Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Halkara nebitgaz forumy: innowasiýalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
Ykdysadyýet
Halkara nebitgaz forumy: innowasiýalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
Çap edildi 22.10.2025
1276

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Ählumumy we sebit meýilleri, syýasy strategiýalar, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça dialog arkaly energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek, geljegi uly nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrmak, energetika merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öwrenmek arkaly sebitde energetika özara baglanyşygyny ösdürmek şu gezekki çäräniň esasy maksadydyr. Utgaşykly görnüşde geçirilýän giň gerimli foruma dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda bu tebigy baýlygyny durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürýär. Ýurdumyz diňe bir çig mal eksporty bilen çäklenmän, köpugurly, ýokary goşulan bahaly we ekologiýa taýdan arassa energetika ekoulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Bu strategiýanyň çäklerinde ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek hem-de döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, bar bolan turba geçirijileriň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary goldamak, sebit başlangyçlarynyň çäklerinde täze energetika geçelgelerini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan ýokary goşulan bahaly önümçiligi ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Ammiagyň, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiligine uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ugurdaş pudaklary ösdürmäge hem-de daşary ýurt tehnologiýalaryny çekmäge ýardam berýär.

Uglewodorod serişdelerini çykarmak hem-de gaýtadan işlemek prosesiniň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap sanly çözgütler işjeň ornaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmak pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň we onuň maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini artdyrmagyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen täze okuw merkezleri döredilýär, halkara hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek, pudagy sanlylaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän tagallalar ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüşi maksat edinýändigini görkezýär. Bu yzygiderli strategiýa energiýa serişdelerini milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň binýadyna öwrüp, halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

...Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bilermenler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Dabarada hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belleýär.

«Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary üstünlikli özleşdirilýär. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris» diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Soňra foruma gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli kärhanalaryň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Hytaýyň «CNPC» kompaniýasynyň diwarlygynda tebigy gazy çykarmak hem-de ibermek üçin integrirlenen çözgütler, kompressor stansiýalary bilen baglanyşykly tehnologiýalar, sebit infrastrukturasynyň çäklerindäki bilelikdäki taslamalar tanyşdyrylýar.

«ERCIYAS» kompaniýasynyň ekspozisiýasynda nebitgaz pudagynda ulanylýan turbalaryň dürli görnüşleri görkezilýär.

Italiýanyň «Eni» kompaniýasy nebit bilen çykýan ugurdaş gazy almak ulgamynda innowasiýalar, suwuklandyrylan gaz önümçiligindäki taslamalar hem-de gaýtadan işleýän desgalaryň energetika taýdan netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar.

«Baker Hughes» kompaniýasynyň diwarlygynda energetika we senagat ulgamlaryndaky innowasion tehnologiýalar hem-de çözgütler bilen tanyşdyrylýar.

Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy gazy gaýtadan işlemek üçin enjamlar, nebithimiýa senagaty üçin tehnologiýalar, şeýle hem gaýtadan işleýän desgalarda tehnologik prosesleri oňaýlaşdyrmak boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar. «Dragon Oil» kompaniýasynyň diwarlygynda bolsa kenarýaka ýataklarynda ulanylýan tehnologiýalar bilen tanyşdyrylýar.

«PETRONAS» kompaniýasy energiýa önümçiliginde uglerod yzyny peseltmek hem-de sanly özgertmeler boýunça taslamalar bilen tanyşdyrýar. «Yug-Neftegaz» kompaniýasynyň diwarlygynda geofizika hem-de nebitgaz ýataklarynyň seýsmiki barlagy boýunça çözgütler we öňdebaryjy usullar, «PSS» we «Ekohim» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bolsa uglewodorod guýulary üçin enjamlardyr hyzmatlar tanyşdyrylýar.

«Rosen Group» kompaniýasy turba geçirijilere gözegçilik etmek we olary arassalamak boýunça tehnologiýalar, ýerasty we ýerüsti ulgamlaryň ýagdaýyna baha bermek boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar. Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) diwarlygynda maýa goýum platformalaryna, şeýle hem nebithimiýa ulgamyndaky taslamalara üns çekilýär.

Sergide türkmen kompaniýalary hem nebitgaz, logistika we hyzmatlar pudaklarynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda «Türkmen Gala», «Gujurly Inžener», «Garagum hazynasy» kompaniýalaryny görkezmek bolar. «Ýaşyl dünýä» hususy kärhanasy nebitgaz guýulary üçin dürli enjamlary getirmek we gurnamak hyzmatlaryny amala aşyrýar. «Nurly Tolkun» hususy kärhanasy we «Söwda gurluşyk maslahat» hojalyk jemgyýeti nebit platformalaryna hyzmat etmek, enjamlary gurnamak babatda hödürleýän işleri bilen tanyşdyrýar. «Beýik Ýüpek ýoly», «Hazar logistika» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda dürli ýükleri, şol sanda nebit önümlerini daşamak boýunça amala aşyrylýan hyzmatlar bilen tanyşdyrylýar. «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň diwarlygynda dürli çalgy ýaglary, antifrizler görkezilýär. «Nurly Deňiz Tumary» kompaniýasy serginiň myhmanlaryny turba geçirijilere hem-de enjamlara gözegçilik we hyzmat etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlar we usullar bilen tanyşdyrýar.

Günüň ikinji ýarymynda forum «Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş» şygary astynda geçýän halkara maslahat bilen öz işini dowam etdi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetiki geçiş we strategik hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy, Özbegistanyň energetika ministri, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary, «PETRONAS» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Halkara Gaz Bileleşiginiň prezidenti we beýlekiler çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda daşky gurşawa kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de umumy energetikada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň uglerod yzyny peseltmek boýunça maksatnamalar bilen sazlaşykly utgaşmagyny üpjün edýän deňagramly çemeleşmäniň zerurdygy bellenildi.

Çykyşlarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda eýeleýän orny aýratyn nygtaldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmagynyň strategik meýilnamalaşdyryş we halkara hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döredýändigini bellediler.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy ösdürmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigi bellenildi. Bu taryhy waka mynasybetli geçirilen dabaraly mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda eksport etmäge mümkinçilik berýändigini, şunda sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Ol tutuş sebitiň durnukly ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň dabaraly mejlisdäki taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi.

Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, gaz geçiriji we gaýtadan işleýän infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek, pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr.

«Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek» atly plenar mejlisde eksport we logistika mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen tagallalary esasynda başy başlanan TOPH taslamasy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň bu möhüm taslamanyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de ony daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda alnyp barylýan işler hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, «Socar» nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, «Botaş» kompaniýasynyň Baş direktory, «PETRONAS» kompaniýasynyň wise-prezidenti, «ADNOC» kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça direktory we beýlekiler bar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýangyjyň has arassa görnüşlerine geçilýän döwürde tebigy gaz zyňyndysy has pes energiýa çeşmesi hökmünde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýäde gazyň iň uly gorlarynyň birine eýe bolan Türkmenistan ozal bar bolan, şeýle hem täze bazarlarda barha artýan islegi kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazyň eksport ugurlaryny giňeltmek, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny we beýleki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem tebigy gazy Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogara we Ýewropa ibermek babatda garaýyşlar beýan edildi.

Mejlise gatnaşyjylar turba geçiriji infrastrukturany, suwuklandyrylan gaz önümçiligini hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

«Energetiki geçiş üçin çig mal serişdeleri: maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikler» atly mowzuklaýyn mejlisde maýa goýumlar we innowasiýalar arkaly Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny belläp, energetiki geçiş bilen baglylykda, onuň ägirt uly tebigy gaz gorlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan üçin energetiki geçişiň uglewodorodlaryň ýerini tutmak däl-de, eýsem, olary netijeli we çuňňur gaýtadan işlemegi aňladýandygyna üns çekildi. Çykyş edenler ählumumy derejede parnik gazlarynyň atmosfera zyňyndylaryny peseltmäge ýardam berýän geçiş ýangyjy hökmünde tebigy gazyň möhüm ornuny nygtadylar.

Maýa goýumlary hem-de innowasiýalary çekmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz ýokary tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ösdürmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda iň täze geologiýa maglumatlary we geljegi uly maýa goýum taslamalary tanyşdyryldy. Çykyş edenler bu taslamalaryň maýa goýumlary çekmek we tehnologik hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýandygyny bellediler. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge goşant goşar.

Maslahatyň dowamynda resmi däl söhbetdeşlikler hem geçirildi. Türkmenistanda işleýän öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary dünýäniň strategik taýdan iň ähmiýetli energetika bazarlarynyň birinde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hem türkmen kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we taslamalary durmuşa geçirmek babatda tejribe paýlaşdylar.

Forum 23-nji oktýabrda öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam eder.

Soňky habarlar
22.11
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäre guraldy
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
21.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
20.11
Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary sebit we sebitara derejede strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýar
20.11
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
20.11
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyryp
20.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
19.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly orun degişlidir
19.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
top-arrow