Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda giň möçberli maslahat hem-de sergi geçirilýär
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda giň möçberli maslahat hem-de sergi geçirilýär
Çap edildi 03.05.2023
1861

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Halkara foruma «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», “Cargolux”, “Lufthansa Consulting” ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, “USAID Central Asia” maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekilleri we başga-da köp sanly hünärmenler, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýalary, talyplar gatnaşdylar.

Söwdany ýönekeýleşdirmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň kuwwatlyklaryny hem-de erkin senagat zolaklarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, halkara kommunikasiýalarda milli ulag kärhanalarynyň işine ýardam bermek, ýurdumyzyň döwlet edaralary, iri logistika institutlary bilen ulag-logistika ulgamlarynda ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahatyň we serginiň esasy maksadydyr.

Döredijilik toparlary gatnaşyjylarydyr myhmanlary aýdym-sazly kompozisiýalar bilen garşyladylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyzyň yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrülýändigi nygtalýar. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça arabaglanyşygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, ulag-üpjünçilik ulgamlaryny döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine we tutuş sebitde ulag-üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly binýadynyň döredilmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilýän bu halkara çäre ýurdumyzyň ulag ulgamynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmek, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalara başlamak, dünýä tejribesi we pudagy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Sergide iri senagat kärhanalary, ulag-logistika merkezleri, ulag serişdelerini öndürijiler, logistika merkezlerini enjamlar bilen üpjün edýän kärhanalar, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, elektron söwda ulgamyndaky IT kompaniýalar, GDA-nyň, ýakyn we alysdaky daşary ýurtlaryň deňiz portlary, howa menzilleri, demir ýol ulagy edaralary öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Mundan başga-da, sergidäki diwarlyklarda döwrebap ulag ulgamlarynyň we enjamlarynyň ähli görnüşleri, ulag kommunikasiýalarynyň dürli görnüşleriniň gurluşygyny taslamalaşdyrmak, abatlamak we hyzmat etmek üçin tehnologiýalar, tehnikalar, ýük we ýolagçy daşamak boýunça hyzmatlar, dolandyryş ulgamlary, ulag-logistika üçin maglumat we hyzmat ulgamlarynyň gazananlary görkezilýär.

Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi, howpsuzlygy berkitmek işinde giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda ýurtlarydyr halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň ýokary netijeli ulag düzümleriniň döredilendigini açyp görkezýän köp sanly diwarlyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu düzümler ýük we ýolagçy daşamaga bolan islegleri kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň logistika kärhanalarynyň içerki we daşarky bazarlardaky amala aşyrýan işleriniň, hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, maýa goýum işjeňligi üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprülerini, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoluny nazara alanyňda, Watanymyzyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň ägirt uludygyny görmek bolýar. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň we köpriniň gurulmagy söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Bu taslama ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ýoluny işe girizmäge mümkinçilik berer. Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda ulanmaga berlen döwrebap ýolagçy terminallary milli we sebit möçberindäki ähmiýetli desgalar bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil ulaglary pudagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen ýurdumyz bu ugruň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär we birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmak arkaly sebitiň döwletleri hem-de halkara guramalar bilen ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär. Bu babatda gämi gatnawlarynyň we port hojalyklarynyň wajyp orun eýeleýändigini bellemeli. Bu pudak Ýewraziýa giňişliginde ýük dolanyşygynyň ösüşi üçin ägirt uly mümkinçilikleri üpjün edýär.

Serginiň çäklerinde “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody önümçilik ulgamynyň tehnologik ugurlaryny görkezýär. Ýurdumyzda täze döredilen we netijeli iş alyp barýan bu kärhana milli gämigurluşyk ugruny ösdürmek üçin esasy binýat bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, bu kärhanada gämileri gurnamagyň we tankerleri, gury ýük gämilerini, gämi tirkeglerini abatlamagyň doly işleri amala aşyrylýar. Şeýle hem sergide “Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy” hojalyk jemgyýetiniň, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary görkezilýär. Munuň özi bu pudak boýunça giň möçberli halkara taslamalaryň amala aşyrylmagynda möhüm orny eýeleýän işlerdir. Sergide täze tehnologiýalary ulanmak arkaly uly göwrümli ýükleri daşamak boýunça mümkinçilikler baradaky maglumatlara hem aýratyn üns çekilýär.

Sergide paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň Halkara howa menzilleriniň bölümlerine-de möhüm orun berlipdir. Şunda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan” awiakompaniýasy»  açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, daşary ýurtlaryň birnäçe awiakompaniýalarynyň wekilhanalarynyň diwarlyklary görkezilýär. Häzirki döwürde diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, ýurdumyzyň sebitleriniň howa menzilleriniň hem dürli görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydygyny bellemek gerek.

Ýakynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline “Airbus A330-200P2F” kysymly ýük uçary gelip gowuşdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň ýanwarynda “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama boýunça satyn alnan şu görnüşdäki häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir.

Häzirki wagtda dürli ýurtlar bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýär. Şunda aeronawigasiýa düzüminiň ösdürilmeginde we ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakda täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Şeýle bolansoň, milli howa ýollary pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna goşýan goşandy artýar.

Türkmenistan häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan ulag-kommunikasiýa ugry boýunça halkara gatnaşyklaryň giňeldilmeginde mynasyp orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine oňyn täsiri bolan birnäçe iri halkara we sebitleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyny öňe sürýär.

Häzirki zaman mahabat hem-de beýleki täzeçil enjamlar bilen üpjün edilen bölümlerde guralan serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Şeýlelikde, “Türkmenawtoýollary” agentliginiň wekilleriniň Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary bilen geçiren duşuşygynda pandemiýadan soňky döwürde ulag we logistika ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenildi.

Giň möçberli çäräniň dowamynda döwlet edaralarynyň, deňiz, howa we gury ýer ulaglary boýunça ýöriteleşen edaralaryň ýolbaşçylarynyň BAE-niň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň degişli ulag düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ulag we logistika ulgamyny ösdürmek boýunça tejribe alşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň türkmen talyplary bilen duşuşygy guraldy. Duşuşygyň dowamynda ýaşlara BMG-niň we onuň ýurdumyzda işleýän düzümleriniň alyp barýan işi barada giňişleýin maglumat berildi.

Günüň ikinji ýarymynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlary, bilermenler, işewürler çykyş etdiler. Maslahatda onlaýn görnüşdäki çykyşlara hem orun berildi.

Halkara maslahatyň esasy wezipesi ulag we logistika ulgamyny ösdürmek üçin bilim-tejribe alyşmakdan, täzeçil çemeleşmeleri, çözgütleri öňe sürmekden ybaratdyr. Şunda ulag düzümine tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak, ulag ulgamyna halkara goldawyň gerimini giňeltmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahatyň maksatnamasy “Halkara ulag we logistika: wehimler we mümkinçilikler” atly plenar mejlisi, “Häzirki zaman ykdysadyýetiniň ulag-logistika taýdan özara baglanyşygy”, “Söwda we logistikada sanlylaşdyrmak boýunça iň täze çemeleşmeler”, “Söwda we senagat: ösüş we hyzmatdaşlyk”, “Ulag-logistika düzüminiň arabaglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy gatnaşyklaryň orny”, “Ulag-logistika ulgamynda innowasion tehnologiýalar, ylym we bilim — geljege nazar” atly bäş mejlisi öz içine alýar.

Plenar mejlisiň dowamynda sanly ulgam arkaly BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ulag ulgamyndaky özara baglanyşyk söwdanyň özüne düşýän gymmatyny peseltmekde we ählumumy bazarlara bolan gatnaşygy gowulandyrmakda ähli ýurtlar üçin ähmiýetlidir. Şunda ykdysadyýetleriň özara baglanyşygyna, adamlaryň gatnaşyklaryna goldaw bermekde, oba hem-de şäher ýerleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, durnuklylygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini işjeňleşdirmekde ulag ulgamyna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Soňra halkara maslahatyň myhmanlaryna söz berildi. Olar bu gezekki maslahatyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşiň möhüm şertini üpjün etmek örän ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar. Ol halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, tebigy serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar we telekeçiligiň ösdürilmegini şertlendirýär. Geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň häzirki ýagdaýy, ýük akymlarynyň çägi we onuň ösüşi, ulaglaryň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berdiler. Şeýle hem Ýewraziýa giňişligine aralaşmak şertlerinde Türkmenistanyň awtomobil we howa ulaglarynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara gatnawlaryň çägini köpugurly esasda ösdürmek, logistik çykdajylary nazara almak bilen, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek ýaly ugurlar häzirki döwrüň derwaýys wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Häzirki wagtda ulag ulgamy bilen baglanyşykly meseleler bilermenler jemgyýeti tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň strategik ugra eýe bolmagyna möhüm üns berýär. Bu bolsa Ýewraziýa yklymynda täze geoykdysady giňişligiň döremeginiň baş şertini emele getirýär.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine ýük wagonlaryny ulanmagyň we olary dolanyşyga girizmegiň ylalaşykly kadalaryny işläp taýýarlamak, bu ugurda toplumlaýyn özara hasaplaşyklary geçirmek, polat ýollarda ulanylýan enjamlaryň, beýleki serişdeleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek meseleleri girizildi. Sebitde ulag gatnawlarynyň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň möhüm orny eýeleýändigini bellemek bilen, çykyş edenler ýurduň ulag ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy esasynda bu ugruň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.

Ulag ýollarynyň ösüşi barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dowam edýän gurluşygyna üns çekdiler. Awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan ulag babatdaky taslamalaryň iň irileriniň biri bolup durýar. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çenli uzaýan köpşahaly awtomobil ýollarynyň halkara üstaşyr ulag giňişligine goşulyşmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyga ýükleri gysga wagtda we amatly daşamaga mümkinçilik berýän awtomobil ýoly dörär. Bu bolsa sebitleýin ykdysadyýetiň okgunly ösüşine giň ýol açar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, dünýäniň öňdebaryjy işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şeýle hem Diýarymyzda amatly hukuk we maliýe-ykdysady şertleriň döredilmegi gyzyklanma bildirýän taraplaryň geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklaryna giň ýol açýar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň esasynda döwlet Baştutanymyzyň köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjynyň bardygyny aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda halkymyzyň taryhy, gadymy ýörelgeler we rowaýatlar, ýurdumyzyň häzirki zaman durmuşy beýan edilip, bu ugra degişli maglumatlar giňden açylyp görkezilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ulag ulgamyndaky iri taslamalar ýurdumyzyň täze taryhyna ýazylýar we Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky ýörelgelerde öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan taryhy ýoluň ýüregi hasaplanýar.

Halkara hyzmatdaşlyk meseleleri barada aýdylanda, Türkmenistanyň ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürýändigi, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ugrunda zerur tagallalary edýändigi barada bellenildi. Halkara serginiň çäklerinde şeýle ähmiýetli maslahatyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary birnäçe taslamalaryň tanyşdyrylyşy bilen utgaşykly dowam etdi. Bu bolsa ulag ulgamyndaky gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça öňe sürlen teklipler bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Çykyş edenler türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, halkara çäreleriň netijeli we işjeň ýagdaýda geçmegi ugrunda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar bu gezekki duşuşygyň özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Halkara maslahat ertir öz işini ugurdaş mejlisler arkaly dowam eder. Olaryň gün tertibine söwda we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-logistika düzümleriniň ösdürilmeginde döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag ulgamynda ylym we bilim ýaly möhüm ugurlar, bu pudaklarda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly meseleler giriziler.

Maslahatyň çäklerinde “Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek”, “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän “CASCA+ multimodal ulag ugry” taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşdäki duşuşyk meýilleşdirildi.

Şeýle hem hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, onuň netijeli görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna, ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine sebitleýin, ählumumy çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmek göz öňünde tutuldy.

Maslahat we sergi öz işini tamamlandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugry we paýtagtymyzyň Halkara howa menzili boýunça gezelençler guralar. Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar Türkmenbaşy şäherinde bolup, Halkara deňiz portuna baryp görerler hem-de ýokary halkara talaplara doly laýyk gelýän häzirki zaman desgalar toplumynyň ägirt uly üstaşyr ulag kuwwaty bilen tanşarlar.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow