Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV Halkara maslahat
Ykdysadyýet
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV Halkara maslahat
Çap edildi 28.10.2020
4247

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV halkara maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bu maslahatyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda geçirilýän energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek diňe bir däp bolan çäklerde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlarça ýurtlara onlaýn görnüşde ýaýradylýar. Dünýäde halkara gatnawlara çäklendirmeleriň girizilmegi sebäpli daşary ýurtly wekilleriň köp sanlysy möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşýarlar. Öňki forumlara seredeniňde, bu ýyl olaryň sany artdy. Spikerleriň wekilçilik derejesi hem täsirli boldy, olaryň hatarynda uglewodorodlaryň bazarynda täsirli orun eýeleýän belli korporasiýalaryň ýolbaşçylary bar. Şu gezekki maslahatda 30-dan gowrak döwletden iri kompaniýalaryň 100-den gowragy hasaba alyndy. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler toparlary üçin maýa goýum babatyndaky özüne çekijiliginden habar berýär. Oňa hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň iri nebitgaz, hyzmat ediş we maslahat beriş kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar. Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» forumynyň dabaraly açylyşy boldy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. «Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini bu ugurda geçirilýän möhüm işler hökmünde görkezmek bolar» diýlip, Gutlagda aýdylýar. Umumy mejlis Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanyldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi bu diplomatiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir, bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Çykyşlarda ykdysadyýetiň iri pudagy bolan nebitgaz senagatyna eziz Diýarymyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny giňeltmek boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ornuň degişlidigi bellenildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatynda uly ýol geçdi. Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu iri dünýä döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, täze iri energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir. Häzir täze energetika magistralynyň 214 kilometrlik türkmen böleginde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kub metr gaz geçirmäge barabar bolup, umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre deňdir. «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň wekilleri we beýlekiler TOPH taslamasynyň ilerledilmeginde gazanylan uly öňegidişlikleri hem-de onuň Owganystany parahatçylykly ýol bilen galkyndyrmak, bu ýurduň durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmek babatyndaky ägirt uly ähmiýetini bellediler. Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna berlen baha bilen, tassyklanyldy. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen, Türkmenistan mawy ýangyjyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny ynamly eýeläp, Aziýanyň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi. Bu gaz ýatagynyň senagat taýdan özleşdirilmegine girişilmegi gaz pudagynda amala aşyrylýan iň iri möçberli taslamalaryň birine öwrüldi. Bu ýerde önümçilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlaryň üçüsi işe girizildi. «Galkynyş» gaz känini abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Hytaý Halk Respublikasy häzirki döwürde türkmen tebigy gazynyň iň iri alyjysy bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry (A, В we С) boýunça ýylda 40 milliard kub metre golaý gaz iberilýär. Şunuň bilen birlikde, magistralyň çig mal binýady berkidilýär. Bu häzirki wagtda gaz geçirijiniň gurluşygy anyk netijelere gönükdirilen uzak möhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Geljekde türkmen tebigy gazynyň HHR-e iberilýän mukdary ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrylar. Mundan başga-da, Orta Aziýa — Merkez turba geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna gaz iberilýär, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy günorta ugry boýunça eksport etmek üçin tehniki şertler we serişde binýady bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary goşulan bahaly dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän nebiti hem-de tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary kemala getirmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Muňa 2018-nji ýylda Gyýanlyda polimer zawodynyň işe girizilmegini mysal getirmek bolar. Polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini çykarmaga ýöriteleşdirilen bu döwrebap gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» hem-de «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda guruldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi uly waka boldy. 2019-njy ýylyň iýunynda geçirilen bu gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Kärhana «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary esasynda guruldy. Ähli görkezijileri boýunça täsin kärhananyň esasy önümi iň ýokary ekologiýa talaplaryna gabat gelýän ECO-93 görnüşli benzindir. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtda ýene-de iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda polipropileni, pes dykyzlykly polietileni, poliwinilhloridi, kaustik sodany, duz kislotasyny we suwuk hlory öndürmek boýunça zawodyň hem-de metildietanominiň, poliwinilasetatyň, butadien-sitrolyň we polistirolyň önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklary bar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzir türkmen nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasynyň durkunyň abatlanylmagy we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, onuň paýyna ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi düşýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň sentýabrynda TNGIZT-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda taslama kuwwatlylygy 70 megawat/sagat bolan gazturbinaly elektrostansiýalaryň täze energiýa toplumlarynyň ikisiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň we foruma beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlarynda global ykdysadyýetiň ornunyň pugtalandyrylmagy dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydygy aýratyn bellenildi. Gymmat bolmadyk, ygtybarly, häzirki zaman energetika çeşmeleriniň elýeterliligi ähli ýurtlaryň okgunly ösmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda Gün tertibine» laýyklykda edilýän tagallalar üçünji müňýyllygyň bu maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda hem-de beýleki halkara forumlarda bu meseleler boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesini ençeme gezek beýan etdi. Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň doly goldawyna eýe bolup, BMG tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnamalary bilen berkidildi. Bu başlangyçlaryň esasynda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň teklibi taýýarlanyldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy energetiki serişdeleriň söwdasy hem-de döwletara gaz geçirijiler we nebit geçirijiler, elektrik geçiriji ulgamlar arkaly olaryň üstaşyr iberilmegi bilen baglanyşykly çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de hukuk meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen ýeke-täk köptaraply ylalaşyk bolup durýar. Bu resminama 50-den gowrak döwlet, şol sanda Türkmenistan, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we beýlekiler gol çekdi. Şonuň bilen birlikde, dünýäde 90-njy ýyllarda işlenilip taýýarlanylan Şertnamany döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny gün tertibine çykaran uly özgerişmeler bolup geçdi. Noýabr aýynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty bilen wideomaslahat görnüşinde geçirilýän şunuň bilen baglanyşykly gepleşikleriň üçünji tapgyry bolar. Gepleşikleriň çäklerinde giň gerimli meseleler, şol sanda halkara maýa goýum tertibini döretmekde Energetika Hartiýasynyň degişli Şertnamasynyň orny, täze üstaşyr serhetüsti energetika düzümine maýa goýmagyň aýratynlyklary, ýurtlaryň hem-de energetika taslamalaryna gatnaşýan döwletleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk we täjirçilik ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Daşky gurşawy goramak hem möhüm ugurdyr. Täze Şertnama Energetika Hartiýasyna gatnaşyjylaryň ählisiniň BMG-niň 2020-nji ýyldan başlap atmosferadaky kömürturşy gazyny azaltmak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýanyň çäklerinde Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalary öz üstüne alandyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Forumyň işi mejlisler arkaly dowam etdi. Şolaryň dowamynda energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ösüşiniň ählumumy ugurlary, COVID-19 pandemiýasyndan soň energetika dünýäsinde tebigy gazyň eýeleýän orny seljerildi. Bilermenleriň pikirine görä, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaý sebäpli, energiýa serişdelerine bolan islegiň pese gaçmagynda gaz pudagy nebit pudagyna garanyňda, az zyýan çekdi. Geljek barada aýdylanda bolsa, pandemiýa iru-giç tamamlanar, ykdysadyýeti bolsa barybir ýangyç-energetika toplumynyň kömegi arkaly dikeltmeli bolar. Kömürturşy gazynyň atmosfera goýberilmeginiň azaldylmagy, degişlilikde, tebigy gaza islegiň artmagy dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meýilleri bilen baglylykda, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň uzak möhletleýin baş ugry bolup durýar. Ozal hem belli bolşy ýaly, Hytaýda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlarynda tebigy gazyň sarp edilişiniň ýokary depgini çaklanylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýalar, ilki bilen, ýel we Gün energiýalary hem öz işjeň ösüşine eýe bolar. Nebitgaz işewürliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullarynyň biri hem innowasion tehnologiýalary, giňden sanlylaşdyrmagy pudaga ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny şu ugra gönükdirýär. Ertir, 29-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly halkara maslahat öz işini dowam eder. Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz we nebithimiýa pudaklarynyň täze maýa goýum mümkinçilikleri hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary öz işleri bilen tanyşdyrarlar. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm ýolbaşçylarynyň öz hyzmatdaşlary bilen bu pudakdaky özara hyzmatdaşlygyň baş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaklary üçin onlaýn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow