Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 04.06.2026
63

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň guramaçylykly dowam edýändigi barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny has-da berkitmek, harby gullukçylaryň taýýarlyk derejesini kämilleşdirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de Milli goşunyň ähli bölümlerinde harby düzgün-nyzamyň berjaý edilişini, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, harby gullukçylaryň netijeli gullugy üçin şertleri döretmek, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak işlerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan hasabat döwründe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça prokuratura edaralarynyň alyp barýan işlerini mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň, hukuk düzgün-tertibini berkitmäge, düzgün bozulmalaryň öňüni almaga aýratyn üns bermegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işler, hususan-da, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen açylyp ulanmaga berlen desgalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini goramak we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň bäş aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de milli kazyýet ulgamyna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli kanunçylygymyza laýyklykda, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek, kazyýet işgärleriniň iş tejribesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda degişli resminama gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk hem netijeli dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi we ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny nygtady hem-de serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serhetçileriň iş, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow 2026-njy ýylyň bäş aýynda milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barlan işler, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň wezipelerine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda bu düzüme işiň döwrebap usullaryny, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de gümrük nokatlaryndaky gözegçiligi has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda migrasiýa işini kämilleşdirmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa işini döwrebap usullar esasynda yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
04.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
04.06
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
04.06
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
04.06
Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
04.06
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.06
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
top-arrow