Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 12.05.2025
1369

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ähmiýetli wakalara beslenýän günlerinde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketini höweslendirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport merkezleri, iri sport toplumlary we bedenterbiýe-sagaldyş merkezleri gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Atçylyk sporty, awtosport, golf ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde, futbol hem soňky ýyllarda ýaşlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Arkadag şäherinde-de köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ýardam edýän, halkara ülňülere laýyk gelýän sport düzümleri döredildi. 2023-nji ýylda täze şäherde futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň sport durmuşynda uly waka boldy we sportuň bu görnüşiniň has-da ösdürilmegine uly itergi berdi. «Arkadag» futbol toparynyň ilkinji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bolsa türkmen sportunyň abraýyny has-da dabaralandyrdy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň belleýşiňiz ýaly, sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda futboly ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) we Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) agzalygyna kabul edildi, 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň tagallalaryňyz bilen bedenterbiýe we sport ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegi milli kanunçylyk namalarynda hem öz beýanyny tapdy. Munuň şeýledigine ýurdumyzda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylda ýurdumyz 1981-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen Olimpiýa nyşanlaryny goramak hakynda Naýrobi ylalaşygyna goşuldy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda Jarnama kabul edildi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda Siziň taýsyz tagallalaryňyz esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde, bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen sportuny hil taýdan täze derejelere çykarmaga ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow