Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
Çap edildi 05.06.2026
23

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belläp, Türkmenistanda saparda bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň saparynyň dowamynda geçiriljek çäreleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Soňky ýyllarda döwlet we hökümet derejesindäki yzygiderli duşuşyklaryň hem-de özara saparlaryň netijesinde hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ikitaraplaýyn gün tertibinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bilelikdäki medeni çäreleriň ähmiýetini nygtadylar. Bu çäreler medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini belläp, şeýle medeni gatnaşyklaryň halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady. “Bu asylly däbe eýerip, şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Ýurdumyz Azerbaýjanyň medeniýet, sungat işgärlerinden ybarat uly wekiliýetini myhmansöýerlik bilen kabul edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem duşuşykda Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän sergileriň, konsertleriň, şahyrlaryň, akyldarlaryň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň umumy taryhy, medeni mirasynyň döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
04.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
top-arrow