Baş sahypa
\
Sport
\
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Sport
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Çap edildi 21.04.2022
8824

Neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan materiallar bilen açylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýokary derejeli sportuň ösmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýär.

Türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini bütin dünýä bilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dilnoza Muhadowanyň «Türkmenistanyň sport diplomatiýasy» atly makalasynda häzirki zaman dünýä sportunyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belleýär, şeýle-de sportuň halklaryň arasynda ynam döretmäge özüniň uly goşandyny goşýandygyny nygtaýar.

Halkara žurnalyň okyjylary möwsümiň iň gowy futbolçysy «Ahal»-yň ýarymgoragçysy Elman Tagaýew bilen bolan «Möwsümiň iň gowy oýunçysy» ady bilen çap edilen söhbetdeşligi gyzyklanma bilen okarlar diýip umyt edýäris.

Ýaşlarda gyzyklanma döretjek we maglumat berjek makalalaryň ýene biri «Şazada — bobsleýçi olimpiada gatnaşdy» atly makaladyr. Bu makalada bäş gezek olimpiada gatnaşan Monakonyň şazadasy Albert II durmuşy we sport ýoly barada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň futbol janköýerleri «Kaýratyň» tälimçisi bolup işleýän watandaşymyz Gurban Berdiýewiň tälimçilik işleri bilen ýakyndan gyzyklanýarlar. Kiçi göwrümli habarda «Alaniýanyň» baş tälimçisi Spartak Gogniýewiň türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň tejribesini öwrenmek üçin okuw-türgenleşik işleri wagtynda onuň ýanynda bolandygy aýdylýar.

Bir wagtlar Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynyň bir bölegi bolan sportuň geň-enaýy görnüşleri hakynda «Sportuň täsin görnüşleri» atly makalada okap bilersiňiz.

Futbol hakynda ýazylanlar uly gyzyklanma bilen garşylanýar. Bu gezek sport žurnalisti Merdan Baýatyň makalasy geçmişiň dünýäsine alyp barýar-da, futbol meýdançasynda deňsiz-taýsyz italýan futbolçysy Roberto Bajionyň futbol äleminde şöhle saçýan wagtyna eltýär.

Sport gyzykly we täsirli bolmak bilen bir hatarda düşündirişleri hem talap edýär. Mysal üçin, ähli futbol janköýerlerine mälim bolan «Duşuşyk islendik howada geçiriler» jümlesi hakyndaky gyzykly waka bilen şol at bilen ýazylan makalada arkaly tanşyp bilersiňiz.

«Futbol taryhynyň sahypalaryny agtaryp» ady bilen ýazylan makalada futbol janköýerleri Aşgabat toparynyň weteranlary bilen Moskwanyň weteranlarynyň arasynda geçirilen oýun ýatlanylýar. Moskwalylaryň toparynyň düzüminde Pilguý, Papaýew, Şesternýow, Sýomin, Gerşkowiç dagylar çykyş eden bolsa, Aşgabadyň toparynyň düzüminde Mämedow, Baýramow, Orazsähedow, Kuramşin, Morozow dagylar meýdança çykdylar.

«Küştçileriň adaty adamlardan has uzak ýaşaýandygy dogrumy?» Okyjylar bu makalany okap, şol aýdylanlaryň dogrumy ýa-da ýalňyşdygyna göz ýetirerler.

Halkara žurnalyň işgärleri welaýatlarda we etraplarda ýaşlaryň arasyndan täze awtorlary tapýandyklaryna begenýärler. Redaksiýanyň işgärleri Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Emir Garajaýewiň işinden hoşal boldular. Ol bu gezek «Dünýä çempionatynyň taryhyndan gyzykly maglumatlar we ýazgylar» makalasyny hödürledi.

Mundan başga-da, žurnalda Ýewropa we dünýä sportundan söhbet açýan makalalar okyjylara hödürlenilýär.

Soňky habarlar
22.06
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
22.06
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
20.06
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19.06
Ýurdumyzyň şypahanalary: saglyga peýdaly dynç alyş
top-arrow