Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi.
Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde öz eserlerinde Watanyny wasp eden akyldar şahyryň şygyr ussatlygyna we raýat edermenligine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül goýmak dabarasy boldy.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda bu umumymilli baýramçylyk dabaralary aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň ady bütin dünýä bellidir. Onuň öçmejek eserleri bolsa dürli dillere neşir edilýär. Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwürleriň meşhur edebiýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär, onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Türkmen halky beýik şahyra aýratyn sarpa goýýar hem-de bu goşa baýramy her ýyl dabaraly ýagdaýda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly bellenilmeginiň uly manysy bardyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halky halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Bu gün şahyryň döredijiligine sarpa goýýan köp sanly adamlar Aşgabadyň beýik şahyryň heýkeli seleňläp oturan gözel künjegine ýygnandylar. Ilki bilen, ýadygärligiň etegine halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy — Magtymguly Pyragynyň zehinine hem-de edebi mirasyna belent sarpanyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül dessesi goýulýar. Soňra ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gül desselerini goýýarlar.
Magtymgulynyň ýadygärliginiň töwereginde emele gelen ajaýyp halyny ýatladýan gül desseleri türkmeniň beýik ogluna halkyň söýgüsiniň we belent sarpasynyň, şeýle hem öz eserleri bilen türkmenistanlylaryň dürli nesillerini jebisleşdiren şahyra çuňňur hoşallygyň beýanydyr.
Ençeme asyrlardan soňra hem Magtymgulynyň öz döredijiliginde beýan eden beýik taglymlary, onuň Watanyna bolan çäksiz buýsanjy Türkmenistanda ýaşaýan adamlar üçin hem, beýleki döwletlerde ýaşaýan raýatlar üçin hem ýakyndyr we düşnüklidir. Beýik zehin üçin serhet ýokdur, ol döwre we aradaşlyklara garamazdan, ynsan kalbyny tolgundyrmaga ukyplydyr. Bu ajaýyp baýramçylygyň kalplary ýagtylandyrýan öwüşginleri ajaýyp Watanymyzyň durmuşyny baýlaşdyrýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýar.
“Kalba ynam, köňle ylham berýär medeniýet” diýen şygar bilen ýaýbaňlanan köpöwüşginli çykyşlara belli türkmen artistleri, estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Köp sanly tomaşaçylar çykyşlary joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, olaryň her birinde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary çeper beýanyny tapdy. Konsert maksatnamasynda gadymy dessanlar we häzirki zaman aýdymlary, paýtagtymyzyň tans toparlarynyň çykyşlary sazlaşykly utgaşdy.
Magtymgulynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlandy, gadymdan bäri türkmenleriň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrüldi.
Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary geçirildi. Dabaralaryň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary guraldy.