alýar. Ahalteke tohumynyň iň naýbaşy wekilleriniň arasynda atly sport we däp bolan gözellik bäsleşikleri bilen birlikde, behişdi bedewleriň saklanylyşyna, ösdürilip ýetişdirilişine, wagyz edilişine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, türkmen medeniýetine, senetçiligine we däp-dessuryna degişli giň möçberli sergi şolaryň hataryndadyr. Ýewropada guraljak iri çärelere bagyşlanyp, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde bellenilişi ýaly, türkmen atlaryna degişli pawilýon milli atçylyk pudagynyň köpugurly işi barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berer. Gatnaşyjylar milli seçgiçilik babatda, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamakda ýurdumyzyň gazananlary, ahalteke atlaryna ideg etmegiň kadalary, olary wagyz etmek boýunça görülýän çäreler bilen tanşyp bilerler.
Türkmen medeniýetine bagyşlanan pawilýon halkymyzyň köpöwüşginli ruhy mirasyny, taryhy-medeni gymmatlyklaryny, milli sungatymyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşini şöhlelendirmäge gönükdiriler. Serginiň merkezi böleginde amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary giňden tanyşdyrylar. Sergä geljekler däp bolan milli bezegleri, ýurdumyzyň sebitlerine mahsus nagyşlar bilen haşamlanan at esbaplaryny, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň behişdi bedewleriň gaýtalanmajak gözelligini wasp edýän eserlerini synlap bilerler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň görkezme çykyşlary çäreleriň aýratyn bezegine öwrüler. Tomaşaçylar çapyksuwarlaryň at üstündäki täsin tilsimleri özünde jemleýän, tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýän çykyşlaryna tomaşa ederler.
Kronenbergdäki iri forum täsin we ýatda galyjy çäreleriň toplumy hökmünde Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişini, atşynaslyk boýunça ýeten ýokary derejesini Ýewropada tanadar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen beýleki halkara çärelerde bolşy ýaly, bu forum hem medeni diplomatiýanyň gurallaryny işjeňleşdirmäge, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.