Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
Çap edildi 14.06.2022
2951

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär.

6-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Söhbetdeşler köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde bilelikde işlemegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda beýan edilen wezipeler Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen maksatlara hem-de wezipelere laýyk gelýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, durnukly ösüşe, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak bilen, energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, durmuş hem-de beýleki ulgamlarda möhüm başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edendigi bellenildi. Şolar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda beýanyny tapdy. Hanym Amina Mohammed tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine we Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýän hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna hem-de yzygiderli ösdürilmegine wekilçilik edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahat hoş habar bilen başlady: döwlet tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlar netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz pileçileri hem-de ähli türkmen halkyny zähmet ýeňşi bilen gutlap, ähli welaýatlarda dabaraly çäreleri geçirmegi, tapawutlanan pileçilere, ugurdaş kärhanalaryň işgärlerine sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Maslahatda döwlet Baştutanymyz galla oragyny öz wagtynda hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny almak ugrundaky işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm talaplaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz sebitimizde suw bilen bagly kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, birinjiden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy.

Ikinjiden, Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň hem-de ony amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary, läbik sorujylary, suw sorujylary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin zerur serişdeleri bölüp bermek barada teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Üçünjiden, derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidir. Olary arassalamak, betonlamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmeli we ony amala aşyrmaga girişmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Dördünjiden, suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidir. Bäşinjiden, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde işleriň alnyp barlyşy barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherindäki Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada Karara gol çekdi. Iki desga hem 2022-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylar.

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynda boldy we bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Prezident Wladimir Putin Uly Kreml köşgünde belent mertebeli myhmany mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň resmi ýagdaýda öz ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrýandygyny, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykarýandygyny, şol gatnaşyklaryň bu ýokary döwlet wezipesinde işläp, ozal uly hyzmatlary bitiren Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda hakyky strategik derejä çykandygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy, şeýle-de sebit we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meseleleriň köpüsi boýunça iki döwletiň garaýyşlary, däp bolşy ýaly, ýakyndyr ýa-da biri-birine gabat gelýändir. Bellenilişi ýaly, daşarky kynçylyklara garamazdan, şu ýylyň birinji çärýeginde ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi 45 göterim ýokarlandy. Munuň özi örän çynlakaý ösüşdir. Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda halkara resminamalaryň 288-sine gol çekildi. Bu babatda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama we Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama binýatlyk resminamalardyr.

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir energetika ulgamyna däl, eýsem, senagat, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini nygtap, Prezident Wladimir Putini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglandy. Sylaglamak dabarasy gepleşiklerden soňra, Uly Kreml köşgüniň “Malahit” zalynda boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Mundan başga-da, ykdysady ulgamda, hususan-da, maliýe-bank ulgamynda, aragatnaşyk, ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalyk, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekildi.

Iki ýurduň goňşy sebitleriniň arasyndaky özara gatnaşyklara hem täze itergi berildi. Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň “Astrahan şäheri” munisipal guramasynyň administrasiýasynyň arasynda Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary amala aşyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen telekeçiliginiň wekilleri hem russiýaly hyzmatdaşlary bilen duşuşyk geçirdiler. Onuň netijeleri boýunça “Halk market” (Türkmenistan) supermarketleriň söwda ulgamy bilen “Rusagro” (Russiýa) agroholdinginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekildi. Ol işewür toparlaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda azyk harytlary ulgamynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama bilen birlikde, 15 resminamadan ybarat resminamalar toplumy döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Şol resminamalar ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösýändigini belledi. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki halkyň hem-de döwletleriň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň wajypdygyna özara düşünmek bu gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr.

Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda we birnäçe beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini nygtady. Soňky wagtlarda medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiziň eýýäm 20 ýyl bäri Aşgabatda üstünlikli hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebini giňeltmäge hem-de bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmäge gyzyklanma bildirendigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda nobatdaky duşuşygyň strategik häsiýetli döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilendigi baradaky hoş habar ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary syýasata hem-de giň gerimli özgertmelere berilýän ýokary bahanyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlandy. 11-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu şanly wakalar bilen ähli ildeşlerimizi gutlap, ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň gatnaşmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hökümet agzalaryny we halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenilen Ylymlar güni bilen gutlady.

Hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy hem-de halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly nebitgaz toplumynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kuwwatyny artdyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Şeýle hem Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmek, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 7-nji iýunynda “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Ýerli, milli, sebit hem-de ählumumy derejede suw serişdeleri ulgamynda hereketleri we hyzmatdaşlygy höweslendirmek” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri beýan edildi. Dubaý şäherindäki “EKSPO — 2020” sergisiniň guramaçylyk komitetiniň Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasyny ýene-de bäş ýylyň dowamynda ulanmagy teklip edýändigi habar berildi. Milli pawilýonyň öz işini dowam etdirmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklarynydyr forumlary geçirmek üçin netijeli meýdança bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýyň gowulanýandygy sebäpli, ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergileri guramagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Daşary ýurtlarda söwda merkezlerini açmak meselesine gaýdyp gelmek hem möhümdir. Munuň özi harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna halkara gatnawlary dikeltmek boýunça ýakyn wagtda degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň wekiliýetiniň Nur-Sultan şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy we iş saparynyň dowamynda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde geçirilen daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşandygy barada hasabat berildi. Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenildi. Şunda sebitara we halkara howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşi pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berildi. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Bu duşuşykda Türkmenistan tarapyndan sebit ähmiýetli başlangyçlar öňe sürüldi. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp barýan ýurtlaryň wekilleriniň duşuşyklaryny geçirmek, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar bar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti nygtaldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça resminamalaryň 4-si kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň netijeli döwletara, sebit we sebitara hyzmatdaşlyga, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdyp, olaryň däp bolan dostlukly, strategik häsiýetini nygtady. 10-njy iýunda Moskwada iň ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almagy hakynda”, “Täze burawlanýan nebit guýularynyň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän dürli ölçegli oturtma turbalary satyn almak hakynda”, “Türkmenistanda 2022-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda”, “Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda” Kararlara gol çekdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda saglygy goraýyş, bilim, söwda we ulag ulgamlaryna degişli birnäçe edaralara baryp gördi. Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy hajy Arkadagymyz bu ýerde işleýän lukmandan bölümlerde işgärleriň netijeli işlemegi we näsaglar üçin döredilen şertler bilen baglanyşykly maglumat aldy, şeýle hem bu lukmançylyk edarasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy. Hajy Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kuwwatyny ulanmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, çagalara tiz wagtda sagalmagy arzuw etdi we olara sowgatlary gowşurdy.

Bölümleriň iş tertibi, bejergi geçirmegiň döwrebap usullaryny ulanmak, keselleri anyklamakda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, hassahanada işleýän lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu hassahanada geçiren iş maslahatynyň esasy meseleleri boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň bu sebitiň ýaşaýjylary bilen bir hatarda, owgan halkyna hem lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendigini belledi. Biziň ýurdumyz Owganystan bilen hemişe-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna eýerer hem-de doganlyk halka degerli goldaw, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda netijeli ýardam berer. Hajy Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasyndan milli lukmançylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hassahanalara zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeleri bölüp bermek meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Iş saparynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, bu ýerde döwrebap bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen geçirilen duşuşykda bilim bermegi mundan beýläk-de ösdürmek, okuw işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada aýdyldy. Duşuşykda “Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Kanuny kämilleşdirmek baradaky mesele uly gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Milli Geňeşiň palatalary — Halk Maslahaty hem-de Mejlis tarapyndan bu hukuk namasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak işine girişildi.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz Türkmenabat şäheriniň bazaryna baryp gördi hem-de bu ýerde ýerlenilýän azyk önümleriniň, hususan-da, gök-bakja we maldarçylyk pudagyna degişli önümleriň görnüşleri, haryt bolçulygynyň üpjün edilişi bilen gyzyklandy. Şeýle-de hajy Arkadagymyz Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi. Bu köpri demir ýol köprüsi bilen bilelikde, ýurdumyzyň çäginden geçýän ýük we ýolagçy gatnawlarynyň ep-esli artmagyna ýardam berýär. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi bilen sebiti, şol sanda ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyrmak, iri suw geçirijilerden, suw howdanlaryndan we köllerden peýdalanmakda täzeçil tehnologiýalary ulanmak, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasabyny ýöretmek, bu işleri sanly ulgama geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” şygary astynda geçirildi. Gahryman Arkadagymyz forumda çykyş edip, 1992-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň hereket edýän 30 ýylynyň dowamynda özüni parlamentarileriň halkara derejede üstünlikli hyzmatdaşlygy üçin netijeli düzüm hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletlerimiziň ösüşini hem-de üstünlikli goşulyşmagyny üpjün edýän bu abraýly gurama bilen türkmen parlamentarileriniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm orny nygtaldy. Şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň jemleri muňa mysal hökmünde getirildi. Forum “Aşgabat görnüşi” diýlip atlandyryldy. Şonuň bilen baglylykda, bu düzümiň edara binasy we müdiriýeti türkmen paýtagtynda ýerleşdiriler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş parlamentarileriň özara gyzyklanma bildirýän köp meseleleri boýunça bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga işjeň çekýän Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň ähmiýetli ornuny belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, döwletlerimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, birnäçe desgalaryň gurluşygyna we bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilişine hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Şeýle-de hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan häzirki zamanyň tejribesini we öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmagynyň, şeýle-de ekologik talaplaryň berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Bu welaýatlar toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlaýarlar. Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, şonça ýerden gallaçylar 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna dänedir. Günbatar sebitde güýzlük bugdaý üçin 50 müň gektar ýer bölünip berildi.

Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Döwlet baýdak sütüniniň meýdançasynda Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda uly ruhubelentlik ýagdaýynda dabaralar geçirildi. Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaralara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Ol ýurdumyzda giňden bellenilen Ylymlar güni mynasybetli geçirildi. Maslahata görnükli türkmen alymlaryndan we ýaş ylmy barlagçylardan başga-da, sanly ulgam arkaly dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Wengriýa, Germaniýa, Gruziýa, Eýran, Gyrgyzystan, Litwa, Hytaý, Russiýa, Koreýa Respublikasy, Özbegistan we beýleki döwletlerden alymlar bar.

Daşary ýurtly alymlaryň sanly ulgam arkaly eden çykyşlarynda ýurdumyzyň ylmy toparlary bilen döwlet Baştutanymyzyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Nanohimiýa we kompýuter tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, häzirki döwrüň lukmançylygynyň hem-de derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar şol ugurlaryň hataryndadyr.

Forumyň dowamynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şu ýyl bäsleşige 1 müň 140 adam, şol sanda 730 talyp we ýaş alymlaryň 410-sy gatnaşdy. Seljeriş topary hödürlenen işleriň ähmiýetine baha berip, ýeňijileri kesgitledi. Ýeňijilere — ýaşlar ylmy-barlag hereketiniň 72 wekiline döwlet Baştutanymyzyň adyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler strategiýasynyň esasy ugurlaryny giňden açyp görkezdi. Ata Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak şol özgertmeleriň baş maksadydyr.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow