Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylyk döredijilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip
Syýasy habarlar
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylyk döredijilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip
Çap edildi 12.02.2026
35

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebitleýin we ählumumy derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa eýerýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň sebit we dünýä giňişliginde işjeň alyp barýan netijeli işleriniň logiki dowamy hem hut şu hakykatda öz beýanyny tapýar.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly möhüm çärelere baý boldy. Iri forumlar, ýokary derejeli duşuşyklar, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi şolaryň hataryndadyr. Olaryň arasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)”, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar hem bar. Bu resminamalaryň awtordaşy bolup onlarça döwletiň çykyş etmegi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýedigini tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisinde kabul edilen bu Kararnamalar halkara energetika we ulag arabaglanyşygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň döredijilikli daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2026-njy ýylda-da birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň 9-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy şol wezipeleri ýerine ýetirmegi maksat edinýär. Bu resminama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna”, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Meýilnama görä, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda dürli çäreleri geçirmek bellenildi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden, hususan-da, guramanyň 80-nji ýubileý sessiýasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça degişli işleri utgaşykly alyp barmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem halkara maliýe-ykdysady we beýleki düzümler, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk çäreler meýilleşdirildi.

Resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde amala aşyryljak çäreler kesgitlenildi. BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeldýän Türkmenistan guramanyň degişli düzümleri, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça hödürlenen teklipleri makullady. HZG-niň agzasy bolan Türkmenistan mynasyp zähmet şertlerini we zähmete gatnaşýan ähli taraplaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmek üçin köptaraply konwensiýalardan gelip çykýan degişli işleri alyp barýar. Ýurdumyzda adamyň konstitusion hukuklarynyň esasylarynyň biri bolan raýatlaryň zähmet hukuklarynyň ýerine ýetirilişine uly üns berilýär. Türkmenistanyň zähmet kanunçylyk namalary toplanan tejribäniň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda ulgamlaýyn kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetiň, şol sanda onuň hususy böleginiň okgunly ösdürilmegi hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy täze iş orunlarynyň döremegini şertlendirýär. Ähli pudaklaryň işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertler döredilýär.

Häzirki döwrüň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, zähmet bazaryny döwrebaplaşdyrmak, zähmet gatnaşyklarynyň we iş bilen üpjünçiligiň durmuş kepillikli ulgamy boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu babatda ugurdaş halkara guramalar bilen gatnaşyklar çuňlaşdyrylýar. Hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde HZG bilen özara gatnaşyklaryň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler ministrligi tarapyndan bu «Ýol kartasynyň» möhletini 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak hem-de onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini gatnaşmaga çekmek teklip edildi. Hususan-da, mejbury, şol sanda çaga zähmetiniň öňüni almak üçin syýasy-hukuk binýady pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem «Ýol kartasynda» milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulyp, hukuk taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleriň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak boýunça döwlet edaralary, Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan maksadalaýyk işleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, has giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilim binýady dörediler.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň çäklerinde Daşary işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri bilen HZG-niň bilermenleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmek meýilleşdirilýär.

2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda beýan eden teklipleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda biziň ýurdumyz halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti hasaplaýar. Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan işleri halkara hukugyň pugta binýadyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna daýanýar. Öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde ygrarlylygy görkezýän ýurdumyz halkara hukuga hormat goýulmagyna, bähbitleriň özara hasaba alynmagyna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Munuň özi ählumumy meseleleri netijeli çözmekde, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we durnukly ösüşi gazanmakda möhüm şertdir.

Jogapkärçilige, anyklyga we aýdyňlyga esaslanýan, netijeli köptaraply hyzmatdaşlyga eýerýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň esasy garaýyşlary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofik taglymatda, şeýle hem häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolýan anyk tekliplerde öz beýanyny tapýar. Ýokarda agzalan başlangyjy durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi we ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama Ministrler Kabinetiniň 30-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Halkara hukugyň ýylyny yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly milli konsepsiýany taýýarlamak teklip edilýär.

Ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde halkara hem-de sebit derejesinde dürli çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin ýaşlaryň arasynda okuw we wagyz-nesihat çäreleriniň uly toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde bu mowzukda ýerli hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda sapaklary geçirmek, degişli okuw-usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak, olary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýaýratmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, olary goldamak, ylmy barlaglara höweslendirmek we täze nesilde halkara hukuga gyzyklanma döretmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri guramak meýilleşdirilýär. Giň jemgyýetçiligi Halkara hukugyň ýyly barada milli hem-de halkara derejede habarly etmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginiň web saýtynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümi açylar, Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan maglumat beriji materiallar taýýarlanylar we ýaýradylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek hakynda başlangyjynyň parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädimdigini nygtap, bu ugurda taýýarlanylan teklibi makullady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyz ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde özara bähbitli sebitleýin we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde-de başlangyçly orny eýeleýär. Şu ýylyň ýanwarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1998-nji ýylda esaslandyrylan bu maksatnama Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň howandarlygynda hereket edýän köptaraply platforma bolup durýar. Türkmenistan döredilen wagtyndan bäri SPECA-nyň işine işjeň gatnaşýar.

SPECA hepdeliginiň çäklerinde paýtagtymyzda ykdysady forum geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn garamak forumyň esasy maksady boldy. Energetika, ulag, söwda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki zaman şertlerinde SPECA maksatnamasy Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa yklymynda iň çalt ösýän ulag-logistika we energetika merkezleriniň birine öwürmäge ýardam berip, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Maýa goýum meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde SPECA-nyň köphyzmatdaşly gaznasyny döretmegiň ähmiýeti bellenildi. Türkmen tarapynyň öňe sürýän bu mehanizmi serhetüsti başlangyçlary maliýe taýdan üpjün etmek üçin wajyp gural bolmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, ekologiýa durnuklylygy, “ýaşyl” ykdysadyýet, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlara aýratyn üns çekildi. Ykdysady ösüşiň inklýuziw häsiýete eýe bolmalydygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda SPECA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyz harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň netijeli sebit bazaryny döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň SPECA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, sebitiň durnukly ösüşi üçin wezipeleri çözmäge, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna uýgunlaşmagyna ýardam bermäge, sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň strategik ähmiýeti bellenildi.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanandygyny bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyň dowamly häsiýete eýedigini görkezýär. Şu ýylyň 24-nji ýanwarynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen geçiren duşuşygynda ýaş nesilleriň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň arasynda geçen ýylyň dekabrynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Duşuşykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem garaldy. Geljekki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, çagalary durmuş taýdan goldamak ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we oba hojalygyny durnukly ösdürmek ýaly möhüm wezipelerde tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Soňky ýyllarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlyk mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Bu gurama bilen bilelikde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, azyk ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk toplumyna ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlarda taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Häzirki wagtda geljek bäş ýyl üçin degişli maksatnamany kabul etmek babatda zerur tagallalar edilýär.

Şu ýylyň ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuý ýurdumyzda saparda bolup, paýtagtymyzda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahata gatnaşdy. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen FAO-nyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn taslama resminamalaryna gol çekildi. Hormatly Prezidentimiziň 21-nji ýanwarda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda FAO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Şeýle-de ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek we tehniki goldaw bermek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň şu ýyl Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk edýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen duşuşykda eden çykyşynda döwletimiziň başlyklygy kabul etmek bilen, ýurtlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, daşarky maýa goýumlar, dürli ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin sebitiň özüne çekijiligini artdyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Şu ýyl Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy täze formatda — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” görnüşinde geçiriler.

2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) hem başlyklygy kabul etdi. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde işjeň orun eýelemek bilen, ýurdumyz şu formatda geçirilýän duşuşyklara we çärelere yzygiderli gatnaşýar hem-de şeýle çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň oktýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň bilelikde çözmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünip, Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň ugurlardaky mümkinçilikleri doly güýjünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 3 — 5-nji fewralynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge, halkara hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin netijeli gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn başlangyçlary beýan edildi.

Şeýlelikde, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän 2026-njy ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ýyl ýazgysyna köp sanly möhüm wakalary ýazar. Bu wakalar sebit we ählumumy gatnaşyklary ilerletmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga, ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge goşant bolar.

Soňky habarlar
12.02
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylyk döredijilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip
12.02
Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär
11.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk pudagy
11.02
Match between «Arkadag» and «Al-Nassr» football teams
11.02
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
top-arrow