Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 23.03.2023
2223

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Eduardo Antonio Zuaýny Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Zuaýnyň oňat şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenen möhüm wezipäni mynasyp ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär.
Onuň mähirli kabul ediljekdigine ynamly bolmak bilen, ilçiniň meniň adymdan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Argentina bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Alberto FERNANDES,
Argentina Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça işjeň ösdürilýän dostlukly we geljegi uly döwletara gatnaşyklar ulgamynda üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandesiň mähirli salamyny hem-de saýlap alan ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna we ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň, ählumumy abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen içgin tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi, şol sanda Latyn Amerikasynyň döwletleri bilen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şeýle-de Eduardo Antonio Zuaýna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy nyşanyna öwrülen giň gerimli özgertmeleriň ilerledilişi barada gürrüň berildi.
Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-argentin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar ençeme ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegini üpjün edýän özara gyzyklanmalaryň bardygyny tassykladylar. Kanun çykaryjy ulgamda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň ikisi-de bu gatnaşyklary ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berýärler.
Duşuşygyň ahyrynda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň milli bähbitlerini nazara almak arkaly guralýan köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.



Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow