Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
Teswirlemeler
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
Çap edildi 02.07.2026
27

Islendik döwletiň uzak geljegi nazarlaýan syýasatynda birnäçe esasy ugurlar, şol sanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, jemgyýetçilik saglygy goraýşyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen durmuş ulgamy anyk kesgitlenilýär. Bu babatda ilatyň saglygyny goramagy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlän Türkmenistan köp ýurtlar üçin nusgalyk derejä eýedir.

Işe ukyplylygy bilen gönüden-göni bagly bolan ilatyň saglyk ýagdaýy, öz gezeginde, ýurduň gülläp ösüşine we abadançylygyna uly täsir ýetirýär. Döwletimiziň ilaty baradaky aladalarynyň binýadynda diňe bir oýlanyşykly ykdysady işler däl, eýsem, her bir adamyň saglygyny bejertmäge we lukmançylyk hyzmatlaryndan öz wagtynda peýdalanmaga bolan möhüm hem-de eldegrilmesiz hukugyny, jemgyýetiň ähli wekilleriniň ýokary hilli lukmançylyk kömegini almaga deň elýeterliligini üpjün etmek wezipeleri durandyr.

Ynsanperwer ugurlylyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy häsiýetli aýratynlygy boldy we şeýle bolmagynda galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen her bir adamyň sagdyn ýaşamagyny gazanmak ugrunda ähli tagallalar edilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygaryndan ugur alnyp, milli saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda öňdebaryjy usullar tejribä işjeň ornaşdyrylyp, daşary döwletler we iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Keseller barada düşünjeleri artdyrmak, olary ýüze çykarmak we öz wagtynda bejermek, hödürlenilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gerimini, görnüşlerini giňeltmek, asyrlardan gözbaş alýan bejeriş däplerini lukmançylyk ylmynyň häzirki zaman gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işleri ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda gol çeken degişli Karary esasynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa» munuň aýdyň mysalydyr. Ýokanç däl keseller dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin wajyp lukmançylyk we durmuş-ykdysady mesele bolmagynda galýar.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň teklipleri göz öňünde tutulyp, geljek bäş ýyl üçin işlenilip taýýarlanylan Milli strategiýanyň esasy wezipesi ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek çärelerine ünsi güýçlendirmekden hem-de yzygiderli döwlet goldawlary arkaly bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini, utgaşyklylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu meseläniň derwaýyslygyna düşünmek bilen, ýurdumyz ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň milli ugruny döretmegi başardy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan oňyn baha berlen bu tejribe beýleki döwletler üçin nusgalyk bolup biler.

Şu günki we geljek nesilleriň abadançylygy üçin derwaýys bolan häzirki zaman ählumumy wezipeleriniň çözülmegine goşant goşmaga çalyşýan Türkmenistan halkara durmuşa işjeň gatnaşyjy hökmünde birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi. 2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň goldawlary bilen, Ýewropa sebitine girýän döwletleriň saglygy goraýyş ministrleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça BSGG-niň ministrler maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Maslahatyň jemleri boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Ýokanç däl keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalary birleşdirmek işinde wajyp ähmiýetli resminama bu möhüm ugurda netijeli sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine şert döretdi.

Giň wekilçilikli forumyň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ýokary abraýa eýediginiň, durmuşa geçirýän döredijilikli özgertmeler syýasatynyň ählumumy goldanylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ilatyň saglygy we abadançylygy baradaky alada bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Maslahatda kabul edilen çözgütlere eýermek bilen, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasy kabul edildi. Toplumlaýyn döwlet maksatnamasynyň maksady ýokanç däl keseller bilen kesellemegiň derejesini azaltmakdan, hususan-da, süýjüli diabet, ýürek-damar, endokrin, onkologiýa, diş, öýkeniň dowamly obstruktiw we daýanç-hereket synalarynyň keselleri barada ilata düşündirmekden ybaratdyr.

Bu resminamanyň dowamy bolan «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» keselçiligi azaltmaga we ýokanç däl keselleriň döremegine sebäp bolýan howply ýagdaýlaryň ep-esli azalmagyna, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sanynyň köpelmegine, adamlaryň ortaça ömür dowamlylygynyň artmagyna ýardam berdi. Ilatyň saglygyny goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýän, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda ruhlandyryjy şahsy göreldesi hem möhüm ähmiýete eýedir.

Soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler ilatyň saglygyny goramagyň milli ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap saglygy goraýyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýär.

2024-nji ýylda dabaraly açylan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň üstüni ýetirdi. Bu merkezlerde dürli ýokanç däl keselleri anyklamak, bejermek we dikeldiş çärelerini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu işleriň ählisi saglygy dikeltmegiň we goramagyň ilatyň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň esasy şerti bolup çykyş edýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Lukmanlar dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezlerinde hünär derejelerini ýokarlandyryp, tejribe başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de halkara guramalaryň bilelikdäki taslamalarynyň çäklerinde öňüni alyş we wagyz ediş çäreleriniň ulgamlaýyn geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek bilen bagly Milli strategiýa laýyklykda, fiziki işjeňligiň ähli ýaşdakylar üçin möhüm ähmiýeti baradaky düşünjeleri giňeltmek, saglygy berkitmek üçin deň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek hem-de wagyz etmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bularyň ählisi şular ýaly çäreleriň, hakykatdan hem, geljek üçin uly ähmiýete eýedigini görkezýär. Çünki öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi çylşyrymly bejeriş işleriniň zerurlygyny aradan aýyrýar hem-de ýokanç däl keselleriň ýaýramagynyň derejesini ep-esli peseldýär.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we döremegini azaltmagyň möhüm şertleriniň biri hem ony döredýän esasy sebäplere — çilimkeşlige, alkogolly içgilere, gipodinamiýa (az hereketlilik) hem-de sagdyn iýmitlenmezlige garşy toplumlaýyn göreşmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreşmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Agzalan keselleriň öňüni almakda agyz suwunyň we azyk önümleriniň hiliniň hem-de howpsuzlygynyň gözegçilikde saklanylmagyna, sarp edilýän iýmitiň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylmagyna aýratyn orun degişlidigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda duzy ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak ýaly maksatnamalaýyn işler ozaldan bäri üstünlikli alnyp barylýar. Zähmet çekýän raýatlaryň öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryndan ulgamlaýyn esasda geçmekleri dürli keselleri döremeginiň irki tapgyrynda ýüze çykarmaga şert döredýär.

Daşky tebigy täsirleriň, şol sanda howanyň hapalanmagynyň derejesini peseltmek ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň möhüm şertidir. Türkmenistan adam baradaky aladany esasy döwlet wezipeleriniň hatarynda goýmak bilen, daşky gurşawy goramak, çölleşmä garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak we ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda ägirt uly tagalla edýär.

Sagaldyş, şypahana-bejeriş ulgamyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde öňdebaryjy daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan döwrebap şypahanalaryň toplumy üstünlikli hereket edýär. Ajaýyp tebigy şertler, düzüminde peýdaly maddalar bolan seýrek gabat gelýän mineral suwlar we bejeriş palçygy köp sanly kesellerden saplanmaga kömek edip, raýatlaryň saglygyny berkitmegine şert döredýär. Türkmen topragy şeýle tebigy serişdelere örän baýdyr. Şeýlelikde, saglygy goraýşyň şu ulgamynda ýurdumyzda soňky ýyllarda uly üstünlikleriň gazanylandygyny hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek bolar.

«Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýanyň» we kabul edilen beýleki möhüm döwlet maksatnamalarynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF, BMG-niň Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriljekdigini bellemek gerek. Ýokanç däl keselleriň öňüni almaga hem-de garşysyna göreşmäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň ilkinji basgançagyny berkitmek; bu ulgama maýa goýumlary gönükdirmek we innowasiýalary ornaşdyrmak; ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de garşysyna göreşmek boýunça ýokary netijeli ylmy-barlag işlerini amala aşyrmak maksady bilen, milli saglygy goraýyş ylmynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy höweslendirmek; ýokanç däl keselli näsaglary degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek bu Strategiýanyň esasy maksatlarydyr.

Strategiýany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň tassyklanan Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekillerinden ybarat Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi.

Saglygy goraýşyň we lukmançylyk kömeginiň häzirki zaman ölçeglerini ugur edinýän Milli strategiýany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. 2026 — 2028-nji ýyllary öz içine alýan birinji tapgyrda ýokanç däl keselli näsaglara berilýän lukmançylyk kömeginiň hilini barlamagyň täze usulyna geçmek üçin taýýarlyk görmek boýunça işler amala aşyrylar. Bu döwürde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça ýokary tehnologiýalara esaslanýan kliniki beýanlar amaly lukmançylyga ornaşdyrylar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde işe girizilen täze saglygy goraýyş edaralary bu ugurda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagy dowam edip, hödürlenilýän lukmançylyk kömeginiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, onuň elýeterliligini üpjün eder.

Ikinji tapgyr 2028 — 2030-njy ýyllary öz içine alýar. Onuň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça degişli saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, lukmançylyk kömeginiň elýeterli, ýokary hilli we netijeli ulgamyna geçilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda täze onkologiýa hassahanalary gurlup ulanmaga berler. Sebitlerde ýokanç däl keselli näsaglara uzak aralykdan maslahat bermegiň dessinligini ýokarlandyrmak maksady bilen, telelukmançylyk aragatnaşygyndan peýdalanmak giňden ýola goýlar, sanly tehnologiýalar keseli anyklamak we bejermek işinde giňden ulanylar.

Ýokanç däl keselleri hasaba almak işini kämilleşdirmek, näsaglara berilýän derman serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçilik etmek we bejerginiň netijelerine baha bermek boýunça döwrebap usullary amaly lukmançylyga giňden ornaşdyrmak bellenilendir. Şeýle keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça işleriň netijeliligine yzygiderli baha beriljekdigini bellemek gerek. Şu maksat bilen, Milli strategiýanyň durmuşa geçirilişiniň esasy görkezijilerini we ulgamlaýyn seljermeleri öz içine alýan bitewi elektron maglumatlar binýadyny döretmek meýilleşdirilýär. Gözegçilik etmek we baha bermek BSGG-niň maksatnamalara baha bermek boýunça usulyýetine, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine laýyklykda amala aşyrylar hem-de öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin amala aşyrylan işleriň netijelerini anyklamak üçin ulanylar.

Häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, ýokanç däl keselleriň öňüni alyş, olary anyklaýyş we netijeli bejeriş ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we ýöriteleşdirilen orta lukmançylyk okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna gaýtadan seretmek hem-de üýtgetmeler girizmek, zerur ýagdaýda olarda täze hünärleri açmak göz öňünde tutulýar. Lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, olar geljekde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalaryna we saglygy goraýyş edaralaryna iberiler.

Saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmekde hereketlendiriji güýç bolan milli lukmançylyk ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi ulgamyň dünýä ülňüleriniň derejesine çykarylmagy üçin hemmetaraplaýyn ylmy binýady döredýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň derman kärhanalarynda ýokanç däl keselli näsaglar üçin derman serişdeleriniň we lukmançylyk önümleriniň önümçiligi, bu serişdeleriň hiline, netijeli ulanylyşyna gözegçilik dowam etdiriler. Öňüni alyş lukmançylyk gözegçiliginiň we barlagynyň möhümdigi barada maglumat-düşündiriş işleriniň geçirilmegine, ýokanç däl keselleriň döräp biljek ýagdaýlary barada ilatyň düşünjeleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda okuw we düşündiriş maksatly çäreleri, şol sanda «tegelek stol» duşuşyklaryny, tanyşdyrylyş dabaralaryny, bäsleşikleri, telewideniýede we radioýaýlymlarda hünärmenleriň çykyşlaryny guramak, gazet-žurnallarda makalalary çap etmek meýilleşdirilýär.

Şeýle toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn çemeleşmeler netijesinde, hususan-da, zyýanly endiklerden döreýän ýokanç däl keseller bilen kesellemegiň derejesiniň ep-esli peselmegine garaşylýar. Bu işleriň ählisi ilatyň saglygyny goramagyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze sepgitlerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň möhüm düzümi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny görkezýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary ösüş derejesi bolsa berkarar Watanymyzyň häzirki taryhy döwürde gazanan üstünlikleriniň esasylarynyň biridir.

Soňky habarlar
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi
01.07
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.07
Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy
01.07
Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy
01.07
Asylly däplere ygrarlylyk
top-arrow