Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar
Çap edildi 29.03.2022
2890

Geçen hepdäniň wakalarynda ýurdumyzyň açyklyk hem-de beýleki halklaryň bähbitlerine hormat goýmak syýasatynyň parahatçylyk döredijilikli işjeň ornunyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik üstünlikleri bilen berkidilen milli, ruhy baýlygymyzyň üýtgewsiz we müdimi gymmatlyklary öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýratyn şatlyk we ruhubelentlik bilen bellenilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar munuň aýdyň subutnamasy boldy. “Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen, özünde beýik ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we özboluşly däp-dessurlary jemleýän Nowruz baýramy medeniýetleriň müňýyllyklaryň dowamyndaky gatnaşyklarynyň ajaýyp nusgasy bolup, onda gadymy dessurlar we maşgala däpleri, aýdym-saz mirasy häzirki zaman sungaty bilen sazlaşykly utgaşýar.

Şol günki esasy dabaralar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Bu ýerde milli dessurlaryň we özboluşly ýörelgeleriň bitewi sazlaşygyny döreden ertekilerdäki şäheriň keşbi janlandyryldy. Hatara düzülen ak öýler, haly düşelen sekiler, bereketli gazanlar, şowhunly aýdym-sazlar, şüweleňler şol günki baýrama özboluşly öwüşgin çaýdy. Nowruz baýramynyň hormatyna guralan toýda älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam etdi. Hatlarda bellenilişi ýaly, giň bäsdeşlik hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçen Prezident saýlawlary ýurdumyzyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyryp, halkymyzyň agzybirlik hem-de jebislik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze ýaşaýyş toplumynyň dolandyryş binasynda döredilen Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýinde döwlet Baştutanymyz öz atasyny, içeri işler edaralarynyň hormatly weteranyny sarpalady. Bu muzeý 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda açyldy. Onda arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda harby atlar baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet sylaglary, suratlar jemlenipdir. Şeýle hem muzeýde hormatly Prezidentimiziň atasynyň içeri işler edaralarynda işlän wagtynda ulanan awtoulaglarynyň we motosikliniň suratlary, aýratyn diwarlykda bolsa Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ene-atasy bilen düşen, maşgala arhiwinden alnan suratlar, Mälikguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik işi barada gürrüň berýän suratlar ýerleşdirilipdir, onuň goşgularyna bu ýerde aýratyn orun berlipdir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň atasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, “Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanyldy. Ol 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde dowam etdi hem-de beýik watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilýän türkmen esgerleriniň ýaş nesli üçin görelde boldy.

...Döwlet Baştutanymyz täze jaýlaryň birine baranda, halkymyzyň, her bir raýatyň rowaçlygy baradaky aladanyň häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy ugrudygyny belledi.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň abadanlaşdyrylan ýerlerinde pälwanlaryň göreşi, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gatnaşmagynda milli oýunlar, Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky degişli merkezlerde hem-de toplumlarda ýetişdirilýän bedewlerdir alabaýlar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki kömekçi hojalyklarynda öndürilýän önümleriň sergisi bilen tanşyp, kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirip, onuň dowamynda “Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň okgunly ösüşini, raýatlarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmegine wise-premýerleriň ünsüni çekdi. Bu wezipeler “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bank ulgamynyň maýa goýum gorlaryny artdyrmalydygy, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmelidigi, halkara maliýe düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmelidigi nygtaldy.

Ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň konsepsiýasynyň döredilmegi bilim ulgamynyň öňündäki ileri tutulýan wezipe hökmünde bellenildi.

Ilaty medeni gymmatlyklar bilen has giňden tanyşdyrmak, şahsyýeti ruhy we ahlak taýdan ösdürmek, durmuş hem-de ykdysady özgertmelerde medeniýetiň ornuny güýçlendirmek üçin şertleri döretmek täze Hökümetiň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirmek, “Galkynyş” gaz känini we beýleki geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek nebitgaz pudagynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.

Oba hojalyk ulgamynyň işi ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna öndürilýän esasy oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden ornaşdyrmaga hem-de suwdan rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Aşgabat-sitiniň gurluşygy boýunça işleri dowam etdirmek hem-de türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan we ösen şäherleriniň birine öwürmek wajypdyr.

Ýurdumyzyň senagat toplumynyň öňünde ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek wezipesi goýuldy. Munuň üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, bilelikdäki kärhanalary açmak, elektron senagatyny ösdürmek, dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak zerurdyr.

Eksportuň mukdaryny artdyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini goldamak, Döwlet haryt çig-mal biržasynyň maglumat-marketing işini güýçlendirmek söwda hem-de telekeçilik ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr.

Demir ýollary we howa menzillerini dünýä ölçeglerine laýyklykda gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, Jebel şäherçesindäki howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak ulag-aragatnaşyk toplumynyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmegi halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaga, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmäge, diňe bir ykdysady, syýasy taýdan däl, eýsem, ruhy we döredijilik kuwwatyna eýe bolan ýurduň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan etdi.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ýakyn ýyllar üçin Konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna üns çekildi. Abraýly sebit we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu Konsepsiýanyň ileri tutulýan ugrudyr.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi barada habar berildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 döwlet çykyş etdi.

Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň bu mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy.

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmen döwletiniň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini hem-de Türkiýä hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, sebit we halkara syýasatyň möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş hökmünde garaýandygyny nygtap, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi.

23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatynyň daýhanlary, Ministrler Kabinetiniň 10-njy martdaky mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine girişdiler. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişiniň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegine, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegine, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, ýer hem-de suw serişdelerinden rejeli peýdalanylmagyna, ösümlikleriň zyýankeşlerden we haşal otlardan goralmagyna bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans toparlary zähmetkeş babadaýhanlar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan hem-de halkymyzyň ruhy kuwwatyny pugtalandyrmaga, uzak möhletleýin özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň öňdengörüjiliklidigini we netijelidigini subut etdi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow