Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy
Çap edildi 24.06.2024
833

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Kärhananyň hünärmeni bölümiň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigi üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, täze bölümiň işleýiş tertibi barada gürrüň berdi. Bu ýerde tohumlyk däneler ýörite şöhläni ulanmak arkaly saýlanylýar. Bu enjam bugdaýlary onuň reňkine, göwrümine laýyklykda arassalaýar. Bu bolsa arassa we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bölümde oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr.

Nygtalyşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bölümde işlejek hünärmenler dünýäniň ösen ýurtlarynda tejribe okuwlaryny geçdiler. Munuň özi işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ösen halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiz tarapyndan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, pudagyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň mundan beýläk-de yzygiderli gözegçilikde saklanyljakdygyny belledi we hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra alym Arkadagymyz täze hasylyň kabul edilýän bölümine bardy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda däneden we pagtadan alynýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdine laýyklykda, bugdaýyňdyr pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň işe bolan höwesini has-da artdyrdy. Şeýlelikde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sahawatly toprakdan öndürilýän galla hasylynyň halkymyzyň berekedidigini belledi. Ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurdaky işleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi bolsa bol hasylyň ýetişdirilmegini üpjün edýär.

Bu ýerde Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew önümçilik toplumyna gelip gowuşýan gallanyň hili barada gürrüň berip, ekerançylaryň öndürijilikli zähmeti we pudagyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Milli Liderimiz kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Bu ýerde işleýän hünärmen barlaghananyň iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny, geçirilýän ylmy barlaglaryň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigini belledi. Şeýle-de ol önümçilik düzümlerinde netijeli işlemek, dynç almak üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Alym Arkadagymyz barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerdäki işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Ruhabat galla önümçilik toplumynyň un gaplanýan bölümi doly kuwwatynda işleýär. Gahryman Arkadagymyz işleriň guralyşy hem-de işçiler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Hünärmen bu ýerde netijeli işlemek, oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle-de ol bölümde oturdylan enjamlaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigini aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bölümiň işgärlerine işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, toplumyň taýýar önümler saklanýan ammaryna bardy. Bu ýerde önümleri saklamagyň şertleri bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Önümçilik toplumynyň çäginde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän galla önümleriniň görnüşlerinden, tohumlyk dänelerden, täze hasyldan taýýarlanan undan, çörek we çörek önümlerinden ybarat bolan sergi guraldy. Rysgal-berekedi özünde jemleýän mukaddes unda aýratyn ýakym bar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we kärhananyň işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw etdi. Sergide görkezilýän önümleriň bolçulygy, olaryň ýokary hili ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, ähli ugurlar bilen bir hatarda obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa toprakdan alynýan hasylyň artmagynyň, pudagyň ylmy esasda ösdürilmeginiň, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynyň baş şertini emele getirýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde watandaşlarymyzyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” amala aşyrmakda tutanýerli zähmet çekýändiklerini belledi. Merdana daýhanlarymyzyň häzire çenli 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz munuň örän guwandyryjy netijedigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna ak pata berip, edermen daýhanlara üstünlik arzuw eden pursadyndan bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, ýokary netijäniň gazanylmagy daýhan zähmetiniň anyk miwesidir.

Şu günler ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belläp, alym Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýandygyny, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde alymlarymyzyň uly goşantlarynyň bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýakynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, edermen daýhanlaryň armasyny ýetirendigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýerden bereketli bugdaý hasylyny almak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygy pugtalandyrylýar, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin zerur mümkinçilikler döredilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi. Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam bermelidir. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi bermelidir. Oba hojalygynda ähli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Soňra Milli Liderimiz oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, olaryň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy.

Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilýändigini, pudaga ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde bina edilen Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurdumyzyň alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy barlaglary netijeli alyp barmaklary üçiň ähli zerur şertler döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly, ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory M.Annanepesow ýurdumyzyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň pudagyň toplumlaýyn ösdürilmegini, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini aýtdy we bu babatda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle-de alym hünärmenleri ylmy-önümçilik gollanmalary bilen üpjün etmek, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, gök-bakja ekinleriniň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygyny, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmelidigine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň, dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň direktory M.Meredow häzirki döwürde oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri, seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly gowaçanyň inçe hem-de orta süýümli görnüşlerini döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Alym Arkadagymyz ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesi, döwrebap agrotehniki usullar netijeli öwrenilmelidir. Munuň özi oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegi bilen bir hatarda, bu ugurda oňyn tejribäniň toplanmagyny hem üpjün eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri, pudagyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen duşuşyklaryň geçirilýändigi, olaryň başlangyçlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň öwrenilýändigi barada aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirer. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk pudagynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, şunda esasy maksadyň halkymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Şoňa görä-de, ylmy işleri yhlas bilen dowam etdirmeli, gallanyň we pagtanyň bol hasyly bilen bir hatarda, beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem ýokary hasyl almaly, munuň üçin bolsa topraga öz wagtynda ideg etmeli diýip, alym Arkadagymyz aýtdy.

Möwsümine görä ýere dynç berip, zerur bolsa, ekin dolanyşygyny geçirmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagyň, onuň şorlaşmagyna garşy wagtynda göreşmegiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleri ekmegiň, olara döküni, suwy zerur mukdarda hem-de öz wagtynda, ylmy tejribä esaslanyp bermegiň möhüm wezipedigine ünsi çekdi. Ylmy çemeleşmeler hemişe-de öz gowy netijesini berýär. Ähli işleri öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirseň, azabyň ýerine-de düşýär. Orup alan bugdaýyň her bir dänesi dykyz, dokmaňyz bolýar. Şeýle berekedi beýleki ekinlerden hem almagy başarmaly diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip eken, mehanizatorlarymyzyň ýygnap alan bugdaýynyň ýekeje dänesini hem yrýa etmeli däl. Çünki galla halkymyzyň mukaddes saçaklarynyň berekedidir, bolelin durmuşda ýaşamagynyň şertidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maslahata gatnaşyjylara bu ugurda alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegi tabşyryp, asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow