Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 04.03.2026
1529

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalyň ýene bir sany okyjylara gowuşdy.

Neşiriň 2026-njy ýyldaky ikinji sany «Türkmen bedewi – belent ösüşleriň nusgasy» atly makala bilen açylýar. Aýyň şanly wakalaryna bagyşlanýan çykyşlar «Sport – ýaşlygyň ýarany» atly makala bilen dowam edýär.

«Başlangyç synpda ünslüligi ösdürmegiň esaslary» atly makala bilim işgärleri üçin tejribe alyşmakda ähmiýetli çykyş bolupdyr. Döwrebap bilim ulgamy babatyndaky söhbetler şol sahypalarda iňlis dilindäki makalada hem dowam etdirilýär. Şeýle-de, neşiriň täze sanyndaky «Türkmenistanyň kazyýet ulgamy we halkara hukuk tejribesi» atly makala bu ugurda möhüm maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmen bedewi – taryhyň sahypalarynda», «Ýyndamlygyň we gözelligiň nyşany» atly makalalar neşir tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenipdir. Şol sahypalarda rus dilinde berlen çykyşda hem türkmen bedewi wasp edilýär.

Neşirde diplomatiýa, ykdysadyýete, medeniýete bagyşlanan makalalar, ylym we tehnika täzelikleri täsirli maglumatlary bilen özüne çekýär. Iňlis dilinde ýerleşdirilen çykyş Magtymguly Pyragynyň şahyryna dünýäsine bagyşlanypdyr. Sazyň terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanan makala hem täsirli bolupdyr.

«Döredijilik dünýäsi» atly rubrika aslynda ýene-de türkmen edebiýatynyň häzirki zaman wekilleriniň birnäçesiniň şygyrlary paýlaşylýar. Täsirli çykyşlaryň ýene biri «Dymmagyň ähmiýeti» diýlip atlandyrylýar. Mart aýynyň täleýnamasy, Keýmir serdar baradaky makala, «Her bir ýaprak – bir hekaýa» atly çykyş hem okyjylarda gyzyklanma döretse gerek. Şeýle-de «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen tanyşdyrylýar. Žurnalyň ahyrky sahypalarynda täze döredijilik bäsleşigi hem yglan edilýär.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow