Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8 göterim boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 147,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 102,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 129,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek çäreleri hem guramaçylykly dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk alyp barmagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112,8 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 120,5 göterim, Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de işleriň meýilnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 127,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,1 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 114,2 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 142,9 göterime, nah matalaryňky 150,9 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 104,3 göterime, gön önümleriniňki 140,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 6 müň 878 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamak, dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli dürli çäreler, aýdym-sazly çykyşlar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda-da dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden beýan edildi. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde jemi 55 medala mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde, “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahat, dersler boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak bilen bagly işler guramaçylykly alnyp baryldy. “Parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýanwar — mart aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Gaznanyň hasabyna saglygy dikeldilen çagalara, olaryň hossarlaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlaryň türgenleri medallaryň birnäçesini gazandylar. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat hem-de dabaraly çäreler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, ýokary hem-de orta mekdepleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri we olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammit geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti, ulag we sanly arabaglanyşygy ösdürmek, bilim hem-de beýleki durmuş ulgamlarynda bilelikdäki tagallalary berkitmek bilen bagly meselelere seredildi. Şunda sammitiň gün tertibiniň şu ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygynda işlenip taýýarlanandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň we Ýewropa Komissiýasynyň arasynda örän wajyp çig mallar ulgamynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.
4-nji aprelde «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara forumyň geçirilendigi aýdyldy. Forumda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Pariž ylalaşygy we ekologiýa, daşky gurşawy goramakda beýleki halkara resminamalar babatda alyp barýan işleri barada beýannama bilen çykyş etdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy.
Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary netijeli özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 178-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 31-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem netijeli çäreler görülýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda-da degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 101,4 göterim ýerine ýetirildi.
Geçen üç aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 126,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 125,5 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 122 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýa pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmegiň, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini, jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilýändigini belläp, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 7-nji aprelde Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.