Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ata Watanymyzyň täze üstünlikleriniň esasydyr
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ata Watanymyzyň täze üstünlikleriniň esasydyr
Çap edildi 11.04.2022
2230

Geçen hepde özünde döwlet ähmiýetli möhüm wakalary jemläp, ýurdumyzyň ösüş we döredijilik ýoly bilen yzygiderli öňe gidýändigini aýdyň görkezdi.

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy meselelerine hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

Obasenagat toplumynda güýzlük bugdaýa ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de gowaça ekişini bellenilen möhletlerde, ýokary derejede tamamlamak üçin ähli tagallalar edilýär. Ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak üçin toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar, tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekilen bag nahallaryna ideg etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär. Şu ýyl türkmen ýüpekçileri 2 müň 300 tonna pile öndürmegi maksat edindiler. Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda pile tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär, pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylýar.

Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, durmuş-medeni maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynda ýaz möwsüminiň, bugdaýa ideg etmekde hem-de gowaça ekişinde bellenilen agrotehniki möhletleri berjaý etmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, ekişde ulanylýan tehnikalaryň doly güýjünde peýdalanylmagyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häzir ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýändigini belläp, gök-bakja önümleriniň mukdaryny artdyrmaga ýardam berýän degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegi hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak we ilatyň saglygyny berkitmek maksady bilen tokaý zolaklarynyň çäklerini giňeltmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtap, olaryň bellenilen möhletde we ýokary hil derejesinde tamamlanmalydygyna ünsi çekdi.

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyz maliýe-ykdysadyýet, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk toplumlaryna, söwda we dokma senagaty, medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlaryna ýolbaşçylary bellemek meselelerine garady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, täze bellenen ministrlere we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi hem-de olaryň alyp barjak işleriniň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermelidigini nygtady.

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine general-leýtenant B.Gündogdyýewi, Baş prokuror wezipesine ýustisiýanyň üçünji derejeli geňeşçisi B.Atdaýewi, içeri işler ministri wezipesine polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowy, milli howpsuzlyk ministri wezipesine polkownik G.Annaýewi, Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine polkownik Ý.Nuryýewi, adalat ministri wezipesine ýustisiýanyň uly geňeşçisi M.Taganowy, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine polkownik M.Hudaýkulyýewi, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine polkownik N.Atagaraýewi belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Ussanepesowa ýüzlenip, kazyýet ulgamynyň häkimiýetiň bir şahasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oňa wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümini hem-de Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklady.

Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen, goldanylan, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminiň guramaçylyk meselesine hem seretmegi makul hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini ýapmak baradaky çözgüde gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmaga, harby bölümlerde harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrmak üçin döwrebap harby şäherçeleri we harby bölümleri gurmak hem-de abatlamak işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidigine üns çekildi. Goşunlarda 2022-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan ähli okuw sapaklaryny, taktiki türgenleşikleri, meýdan we deňiz tälimlerini hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen welosipedli ýörişiň başlanýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň öňünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Şu welosipedli ýörişe ýaş türgenler — Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalar hem gatnaşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren welosipedlerini başarjaňlyk bilen dolandyrdylar.

Paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollarynda welosipedli ýörişiň geçýän ugry boýunça döredijilik toparlarynyň ruhubelent çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýol ugruna hormatly Prezidentimiz Aşgabady abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge egindeşleriniň ünsüni çekip, şäher düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, arassaçylygy saklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň merkezinde, Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şol gün paýtagtymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy.

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde edilen işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri şol döwürde amala aşyrylan toplumlaýyn çäreleriň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün edendigini subut etdi.

Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, önümiň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy.

Bölek söwdada haryt dolanyşygy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy.

Daşarky söwdanyň möçberi şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, eksportyň we importyň artdyrylmagynyň hasabyna 40,9 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haklary geçen ýylyň degişli döwründäkä görä, 10,4 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň Üçtaraplaýyn duşuşygy, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI Sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy bar.

Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Balkan welaýatynda geçirilýändigi nazara alnyp, dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenbaşy şäherinde gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň gurluşygy doly tamamlandy we toplumyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa 10 göterim ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti kemala gelýär.

Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hususy pudagy ösdürmegi goldamak, ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçilerimizi giňden çekmek syýasatynyň amala aşyrylýandygyny belledi.

Berkarar döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek hem dowam edýär. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek möhümdir. Mundan başga-da dürli ýyllarda kabul edilen ähli pudak maksatnamalary seljerilip, bu maksatnama gabat getirilmelidir.

Esasy baýramlarymyz bolan Konstitusiýamyzyň ýubileýine hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlary mynasybetli göz öňünde tutulan çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmek öňümizdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän mukdaryny artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberlerini artdyrmak boýunça syýasat dowam etdiriler.

Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri-de alyp barmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şonuň ýaly-da pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmagyň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmegiň, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan nebitgaz hem-de oba hojalyk işlerini döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz hem-de oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçileriniň wezipelerini girizmek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisini wezipä belläp, degişli Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşini we onuň üsti bilen Russiýanyň dostlukly halkyny şanly sene — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, şu ýyllaryň dowamynda hakyky dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly döwletara gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerim bilen netijeli ösdürilendigini nygtady.

Taraplar telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň depginli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Aşgabada meýilleşdirilen saparynyň ähmiýetini nygtap, öňdäki boljak pikir alyşmalaryň hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi boljakdygyna ynam bildirdi we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň aýratyn ornuny belledi.

9-njy aprelde döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň wise-premýeri hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika toplumlary, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk hem-de birnäçe beýleki ileri tutulýan ulgamlar bilen birlikde esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi. Oňa döwlet düzümleriniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, oba hojalygy we birnäçe beýleki pudaklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda rus kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň esasyny asylly ýörelgeleriň düzýändigini hem-de by syýasatyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegi üçin berk binýady döredýändigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow