Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Ykdysadyýet
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Çap edildi 14.04.2026
31

Şu gün paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr.

Häzirki döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň giňeldilmegi, döwrebap şertleri özünde jemleýän dynç alyş we myhmanhana toplumlarynyň döredilmegi, milli syýahatçylyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjy wekillerini — syýahatçylyk operatorlaryny, awiakompaniýalary, myhmanhana torlaryny, medeni miras we ekosyýahatçylyk boýunça hünärmenleri bir ýere jemledi. Forum täze syýahatçylyk ugurlaryny we hyzmatlaryny görkezmek, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de pudagyň häzirki zaman gazananlaryny tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.

...Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk boýunça döwlet düzümleriniň we kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Söwda-senagat edarasynyň öňünde baýramçylyk öwüşgininde bezelen meýdançada döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler barha rowaçlanýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar. Syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

...Soňra foruma gatnaşyjylar giň gerimli halkara sergi bilen tanyşdylar. Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzdan we daşary döwletlerden syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan 70-e golaý kompaniýa sergi diwarlyklary bilen gatnaşýar. Uly monitorda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezildi.

Häzirki döwürde tutuş dünýäde syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň özboluşly milli däpleri, şäherleriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi dünýä jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyny, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda möhüm orun eýelemegini şertlendirýär. Medeniýet ministrliginiň pawilýonynda halkymyzyň şöhratly geçmişi we bedew batly ösüşleri özüniň sazlaşykly beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan syýasy-ykdysady taýdan durnukly, ekologiýa babatda arassa tebigatly we medeni-taryhy nukdaýnazardan iň gadymy taryha eýe bolan ýurtlaryň biridir. Bu aýratynlyklar ýurdumyzyň halkara syýahatçylykdaky özüne çekijiligini ýokarlandyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet hasabynda durýan taryhy we medeni desgalaryň ýüzlerçesi bar. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun, Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň täsin ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalary taryhy ýerlere guraýan syýahatlary bilen jahankeşdeleriň Diýarymyzda bolýan pursatlaryny ýatdan çykmajak ýatlama öwürmek ugrunda tagalla edýärler.

Taryhy künjekler bilen bir hatarda, maddy däl medeni mirasa degişli gymmatlyklar — her bir halkyň milli däpleri, senetçiligi we sungaty jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara serginiň diňe bir işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin däl, eýsem, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen tanyşmak üçin hem özboluşly meýdança bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we keramikaçylaryň eserlerine aýratyn orun berlipdir. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirýän joşgunly aýdym-sazlary hemmeleriň ruhuny belende göterýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, milli medeniýetimizi kämilleşdirmäge, taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerimizi goramaga hem-de aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sowgatlyklar syýahat edilen ýurt baradaky ýatlamalary hemişe hakydada galdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dokma-haly önümleriniň daşary ýurtly jahankeşdeleriň uly islegine eýedigini bellemeli. Halkara sergide ýöriteleşdirilen pawilýon bu babatda giň görnüşleri hödürleýär. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň döredijilik zehininden kemala gelen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň önümleri gaýtalanmajak nepisligi bilen dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hazynasynda mynasyp orun aldy.

Ýurdumyz özboluşly tebigy ýadygärliklere hem baýdyr. Köpetdagyň ajaýyp künjekleri, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, Amyderýanyň kenar ýakalary, Köýtendag, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropik ýerleri, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenary ekologik syýahatçylyk üçin örän özüne çekiji ýerlerdir.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň şäherleri depginli ösüp, iri syýahatçylyk merkezlerine öwrülýär. Şunda ak mermerli paýtagtymyzyň dünýä jahankeşdeliginiň merjeni hasaplanylýandygyny bellemek möhümdir. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyza sapar bilen gelenlerinde, döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine hem baryp görýärler. Sebitde deňi-taýy bolmadyk, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri özüniň binagärlik gözelligi bilen hemmeleri haýrana goýýar. Döwrebap şäher dünýä arhitekturasynyň gazanan ajaýyp üstünligi hökmünde halkara guramalar we daşary döwletleriň köp sanly abraýly kompaniýalary tarapyndan ykrar edildi.

Taryhy we häzirki zaman binagärliginiň gözel ýerlerine syýahat ugurlary bilen birlikde, ýurdumyz deňizýaka dynç alşyny guramakda hem döwrebap mümkinçiliklere eýedir. Şunda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hemmeleriň söýgüsini gazanan täsin künjege öwrüldi. Bu ýerde myhmanhanalaryň, şypahanalaryň, ýaht-klublarynyň we kottej toplumlarynyň uly hatarlary emele getirildi.

Häzirki wagtda ildeşlerimiziň dünýäniň islendik künjegine dynç alyş, işewürlik, okuw, lukmançylyk we beýleki maksatly syýahatlary amatly we göwnejaý amala aşyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň syýahatçylyk kärhanalary dürli hyzmatlary hödürleýärler. Ätiýaçlandyryş kompaniýalary syýahatlaryň howpsuz bolmagy üçin geçirýän çäreleri bilen tanyşdyrýarlar.

Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Russiýanyň awiakompaniýalary dünýäniň çar künjegine syýahat etmek üçin giň ugurly rahat uçuşlary hödürleýärler. Özbegistan, Belarus, Tailand, Pakistan we Uganda döwletleriniň wekilleri bolsa öz ýurtlarynyň täsinlikleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýarlar. Malaýziýada bilim almak üçin mümkinçiliklere bagyşlanan pawilýon, hususan-da, ýaşlar üçin aýratyn özüne çekiji boldy.

Umuman, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkara derejede şeýle forumyň geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, syýahatçylyk babatda tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, syýahatçylyk pudagynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, netijeli guramaçylyk usullarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy, pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin maýa goýumlaryň çekilmegi ykdysadyýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan bu pudagynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Sergi şeýle hem Türkmenistanyň hem-de onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk künjekleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk we myhmansöýerlik ulgamyndaky ösüşler, dynç alşyň dürli görnüşlerini guramak, mahabat hem-de ülkäni öwreniş işleri barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Forumyň çäklerinde türkmen aşhana däpleriniň görkezilmegi daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň ykdysady, senagat, innowasion mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan diwarlyklaryň ýany hem köp adamly boldy.

Günüň ikinji ýarymynda «Turkmentravel — 2026» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň döwlet hem-de hususy edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.

Diýarymyza gelýän syýahatçylaryň sanynyň barha artmagy hem-de iri ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýilleri Türkmenistana gyzyklanmanyň dünýäde barha artýandygynyň güwäsi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, medeni we ekologik syýahatçylygyň görnüşleridir ugurlary barha artyp, ol häzirki döwürde öňdäki hatarlaryň birini eýeleýär. Syýahatçylaryň dünýä we ýerli medeni gymmatlyklar, özboluşly däp-dessurlar, etnografik aýratynlyklar, binagärlik desgalary we medeni dessurlar bilen tanyşmaga bolan gyzyklanmalary bu ugruň ösmegini şertlendirýär. Şunda taryhy-medeni, tebigy desgalaryň goraglylygyny, şol sanda olaryň talabalaýyk derejede saklanylmagyny hem-de rejelenilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleri sazlaşykly çözmek möhümdir.

Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda gadymy medeni mirasy, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny we taryhyny ylmy esasda öwrenmäge, olary geljek nesiller üçin saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler bar.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň köpüsi ilatyň hal-ýagdaýyny syýahatçylyk işiniň ýokary girdejileriniň hasabyna gowulandyrýar. Halkara bilermenleriň çaklamalaryna görä, syýahatçylyk ykdysadyýetiň pudaklary we söwda ulgamy arkaly alnyp barylýan öňdebaryjy eksport amallaryndan hem ýokarda durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda 300-e golaý syýahatçylyk kärhanalary hereket edýär hem-de olara ýardam bermek maksady bilen, döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki hem-de daşarky bazarlarda milli syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň esasy ugry bolup durýar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylda Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Aşgabat syýahatçylary kabul etmekde we olara ýokary derejede myhmanhana hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde ösen talaplara laýyk gelýän şertleri bilen dünýäde tanalýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Köneürgenç, Mary, Türkmenabat şäherlerini, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna goşmak ugrunda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler syýahatçylyk babatda Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterer.

BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, TÜRKSOÝ ýaly halkara düzümleriň wekilleri öz çykyşlarynda medeni-ynsanperwer diplomatiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde syýahatçylyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini bellediler. Syýahat etmek, medeniýetleri ýakyndan öwrenmek ynanyşmak we düşünişmek gatnaşyklaryny berkidýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň çäklerinde syýahatçylyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada durlup geçildi.

Goňşy we alysdaky döwletlerden gelen wekiller çykyşlarynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça toplan tejribeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky pikirlerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar Türkmenistanyň täsin tebigy we binagärlik gözellikleriniň özlerinde uly täsir galdyrandygyny nygtadylar. Serhetüsti taryhy we tebigy ýadygärlikleri bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça sebit döwletleriniň bilelikdäki tagallalaryna hem aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, sebit ýurtlarynyň syýahatçylyk şäherleriniň arasynda bilelikdäki syýahatçylyk başlangyçlaryny we ugurlaryny ilerletmäge özara taýýarlyk beýan edildi.

«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň “tegelek stoluň” başyndaky iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy tarapyndan guraljak syýahatçylygy dolandyrmak boýunça okuw maslahaty bu ugurda işleýän hünärmenler we professor-mugallymlar üçin tejribeleri baýlaşdyrmakda netijeli çärä öwrüler. Forumyň jemleýji gününde — 16-njy aprelde daşary ýurtly myhmanlaryň, syýahatçylyk ugry boýunça mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Syýahatçylyk — medeniýetleriň köprüsi: syýahatçylykda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara serginiň we maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşýan myhmanlar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine hem-de taryhy we medeni toplumlaryna baryp görerler.

Umuman, paýtagtymyzda geçirilýän halkara forum özüniň köp sanly çäreleri bilen syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze sahypany açar.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow