Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.
Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa mährem enelere bolan oňyn gatnaşyklaryny özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar. Öý-ojaklaryň sütüni, paýhasly maslahatçy we wepaly ýoldaş hökmünde gelin-gyzlara hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asylly däbi bolup durýar. Zenanlar islendik pursatda erkekler bilen deň hatarda durýandyr, olar häzirki parahatçylyk we abadançylyk eýýamynyň ruhlandyryjy güýjüdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmenler enelere mukaddeslik hökmünde sarpa goýmagy ynsanlyk borjy hasaplapdyr. Bu asylly ýörelge bagtyýar nesilleriň üsti bilen mynasyp derejede dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zenanlar hakdaky alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gender deňliginiň ýeten derejesi ýurdumyzda demokratiýanyň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Bu bolsa ynsanperwerlik we deňhukuklylyk ýörelgelerine ygrarly, ösen, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň özenidir.
Gender syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň ýörelgesine halkara derejede, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň düzümlerinde giň goldaw berilýär. Ýurdumyz BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen 2008-nji ýylda “Ene mähri” diýen hormatly adyň döredilmegi we sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren eneleriň bu derejä mynasyp bolmagy döwletimiziň köp çagaly enelere aýratyn üns we goldaw berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna ýokary jemgyýetçilik derejesiniň berilýändigini aňladýar.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda ähli aýal-gyzlara, edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, talyp we okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hem-de olara täze, döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
8-nji mart baýramynda enelere, zenanlara, gelin-gyzlara hoşniýetli sözler, mähirli gutlaglar aýdylýar, sungatyň ajaýyp öwüşginleriniň üsti bilen baýramçylyk çäresi dabaralandyrylýar. Gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen döwlet derejesindäki baýramçylyk konserti zenanlara bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Konserte mährem eneler, önümçiligiň öňdebaryjy zenanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we dürli pudaklarda işleýän gelin-gyzlar, “Ýylyň zenany” diýen hormatly ada mynasyp bolanlar we beýleki döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijileri, «Ene mähri” diýen hormatly ady alan köp çagaly eneler, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.
Köşgüň sahnasynda guralan konsertde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, meşhur tans we folklor toparlary, bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary we ýaşajyk artistler özleriniň ajaýyp çykyşlaryny, sungat eserlerini mähriban gelin-gyzlara, olaryň bagtyýar durmuşyna bagyşladylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde milli sazlar, nusgawy aýdymlar, zenan bagtyýarlygyna, wepadarlygyna, ene söýgüsine we yhlasyna bagyşlanan häzirki zaman hem-de halk aýdymlary ýaňlanyp, olar häzirki döwürde topragyň bahar howasy bilen janlanýan pursatlarynda emele gelen gözelligiň nusgasy hasaplanylýan gelin-gyzlaryň waspyny ýetirýän sena öwrüldi.
Baýramçylyk konsertindäki çykyşlar mähriban, hoşniýetli, paýhasly, ýokary adamkärçilikli we hemmeler tarapyndan uly hormat goýulýan eneleriň waspyny ýetirdi.
Konsertiň başynda “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly edebi-sazly kompozisiýany paýtagtymyzyň birleşen döredijilik toparlary we teatr artistleri meşhur aýdymçylar bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Munuň özi enelere goýulýan hormatyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitaby esasynda taýýarlanylan bu kompozisiýa türkmen zenanlarynyň gözelliginiň, mähribanlygynyň, wepadarlygynyň we eneleriň nesillere bolan buýsanç duýgularynyň waspyny ýetirdi. Artistleriň çykyşlarynda milli Liderimiziň alyp barýan oňyn syýasatynyň netijesinde parahatçylygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen ýurdumyzda zenanlara bildirilýän hormat, mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgulary öz beýanyny tapdy.
“Mukam” skripkaçylar topary ajaýyp saz eserleri bilen konserte gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
“Birdir dünýä eneleriniň ýüregi” atly sazly kompozisiýa türkmen we daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilip, bu çykyş “Şowhun” çagalar toparynyň joşgunly tanslary bilen utgaşdy. Çykyşda ýaş nesilleriň enelere bolan mähirli garaýşy, söýgüsi öz beýanyny tapdy.
Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasynda ruhubelentlik duýgularyna beslenen çykyşlara möhüm orun berildi. Artistler özleriniň ajaýyp döredijilikleriniň üsti bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde yhlasly zähmet çekýän, çaga terbiýeleýän ynsanperwer eneleriň arzuwlarynyň amala aşýan ýurdunda alnyp barylýan beýik işleriň waspyny ýetirdiler.
Köşgüň ajaýyp sahnasynda meşhur sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň we belli estradaçylaryň çykyşlary utgaşyp, bir bitewi sazlaşygy emele getirdi.
Konsertiň dowamynda şorta söz ussatlary çykyş edip, özleriniň gülküli sahnalary bilen gelin-gyzlaryň şatlyklaryny has-da artdyrdylar.
“Ýöreýşi messan, waspy müň dessan” ady bilen ýaýbaňlandyrylan halk döredijiliginden parçalar ýörite guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Ony ýurdumyzyň bagşy-sazandalary “Serpaý” folklor toparynyň agzalary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.
Türkmen milli sungatynda gelin-gyzlaryň keşbine möhüm ähmiýet berilýär. Ol parahatçylyga, belent ruhuň çeşmesine bolan oňyn gatnaşygy, hormaty aňladýar. Gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň şahyrlary, ýazyjylary, sazandalary we suratkeşleri gelin-gyzlaryň gözelligini Aýa, Güne, ajaýyp güllere deňäpdirler, zenan gözleriniň waspyny ýetiripdirler, yşk mülküniň şasy hökmünde ykrar edilen nusgawy şahyr Mollanepesiň sözlerine döredilen “Leýli” atly ajaýyp çykyşy ýerine ýetiren artistleriň bilelikdäki aýdymy “Näzli” döwlet tans toparynyň çykyşlary bilen utgaşyp, ýatda galyjy pursatlara beslendi.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda döwürleriň arabaglanyşygy, milli dessurlaryň we häzirki zaman döredijiliginiň özboluşly ugurlarynyň sazlaşygy öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň aýdymçylarynyň we folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Küştdepdi” aýdymly tansy konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen utgaşdy. Munuň özi mähriban Watanymyzyň sahawatly topragyny ýyladýan bahar paslynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanyna öwrüldi.
“Arkadagdan sarpaly siz, zenanlar!” atly ajaýyp aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesi bolup ýaňlandy. Onda Garaşsyz Diýarymyza bolan buýsanç duýgulary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işlere bolan guwanç öz beýanyny tapdy.
Şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli taýýarlanylan baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sahnalarynda, konsert meýdançalarynda aýdym-sazly çykyşlara beslenip, giňden ýaýbaňlandyrylýar.