Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 10.06.2026
25

Köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işlerini aýdyň görkezýär.

Şu ýylyň 3 — 8-nji maýy aralygynda Izmir şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde guramagynda geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalyna dünýäniň 90-dan gowrak döwletinden 2 müňden gowrak film hödürlenildi. Bu döredijilik çäresinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem-de «Mahabat» müdirligi tarapyndan surata düşürilen filmler ýokary derejeli baýraklara mynasyp boldy.

4-nji maýda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň, abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

5-6-njy maýda ýurdumyzyň wekiliýeti Ermenistanda geçirilen «Yerevan Dialogue 2026» atly halkara forumyň işine gatnaşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýär. Şunda ýurdumyzyň ykdysady durnuklylygyny we durmuş abadançylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny tapgyrlaýyn giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

6 — 8-nji maý aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýanyň Leýpsig şäherinde «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» atly mowzuk boýunça geçirilen Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň giň gerimli ulag başlangyçlaryny durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan maksada okgunly işleriniň kanunalaýyk dowamy boldy. Çärä gatnaşyjylar maýa goýumlary çekmegiň, barha artýan töwekgelçilikleriň — howanyň üýtgemegi, tebigy hadysalar we beýleki şertlerde ulag ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maliýeleşdirme strategiýalaryny işläp düzmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

7-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisinde döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky yzygiderli dialog syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şunda energetika we ulag-logistika ulgamlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

8-nji maýda Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de onuň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli gural bolup durýandygyny aýtdylar. Sanly ulgam arkaly duşuşyklary, dostluk toparlarynyň wekiliýetleriniň saparlaryny guramak arkaly parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

8-9-njy maýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pnompen şäherine saparynyň çäklerinde Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we işewür toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm meselelerine garaldy.

8 — 10-njy maýda ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň önümçilik we ylmy edaralarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat uly topar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen atly sport hem-de gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet atçylyk hem-de sirk sungaty edaralarynyň, ugurdaş okuw, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara duşuşyklary geçirildi. «Gündogaryň merjeni» atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy. Türkmen çapyksuwarlary bu ýaryşlarda öz bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, “Aziýanyň çempiony” we “Dünýäniň çempiony” diýen atlara mynasyp boldular.

10 — 15-nji maýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen, Kampala şäherinde saparda boldy. Saparyň dowamynda Uganda Respublikasynyň Prezidenti, dolandyryjy partiýasynyň Baş sekretary, Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklar boýunça döwlet ministri bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bilim ugurly möhüm çäreleriniň üstüni ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny iş ýüzünde amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda parahatçylyk we bitaraplyk ýörelgelerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda halkara gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine aýratyn üns berilýär. Bäsleşik 9 ýurduň — Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

12-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiniň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim we medeniýet ýaly strategik ugurlary öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem geljekde sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, energiýa tygşytlaýjy ulgamlary kämilleşdirmekde, ekologik howpsuzlygy berkitmekde hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirildi.

12 — 14-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orny eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezdi. Sergi meýdançasynda ýyladyşhana hojalyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tohumçylyk we ösümlikleri goramak ulgamyndaky iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar uly gyzyklanma döretdi.

12-13-nji maýda Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy “Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahata gatnaşdy. Gün tertibine kärdeşler arkalaşyklarynyň howa syýasatyny kemala getirmekdäki orny, durnukly ykdysadyýete adalatly geçişi üpjün etmek, işgärleriň zähmet hukuklaryny goramak we durmuş dialogyny ösdürmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle hem howanyň üýtgemegi şertlerinde «ýaşyl» iş orunlaryny döretmek, işgärleri gaýtadan taýýarlamak, durmuş taýdan goraglylygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns çekildi. Saparyň dowamynda Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýeti hem-de halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýaly üýtgewsiz gymmatlyklara ygrarlydygy bellenildi.

Daşary işler ministrliginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň, halkara guramalaryň hem-de köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy. Şeýle hem taraplar şu ýyl üçin meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

13-14-nji maýda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçirildi. Bu forum ykdysady gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, GDA ýurtlarynyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmagyň, halkara demir ýollar torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmegiň, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

Mejlisiň çäklerinde ikinji “Ýaş demir ýolçular” forumy geçirildi. Onda bu ugry sazlaşykly ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak, demir ýol ulaglary edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleler wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

13-14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy. ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisinde bolsa ýurdumyza Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi we bu ýerde guralan at çapyşyklaryna tomaşa etdi. Onda ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlary ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlary eýelediler.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň çuňňur taryhy köklerine esaslanyp, iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.

13-14-nji maýda Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň çäklerinde guralan «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna, «Zenanlara maýa goýum — durnukly ösüşiň esasy: zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini berkitmek» ady bilen geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy. Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar üstaşyr ulag, serhetýaka hyzmatdaşlyk, sanly tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

14-nji maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi. Onda himiýa senagatyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna, täze ylmy açyşlara, innowasion usullara garaldy.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallis bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

14-nji maýda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gazhimiýa pudagynda, ulag infrastrukturasynda, gämi gurluşygynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde koreý kompaniýalarynyň uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Geçen aýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapary amala aşyryp, onuň çäklerinde Patyşa Karl III, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward we onuň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belledi. Atly sport çärelerine Türkmenistan bilen birlikde 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi.

18-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen bilelikde guralan Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine (WUF13) gatnaşdy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna, ählumumy abadançylygyň bähbidine köptaraply ekologik we innowasion hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.

Forumyň öňüsyrasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisiniň gün tertibi, iki halkyň mizemez dostlugynyň we doganlygynyň nyşany hökmünde türkmen tarapyndan Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň gurluşyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy maýda Daşary işler ministrliginde Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça departamentiň direktory Maýka Oşikawa bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bu abraýly gurama bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, halkara guramalar we degişli edaralar bilen özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

19 — 23-nji maýda paýtagtymyzda Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy, Tehniki ýardam bermek boýunça iş toparynyň mejlisi hem-de birnäçe duşuşyklar geçirildi. Çäreleriň dowamynda Ýewraziýa toparynyň terrorçylyk howpunyň peseldilmegine, milli maliýe ulgamlarynyň aýanlygynyň, ygtybarlylygynyň, howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sebitiň döwletleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça halkara derejede alyp barýan işine üns berildi.

20-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 47 döwlet bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Onda Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy meseleleri boýunça dialogy ösdürmek ugrundaky tagallalary aýratyn nygtalýar.

Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýurdumyzda hereket edýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da, Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň we Ilat gaznasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

21-nji maýda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin bilen duşuşyk geçirilip, onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Daşary işler ministrliginde geçirilen türkmen-belarus syýasy geňeşmelerinde dürli ulgamlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýarlyk beýan edildi.

21-22-nji maýda ýurdumyzyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda boldy. Çäreleriň dowamynda kanun çykaryjylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alşyldy, parlamentara dostluk toparlarynyň, parlament komitetleriniň işine üns çekildi, milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alşyldy. Mejlisleriň çäklerinde parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn esasda hem-de GDA-nyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.

22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasynda gurap, köpugurly hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär we onuň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Türkmenistan bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.

24-nji maýda Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy.

24-25-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän sergi şäher gurluşygy, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlary, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy, medeni üstünlikleri bilen tanyşdyrýan iri çärä öwrüldi.

25-nji maýda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Erfan Ali bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri barada pikir alşyldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajyp ähmiýeti nygtaldy.

25-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy.

25 — 28-nji maýda ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde “Durnukly ösüş üçin suw — 2018 — 2028-nji ýyllar” atly ýokary derejeli 4-nji halkara maslahata gatnaşdy. Durnukly ösüşiň altynjy maksadyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek, BMG-niň 2026-njy ýylda geçiriljek suw serişdeleri boýunça maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara hukugyň kadalary esasynda, sebit döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen we Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň utgaşdyryjy orny arkaly suw serişdelerini dolandyrmagyň adalatly, durnukly, ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamynyň döredilmegini yzygiderli goldaýar.

26-njy maýda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri Simonetta Siligato bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar bu müdirlik bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen ekologiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini bellediler.

26 — 30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalara gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda BMG-niň ornuny berkitmek bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji maýda ýurdumyzyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilen “Ählumumy dolandyryşy özgertmek we kämilleşdirmek, ählumumy wehimleri ýeňip geçmek üçin bilelikdäki tagallalar” atly Ählumumy dolandyryş boýunça dostlar toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Şeýlelikde, maý aýynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen köpugurly çäreler gyzyklanma bildirýän döwletler bilen dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow