Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
Medeniýet
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
Çap edildi 05.06.2026
1429

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Azerbaýjanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň hemme ugurlary ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Dürli derejedäki özara saparlar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna aýratyn üns çekildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu gezekki Medeniýet günleri hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Çykyşlarda Milli Liderimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran şol saparynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Fizuli şäherinde azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň bolandygy we häzirki wagtda onuň gurluşyk işleriniň depginli alnyp barylýandygy nygtaldy. Munuň üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.

Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. «Dostluk kompozisiýasy» atly çykyş iki ýurduň we olaryň halklarynyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýändikleriniň çeper beýany boldy. Tomaşaçylar Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, ýurduň Döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, halk artistleriň, beýleki birnäçe aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar.

Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna ýurdumyzyň meşhur tans toparlary hem goşuldylar. «Galkynyş» toparynyň “Küştdepdi” tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda sazandalar, aýdymçylar we tansçylar sazyň, aýdymyň hem-de tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini we özboluşlylygyny açyp görkezdiler. Çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdym ýerine ýetirilende has-da aýdyň ýüze çykdy. Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň hem-de ýurdumyzyň «Näzli» tans toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetiren bu çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan XIX asyrdan häzirki güne çenli taryhy döwri öz içine alýan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda Azerbaýjanyň çeper filmleriniň görkezilişi hem boldy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda iki ýurduň nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Azerbaýjan Respublikasy barada fotosergi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, myhmanlar paýtagtymyzyň medeni ojaklaryna, gözel ýerlerine we söwda merkezlerine baryp görerler.

Soňky habarlar
07.07
Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
07.07
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
06.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.07
Ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlary — döwrüň okgunly ösüşiniň nyşany
06.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
06.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
05.07
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow