Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk döredijilikli, durnukly ösüş ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk döredijilikli, durnukly ösüş ýoly bilen
Çap edildi 23.05.2023
1827

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy geçen hepdäniň möhüm halkara wakasy boldy. Bitarap Türkmenistan sebitara we ählumumy oňyn ýagdaýlara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.

18-nji maýda bu sammite gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikler geçirdi. Taraplar bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigini belläp, hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça Döwlet geňeşiniň edarasynyň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama bar.

Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Hytaý” birinji sammitine gatnaşdy. Forumyň gün tertibine altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy, ulag-logistika ulgamynda özara baglanyşygy pugtalandyrmak, Merkezi Aziýadan Hytaýa oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmak, elektron söwdany ösdürmek, şeýle hem şu formata gatnaşyjy ýurtlaryň wekilçilikli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny döretmek ýaly ugurlary ilerletmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda utgaşdyrylan hereketleri ýola goýmagyň möhümdigini belläp, köptaraply geňeşmeleriň gurallaryny döretmegiň mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Onuň maksady gazanylan ylalaşyklary ulgamlaşdyrmakdan we ýerine ýetirilişine syn bermekden ybarat bolar. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika pudagynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi hem-de Hytaý ugry boýunça türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberini artdyrmak üçin täze taslamalary dowam etdirmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine, bu taslamanyň Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramagy hem-de ony şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň Sian Jarnamasyna gol çekilmegi bu duşuşygyň möhüm netijesidir. Jarnamada taraplaryň dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de HHR-iň arasyndaky dostlukly alyşmalaryň netijelerini hemmetaraplaýyn jemländigi, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tejribesini umumylaşdyrandygy, geljekki gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitländigi nygtalýar. Bu syýasy resminamada şu gezekki sammitiň çäklerinde alty ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň guralynyň resmi taýdan döredilýändigi hem-de döwletleriň Liderleriniň diplomatiýasynyň strategik ýolbaşçylyk wezipesini doly derejede amala aşyrmaga, ýokary derejede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň toplumlaýyn meýilleşdirilişini pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanylýar. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde ylalaşyklaryň we başlangyçlaryň Sanawynyň kabul edilmegi hem ýene-de bir möhüm ädim boldy. Onda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary we esaslary kesgitlenildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda alty döwletiň arasynda senagat-maýa goýum, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sanly söwda, infrastruktura we inženerçilik-gurluşyk, weterinariýa we getirilende hem-de alnyp gidilende ösümlikleriň karantini babatda tehniki hyzmatdaşlyk, işewürler geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada Düzgünnama bar.

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibine milli parlamentiň işi, ätiýaçlandyryş bazarynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, nebitgaz pudagynyň gaýtadan işleýän ugruny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny guramak hem-de Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşdy. Maslahatyň gün tertibine «Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly aýratyn sessiýa girizilip, onda ösen ulag infrastrukturalarynyň ähmiýeti, bu ugurlary netijeli ulanmakda geljekki meýiller ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek Hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy, dialogy ilerletmek, dürli ulgamlarda, şol sanda ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýändigi bellenildi.

2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan sebit döwletleriniň adyndan hödürlenen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Kararnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ilkinji ädimleriň biri hökmünde şu ýylyň 16-njy maýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň sebitiň ýurtlary bilen bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň bu işlerdäki orny nygtaldy.

BMG-niň çäklerinde Türkmenistan daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmek ýaly wajyp ugurdaky hyzmatdaşlyga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy maýy aralygynda Bangkok şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. 16-njy maýda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Kararnama laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin örän möhümdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu möhüm halkara üstünligi bilen Hökümet agzalaryny we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz mejlisde “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda” Kararlara gol çekdi.

Geçen hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garalandygyny bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyz gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini hem-de ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň doly berjaý edilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygy bellenildi.

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. BMG-niň iri düzümleriniň biriniň wekili geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly görnüşler bilen doldurylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy. Medeni-ynsanperwer ulgamda we gadymy mirasymyzy gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde özüniň baý medeni mirasyny aýawly gorap saklap we nesilden-nesle geçirip gelýän halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýene-de bir gezek ykrar edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde adam hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmagy hem-de demokratik institutlary, hukugyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, Senagat-gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goşmaçalar, üýtgetmeler girizildi we olaryň käbiri güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi.

18-nji maýda ýurdumyzda milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Ýurdumyzyň esasy döwlet nyşany bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň sarsmaz binýadyny, halkymyzyň jebisligini, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, abadançylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz Diýarymyzy okgunly ösdürmäge, ykdysady ösüşiň häzirki zaman, kämil nusgasyny emele getirmäge, pudaklary döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, asuda, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen strategik maksatnamalary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabarasy boldy. Gökderede ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Bu çärä Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Mejlisler merkezinde geçirilen konsertde çykyş eden ýurdumyzyň belli bagşy-sazandalary, tans we folklor toparlary öz çykyşlaryny halkymyzyň ýeten belent sepgitlerine, gazanan üstünliklerine, mähriban Watanymyza bagyşladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň çäginde ähli amatlyklary bolan, 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlaryna 3 we 4 otagly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Şeýle hem geçen hepdede Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan dermanhana açylyp ulanmaga berildi.

Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde hem ýaýbaňlandyryldy.

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, şeýle hem şäheriň açylyş dabarasy we gurluşygyň ikinji tapgyrynda ekologik talaplara laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak meseleleri bilen bagly iş maslahatyny geçirdi.

Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — “OTKL ERA” paýdarlar jemgyýetinden, “STM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, “PLASKE” paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň geçiren mejlisinde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Bu saýlawlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirmek bellenildi.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Köptaraplaýyn duşuşygy Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen “Herekete çagyryş — Helsinki+50” başlangyjynyň çäklerinde bilelikde gurady.

Mejlisde Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Momçilo Babiçden ynanç haty kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şeýle hem medeni dialogy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar», parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow