Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
Ykdysadyýet
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
Çap edildi 14.08.2025
75

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär. Bu resminama bilelikdäki tagallalar üçin anyk ugurlary görkezip, DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekýär.

Awaza syýasy Jarnamasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary durnukly ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönükdirilen täzelenen anyk hereketler beýan edilýär. Onda Baş Assambleýa tarapyndan 2024-nji ýylda kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň syýasy binýady has-da berkidilip, dünýä bileleşiginiň DÇBÖBD-ne goldaw bermäge umumy erki beýan edilýär. Jarnama diňe bir üstaşyr geçirmek meseleleri bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetde düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmakdan başlap, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga çenli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Şeýle-de ol ähli gyzyklanma bildirýän taraplar — hökümetler, halkara guramalar, hususy pudak, raýat jemgyýeti üçin hereketlere çagyryş bolup durýar.

Jarnamada DÇBÖBD-niň öňünde durýan esasy meseleler we ählumumy özara baglanyşyk nygtalýar. Onda agzalýan geosyýasy dartgynlylyk, azyk, energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler ösüşe, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga päsgelçilik döredýär, ýokary ulag çykdajylary bolsa eksport we import amallarynyň bahalaryny ýokarlandyrýar. Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygyna, oba hojalyga esaslanýan ykdysadyýetlere gönüden-göni täsir edýär. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aglabasy üçin aýratyn derwaýysdyr. Jarnama deňze göni çykalganyň bolmazlygy, dünýä bazarlaryndan aradaşlyk, ýokary çykdajyly üstaşyr geçirmek amallary ýaly DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini anyk kesgitleýär. Munuň özi ýöne bir hakykaty beýan etmek bolman, eýsem, halkara raýdaşlyga we goldawa çagyryş üçin-de esas bolup durýar. Resminamada düzümleýin özgertmeleriň, senagatlaşdyrmagyň, ykdysady diwersifikasiýanyň zerurdygyna üns berlip, munuň özi onuň has giň ugurlary öz içine alýandygyny görkezýär.

Awaza syýasy Jarnamasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekilip, parahatçylygyň we ösüşiň özara baglanyşygy nygtalýar. Munuň özi durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň bolmadyk ýagdaýynda ösüşi üpjün edip bolmaýandygyny tassyklaýar. Parahatçylyk ykdysady ösüş, ekologik durnuklylyk üçin zerur binýady döredýär, döwletleriň arasyndaky ynanyşmak bolsa halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ählumumy meseleleri çözmek boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam berýär. Aslynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä jemgyýetçiliginiň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin amatly şertleri döretmäge çalyşýandygynyň nyşany bolup, ýurtlary parahatçylygy, ähli derejede dialogy ilerletmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge çagyrýar. Şunda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek boýunça başlangyjy öňe süren Türkmenistanyň orny aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Bu başlangyç ýurdumyzyň parahatçylyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistan bu başlangyjy öňe sürmek bilen, ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş meselelerinde jogapkärçilikli, işjeň orny eýeleýändigini tassyklady.

Jarnama Hereketleriň Wena maksatnamasynda ýeterlik ösüşiň, hususan-da, maliýeleşdirmek we infrastrukturany ösdürmek ýaly ugurlarda ösüşiň gazanylmandygyny ykrar edýär. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi hem-de Pariž ylalaşygy ýaly beýleki maksatnamalar bilen goşulyşýandygy Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň geriminiň giňdigini görkezýär. Maksatnama bu ählumumy başlangyçlaryň mazmun taýdan üstüni ýetirip, olaryň maksatlaryny DÇBÖBD-niň özboluşly şertlerine laýyk getirýär. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny beýan edýän 2-nji bap Jarnamanyň esasy bölegi bolup, ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüşiniň esasy 5 ugruny kesgitleýär. Düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnika we innowasiýalar DÇBÖBD-niň ösüşi üçin esas goýujy ugur bolup, bu ýurtlaryň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, olaryň çig mal eksportyna baglylygyny peseltmäge, nyrh emele getirmegiň ählumumy ulgamyna goşulmagyna gönükdirilendir. Bu ugra ylmyň, tehnikanyň, innowasiýalaryň girizilmegi geografik çäklendirmeleri aradan aýyrmaga ýardam berýän döwrebap çemeleşmeleriň möhümdigi bilen baglydyr.

Söwda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy ulgamlarynyň biri bolup durýar. Ýöne ýokary çykdajylar we çylşyrymly amallar bu ulgamda ösüş gazanmagy kynlaşdyrýar. Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, sebit integrasiýasy bolsa bu päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň iň netijeli usullary hasaplanýar. Sebitleýin söwda ylalaşyklary, umumy bazarlaryň döredilmegi DÇBÖBD-ne dünýä bazarlaryndan aradaşlygynyň öwezini dolmaga mümkinçilik berýär. Üstaşyr geçirmek, ulag we arabaglanyşyk hem bu ýurtlar üçin örän wajyp ugurlar bolmagynda galýar. Jarnamada BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň agzalmagy üstaşyr geçirmek meselesiniň iň ýokary derejede ykrar edilýändigini görkezýär. Awaza syýasy Jarnamasy ýollar we portlar ýaly diňe bir fiziki infrastrukturanyň däl, eýsem, sanly arabaglanyşygyň hem ähmiýetini nygtaýar. Bu bolsa häzirki döwürde bu ýurtlar üçin maglumatlara elýeterliligiň örän möhümdigini görkezýär.

Jarnamanyň uýgunlaşmak mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, sarsgynlyga durnuklylygy ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegi, heläkçilikler babatda goragsyzlygy peseltmek bilen baglanyşykly bendi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine gönüden-göni çözgüt bolup durýar. DÇBÖBD-niň aglabasy gurak ýa-da daglyk sebitlerde ýerleşip, olar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklara has köp sezewar bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama uýgunlaşmak we durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ýurtlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga çagyrýar. Jarnamanyň öňde durýan wezipeleri amala aşyrmagyň serişdelerine bagyşlanan bendinde maliýe, tehnologik, adam kuwwatyny herekete getirmegiň ähmiýetine üns çekilýär, ýagny ýeterlik derejede maliýeleşdirmek we degişli serişdeler bolmazdan, beýleki ugurlary durmuşa geçirmek mümkin däldir.

Resminamada anyk başlangyçlar beýan edilýär. Sebitleýin oba hojalyk ylmy-barlag merkezlerini döretmek başlangyjy azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, bu pudakda öndürijiligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Sebäbi oba hojalygy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde iň wajyp pudaklaryň biri bolup durýar. Bu merkezler DÇBÖBD-de täze “ýaşyl” özgertmeleriň hereketlendirijisi bolup, olaryň işi durnukly oba hojalygyny ilerletmäge, agroekologiýa innowasiýalaryny ösdürmäge, sebit derejesinde ylmy-barlag ekoulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologik taýdan durnukly çözgütleri işläp taýýarlamak, maldarçylyk pudagyny ösdürmek şol merkezleriň anyk wezipeleri bolmalydyr.

Şeýle merkezleriň döredilmegi diňe bir azyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin däl, eýsem, DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini düzümleýin özgertmekde-de strategik ädim bolup durýar. Bu ýurtlar önümçiligi ýokarlandyryp we oba hojalyk pudagyny has ýokary girdejili ulgamlara baglanyşdyryp, çig mal eksportyna baglylygyny peseldip biler. Merkezler oba hojalygy bilen meşgullanýanlary zerur bilimlerdir tehnologiýalar bilen üpjün eder. Bu başlangyç Durnukly ösüşiň 2-nji maksadyny gazanmaga gönüden-göni ýardam edip, täze iş orunlaryny döretmäge, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Üstaşyr geçirmegiň erkinligi boýunça ýokary derejeli bilermenler toparynyň döredilmegi DÇBÖBD üçin has möhüm meseleleriň birini — üstaşyr geçirmek päsgelçiliklerini çözmek üçin anyk maslahatlary işläp taýýarlamaga ýardam berer. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy daşarky söwda işinde DÇBÖBD üçin üstaşyr geçiriji ýurtlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu geografik çäklendirmeler çylşyrymly gümrük amallaryny, ýokary söwda çykdajylaryny emele getirýär. Dünýäniň söwda ulgamyna netijeli goşulyşmaga päsgelçilik berýän bu meseleler toplumy Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ýüzbe-ýüz bolan iň esasy kynçylyklarynyň biridir. Bu meselelere çözgüt hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasy erkin üstaşyr geçirmek esasynda deňze päsgelçiliksiz, netijeli we ykdysady taýdan bähbitli çykmaga ýardam bermegiň möhümdigini nygtap, üstaşyr geçirmegiň erkinligi boýunça ýokary derejeli bilermenler toparyny döretmegi teklip edýär. Üstaşyr çäklerden harytlaryň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmek üçin hukuk kadalaryny anyk mehanizmlere öwürmek bu toparyň esasy wezipesi bolar. BMG-niň howandarlygynda şeýle abraýly bilermenler toparynyň esaslandyrylmagy bolsa bu ugurda has işjeň hereketlere geçilýändigini alamatlandyrar.

Infrastruktura maýa goýumlary çekmek boýunça mehanizmi döretmek baradaky teklip, Jarnamada ykrar edilişi ýaly, Hereketleriň Wena maksatnamasynyň doly derejede durmuşa geçirilmegine päsgel beren serişde ýetmezçiligini çözmäge gönükdirilen iň möhüm başlangyçdyr. Bu mehanizm diňe bir serişdeleri herekete getirmäge gönükdirilmän, eýsem, hususy maýa goýumlaryň töwekgelçiligini peseltmäge hem gönükdirilendir. Bu bolsa resmi däl maýa goýumlary çekmegiň esasy şerti bolup durýar. Maliýeleşdirmegiň wajyp ornuny ykrar etmek bilen, Jarnama köptaraplaýyn ösüş banklaryny infrastruktura, şol sanda awtomobil ýollaryna, demir ýollara, sanly infrastruktura we beýlekilere goýulýan serişdeleri artdyrmaga çagyrýar.

Awaza syýasy Jarnamasynda maksatnamany durmuşa geçirmekde dürli derejedäki hyzmatdaşlygyň orny bellenilýär. Ol üstünligiň ähli taraplaryň utgaşdyrylan we ylalaşykly hereketlerine baglydygyny nygtaýar. Resminamada her gatnaşyjynyň orny anyk kesgitlenilýär. Hususan-da, üstaşyr geçiriji ýurtlara aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki olaryň bu ugurdaky syýasaty DÇBÖBD-niň ykdysady abadançylygyna gönüden-göni täsir edýär. Maýa goýumlary artdyrmak, ýeňilleşdirilen maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmek barada köptaraplaýyn ösüş banklaryna we beýleki maliýe edaralaryna çagyryşlar maliýe serişdeleriniň esasy çeşmelerine göni ýüzlenme bolup durýar.

Jarnamada Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha artýan orny hem ykrar edilýär. Munuň özi dünýäde ösüp barýan ýurtlaryň özara tejribe we serişde alyşmagyny giňeldýändigini görkezýär. Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi däp bolan Demirgazyk-Günorta hyzmatdaşlygynyň ornuny tutman, eýsem, onuň üstüni ýetirýär. Şunuň bilen birlikde, resminamada maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin örän möhüm bolan ýolbaşçylyk, hasabatlylyk we monitoring meselelerine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmakda milli jogapkärçilik ýörelgesi nygtalýar. Munuň özi DÇBÖBD-niň bu işe özleriniň ýolbaşçylyk etmelidiklerini hem-de maksatnamany milli ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmalydyklaryny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, Jarnama institusional goldawy pugtalandyrmaga çagyrýar. Şunda BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň Sekretariatyna (OHRLLS) aýratyn orun berilýär. Bu düzüme ýeterlik derejede serişdeleri bermegiň zerurdygynyň bellenilmegi onuň utgaşdyrmak we syn bermek işinde esasy ornunyň ykrar edilmegi bolup durýar. Şunda OHRLLS bilen BMG-niň ýurtlar boýunça toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Geljekki işleriň we gözegçiligiň netijeli, biri-biriniň üstüni ýetirýän mehanizmleriniň agzalyp geçilmegi täze maksatnama üçin ösüşe syn bermäge ýardam etjek ulgamyň dörediljekdigini alamatlandyrýar.

Jarnamanyň soňky baby dessin hem bilelikdäki hereketlere çagyryp, Birleşen Milletler Guramasyna we oňa agza döwletlere tagallalary utgaşdyrmak haýyşy bilen ýüzlenýär. Resminamanyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk beýan edilýär. Munuň özi diňe bir diplomatik dessur bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy hyzmatdaşlyk, raýdaşlyk ruhuny alamatlandyrýar hem-de maslahaty kabul eden ýurduň möhüm ornuny nygtaýar.

Awaza syýasy Jarnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin wajyp resminama bolup, häzirki zaman şertlerinde DÇBÖBD-ne mahsus meseleleri anyk kesgitleýär we düzümleýin özgertmeleri, sanly arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegine durnuklylygy, maliýeleşdirmegi öz içine alýan toplumlaýyn gün tertibini göz öňünde tutýar. Şeýle hem Jarnama köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy nygtamak bilen, ähli taraplary, şol sanda üstaşyr geçiriji ýurtlary, maliýe edaralaryny we BMG-niň düzüm birliklerini hyzmatdaşlyga çagyrýar. Umuman, Awaza syýasy Jarnamasy halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin borçnamasy bolup, anyk hereketlere gönükdirilen meýilnamadyr. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi geljekki onýyllykda bu ýurtlaryň ösüşini düýpgöter özgerdip biler.

Soňky habarlar
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
13.08
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»
13.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
12.08
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
12.08
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Şahyrana söz ussadyna sarpa
top-arrow