Baş sahypa
\
Medeniýet
\
— Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr
Medeniýet
— Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr
Çap edildi 27.06.2022
1481

Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralar bilen giňden bellenildi. Baýramçylyk çäresi Aşgabadyň taryhy merkezinde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndaky meýdançada başlandy. Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň giňden ykrar edilýändiginiň, oňa hormat goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny türkmen topragynyň ajaýyp tebigaty, giňişlikleri, sähralary, daglary we düzleri, deňizleri hem-de derýalary, hoşniýetli adamlary, ýakymly owazlary, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri beýik eserleri döretmäge ruhlandyrypdyr. Gahrymançylyga, watançylyga, durmuş gözelligine söýgi, türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşy, özygtyýarly döwlet baradaky arzuwlar Magtymgulynyň eserleriniň özenini düzýär. Akyldar şahyr “Berkarar döwlet islärin” diýip arzuw edipdir.

Häzirki döwürde Magtymgulynyň ady dünýä belli boldy. Onuň ajaýyp eserleri dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilýär. Akyldar şahyryň şygyrlary Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik alymlaryň we akyldarlaryň eserleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr. Olaryň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny döretdi. Türkmen halky görnükli şahyryň hormatyna her ýylda şanly baýramçylygy dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza iberen Gutlagynda: “Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir” diýlip bellenilýär.

Özboluşly suw çüwdürimi bilen utgaşykly bina edilen Magtymgulynyň ýadygärligi Aşgabadyň uly söýgi we buýsanç bilen gelinýän ýerleriniň hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşyklaryny geçirýän künjekleriniň biridir. Milletiň buýsanjyna öwrülen Pyragynyň çeper zehinine, edebi mirasyna hormat goýmagyň nyşany hökmünde guralýan gül goýmak dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym hem-de medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.

Ýadygärligiň eteginde al-elwan güllerden emele gelen ajaýyp görnüş halkymyzyň beýik ogluna goýýan hormatyny, şahyryň döredijiliginiň nusgalykdygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Gündogaryň beýik akyldary we danasy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär. Bu uly toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede uludygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada çeper eserleriň, fotosuratlaryň, neşir önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjylar we myhmanlar sergide görkezilýän gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Onda milli nusgawy edebiýatyň täze neşir edilen eserleri, taryha we sungata degişli kitaplar, goşgular ýygyndylary bar. Sergide Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen medeniýetine we sungatyna, çeper döredijilige bagyşlanan kitaplary möhüm orun eýeleýär.

Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täzeden sahnalaşdyrylan “Magtymguly” operasynyň görkezilişiniň bolandygyny bellemek gerek. Bu eser mähriban halkymyzyň watansöýüjiliginiň, erkinlige, Watanymyzyň Garaşsyzlygyna we rowaçlygyna buýsanjynyň senasyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň we baý medeni mirasynyň özboluşly arabaglanyşygyny emele getirýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde-de geçirildi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow