Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Çap edildi 11.09.2025
3547

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi hemişelik Bitarap döwletimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda köpöwüşginli dabaraly çärelere beslenip, giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Güneşli Diýarymyzdaky şanly wakalar dünýä bileleşigi tarapyndan parahatçylygyň, abadançylygyň, agzybirligiň mekany diýlip ykrar edilen ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ýolunda täze sepgitlere ýetýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa şöhratly geçmişi bolan, täze eýýamly, röwşen geljekli bagtyýar halkymyzyň eziz Watanymyzyň bähbitlerine çekýän döredijilikli zähmetiniň guwandyryjy netijeleri bolup durýar.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy dünýä bileleşigi bilen bilelikde bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar bolup ýazyljak üstünlikler gazanylýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, döwrebap şäherler, şäherçeler we obalar yzygiderli gurulýar. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzda senagat, durmuş-medeni maksatly köp sanly iri desgalaryň, binalaryň, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Bu gün Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýar. Bu şäherçe ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz siziň bilen ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşany bolan täze binalar toplumyny ulanmaga berýäris. Şäherçede 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy. Bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Watanymyzyň öndürijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy we Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow