Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ekologiýa — Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
Teswirlemeler
Ekologiýa — Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
Çap edildi 23.08.2023
3693

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Biziň ýurdumyzyň bu ulgamda öňe sürýän halkara başlangyçlary barada Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda geçirilen mejlisinde hem nygtalyp geçildi. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirjekdigi barada habar berildi.

Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmegi teklip eder. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan «Hazar ekologik başlangyjyny» hem-de ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek baradaky teklip beýan ediler.

Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegi bilen bagly meseleleri çözmek işini işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

16-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň degişli düzüminiň arasyndaky köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.

Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellemek bilen, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde dünýä, sebit we milli derejedäki tagallalary birleşdirmegiň, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, BMG-ä agza döwletleriň hereketlerini utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy beýan edildi. Merkeziň esasy maksady howanyň üýtgemegi babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynda tehnologiýalary ornaşdyrmakdan we işe girizmekden hem-de sebitiň bu ugurda tehnologiýa ösüşine ýardam bermekden ybarat bolar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Hazar deňziniň howasynyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň türkmen böleginde deňiz giňişligini meýilleşdirmek konsepsiýasyny işläp taýýarlamaga degişli taslamalara garamak teklip edildi, bu ugur boýunça özara pikir alyşmalar boldy.

Daşky gurşaw ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugry boýunça Hazaryň tebigy baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagy üpjün etmekde tebigaty goramak çäreleriniň toplumy hökmünde BMG-niň Täze Hazar Ekologiýa Maksatnamasyny döretmek boýunça 2019-njy ýylyň awgust aýynda Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe süren başlangyjyna üns çekildi.

Şu ýylyň 22-23-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen ikinji «Gurluşlaýyn dialogda» ekologiýa we daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, oba hojalygy, tokaý hojalygy ýaly ugurlara, şol sanda parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmak, abraýly sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meselelerine üns çekildi.

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň baş direktory Frank Riýsberman bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda senagat önümçiligine häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň, şeýle hem senagatyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmagyň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa, döwrebap tehnologiýalary we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi.

25-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, oňa syn we baha bermek maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň we onuň degişli düzümleriniň tehniki toparynyň gullugynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Nygtalyşy ýaly, bu döwrebap şäherde bina edilen desgalar ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiýalar babatda dünýäniň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär. «Akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýan şäherde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylyp, şäheriň dolandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk ekoulgam döredilýär.

10-11-nji martda Daşary işler ministrliginde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wladimir Rahmanin bilen gepleşikler geçirildi.

Taraplar azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigatdan rejeli peýdalanmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, sanly ýer kadastry, suw meseleleri, çölleşmä hem-de çäge tupanlaryna garşy göreşmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Daşky gurşawy goramak babatynda türkmen wekiliýetiniň zyňyndylary nol derejä çenli azaltmak boýunça Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy bilen geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkiýe Respublikasynyň Birinji zenany Emine Ärdogan, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN Habitat) Ýerine ýetiriji direktory Maýmunah Mohd Şarif, BMG-ä agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri, guramanyň degişli ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň zyňyndylary nol derejä çenli azaltmak boýunça öňe süren ählumumy başlangyjynyň daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak boýunça umumy tagallalary işjeňleşdirmekde örän uly ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselelerine gönükdirilen milli derejedäki çäreleriniň oňyn netije berýändigi barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ösüşiň hasabyna obanyň we şäheriň arasyndaky tapawudyň azaldylmagyna, ilatly ýerlerde galyndylary dolandyrmagyň, durmuş we senagat galyndylaryny gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça Türkiýe Respublikasy bilen utgaşykly hereket edýän Türkmenistan, bilelikde «nol zyňyndy» başlangyjyny öňe ilerletmek maksady bilen, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan bähbitli netijeleri gazanmak ugrunda halkara, sebitleýin we milli derejelerde giň gerimli işleri dowam eder.

20-nji aprelde Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi. Onda BMG we onuň institutlary bilen gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, hususan-da, howpsuzlyk, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sanlylaşdyrmak, maglumatlary dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji maýda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen geçirilen duşuşykda sebit howpsuzlygy we ösüş meseleleri, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» we sanly özgertmeler, energetika, ulag-logistika pudaklaryna degişli meselelerde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň 29-njy iýunynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň açylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadag şäherini ekologiýa taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, şeýle hem ilatymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak wezipelerini öňde goýýan Kararlar taýýarlanyldy.

3-nji iýulda ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň açylmagy mynasybetli, Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri» atly halkara maslahat geçirildi. Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologiýa taýdan arassa önümleri ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň çykyşynda ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň açylmagy mynasybetli geçirilen halkara maslahatlaryň şunuň ýaly şäherleriň durnukly ösüşiniň ugurlaryny — ykdysady, durmuş we ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen, hyzmat we üpjünçilik babatdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berendigi nygtaldy. Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigi bellenildi.

Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda hem senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologiýa talaplaryna eýermek göz öňünde tutulýar. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.

BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki düzümler bilen bilelikde bu ugurda milli hem-de sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa taýdan ähmiýetli, täzeçil tehnologiýalar esasynda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan tutuş adamzat üçin möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow