Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
Jemgyýet
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
Çap edildi 25.12.2025
50

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylyp, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalar kabul edildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň degişli Kararnamalar bilen üç gezek ykrar edilmegi Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň ýokarydygyny, durmuşa geçirýän syýasy ugrunyň bolsa halkara bileleşik tarapyndan giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenip, tamamlanyp barýan şu ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmeginde, dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini dabaralandyrmakda taryhy senä öwrüldi. Şu gezekki dabara hem şanly ýylda ýetilen sepgitlere nazar aýlamaga, Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirildi.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň medeni mirasyna, Garaşsyzlygyň we hemişelik Bitaraplygyň aýdyň ýolunda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergini synladylar.

Soňra dabara “Mekan” köşgüniň mejlisler zalynda dowam etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow dabara gatnaşyjylary mübärekläp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaranyň möhüm ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçip barýan ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barlan işler Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam berdi. Ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet topary tarapyndan köp sanly çäreler üstünlikli geçirildi. Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň şan-şöhratyny has-da beýgelden wakalaryň biri boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy 12-nji dekabrda giňden dabaralandyryldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça birnäçe möhüm resminamalaryň kabul edilmegi Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Şeýle-de dekabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklan «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat geçirilip, onuň Jemleýji resminamasy kabul edildi diýip, R.Bazarow aýtdy we hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny halkymyza peşgeş bermeginiň Halkara Bitaraplyk gününi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny has-da dabaralandyrandygyny nygtady.

12-nji dekabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen halkara forum Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow çykyşyny jemledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan guralýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň taryhynda, onuň döwletlilik ýörelgeleriniň, syýasy, ykdysady, durmuş ösüşiniň pugtalanmagynda möhüm tapgyr bolandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli döwlet işleriniň netijesinde 2025-nji ýyl ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bilen dabaralandy.

Ýakynda ýurdumyzda bütin dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň bu baýramy başga-da iki möhüm waka — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Baş Assambleýa tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat geldi. Bu üç şanly sene bir-biri bilen berk baglanyşykly bolup, derwaýys ähmiýete eýedir we amaly taýdan çuň many-mazmuny özünde jemleýär.

2025-nji ýylda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine doly ygrarlydygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny we halkara hukugyň kadalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde tutanýerli hereket edýändigini, halkara syýasatda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini işjeň öňe sürmäge hem-de berkitmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak ýaly özara baglanyşykly üç möhüm ýörelgede Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistanyň ösüş filosofiýasy jemlenendir. Biz bu gün çylşyrymly meseleleri çözmekde bitaraplygy parahatçylyk dörediji we syýasy dialogyň esasy hökmünde ilerletmek boýunça uly işler amala aşyryldy diýip doly belläp bileris. Netijede, dünýäde biziň Bitaraplygymyza, onuň howpsuzlygyň, asudalygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde tutýan ornuna düşünmegiň has artandygyny görmek bolýar diýip, wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäreleriň ýüzlerçesi geçirildi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň daşary syýasatyny, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň many-mazmunyny dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, bilermenleriň we ylmy jemgyýetçiligiň arasynda wagyz etmek işlerine aýratyn üns berildi. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň onlarçasynyň awtordaş hökmünde çykyş etmeginde birnäçe Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama, energetika we ulag ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga degişli Kararnamalar bar.

Wise-premýer, daşary işler ministri Baş Assambleýanyň şu ýylyň 15-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar üçin)» atly Kararnamalaryna aýratyn ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, bu resminamalaryň ikisi hem Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr. Bu resminamalarda Milletler Bileleşiginiň durnukly energetika we ulag ulgamynda alyp barýan işleriniň ýerine ýetirilişi barada seljerme berilýär, bu ugurlary Birleşen Milletler Guramasynyň, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen ýörite iş toparlarynyň çäklerinde ösdürmek babatda anyk çäreler kesgitlenilýär. Agzalan Kararnamalar milli, sebit we ählumumy derejede durnukly energetika, ulag baglanyşygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, netijeli işleýän halkara energetika we ulag infrastrukturasyny döretmek üçin ygtybarly syýasy-hukuk binýadyna öwrüldi.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hem özüni işjeň ýurt hökmünde görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde goňşy ýurtlar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy. Bu formatyň şu ýylyň noýabrynda geçirilen ýedinji duşuşygynda oňa gatnaşyjy döwletler Türkmenistanyň doganlyk Azerbaýjany bu duşuşyklara doly hukukly agza hökmünde çagyrmak baradaky teklibini biragyzdan goldadylar.

Türkmenistan «Merkezi Aziýa +» dialogynyň işine-de netijeli gatnaşdy. Olaryň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi, Italiýa Respublikasy ýaly ýurtlar bilen duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz agzalan sessiýanyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda dünýäde ýüze çykan häzirki ýagdaýlara giňişleýin seljerme berdi, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmäge, adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş we ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi.

2025-nji ýylda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem-de özara saparlar işjeň dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrandygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem 9 ýurtda saparda bolandygy, şol bir wagtda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana saparlarynyň 31-siniň guralandygy aýdyldy. Munuň özi ýurdumyz tarapyndan işjeň daşary syýasatyň alnyp barylýandygyna, Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleriniň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

2025-nji ýylda Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde birnäçe iri halkara çäreleri geçirdi. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny we “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahaty görkezmek bolar. Şunuň bilen bir hatarda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forum şu ýylyň esasy syýasy wakasy boldy. Oňa onlarça döwletiň we halkara guramalaryň wekilleri, döwlet, hökümet, parlament ugurly, şeýle-de abraýly halkara düzümleriň Baştutanlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar. Bu forum dünýä syýasy-diplomatik gün tertibiniň örän ähmiýetli wakasyna öwrüldi. Onuň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy bolsa strategik taýdan many-mazmunly resminama boldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan tarapyndan alnyp barlan giň möçberli işler ýurdumyzyň dünýä derejesinde parahatçylyk dörediji merkezleriň biri hökmünde tanalmagyna ýardam berdi. Şunuň bilen bir hatarda, gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň ençeme ýyllaryň dowamynda yzygiderli öňe sürýän, dünýäde giň goldaw tapýan we düşünilýän parasatly, öňdengörüjilikli strategiýasynyň hem-de halkara başlangyçlarynyň kanunalaýyk netijesidir. Şeýle-de wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň halkara başlangyçlary barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, «Ösüş arkaly parahatçylyk» başlangyjynyň esasy many-mazmuny üstünlikli durmuş-ykdysady ösüş, adamzadyň we dünýäniň abadançylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek babatdaky maksatlaryň aýrylmaz baglanyşykly bolmagyndan ybaratdyr. Bu başlangyç 10 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden dünýä jemgyýetçiligine yglan edildi.

Milli Liderimiz parahatçylyk döredijilikli ugry ösdürmek bilen, 2021-nji ýylyň dekabrynda häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň täze konsepsiýasyny kemala getirmek baradaky teklip bilen çykyş etdi we ony «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm başlangyçlary dowam etdirmek bilen, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy Milletler Bileleşiginiň garamagyna resmi taýdan hödürledi. Mälim bolşy ýaly, bu teklip Baş Assambleýa tarapyndan doly goldanyldy.

R.Meredow çykyşynda Bitaraplygyň türkmen nusgasyna aýratyn ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, türkmen Bitaraplygy täze, örän aýdyň ähmiýete, many-mazmuna we goldawa eýe bolýar. Ol halkara syýasatyň ösüşinde möhüm, täsirli, tanalýan şerte öwrülýär. Ýurdumyz bitaraplygyň diňe aýratyn bir döwletiň resmi derejesi däldigini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegi başardy. Bitaraplyk özüňe we tutuş umumadamzat maşgalasy hökmünde beýleki halklara bolan aýratyn garaýyşdyr. Ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, şeýle maşgalada parahatçylyk, ylalaşyklylyk we hormat höküm sürmelidir. Türkmenistan öz Bitaraplygyny şu belent maksatlara ýetmek hem-de ony adamzada hyzmat etmek üçin gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut etdi. Şu nukdaýnazardan, bitaraplygyň uly geljegi bar. Ol öz aýratynlygy boýunça ýakynlaşmaga, ylalaşyga, kanuny bähbitleri hasaba almaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde örän zerur bolan syýasy-hukuk derejesine öwrüler. Türkmenistan Bitaraplygyň mümkinçilikleriniň, oňa mahsus gurallaryň we çemeleşmeleriň halkara syýasatda, hususan-da, anyk ýagdaýlarda ýygy-ýygydan hem-de giňden ulanyljakdygyna berk ynanýar. Bitaraplyk ýurdumyzyň içerki ösüşiniň, halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgesi hem-de ýol görkezijisi bolup gelýär we şeýle bolmagynda-da galar diýip, wise-premýer, daşary işler ministri nygtady.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň doly goldawyna eýedir. Şu ýyl «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysaly boldy. Şoňa görä, Türkmenistan hemişe öz daşary syýasatynyň esas goýujy başlangyçlary hökmünde bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine eýerer, ähli ýurtlar we halklar bilen dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi, hormata esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirer. Munuň üçin bu gün bizde ähli mümkinçilikler, ýagny berk döwletlilik, dünýä derejesinde hormat, abraý we goldaw, aýdyň maksatlardyr wezipeler bar diýip, wise-premýer, daşary işler ministri çykyşyny jemledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa söz berildi. Ol gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýylyň dowamynda sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen köp sanly halkara ähmiýetli maslahatlaryň, ýokary derejeli forumlaryň we duşuşyklaryň guralandygyny, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikdäki hemme çäreler Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň 21-nji martynda biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamanyň esasynda geçirildi. Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň üýtgewsiz amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artýandygyny aýdyň görkezdi. Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan ugur alnyp, halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiziň sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligine gatnaşmagy 2025-nji ýylyň möhüm we esasy wakalarynyň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz Baş Assambleýanyň belent münberinden ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer hem-de halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça anyk teklipdir başlangyçlary öňe sürdi. Olary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen ugurlar boýunça anyk işler alnyp barylýar.

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, bu düzüme agza döwletleriň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ählumumy derejede badalga berildi. Açylyş dabarasynda 2025-nji ýylda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça ählumumy çäreleriň esasy ugurlaryny kesgitleýän bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. 21-nji martda Baş Assambleýanyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň birinji ýarymynyň möhüm syýasy wakasy boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk doktrinasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny we bu syýasatyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda BMG-niň çäklerinde döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzüminiň yzygiderli giňemegi häzirki wagtda Bitaraplyk syýasatynyň we oňa esaslanýan köptaraplaýyn meýdançalaryň wajyp ähmiýetini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda topara Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Eswatini Patyşalygynyň goşulyşmagy Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini amala aşyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy.

Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu babatda esasy halkara waka boldy. Bu maslahat 2025-nji ýylda BMG-niň howandarlygynda geçirilen iri halkara çäreleriň biri bolup, möhüm halkara ähmiýetli resminamalaryň — 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen jemlendi. Häzirki wagtda agzalan resminamalary durmuşa geçirmek üçin BMG-niň degişli düzüm birlikleri we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde anyk işler ýerine ýetirilýär. 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň kanunalaýyk dowamy boldy.

4-nji iýunda Türkmenistanyň Baş Assambleýa tarapyndan 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ykdysady ugur boýunça möhüm daşary syýasy üstünligi boldy. Bu çözgüt ýurdumyzyň durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ilerletmekde eýeleýän işjeň ornunyň ykrar edilmeginiň güwäsidir. Ýakynda, has takygy, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 64-nji plenar mejlisinde iki möhüm Kararnama — “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar üçin)” we “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar kabul edildi. Bu resminamalar ählumumy we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, BMG-niň çäklerinde ulag, energetika gün tertibini ilerledýän ýurt hökmünde ýurdumyzyň ornuny we abraýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşar.

Ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň strategik daşary syýasatynyň ýokary netijeliligine şaýatlyk edýär. Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu syýasat ýurdumyzyň, şeýle hem tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ähli döwlet institutlarynyň halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyndan iş alyp barmagy netijesinde mümkin boldy diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili nygtady we çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ähli ildeşlerimizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyş etdi. Ol çykyşynyň başynda BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetini hem-de halkyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tamamlanmagy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol şanly seneleriň köptaraplaýynlygy we durnukly ösüşi ilerletmekdäki jogapkärçiligiň möhümdigini ýene-de bir gezek görkezendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, BMG we Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. 2025-nji ýylda ählumumy gün tertibiniň ulag infrastrukturasy bilen baglylykda, “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar üçin)” hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň netijeleri esasynda 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi, Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň durnukly özara baglanyşyk, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we sebit hyzmatdaşlygy boýunça ileri tutýan ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy. “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” tassyklanylmagy Türkmenistanyň hem-de bu guramanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Hanym Jalpa Ratna 2025-nji ýylda BMG-niň ýurt boýunça toparynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ýerine ýetiren işleri barada durup geçdi. Bu ugurda alnyp barlan işler Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça halkara tagallalara uly goşant goşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili çykyşynyň ahyrynda BMG-niň ýurt boýunça toparynyň Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de Durnukly ulag boýunça onýyllygy ilerletmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Ruda söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu şanly wakalar parahatçylygyň, durnuklylygyň nyşany bolan bitaraplygyň ähmiýetini aýdyň görkezdi.

Bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli goldaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilmeginden soňra, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda ähmiýetini tassyklaýan ýene iki sany Kararnama kabul edildi. Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarlydygyny durmuşa geçirýän işleri bilen tassyklaýar. Şu ýylyň iýunynda çylşyrymly ýagdaýlara sezewar bolan dünýäniň 52 ýurdunyň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýatlaryna öz ýurtlaryna gaýdyp barmaklary üçin türkmen tarapynyň eden kömegi munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, noýabr aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken halkyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy meseleleri çözmekdäki we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki wajyp ornuny ýene-de bir gezek görkezýär.

Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan ykdysady, medeni gatnaşyklar arkaly ösüşiň, abadançylygyň, parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, “C5+1” we “B5+1” formatlarynyň çäklerinde sebitiň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek we ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşmak arkaly Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak üçin berk binýady döredýärler. Bu başlangyçlar innowasiýa, bilim, işewürlik ugurlarynda täze mümkinçilikleri açmak bilen, sebit howpsuzlygyny goldamaga ýardam berýär. Geçen aýda Waşingtonda geçirilen duşuşygyň netijelerinden hem görnüşi ýaly, “C5+1” dialogy biziň umumy garaýşymyzyň esasyny düzmek bilen, ykdysady işjeňlik we hyzmatdaşlyk arkaly ösüşe, parahatçylyga, abadançylyga goşant goşýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen umumy gymmatlyklara esaslanýan hem-de sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili sözüniň ahyrynda amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň bilelikdäki işleriň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsä söz berildi. Diplomat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän dabarada çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, tamamlanyp barýan ýylyň Türkmenistan üçin üstünliklere beslenendigini hem-de ýurdumyzyň parahatçylygy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi üpjün etmekdäki tagallalarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin taryhy ähmiýete eýe bolan wakalara baý boldy. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekdi. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary bilelikdäki tagallalaryň wajypdygyny görkezdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň üpjün edilmeginde Türkmenistana uly orun degişlidir. Türkmenistanyň halkara dialogy, özara ynanyşmagy ösdürmek boýunça tagallalary dünýäniň beýleki ýurtlary üçin nusgalykdyr.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bagtyýarlyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Dabaranyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowa söz berildi. Diplomat dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemlerine, sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga uly goşant goşýan Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlanan möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we türkmen halkyny dünýä diplomatiýasynyň aýratyn tapgyry hökmünde taryha girjek bu şanly ýylyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurduň belent abraýynyň, onuň parahatçylyk söýüjilikli we netijeli daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýä jemgyýetçiligine ynanyşmak dialogynyň, özara hormat goýmagyň durnukly hem-de adalatly dünýä gurluşynyň berk binýady bolup durýandygyny ýatlatdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan yzygiderli hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk diňe bir daşary syýasy ugur bolman, eýsem, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan durmuş filosofiýasydyr. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň we başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegini üpjün etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty eýýäm 30 ýyl bäri Merkezi Aziýa sebitinde, onuň çäkleriniň daşynda-da parahatçylygy, durnukly ösüşi, netijeli dialogy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar.

2025-nji ýyl Türkmenistanda üstünlikli geçirilen iri halkara we sebit wakalaryna beslendi. Bu ýylda geçirilen forumlar halkara howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy. Şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä derejeli waka boldy. Türkmenistan BMG-niň sebit hem-de ählumumy dialogy ilerletmek boýunça ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş etdi diýip, diplomat sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, Hökümetine we halkyna bu forumyň çäklerinde özbek halkynyň baý medeni mirasyny tanyşdyrmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ilçi Türkmenistanyň Hökümeti we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçirilen iki möhüm çäräni — “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” we “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahatlary aýratyn nygtady. Bu forumlar diňe bir Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň gün tertibini baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça ählumumy tagallalara hem anyk goşant goşdy.

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forum şanly ýyldaky çäreleriň iň esasysy boldy. Foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagy raýdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy ählumumy parahatçylyk döredijilikli tagallalara möhüm goşant bolmak bilen, parahatçylyk, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygy berkitdi. Diplomat çykyşynyň ahyrynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ösüş ýolunyň netijeliliginiň subutnamasy bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny, dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen gutlady.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanä söz berildi. Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm şert bolup çykyş edýär. Ilçi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara forumyň, Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu forumlara dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagy Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm ýyllaryň biri boldy. Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşmagy eýran tarapynyň sebitde parahatçylygy we özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidentiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda dialog üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Eýran we Türkmenistan dürli ugurlar boýunça, şol sanda medeniýet ulgamynda bilelikde iş alyp barýarlar.

Soňra Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy B.Hojaberdiýew çykyş etdi. Ol dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi, şeýle hem ýetip gelýän täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar. Hemişelik Bitaraplygy dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen iri forum Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. B.Hojaberdiýew ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda we olimpiadalarda üstünlik gazanan ýaşlaryny sylaglamak dabarasyna gatnaşmagynyň taryhy waka öwrülendigini aýtdy. Munuň özi ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan zerur mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Ç.Wekilowanyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Zenanlar hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen zenanlary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik edaralarynda yhlasly zähmet çekýärler. Şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat munuň aýdyň güwäsi boldy.

Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak, çaga lukmançylygyny, bilimi kämilleşdirmek, çagalara durmuş hyzmatlaryny bermek babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, haýyr-sahawat gaznasy çagalara ýardam bermek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirýär. Şu ýyl gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat hem ýurdumyzda çagalaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda amala aşyrylýan işleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy buýsandyryjy waka boldy.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby O.Sähetmyradowa söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyz üçin aýratyn şanly senedigini, bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýini dünýä derejesinde dabaralandyrandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu taryhy sene ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň dabaralanmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ynsanperwer, oňyn daşary syýasaty Türkmenistany dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesi bu günki gün diňe bir döwletimiziň durnuklylygyny däl, eýsem, bütin sebitiň parahatçylygyny hem üpjün edýän syýasy ugur hökmünde ykrar edildi. Bu ynsanperwer taglymatyň ylmy esaslary hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza sowgat beren “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynda çuňňur beýanyny tapýar. Bu gymmatly eser ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesini ylmy taýdan öwrenmekde, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanma bolup durýar.

Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly we döwrebap bilimli bolup ýetişmegi üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ýaşlarymyz bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, halkara derejede üstünlik gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladýarlar. 2025-nji ýylda türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim, sport bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleri munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem ol ýaşlaryň zähmet çekmegi, döretmegi, Watana hyzmat etmegi mukaddes borç hasaplaýandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşip, özlerine bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda mundan beýläk-de yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy we döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, bitaraplyk ýörelgeleriniň we öňüni alyş diplomatiýasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, parahatçylyk, ynanyşmak, dialog medeniýetiniň ähmiýeti barada çuňňur many-mazmunly çykyşlaryň diňlenilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýubileý ýyl bolup, örän möhüm taryhy wakalara beslendi. Şu ýyl dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri bu şanly sene mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, Türkmenistanyň raýatlaryny “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permanlara hem-de “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň degişli resminamalaryny okamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berildi. Sylaglamak dabarasynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, 2025-nji ýylyň döwletimiz üçin örän möhüm taryhy ýyl bolandygyny, bu ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň belent sepgitlere ýetendigini aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, ol şu ýylyň dowamynda geçirilen halkara çärelere işjeň gatnaşandyklary üçin hemmelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de ýetip gelýän 2026-njy ýylyň ýylky ýylydygyny aýdyp, bu ýylda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň täze üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň wekilçilik edýän ýurtlarynyň hem-de düzümleriniň Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşantlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň minnetdarlygyny we hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Şeýlelikde, şu günki çäre Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk taglymlarynyň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň netijeleri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu ýylda ýetilen belent sepgitler milli diplomatiýamyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Watanymyzyň dünýä derejesindäki parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrdy.

Soňky habarlar
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
25.12
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
24.12
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
24.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
23.12
Türkmenistan — BMG: ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyryp
22.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22.12
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
22.12
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde
top-arrow