Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda oba hojalygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, azyk önümleriniň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýerlerde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudaklaýyn ylmy, tohumçylygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarydyr diýip nygtady. Obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna we welaýatyň häkimlerine dänelik ekinler we gowaça ekmek üçin bölünip berilýän ýerleriň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilik taslamalaryna maýa goýum serişdelerini çekmek we munuň üçin zerur bolan ýer böleklerini bermek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Türkmenistanda obasenagat toplumyna goldaw bermegiň bir bitewi ulgamynyň döredilendigini bellemeli. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň we oňa hyzmat edýän pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünlerini öndürýän önümçilikleriň gurluşygyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri onuň esasy ugry bolup durýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda gallaçy kärendeçiler Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki döwürde güýzlük däne ekişine taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl 690 müň gektara ak bugdaý ekiler.
Oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymy barha golaýlaýar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 620 müň gektara gowaça ekildi. Jemi 1 million 250 müň tonna “ak altyn” tabşyrmak meýilleşdirildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň tonna, Balkan welaýatynda 10 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 275 müň tonna, Lebap welaýatynda 320 müň tonna, Mary welaýatynda bolsa 365 müň tonna pagta hasyly öndüriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, obasenagat toplumynyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýlelikde, ýokary öndürijilikli traktorlar, kombaýnlar, ekskawatorlar, ýer tekizleýjiler we ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden täze görnüşdäki tehnikalar we enjamlar gelip gowuşýar.
Häzirki döwürde pudagy tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasynda täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Hususan-da, ABŞ-nyň “John Deere”, Germaniýanyň “Claas” ýaly ýokary öndürijilikli ýörite tehnikalary ýurdumyz tarapyndan 2013 — 2019-njy ýyllarda satyn alnyp, olar tapgyrlaýyn esasda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylar.
Oba hojalyk ekinleriniň kesellerine we zyýan berijilerine garşy göreş, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçilik bol hasylyň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň alym agronomlaryna, degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda hereket edýän ylmy-barlag merkezleriniň işgärlerine möhüm orun degişlidir. Olar tohumçylyk işini alyp barýarlar we ekerançylygy agrotehniki kadalara laýyklykda özleşdirmegi kämilleşdirýärler.
Şu ýylky möwsümde ýurdumyzyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şunlukda, dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 100 tonnadan gowragy taýýarlanyldy we döwlete tabşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik halk senetkärçiliginiň gadymy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur boýunça ussatlar asyrlaryň dowamynda ýüpekçiligiň milli däplerini nesilden-nesle geçirip, arassa ýüpekden ajaýyp matalary we halylary dokamagyň inçe syrlaryny biziň günlerimize ýetiripdirler.
Häzirki döwürde tut ekilýän ýerleriň meýdanlary giňeldilýär. Olaryň agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda ekilýän hatarlary ekin meýdanlarynyň epgekden goraglylygyny şertlendirýär. Şeýle hem tut nahallary suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidip, ol ýerleriň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny şertlendirýär.
Oba zähmetkeşleriniň pile taýýarlamak işini gowaça we bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda alyp barýandyklaryny bellemeli. Ýüpek gurçuklarynyň tohumlary ony saklamaga höwes bildirýänlere mugt berilýär. Şeýle hem olar tut ýapraklary üçin töleg tölemeýärler.
Oba hojalygyny köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, anyk işler amala aşyrylýar. Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk işjeň ösdürilýär. Bal arylaryny saklamak we beýleki ugurlar boýunça iş salyşýanlaryň sany artýar.
Toplumda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri barha işjeň gatnaşýarlar. Olar bu ugurda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimde ösdürilýän ýyladyşhana hojalyklary geljegi uly ugur hökmünde kesgitlendi.
Obasenagat toplumynyň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri tarapyndan gurlan, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze desgalary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgadyna öwrüldi.
Şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynyň çäginde “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem milli Liderimiz sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynyň çäginde, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gurlan täze ýyladyşhana hojalyklarynyň bäşisiniň işine ak pata berdi.
Umumy eýeleýän meýdany 35 gektara barabar bolan ýyladyşhanalar her ýylda 8 müň 750 tonna gök önüm öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde ýyladyşhana hojalygynyň iň kämil tejribesi, häzirki zaman usullary we täzeçil tehnologiýalar ulanylyp, gök ekinleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Aýratyn-da, ýokary hile eýe bolan pomidorlaryň önümçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary ýyladyşhanalarda degişli agrotehniki işleri awtomatik usulda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Ähli tehnologik işler, şol sanda degişli howany, ýagtylygy, çyglylygy saklamak, topragy zerur serişdeler bilen iýmitlendirmek, suw tygşytlaýjy enjamlar arkaly suwaryş işleri kompýuter programmalarynyň kömegi arkaly gözegçilikde saklanýar. Bu bolsa gektaryň hasyllylygynyň artmagyny we ýokary hilli gök önümleriň zerur bolan möçberlerini ýylyň dowamynda öndürmek üçin zerur şertleri üpjün edýär. Hasyly degişli derejede saklamak üçin sowadyjy enjamlary bolan ammarlar göz öňünde tutuldy.
Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, şeýle hem daýhan birleşiklerine we oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere, hususyýetçilere ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi obasenagat işewürliginiň netijeliliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maldarçylyk hojalyklaryny tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak, olaryň desgalaryny, iri şahly mallary, dowarlary, düýeleri we guşlary hususyýetçilige bermek işi tapgyrlaýyn esasda dowam edýär.
Garagum derýasynyň suwuny ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryna akdyrmak üçin niýetlenen Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde täze suw howdanynyň gurulmagy şu ýylyň ähmiýetli wakalarynyň biri bolup durýar. Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň guran bu desgasynyň göwrümi 18 million kub metr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba senagatynyň sazlaşykly ösüşiniň, pagtadan, bugdaýdan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagynyň möhüm şertini emele getirýän wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda anyk ädime öwrüldi.
Gurak zolakda ýerleşýän Türkmenistan suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ägirt uly tejribe toplap, bu ugurda zerur bolan ylmy barlaglary alyp barmakda öňdäki hatarlary eýeleýär we suw serişdelerine aýawly çemeleşmäge beýleki döwletleriň gatnaşyklarynyň wajypdygyny belleýär.
Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa ähli sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalyk we gurakçylyk bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär. Möçberleri boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslamanyň tutuş Merkezi Aziýa üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba we suw hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, Aral deňzi bilen bagly meseleleri çözmek we bu zolakda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda öňe sürýän işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döredildi hem-de Aral boýunça milli maksatnamanyň konsepsiýasy tassyklanyldy.
Konsepsiýada Aral sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça milli derejede geçiriljek çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi. Ol oňaýly ýaşaýyş üçin amatly şertleri döretmek, suw serişdelerini dolandyrmagyň we peýdalanmagyň ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny emele getirmek, biologik dürlüligi saklamak ýaly möhüm wezipeleri öz içine alýar. Aral sebitinde ykdysady taýdan amatly şertleri ýokarlandyrmak, ýörite senagat zolaklaryny döretmek, oba hojalygyny ösdürmek we ýerden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutulýar.
Milli tokaý maksatnamasyna döwletimiziň tebigaty goraýyş syýasatynda möhüm orun degişlidir. Onuň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Ýazky we güýzki köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk çärelerini guramak asylly däbe öwrüldi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aňyrsy-bärsi görünmeýän tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň we miweli bag nahallarynyň zolaklary köpýyllyk işiň anyk netijeleridir. Her bir şäheriň we ilatly ýerleriň töwereklerinde täze tokaý zolaklary döredilýär. Aşgabadyň çar künjünde, aýratyn-da, Köpetdagyň eteklerinde gök zolaklar yzygiderli döredilýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli, şu ýylyň dowamynda tutuş ýurdumyzda saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň, üzümleriň 30 milliony ekiler. Bu asylly çärä ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleri işjeň gatnaşýarlar.
Şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Bu resminama ýurdumyzyň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara alyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny mundan beýläk-de giňeltmegi, tokaý gaznasynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny, şeýle hem Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini ugur edinýär.
Şol bir wagtyň özünde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi diňe bir önümçilik maksatly däl, eýsem, durmuş maksatly işleriň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
Halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, medeniýet merkezleriniň, inženerçilik düzümlerine degişli desgalaryň gurulmagy, lukmançylyk hyzmatlarynyň, bilimiň, oba ilatynyň durmuşynyň hil taýdan ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýärler. Şeýlelikde, oba ýerleriniň durmuş şertleri şäher mümkinçiliklerine barha ýakynlaşýar.
Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda obasenagat toplumynda täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň içerki bazarlaryny özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek we pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.