Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Çap edildi 22.10.2025
2251

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi.

Işewürler bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny beýan edip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini, Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny bellediler. Şeýle hem olar Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Işewürler amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, netijeli işlemäge berýän yzygiderli goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşjakdyklaryny, ýurdumyzda bu ulgamda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşjakdyklaryny aýtdy hem-de olaryň geçirjek duşuşyklarynyň nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda depginli ösdürilýär.

Häzirki wagtda nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň bir depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy, esasan-da, ýerli çig maly ulanmak arkaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini belläp, Türkmenistanyň «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýere we «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmä işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow