Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 11.05.2025
2235

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli iberen gutlaglaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Ýyllar geçdigiçe, şol ýowuz döwrüň wakalary bizden barha daşlaşýar hem-de taryha girýär, beýik edermenligiň janly şaýatlarynyň sany azalýar. Siziň ata-babalarymyzyň faşizme garşy söweşde gazanan ýeňşi baradaky taryhy hakydanyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy baradaky pikiriňize goşulýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipäňizde türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina Matwiýenko,

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan etmäge hem-de Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlamaga rugsat ediň! Ýeňiş gününiň ruhy-ahlak ähmiýeti onlarça ýyllar geçse-de, üýtgewsizligine galýar, biziň oňa garaýşymyz bolsa mukaddeslik derejesindedir. Bu şanly senäni bellemek bilen, biziň ata-babalarymyzyň nasizmi ýeňendiklerini hem-de olary ýok edendiklerini ýatlaýarys we buýsanýarys. Köpmilletli sowet halky ata Watanyň azatlygy ugrunda söweşdi. Hemmeler urşuň ýowuz synagyny çekdiler hem-de bilelikde Watany halas etmek ugrunda gaýduwsyzlyk görkezdiler.

Şanly baýram mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna asuda asman, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Igor Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow