Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»
Teswirlemeler
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»
Çap edildi 13.08.2025
43

2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ösüş maksatlaryny goldamak boýunça ählumumy borçnamalaryň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşidir. Bu resminama 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde toplanan tejribä esaslanyp, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, düzümleýin özgertmeler, ulag arabaglanyşygy, tehnologiýalar, howanyň üýtgemegine durnuklylyk, halkara goldawy herekete getirmek ýaly möhüm ulgamlarda ösüşi tizleşdirmäge gönükdirilendir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde (DÇBÖBD) inklýuziw ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy derejede hereketleri hem-de integrasion tagallalary utgaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr. Hereketleriň Awaza maksatnamasy BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny ähli ulgamlarda doly amala aşyrmak boýunça işlere, şol sanda ýurtlary has işjeň hereketlere çagyrmak, bu başlangyçda DÇBÖBD-ni goldamak üçin halkara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly işlere ygrarlylygy tassyklaýar. Agzalan maksatnama Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryndan we ýörelgelerinden ugur alyp, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna, adam hukuklary boýunça halkara şertnamalara, Birleşen Milletler Guramasynyň müňýyllygyň Jarnamasyna hem-de 2005-nji ýylda geçirilen Bütindünýä sammitiniň Jemleýji resminamasyna esaslanýar. Maksatnamada ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasyny, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Pariž ylalaşygyny, betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek boýunça 2015 — 2030-njy ýyllar üçin Sendaý Çarçuwaly maksatnamasyny öz wagtynda we doly derejede durmuşa geçirmek boýunça tagallalary güýçlendirmäge ygrarlylyk tassyklanylýar. Şeýle-de onda daşky gurşaw we ösüş boýunça Rio-de-Žaneýro Jarnamasynyň ähli ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasy dürli derejede ileri tutulýan ugurlaryň 6-synda ösüş görkezdi. Şeýle hem söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, sebit integrasiýasyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň we üstaşyr geçiriji ýurtlaryň üstaşyr geçirmek, söwda ýardam bermek boýunça halkara konwensiýalara goşulyşmagy, arabaglanyşygy ýokarlandyrmak üçin infrastrukturanyň hilini gowulandyrmak babatda oňyn netijeler gazanyldy. Muňa garamazdan, Wena maksatnamasynda beýan edilen wezipelerdir maksatlaryň doly derejede amala aşyrylmandygyny-da görmek bolýar. Şundan ugur alnyp, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda geljek üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Maksatnamada ileri tutulýan ugurlaryň 5-si kesgitlenilip, olar düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar; söwda, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sebit integrasiýasy; üstaşyr geçirmek, ulag, arabaglanyşyk; howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmak; bu maksatlary amala aşyrmak üçin serişdeler bilen baglydyr.

Resminamada erkin üstaşyr geçirmegiň esasynda ulagyň ähli görnüşlerinde deňze bökdençsiz, netijeli we ykdysady taýdan bähbitli çykmaga ýardam bermegiň, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, şunuň bilen bagly beýleki çäreleriň möhümdigi nygtalýar. Söwda amallary bilen baglanyşykly we ulag çykdajylaryny azaltmagyň, talabalaýyk üstaşyr ulag infrastruktura ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygy tassyklanylýar. Düzümleýin özgertmeleri, senagatlaşdyrmagy, diwersifikasiýany yzygiderli geçirmegiň wajypdygy ykrar edilýär. DÇBÖBD-niň deňhukukly köptaraplaýyn söwda ulgamyna esaslanýan halkara söwda işlerine gatnaşmagyny giňeltmek bu ýurtlaryň ykdysady ösüşi hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şunda maksatnamada bu ýurtlaryň dünýä bazarlary bilen baglanyşygyny ösdürmek, netijeli üstaşyr geçirmegi gazanmak we ulag çykdajylaryny azaltmak üçin ulag geçelgeleriniň ähmiýeti bellenilýär. Hemmeler üçin inklýuziw, ýokary hilli bilim hem-de hünär taýýarlygy arkaly adam maýasyny ösdürmäge maýa goýumlaryň zerurdygyna üns çekilýär. Ylym, tehnologiýalar, inženerçilik, matematika ugurlarynda ýokary hilli bilimi, durnukly ösüş boýunça netijeli çäreleri görmek maksady bilen, DÇBÖBD-de institusional kuwwaty ösdürmegiň möhümdigi nygtalýar.

Awaza maksatnamasynda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň we zenanlaryň hukuklarynyňdyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň DÇBÖBD-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge wajyp goşant goşjakdygy tassyklanylýar. Şeýle-de zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmäge maýa goýumlary gönükdirmegiň we bu ugurda tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns berilýär. Maksatnama DÇBÖBD, üstaşyr geçiriji ýurtlar, ösüş boýunça hyzmatdaşlar, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, halkara we sebit guramalary, sebitleýin ösüş banklary, umuman, halkara jemgyýetçilik tarapyndan ýerine ýetirilmeli täzelenen we kämilleşdirilen borçnamalary kesgitleýär.

Maksatnama durnukly we inklýuziw ösüşiň depginini ýokarlandyrmaga hem-de halkara söwda netijeli gatnaşmaga ýardam bermek maksady bilen, DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan meselelerini yzygiderli çözmek boýunça hemmetaraplaýyn maksatlara esaslanýar. Bu maksatlary ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly gazanyp bolar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek” şygary bu ýurtlar üçin Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen maksatlary hem-de wezipeleri gazanmagyň iň netijeli usuly bolup durýar. Şoňa görä, DÇBÖBD, üstaşyr geçiriji ýurtlar, ösüş boýunça hyzmatdaşlar, BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki degişli gyzyklanma bildirýän taraplar maksatnamada görkezilen bäş ileri tutulýan ugurda tagallalary yzygiderli utgaşdyrmaga çagyrylýar.

Awaza maksatnamasynda DÇBÖBD bilen üstaşyr geçiriji ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň olaryň infrastruktura arabaglanyşygyny hem-de ulag, gümrük, logistika ulgamlaryndaky ylalaşyklaryny gowulandyrmak üçin özara bähbitli bolup durýandygy nygtalýar. Netijeli üstaşyr ulag ulgamlary, multimodal ulag infrastrukturasyny ösdürmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk, institusional mehanizmlere ýardam bermek düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Resminamada DÇBÖBD-däki ösüş üçin esasy jogapkärçiligiň milli ykdysady syýasatlarda we ösüş strategiýalarynda beýan edilişi ýaly, bu ýurtlaryň özlerine degişlidigi bellenilýär. Muňa garamazdan, munuň umumy tagallalara we halkara bileleşigiň goldawyna hem baglydygyna üns çekilýär.

Ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen täzelenen hem-de pugtalandyrylan hyzmatdaşlygyň Hereketleriň maksatnamasyny doly derejede we öz wagtynda durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýedigi-de agzalan resminamada beýan edilýär. Halkara bileleşik, şol sanda maliýe we ösüş edaralary, köptaraplaýyn guramalardyr agentlikler bu resminamada görkezilen anyk maksatlary ilerletmek üçin maliýe we tehniki goldawy bermäge çagyrylýar. Şunuň bilen birlikde, sebit hyzmatdaşlygynyň, integrasiýanyň bu ýurtlaryň meselelerini üstünlikli çözmekde wajyp orny ykrar edilýär.

Ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyň, hususan-da, durnukly ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolan Demirgazyk-Günorta hyzmatdaşlygynyň we özara ylalaşylan ulgamlarda Günorta-Günorta hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki özara gatnaşyklar goldanylýar. Uzak möhletleýin abadançylyga, durnuklylyga, parahatçylyga ýardam berýän şertler hökmünde dürli derejede ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilýär. Adamlar, hususan-da, ýaşlar DÇBÖBD-de ösüşiň esasy şerti hökmünde ykrar edilýär. Hökümetler durnukly geljegi goldaýan syýasaty hem-de maksatnamalary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär. Milli parlamentler bolsa kanunlary kabul etmekde we ösüş üçin degişli hukuk binýadyny üpjün etmekde zerur bolan gurallara eýedir.

Ykdysady diwersifikasiýany, hususan-da, senagatlaşmaga goldaw bermek we ylmyň, tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde we ösüşi üpjün etmekde düzümleýin özgertmeleriň möhüm ähmiýeti ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, maksatnamada DÇBÖBD-niň ähli önümçilik pudaklarynda, şol sanda senagat, hyzmatlar we oba hojalyk pudaklarynda, zenanlardyr ýaşlara aýratyn üns bermek bilen, 2034-nji ýyla çenli zähmet önümçiligini we mynasyp iş mümkinçiliklerini 50 göterim ýokarlandyrmak; hyzmatlar ulgamynyň önümçiligini, hususan-da, syýahatçylyk, ýokary önümçilikli ylma esaslanýan pudaklaryň önümçiligini 2034-nji ýyla çenli iki esse artdyrmak; diňe meýletin gatançlaryň hasabyna maliýeleşdirilýän durnukly oba hojalyk pudaklaryny ilerletmekde DÇBÖBD-niň tagallalaryny goldamak üçin sebitleýin oba hojalyk ylmy-barlag merkezlerini döretmek; inklýuziw, adalatly we ýokary hilli bilime hem-de hünär taýýarlygyna, şol sanda gender deňligine aýratyn üns bermek bilen ylym, tehnologiýalar, inženerçilik, matematika ugurlarynda bilime giňişleýin elýeterliligi üpjün etmek; durnukly ösüş üçin sanly geçişe ýardam bermek maksady bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere tehnologik we maliýe goldawyny bermek bilen bagly wezipeler göz öňünde tutulýar.

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi agzalan ýurtlarda durnukly ösüşi gazanmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnama ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegini ugur edinýän düzümleýin özgertmeleri göz öňünde tutýar. Şeýle-de ol ösüş gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaýar. Maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Şeýle hyzmatdaşlyk tejribe we serişde alyşmaga ýardam berer.

Şeýle hem Awaza maksatnamasy gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň zerurdygyna ünsi çekýär. Hemmeler üçin bilime we ykdysady mümkinçiliklere deň elýeterliligiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň netijeli durmuşa geçirilmegi maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna täsir eder. Innowasiýalar we tehnologiýalar hem bu işde möhüm şertler bolar. Ylmy barlaglaryň goldanylmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ýurtlara dünýä ykdysadyýetindäki üýtgeşmelere uýgunlaşmak bilen bir hatarda, pudaklary durnukly ösdürmäge-de mümkinçilik berer. Baha bermegiň we gözegçiligiň netijeli mehanizmleriniň döredilmegi-de maksatnamanyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi bu ýurtlara ösüşi yzarlamaga, strategiýalara zerur düzedişleri girizmäge şert döreder. Maksatnamada ýokary goşulan bahaly hyzmatlaryň we senagatyň ösdürilmegine, kiçi, orta telekeçiligiň goldanylmagyna, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi arkaly amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegine-de üns çekilýär.

Deňiz portlaryna göni çykalganyň bolmazlygy DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meseleleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Hereketleriň Awaza maksatnamasy halkara söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegini we özara gabat getirilmegini, ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, logistika çykdajylaryny azaltmak üçin sebit we üstaşyr infrastrukturanyň ösdürilmegini, ulag ulgamynyň goňşy ýurtlardyr sebit bileleşikleri bilen integrirleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Bu çäreler ýük daşamalaryň wagtyny hem-de bahasyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa, öz gezeginde, DÇBÖBD-niň eksport kuwwatyny, ykdysady bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar.

Howanyň üýtgemegi häzirki döwrüň iň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Hereketleriň Awaza maksatnamasy oba hojalygynyň, suw serişdeleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategiýalaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar hem-de uglerod zyňyndysyny peseltmäge ýardam berýän, ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy çözgütleri goldaýar. Durnukly ösüşiň gazanylmagy ýokary taýýarlykly hünärmenleri we ilatyň ähli gatlaklary üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, maksatnama ýokary hilli bilime, hünär taýýarlygyna elýeterliligi goldaýar hem-de ykdysady, durmuş ösüşinde zenanlaryň esasy ornuny ykrar etmek bilen, gender deňligini we olaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi halkara bileleşik tarapyndan utgaşdyrylan tagallalary we serişdeleri talap edýär. Bilelikdäki tagallalar uzak möhletleýin ösüş üçin durnukly maliýe hem tehniki goldawy üpjün eder. Häzirki zaman dünýäsinde innowasiýalardyr tehnologiýalar düzümleýin çäklendirmeleri aradan aýyrmakda möhüm orun eýeleýär. Maksatnama hyzmatlara, bilime, bazarlara elýeterliligi gowulandyrmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny, DÇBÖBD-ne mahsus meseleleri çözmäge gönükdirilen ylmy barlaglaryň we innowasiýalaryň ösdürilmegini, dünýä ykdysadyýetine netijeli goşulyşmaga ýardam berýän sanly infrastrukturanyň döredilmegini goldaýar.

2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga gönükdirilen strategik we toplumlaýyn meýilnamadyr. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ýurtlaryň ykdysady ösüşini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini, Pariž ylalaşygynyň wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça ählumumy tagallalara saldamly goşant goşar. Munuň üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň — hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň aýgytly we utgaşdyrylan tagallalary zerurdyr. Diňe şeýle hyzmatdaşlyk we özara goldaw arkaly DÇBÖBD-niň mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyryp, hemmeler üçin abadan, durnukly geljegi gurup bolar.

Soňky habarlar
13.08
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»
13.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
12.08
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
12.08
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Şahyrana söz ussadyna sarpa
11.08
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
10.08
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
10.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
top-arrow