Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk pudagy
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk pudagy
Çap edildi 11.02.2026
39

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Watanymyzyň senenamasyna ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girdi. Bu strategik pudakda alnyp barylýan işler dürli ugurlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan milli ulag strategiýasy asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek çemeleşmesine esaslanýar. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymüsti ulag geçelgesi Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň ählumumy ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu çäreleriň ählisi halkara ähmiýetli iri ulag merkezi hökmünde döwletimiziň ornuny pugtalandyrýar.

Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ylalaşygy, şeýle-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Ulag pudagynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Şunda ýurdumyz Halkara raýat awiasiýasy guramasy, Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy, Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag meseleleriniň çözülmegine diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde üns berilmeli ugur hökmünde aýratyn ünsi çekýär. Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek gerek. Bu resminama Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr.

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyz sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik taýdan ýerleşişi sebäpli ulag, söwda, ykdysady ösüş babatdaky kynçylyklar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Awazada geçirilen maslahat diňe bir diplomatik ähmiýetli çäre bolman, eýsem, 570 milliondan gowrak ilata wekilçilik edýän 32 ýurt üçin öz ösüş strategiýalaryna gaýtadan seretmäge, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, kynçylyklary ýeňip geçmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin täzeçil çözgütleri tapmaga amatly mümkinçilik boldy. Forumyň çäklerinde ugurdaş çäreler, şol sanda foruma gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we Türkmenistan tarapyndan ýerüsti ulag hem-de aragatnaşyga bagyşlanan çäreler geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýän Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi hem-de Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Häzirki wagtda bu resminamalary durmuşa geçirmek üçin BMG-niň degişli düzüm birlikleri, hyzmatdaşlar bilen bilelikde anyk işler ýerine ýetirilýär. Geçen ýylyň 14-nji oktýabrynda Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň kanunalaýyk dowamy boldy.

Milli ykdysadyýetiň pudaklary, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de ony dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, onuň garamagyndaky degişli agentlikleriň binýadynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag ulgamynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Ulag pudagynyň işi üçin täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, ykdysady işler kämilleşdirilip, ulag işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy döredildi. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar. Bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.

2025-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Onuň gurluşygy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalardyr öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi. Halkara güwänamalaryň birnäçesine mynasyp bolan täze howa menziliniň ulanmaga berilmegi ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamagyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün edip, sebitde häzirki zaman üstaşyr ulag üpjünçilik ulgamyny döretmekde möhüm ädimdir. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi hasaba alnanda, onuň sebit daşamalarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de halkara şertnamalara, Howa kodeksine, Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.

Halkara howa ýük gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr logistika mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Bu ugurda halkara gatnaşyklary ösdürmäge, daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. 2025-nji ýylyň aprelinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebine Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan «Trainair Plus» maksatnamasy boýunça degişli güwänama berildi. Munuň özi diňe bir türkmen hünärmenlerini taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlaryň hünärmenlerini hem taýýarlamaga we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen, mekdebiň halkara ülňülere laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamalaryň ösdürilmegine Merkezi Aziýa hem-de Hazarýaka ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagynyň wajyp şerti hökmünde garaýar. Deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär, ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdyrylýar, portlaryň, port hojalygynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, deňizde howpsuzlyga, nawigasiýa döwlet gözegçiligi güýçlendirilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagaty döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmäge, «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda Halkara deňiz guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek we deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz guramasy tarapyndan Halkara gidrografiýa guramasy we Halkara maýakçylyk gullugynyň assosiasiýasy bilen bilelikde häzirki zaman nawigasiýa standartlaryny ornaşdyrmak boýunça ilkinji sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň deňiz dolandyryş edaralarynyň we gidrografiýa gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli täze awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. Geçen ýylyň noýabrynda döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän, umumy uzynlygy 354 metre deň bolan awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Şeýle-de ol Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolmak bilen, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ýurdumyzda demir ýol pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, demir ýol pudagyny döwrebap tehnikalar — teplowozlar, has amatly ýolagçy wagonlary, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, galla daşamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlardyr çelekler bilen üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmaga, üstaşyr ýükleriň daşalmagynyň, ýolagçylaryň gatnadylmagynyň ugurlaryny giňeltmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýükleri daşamakda esasy orny eýeleýär. Demir ýol pudagyna barha ýokary talap bildirilýär. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemäge, demir ýoluň hereket düzümlerinden netijeli peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we howpsuzlyk mümkinçiliklerini hödürlemäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menzilindäki degişli desganyň taslamasyny düzmek we durkuny täzelemek boýunça zerur işler alnyp baryldy.

Türkmenistany çalt depginde möhüm yklymara ulag çatrygyna öwürmek wezipesi ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny, bu ugurda häzirki zaman ylmy-tehniki mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly dünýä standartlarynyň derejesine çykarmak ýaly wajyp meseläni çözmegi göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz sanly we ykjam aragatnaşyk hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmegi derwaýys wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hem-de elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara diýlip kesgitlenen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň alyp barýan giň gerimli işlerini bellemek gerek.

Ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlaryň çekilmegi bilen, aragatnaşyk düzümleriniň sany yzygiderli artýar. 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilendigi nygtaldy. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.

Ýurdumyzda «Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar degişli ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alnyp, dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä poçta birleşigi bilen ugurdaş okuwlary we maslahatlary yzygiderli esasda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgam ulanylýar. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär.

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar pudagynyň, hususan-da, elektron senagatyň ösdürilmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Diýarymyzyň ähli künjeklerinden gyzyklanma bildirýän fiziki we ýuridik şahslaryň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän «Sanly çözgüt» atly bäsleşik innowasion taslamalary işläp düzüjiler üçin uly höweslendirme bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri hem munuň aýdyň güwäsidir. Geçen ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe girizmäge, 28-nji iýunda bolsa şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata berdi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” , “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” hem-de Hereketleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirildi. 8-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen degişli Konsepsiýada hem-de Maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyndan, halkara tejribeden ugur alyp hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de elektron hökümet ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Iri halkara forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň birnäçesinde ulag akymlaryny artdyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek boýunça anyk teklipler beýan edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde möhüm ulag merkezine hem öwrülýär. Bu ugurdaky wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilip, ädilýän anyk ädimler Watanymyzyň dünýäniň ähli ýurtlary üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýly ornuny has-da pugtalandyrýar.

Soňky habarlar
11.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk pudagy
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
top-arrow