Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Milli gymmatlyklar häzirki zaman sungatynyň gözbaşydyr
Medeniýet
Milli gymmatlyklar häzirki zaman sungatynyň gözbaşydyr
Çap edildi 25.06.2022
2122

Mary welaýatynda dürli çärelere baý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän giň gerimli döredijilik forumy dowam edýär. Bu çäräniň maksatnamasy sungat ussatlarynyň, ýaş artistleriň aýdym-saz we folklor çykyşlary bilen utgaşdy. Şu günki wakalaryň köpdürlüligine garamazdan, olary bir bitewi taglyma — milli medeniýetiň dowamatlylygyna birleşdirmek bolar.

Günüň birinji ýarymynda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar üçin “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guraldy. Bu ýerde olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen täsin ýadygärlikler we binagärlik toplumlary — Uly Gyzgala, Soltan Sanjaryň aramgähi bilen tanyşdylar.

Hepdelige gatnaşyjylar Mary şäheriniň bazarynyň çäginde ýerleşýän gadymy “Ýolbarsly” kerwensaraýyna baryp gördüler. Bu ýerde gündogara mahsus çaýhana bar, onda milli tagamlar hödürlenilýär. Dürli öwüşginli nagyşlar bilen bezelen çaýhananyň binasynda gadymy Gündogaryň täsin äheňlerini duýmak, halk durmuşynyň jümmüşine aralaşmak, onuň özboluşlylygyndan lezzet almak mümkindir. Gadymy çaýhanalara mahsus görnüşler teatrlaşdyrylan çykyşlar üçin ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Bu etnografik görnüş geçmişiň we geljegiň dowamatlylygyny açyp görkezýär. Türkmenistanda aýawly goralyp saklanylýan hem-de baýlaşdyrylýan gadymy ýörelgeler diňe bir geçmişe sarpa goýmagyň alamaty däldir. Bu ýörelgeler ruhy gymmatlyklar esasynda jemgyýeti jebisleşmäge çagyrýar, parasatly tejribäniň täzeçillik, geçmiş mirasyň häzirki zaman ösüşi, taryhyň geljek bilen sazlaşygyny emele getirýär.

Türkmen topragynyň her daban ýerinde taryh janlanýar, gadymy siwilizasiýalaryň ojaklary saklanýar hem-de umumadamzat ähmiýetli medeniýetiň subutnamalary ýüze çykarylýar. Biziň günlerimize gelip ýeten binagärlik ýadygärlikleri bu toprakda, şol sanda häzirki Mary welaýatynyň çäginde taryhyň dürli döwürlerinde kuwwatly döwletleriň hem-de iri şäherleriň bolandygyna şaýatlyk edýär. Olar ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda jemlenip, gurluşyk we senetçilik sungatynyň ýokary derejesini açyp görkezýär. Şolaryň binýadynda bolsa halk amaly-haşam sungaty kemala geldi hem-de gülläp ösdi. Gadymy Merwiň ýadygärlikleri Türkmenistanda gymmatly taryhy tapyndylary gorap saklamak we öwrenmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň mysallarynyň biridir. Bu ýerde geçirilýän rejeleýiş işleri taryhy desgalaryň, mümkin boldugyça, başdaky keşbinde goralyp saklanmagyna gönükdirilendir.

Medeni çärelere gatnaşyjylara bu sahawatly ülkäniň täsin hem-de gaýtalanmajak tebigy gözelligine baha bermäge mümkinçilik döredi. Bu künjekler diňe bir ýurdumyzda meşhur bolman, dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň halkara syýahatçylygyň täze, geljegi uly ugry hökmünde şol künjekleriň ähmiýetini açyp görkezmekde medeniýet ulgamynyň orny uludyr. Diýarymyzyň günorta sebitinde saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, bu ýerleriň howa aýratynlyklary, welaýatyň şypahanalarydyr sagaldyş merkezleri syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Medeni forum öz işini welaýat kitaphanasynyň binasynda dowam etdi. Bu ýerde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Asyrlara ýaň salýan türkmen mirasy” atly maslahat geçirildi.

Biziň ýurdumyzyň 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu gurama medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy görnüşleri gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara, her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanýan netijeli gatnaşyklar üçin şertleri döretmegiň üstünde işleýär.

Ylmy gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň, medeniýet, milli miras ulgamynda daşary ýurtlaryň iri ylmy merkezleri hem-de halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini açyp görkezmäge ýardam berjek bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, edebiýatçylar we žurnalistler gatnaşdylar.

Çykyşlar “Beýik Ýüpek ýolunyň milli gymmatlyklary geljek nesillerimize nusgalyk mekdepdir”, “Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy mirasymyzy gorap saklamakda hyzmatdaşlyk”, “Pederlerden miras galan gymmatlyklarymyz”, “Miras: ýaşlar we terbiýe”, “Gadymy Merw — türki dünýäniň medeni merkezi”, “Merw Gündogaryň ösen bilim ojagydyr”, “Türkmenleriň durmuşynda demir ussaçylygynyň ösüşi” ýaly mowzuklara bagyşlandy. Ýygnananlar bu abraýly halkara gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhy bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hakynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurdaky anyk ädim boldy. Biziň ýurdumyzda dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň wajyplygy, onuň yklymlary we halklary birleşdirmekde, Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmekde häzirki wagtda eýeleýän ornunyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek, resminama dolanyşygynyň usullaryny döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek boýunça usulyýet maslahaty geçirildi, şeýle-de milli el işleriniň sergisi guraldy. Çykyş edenler teatr sahna oýunlarynda gepleşik we etika medeniýetiniň aýratynlyklary, oba medeniýet öýleri hem-de çagalar gurnaklary üçin usuly gollanmalar taýýarlanylanda häzirki döwrüň bildirýän talaplary baradaky meselelere ünsi çekdiler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda başlangyçlary hakynda aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar häzirki wagtda taryhy-medeni mirasyň, däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilýändigini we baýlaşdyrylýandygyny bellediler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda guralýan şu gezekki köpöwüşginli çäre hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýäde meşhur bolan “Küştdepdi” tansy pikir alyşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Ýygnananlara bu tansyň parçalary görkezildi, olaryň her biri ýerine ýetiriliş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Joşgunly tanslar biri-birinden tapawutly ýerine ýetirilip, ýygnananlaryň ählisiniň bir bitewi baýramçylyk şowhunyna goşulýandyklaryny görkezdi. Bu gadymy tans asyrlaryň dowamynda taraşlanan özboluşly hereketleri özünde jemleýär. Onuň dowamynda ýaňlanýan owazlaryň güýçlenmegi täsirliligini artdyrýar, durmuş heňňamynyň hiç wagt tamamlanmajakdygy, adamyň kesellerden we beýleki bela-beterlerden halas boljakdygy, söýgi hem-de täze durmuşyň döreýiş gudraty baradaky hekaýat tansyň dili bilen gürrüň berilýär.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Wekilbazar etrabynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň çeper filmleri görkezildi. Medeni forumyň nobatdaky güni “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen jemlendi. Tomaşaçylar halk we häzirki zaman aýdym-sazlaryny, joşgunly tanslary ýerine ýetiren artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

* * *

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda täzeden sahnalaşdyrylan “Magtymguly” operasynyň görkezilişi boldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli teatr sungaty, şol sanda opera sungaty ösüşiň täze derejesine çykdy. “Magtymguly” operasy türkmen halkynyň watansöýüjiliginiň, erkinlige, garaşsyzlyga we döwlet ösüşine bolan gyzyklanmalarynyň, täze taryhy eýýamda amala aşan arzuwynyň senasydyr. Ynsanperwer ýörelgeleri, Watana bolan söýgini özünde jemleýän opera eseri türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ahlak gymmatlyklarynyň ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow