Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 09.07.2026
29

Geçen aýda guralan köp sanly gepleşikler, syýasy geňeşmeler, forumlar, işewürlik duşuşyklary, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýleki halkara derejeli çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky beýany boldy.

3-nji iýunda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen geçirilen duşuşyklarda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalara gatnaşmagynyň ähmiýetine üns çekildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasyny, dialog medeniýetini öňe sürmäge, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň wajyp guraly hökmünde bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.

3-nji iýunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçirilen duşuşygyň barşynda iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmeginde netijeli meýdança bolup hyzmat edýän geňeşiň işi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

8-nji iýunda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň bu gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda, “C5+1” görnüşiniň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi.

Iýun aýynyň başynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

24-nji iýunda Astanada geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ugurlary we mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň çäklerinde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmen-gazak işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň netijeleri boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk meselelerine bagyşlanan Termez dialogynyň ikinji mejlisine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. 4 — 6-njy iýun aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen bu mejlis Ýewropa, GDA, Amerika, Ýakyn Gündogar, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, bilermenler hem-de seljeriş merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

5-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli bilen geçirilen duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi hökmünde ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 5 — 7-nji iýun aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen Azerbaýjanyň Medeniýet günleri iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasynda doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm waka boldy.

8-nji iýunda Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen bu gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagy, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli sebitleýin duşuşyk geçirildi. Bellenilişi ýaly, bu Şertnama ýadro synaglarynyň geçirilmegini gadagan edýän berk halkara kadany emele getirdi, döwletleriň arasynda ynamy pugtalandyrdy hem-de ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşdy. Çäräniň çäklerinde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd, şeýle-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanow bilen duşuşyklar geçirildi.

Ýurdumyzyň wekiliýeti 15 — 17-nji iýunda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşdy. Milli beýannamasynda Türkmenistan bu Şertnamanyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.

9-njy iýunda Daşary işler ministrliginde Aziýanyň syýasy partiýalarynyň halkara maslahatynyň Sekretariatynyň ýörite wekili Çong Te In bilen geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň köptaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

10-njy iýunda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agre bilen duşuşyk geçirilip, onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlygynyň biri bolup durýar. 12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisiniň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça we beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

22-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça 18-nji dialog geçirildi. Onuň barşynda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Türkmen tarapy adam hukuklary babatda milli maksatnamalaryň we hereket meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişi, hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, demokratik institutlaryň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Öz gezeginde, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri dialoga gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň 5-nji martynda hödürlenen ÝB-niň gender deňligi babatdaky Strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň we öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhümdigi nygtaldy.

30-njy iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň Ählumumy döwürleýin syn boýunça sebitleýin geňeşçisi Pawlo Býalik bilen geçirilen duşuşykda inklýuziw jemgyýeti ösdürmegiň, deň mümkinçilikleri üpjün etmegiň, adam hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

8 — 18-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bonn şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisinde ýurdumyzyň bu ugurdaky milli garaýyşlary giňişleýin beýan edildi.

12-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen geçirilen duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16 — 18-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň işine gatnaşmagy ýurdumyzyň özara bähbitli sebitara we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýum ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi. Forumyň gün tertibine energetika pudagy, ulag arabaglanyşygy, sanly ykdysadyýet, emeli aň, mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, häzirki zaman maliýe mehanizmlerini, maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmek ýaly meseleleriň giň toplumy girizildi.

17-18-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm waka boldy. Onuň netijeleri gol çekilen degişli Teswirnamada öz beýanyny tapdy. 18-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary, ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreski bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Iýun aýynda bolsa ýurdumyzyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň web saýtynda bu Kararnamanyň guramanyň alty resmi dilinde çap edilendigi barada habar berildi. Munuň özi resminamanyň BMG-ä agza döwletleriň arasynda giňden ýaýradylmagyny üpjün edýär.

17 — 19-njy iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalary ösdürmek boýunça halkara maslahat döwletara ynsanperwer dialogyň ösdürilmegi, medeniýetleriň özara gatnaşygy ýaly meselelere bagyşlandy. Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, medeniýete halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi, hormaty pugtalandyrýan «altyn köpri» hökmünde garaýar.

20-nji iýunda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Mejlisiň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary esasynda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigi, işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiziň goňşy ýurda amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň söwda gatnaşyklarynyň ösüşinde täze sahypany açandygy aýdyldy. Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisinde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri barada pikir alşyldy.

25-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirilip, onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we ýurduň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça dürli ulgamlarda, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 25-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen geçiren duşuşyklarynda bu mesele giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň dowamynda gaznanyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda alyp barýan işiniň, döwletimiz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän ynsanperwer başlangyçlaryň ähmiýeti bellenildi.

Şeýlelikde, halkara wakalara baý iýun aýy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk döredijilikli syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
10.07
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
09.07
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
09.07
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
09.07
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
08.07
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
07.07
Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
top-arrow