Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Syýasy habarlar
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Çap edildi 09.06.2026
35

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasatyna berk eýerýär. Abraýly halkara guramalar bilen däp bolan toplumlaýyn gatnaşyklary berkidýän Türkmenistan möhüm sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözülmegine uly goşant goşýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek wezipesi hem şolaryň hataryndadyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz degişli ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) milli derejede ornaşdyran ilkinji döwletleriň biri bolmak bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge goşant goşýar. Bu işler DÖM-niň esas goýujy şertleriniň we görkezijileriniň ulanylmagy arkaly toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar. Şunda biziň döwlet syýasatymyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Durnukly ösüşi ilerletmek, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşi tarapyndan üns merkezinde saklanylýar. 31-nji martda Aşgabatda geňeşiň bäşinji mejlisi geçirildi. Köpugurly hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde bu düzüme aýratyn orun degişlidir.

“Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy” ýakyn bäş ýylda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýolgörkeziji bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahatyň çäklerinde gol çekildi. Şu ýylyň 25-nji fewralynda bolsa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda utgaşykly görnüşde bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemleri, onuň ileri tutulýan ugurlary we geljegi, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çarçuwaly maksatnama Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin binýadyny emele getirýär. Ol milli derejede inklýuziw, durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitläp, parahatçylygy döretmek işine, hemmeleriň abadançylygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge umumy ygrarlylygy beýan edýär. Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrýan resminama Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gol çekilendigini nygtamak gerek.

Ulag-aragatnaşyk pudagy ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny yglan etmek hakyndaky başlangyjy Durnukly ösüş maksatlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisine gatnaşdy. Bu komitet ulag we ulag syýasatyny ösdürmek meseleleri boýunça esasy halkara meýdançalaryň biri bolup durýar. Bu halkara düzümiň «Geljekki içerki ulag üçin innowasiýalary ilerletmek» ady bilen geçirilen nobatdaky mejlisi ýurtlaryň, halkara guramalaryň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, degişli düzümleriň, ulag işewürliginiň, bilermenler jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi. Ýük daşamalary awtomatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, degişli düzümleri ösdürmek, halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny berkitmek, onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň sazlaşygyny gazanmak ýaly möhüm ugurlar mejlisiň gün tertibinde üns berlen esasy meseleler boldy.

Ýokary derejeli mejlisiň çäklerinde “akylly” ulag çözgütlerini ornaşdyrmak, sanly baglanyşyk, durnukly söwda gatnaşyklarynyň bähbidine ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak meseleleri boýunça ministrler derejesinde maslahatlaşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde garaýandygy nygtaldy. Şeýle hem elektron resminama dolanyşygynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, döwletara maglumat alyş-çalyş gurallarynyň ornaşdyrylmagyna, sanly ulag geçelgeleriniň döredilmegine üns berildi. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen multimodal daşamalaryň sanlylaşdyrylmagy, maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan alyş-çalşygy boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ösüş häsiýetine eýedir. Onuň çäklerinde adam hukuklarynyň goralmagyna, kanunyň hökmürowanlygynyň üpjün edilmegine we halkara kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň adam hukuklary babatda netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy şu ýylyň martynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň hukuk goraýyş syýasatyny utgaşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde esasy platforma hökmündäki orny nygtaldy. Şeýle-de BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň düzüminde halkara bilermeniň Adam hukuklary boýunça geňeşçi wezipesine bellenilendigi üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligine türkmen tarapyndan hoşallyk bildirildi. Munuň özi bilelikdäki başlangyçlar we netijeli dialog üçin binýady berkitmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen BMG-niň strategik häsiýetli hyzmatdaşlygy ýakynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýene bir gezek tassyklanyldy. Şu ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşinde başlyklyk eden Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň çakylygy boýunça ýurdumyzyň wekilleri Howpsuzlyk geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdylar. BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek, Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek pikir alyşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

26-njy maýda geçirilen ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen tarapy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi. Onda toparyň parahatçylygy, ynanyşmagy, dialogy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygy tassyklanyldy. Hususan-da, häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde diplomatiýanyň, araçyllygyň, dialogyň barha artýan orny bellenildi. Toparyň adyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen bagly gutlaglar beýan edildi.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti 28-nji maýda “Ählumumy dolandyryşy özgertmek we kämilleşdirmek, ählumumy wehimleri ýeňip geçmek üçin bilelikdäki tagallalar” atly Ählumumy dolandyryş boýunça dostlar toparynyň duşuşygyna gatnaşdy. Şunda 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny ýurdumyzyň goldaýandygy bellenildi. Türkmenistan bu topara goşulmaga BMG-niň çäklerinde degişli başlangyjy ilerletmekde möhüm meýdança hökmünde garaýar. Ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan degişli teklipler beýan edildi.

Türkmen wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklarynyň dowamynda BMG we onuň degişli düzümleri, birnäçe döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklar dürli görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komiteti uzak möhletleýin geljegi ugur edinýän hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde ykrar edildi. 17-nji fewralda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi. Onda nygtalyşy ýaly, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan, toplumlaýyn binýada esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk oňyn ösüş häsiýetine eýedir. Brifingiň dowamynda 2025-nji ýyldaky syýasy gepleşikleriň, şol sanda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň, Samarkantda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri giňişleýin beýan edildi. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilmeginiň hem-de “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanda dürli ugurlarda Ýewropa Bileleşiginiň 30-a golaý ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Parlamentara ugur boýunça, hukuk, bilim-ylym we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreler barada durlup geçildi. Brifingiň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

26-njy martda Aşgabatda geçirilen “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahatynyň gün tertibine ýurdumyz bilen ÝB-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň döwrüň talabyna laýyk gelýän täze gurallaryny döretmek meseleleri girizildi. Maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge we anyk maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen köptaraply meýdançalaryň çäklerinde ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek möhümdir. 20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenen 2026-njy ýyl üçin degişli iş meýilnamasy hem köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bu meýilnama howpsuzlygy we parahatçylygy berkitmek, durnukly ösüşi, ykdysady, ynsanperwer, hukuk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy üpjün etmek, öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek ýaly giň ugurlarda birnäçe çäreleriň geçirilmegini özünde jemleýär. Şeýle hem gümrük, serhet, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak, energiýa netijeliligi, ekologiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça işleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

“Merkezi Aziýa +” ýaly köptaraplaýyn meýdançada ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä eýe bolýar. 11-nji fewralda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen duşuşykda geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garaldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika ulgamlarynda, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, saglygy goraýyş we derman senagatynda, beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi.

Ylmy açyşlar, maglumat tehnologiýalary, emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebit ýurtlarynyň çäklerinde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat ediş we bilim merkezlerini döretmekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň Germaniýa bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigini aýdyp, taraplaryň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň möhümdigini bellediler. Ministrler duşuşygynyň jemleri boýunça “Merkezi Aziýa — Germaniýa” dialogyny ösdürmäge täze itergi berjek Berlin jarnamasy kabul edildi.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň german işewür toparlarynyň wekilleri bilen bilelikdäki duşuşygyna hem-de başga-da birnäçe çärelere gatnaşdy.

Şu ýylyň 23 — 25-nji fewralynda Galle şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň GFR-däki ilçileriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynda geçirilen ýokary bilim we ylym boýunça forumynda bu formatda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäklerinde “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen, ylym, ylmy barlaglar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça meýiller hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyşynda ýurdumyzyň ýokarda agzalan ulgamlarda ýeten sepgitleri barada durup geçdi, şeýle hem Germaniýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Forumyň çäklerinde bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, akademiki alyşmalar, ýaş alymlary goldamak we innowasiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynda arheologik barlaglary geçirmekde german alymlarynyň uly goşandy bellenildi. Hususan-da, ýurdumyzyň dünýä belli arheologik ýadygärlikleri bolan Nusaýyň, Goňurdepäniň, Merwiň uly taryhy ähmiýete eýedigine üns çekildi.

26-njy fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşdy. Şu formatda ilkinji gezek geçirilen ministrler duşuşygynyň gün tertibine syýasy dialogy, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri girizildi. Energetika, uglerodlary azaltmak, maliýe, söwda tehnologiýalary, hukuk, konsalting, auditorçylyk ugurlarynda hünärmen hyzmatlary, ulag-logistika, sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini berkitmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň amaly netijeleri gazanmagy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinmek bilen, täze formatyň çäklerinde, ikitaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Saparyň çäklerinde bilim, ylym, medeniýet, hünärmenleri taýýarlamak, akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmak ulgamlarynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda “Düzümleýin dialogyň” üçünji tapgyry geçirildi. 24-nji fewralda geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depgini bellenildi. Bar bolan ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunda hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň we işjeňleşdirmegiň möhüm guraly hökmünde Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ähmiýetine üns berildi. Sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde türkmen tarapynyň öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy, jedelli meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeler arkaly parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň berk tarapdarydygy tassyklanyldy. “Düzümleýin dialogyň” üçünji tapgyrynyň jemleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi.

Energetika ýaly strategik pudakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesinde işjeň orny eýeleýän Türkmenistan bu ugurda ägirt uly serişdelere eýe bolmak bilen, ählumumy energetika howpsuzlygynyň aýrylmaz şerti hökmünde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamlaryny kemala getirmek boýunça taslamalary öňe sürýär. Şeýle taslamalar işlenip taýýarlanylanda, daşky gurşawyň goraglylygyna, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň sazlaşykly herekete getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýär.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energetika pudagyny ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedigini aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan hem-de 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyz öz üstüne alan ekologiýa we howa meseleleri bilen baglanyşykly halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalara üýtgewsiz eýerýär. BMG, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, beýleki halkara guramalar bilen bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistan anyk teklipleri, hususan-da, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär.

“Ýaşyl” energetikany ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady we desgalary döwrebaplaşdyrylýar, ylmy barlaglary geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Balkan welaýatynda utgaşykly görnüşde işlejek Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy gaýtadan dikeldilýän energetika mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmagyň anyk mysalydyr.

Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA) bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Şu ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi IRENA-nyň Baş direktoryna bu guramanyň ýanyndaky ýurdumyzyň hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Mälim bolşy ýaly, bu halkara gurama gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ähli görnüşlerinden peýdalanylyşyna goldaw bermek maksady bilen, 2009-njy ýylda esaslandyryldy.

IRENA-nyň Baş direktory bilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. «Ýaşyl» wodorody öndürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek babatdaky bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, dünýäde ekologik durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ilerletmäge taraplaryň ygrarlydygy tassyklanyldy.

Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalar bilen giň ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň hem-de meýdançalaryň çäklerinde geçirilýän iri möçberli duşuşyklara, forumlara yzygiderli gatnaşmagy sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde Watanymyzyň işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Türkmenistan köpugurly diplomatiýanyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berip, özara düşünişmegi we bähbitleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça ylalaşykly çözgütleri gazanmak üçin onuň gurallarynyň netijeli ulanylmagy ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, 6-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi hem-de “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Ilatyň saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny we lukmançylyk ylmyny ösdürmek, olaryň işini kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek Watanymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şu ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty munuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň Hökümeti we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde guralan okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýä jemgyýetçiliginiň bu möhüm ulgamda ýurdumyzyň toplan tejribesine, üstünliklerine uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa BSGG-niň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy Diýarymyzda bu ulgamda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň we gazanylan netijeleriň ýokary baha eýediginiň aýdyň beýany boldy. Döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory ýurdumyza saparynyň çäklerinde gowşurdy. Ol Aşgabada saparynyň çäklerinde ýokarda agzalan halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diplomatiýanyň energetika, ulag, ekologiýa, parlament, ylym, bilim, medeniýet, sport we ýaşlar ýaly ugurlarynyň ilerledilmegi boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Häzirki döwrüň talaplary, geljekki mümkinçilikler nazara alnanda, sanly diplomatiýanyň ähmiýeti hem barha artýar.

Şeýlelikde, şu ýyl Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram edýän Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow