Baş sahypa
\
Adalatçynyň maglumaty
\
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Adalatçynyň maglumaty
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Çap edildi 27.08.2025
45

I bap.

Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň
hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy.

 

II bap.

Raýatlyk we syýasy hukuklar.

III bap.

Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar. 

 

IV bap.

Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme. 

 

V bap.

Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri. 

 

VI bap.

Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi.

 

VII bap.

Halkara hyzmatdaşlygy.

 

VIII bap.

Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri.

 

IХ bap.

Netije.


Türkmenistanyň Esasy Kanuny - Konstitusiýanyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar» diýlip berkidilen kanuny kadalar Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň - Adalatçynyň işiniň esasy ýörelgesi bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryň astynda geçen 2024-nji ýylda Adalatçy tarapyndan öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin amala aşyrylan işlere hem-de adam hukuklary babatda ýurdymyzdaky ýagdaýa bagyşlanyp şu Maglumat taýýarlanyldy.

Maglumatda, Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegi üçin döredilen şertlere, adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilişine, raýatlaryň ýüztutmalary boýunça alnyp barylan işlere, barlaglarda ýüze çykarylan kemçiliklere we kanun bozulmalara syn berildi. Şeýle hem, Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklarda hem-de ýurtda adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmakda alyp baran işleri beýan edildi.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda bu Maglumat Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine berilýär. Adalatçy şu Maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edilýär.

Maglumat köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Adalatçynyň Diwanynyň internet web-saýtynda (ombudsman.gov.tm) çap edilip, halk köpçüligine tanyşmak üçin mümkinçilik dörediler.


I bap. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy


«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda ýurdumyzda adamyň we raýatyň abadan durmuşda asuda ýaşamagy üçin döwlet tarapynadan döredilen şertler has-da artdyryldy. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň deňagramly ösüşiniň gazanylmagy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ilki bilen raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek barada milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, syýasy strategiýalarda degişli wezipeler kisgitlenilip, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi geçen 2024-nji ýylda hem dowam etdirildi. Maglumat döwründe amala aşyrylan dürli ulgamlardaky özgertmeler, adamyň we raýatyň hukuklarynyň goraglylygyna, maliýe-ykdysady, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş we durmuşyň beýleki ugurlarynyň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirdi. Munuň mysallary hökmünde, maglumat ýylynda adam hukuklaryny üpjün etmek we durmuşa geçirmek bilen bagly, «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permanyny, daýhanlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, amatly durmuşyň elýeterliligini, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilen «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda», «Şalynyň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak hakynda», «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryny, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň raýatlary bilen deňhukuklylyklary baradaky konstitusion kepillikleri üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny, «Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyny, halkyň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny üpjün etmek maksadynda «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024-2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» şeýle-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Strategiýasyny», «Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we beýleki namalaryň tassyklanylmagyny bellemek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary we Kararlary bilen tassyklanan bu namalaryň ählisi Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda kepillendirilen, adam we raýat hukuklarynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Şunda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň bellenilýän günleriniň öň ýanynda, has takygy, 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynyň kabul edilmegi aýratyn üns çekilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu namasyna laýyklykda Türkmenistanda ýaşaýan 1 146 raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi bilen döwletimizde raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik döredilip, ýylyň noýabr aýynda döwletimiziň paýtagtynda geçirilen ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatda döwletimiz beýleki ýurtlar üçin mynasyp nusga hökmünde ykrar edildi.

Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmeginiň netijesinde ilatymyzyň hal ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna şert döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky Permany esasynda döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy munuň esasy subutnamasy bolup durýar. Bu Perman bilen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň iň pes möçberiniň degişlilikde 2 070 we 605 manat möçbere ýetirilmegi, ak sakally atalaryň we kümüş saçly eneleriň hal ýagdaýynyň gowylandyrylmagyna döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçiligiň ösdürilmegi, gurluşyk-senagat toplumynda alnyp barylýan uly işler halkyň amatly we bol-elin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin döredilýändigini görkezýär. Bularyň mysaly hökmünde, döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň çäklerinde Tejen-Mary ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanylmaga girizilmegini, gurluşygy dowam edýän Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwy arassalaýjy desgalaryň ulanylmaga girizilimegini görkezmek bolar. Durmuş syýasatynyň netijesinde halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygynyň tassyklaýjy häsiýeti hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylba-ýyl durnukly ösüş depgini hasaba alnyp, halkymyz üçin ýokary hilli amatlyklar döredilýär. Maglumat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek gurlan «akylly» şäheriň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide Arkadag şäheri iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp boldy. Bu şäherde döredilen mümkinçilikler, halkyň amatly ýaşaýyş jaýa, bilim almaga, saglygyny goramaga, arassa daşky gurşawa bolan we beýleki hukuklaryny üpjün edýär. Şeýle-de, maglumat döwründe halkyň ýaşaýyş durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, jemi 767,8 müň m2 möçberde ýaşaýyş jaýlar ulanyşa kabul edildi we raýatlara ýaşamaga berildi. Maglumat ýylynda senagat toplumyna degişli 10 sany, agrosenagat toplumyna degişli 4 sany, 15-den gowrak durmuş-medeni toplumyna degişli desgalaryň gurlyşygynyň alnyp barylmagy we ulanyşa berilmegi raýatlarymyz üçin goşmaça iş ýerlerini üpjün etmek mümkinçiligini döretdi.

Döwletimizde hususy ulgam, ýagny kiçi we orta telekeçiligi goldamak meselesi hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iş alyp barmaklary bilen gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeler gazanýarlar. Maglumat ýylynda desgalaryň gurluşygynda hususy telekeçiligiň orny takmynan 87,84 göterim bolmagy, ýurdumyzyň ykdysady işlerinde kiçi we orta telekeçileriň ornunyň ýylba-ýyl artýandygyny aňladýar. Ykdysadyýetde hususy ulgamyň paýynyň artmagy adamyň diňe bir zähmete bolan hukugynyň üpjün edilmegine ýardam etmän, eýsem ýurdyň syýasy-ykdysady kuwwatynyň artmagy esasynda adamyň durmuş-medeni şertleriniň gowylanmagyna getirýär.

Ýaşlaryň ösmegi, sagdyn durmuşa hem-de bilim almaga bolan konstitusion hukuklary döwletimizde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maglumat döwründe bilim ulgamynda giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaş nesilleri ýetişdirmek, ýaşlarda watansöýüjilik, ahlaklylyk duýgularyny berkitmek maksatlaryň wajyp bolup durmagy bilen halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralary, orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary açylyp, ulanylmaga berildi. Bilim edaralary halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň täze tapgyryna geçdi. Ýagny, 2023-nji ýylyň fewral aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugalymçylyk institutynda Birleşen milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (YUNESKO) kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi bilen geçen ýylyň ýanwar aýynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisinde ýaşlaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary barada bilimlerini artdyrmagyň, döredijilik we gözleg işini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň örän ähmiýetliligini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň birnäçe umumybilim berýän mekdepleriniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriň toruna girizildi. Bu ugurda işleri dowam etdirmek bilen, döwletimiziň beýleki mekdeplerini, has takygy, Arkadag şäheriniň mekdeplerini bu tora girizmek göz öňünde tutulýar.

Raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler hem maglumat ýylynda döwletimiziň aýratyn üns merkezinde boldy. Munuň şeýledigini ilatyň saglygyny goramakda keselleriň öňüni almak, keselleri anyklamak we bejermek, bularda täze öňdebaryjy usullary, tejribeleri we tehnologiýalary saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmak, saglygy goraýyş işgärleri üçin hünärlerini kämilleşdiriş okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi, saglygy goraýyş edaralarynyň täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, täze saglygy goraýyş edara binalaryň gurulyp ulanylmaga berilmegi hem subut edýär. Maglumat döwründe Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň edara binalarynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Aşgabat şäherinde 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň döwrebap binalary açylyp, ulanyşa berildi.

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, döwletimiziň iri halkara we sebitleýin ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülmegi netijesinde maglumat döwründe GDA döwletleriniň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdi bilen ýurdumyzyň paýtagty «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» adyna mynasyp boldy, şeýle-de Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi.

Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşykary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda ykrar edilen we Konstitusiýamyzda berkidilen hemişelik Bitaraplygymyzdan ugur alyp, Türkmenistan ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürýär we berkidýär. Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy bütin dünýä üçin nusgalyk hökmünde çykyş edýär we öňdengörüjilikli, parahatsöýüjiliki, dostlukly we filosofiki başlangyçlar onuň subutnamasy bolup durýar. Muňa «Türkmenistan - Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegini hem subutnama hökmünde görkezip bolar. Şeýle-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä giňişliginde parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi öňe sürmek bilen baglanşykly teklipler bilen çykyş edýän Türkmenistanyň başlangyçlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda goldanylyp, bu halkara guramanyň kararnamalarynyň 30-a golaýynyň esasyna öwrüldi. Maglumat ýylynyň dowamynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda kabul edilen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly kararnamalary hem Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň başlangyçlarynyň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan goldanylýanlygyny görkezýär. Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 68-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň tutuş Ýer ýüzünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Bu hem, ýene bir gezek Türkmenistanyň parahatçylyk esasynda adam hukuklarynyň berjaý edilmegini we goralmagyny içerki we daşary syýasatynyň merkezinde goýýandygyny görkezýär, sebäbi dünýä belli parahatçylyk ugrunda göreşiji Nelson Mandellanyň sözleri bilen aýdylanda «parahatçylyk - diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, ol garyplyga garşy göreşmek, adam hukuklaryny goramak, bilime, saglygy goraýşa we beýleki zerurlyklara adalatly elýeterlilikdir».

Sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, köptaraplaýyn, köpugurly gatnaşyklary giňeltmekde, döwletiň halkara abraýyny pugtalandyrmakda diplomatiýanyň gazananlary we mümkimçilikleri netijeli peýdalanylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan maglumat ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» kararyna laýyklykda döwletimizde we daşary ýurt döwletlerinde meşhur söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getiren baý edebi mirasyny öwrenmek, ony giňden wagyz etmek boýunça giň möçberli işler alnyp baryldy. Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şeherini bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, şol ýyl «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň we medeniýet ministrleri derejesinde «Pahim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly maslahatyň geçirilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini, Türkmenistanyň ählumumy ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde ykrar edilýändigini subut edýär.

Geçen Maglumat ýylynda Adalatçynyň işi, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen ygtyýarlyklaryna, hukuklaryna we borçlaryna laýyklykda, döwletimizde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýerine ýetirilişiniň we berjaý edilişiniň derejesi barada alnan maglumatlara we ýüztutmalara hem-de Adalatçynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan ylalaşyklaryna laýyklykda, Adalatçynyň Diwanynyň işiniň 2024-2028-nji ýyllar üçin strategik meýilnamasyna we Adalatçynyň Diwanynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda alnyp baryldy.

Adalatçynyň adam hukuklaryny üpjün etmekde we goramakda ýardam etmek işleri ýörüte döredilen döwlet toparlaryň çäginde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýagny, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň üç sany mejlisine gatnaşyp, Adalatçy, halkara ähmiýete eýe bolan adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary boýunça öz pikirini beýan etdi. Şol mejlislerde Adalatçynyň Diwanyny pugtalandyrmak we onuň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 2-nji maýyndaky 959-njy karary bilen döredilen, Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Pudagara toparynyň düzüminde, Adalatçy ýylyň dowamynda geçirilen üç mejlisine gatnaşyp, adam söwdasyna garşy göreşmek babatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, resminamalar babatda öz garaşsyz pikirini beýan etdi. Ýeri gelende toparyň çäginde wajyp resminamalaryň, ýagny «Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025-2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň», şeýle-de «Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, kanun taslamanyň taýýarlanylandygyny bellemelidiris. Bu toparyň döredilmegi we onuň çäginde möhüm resminamalaryň taýýarlanylmagy ýurdymyzda raýatlary dünýäniň dürli wehimlerinden goramakda ulgamlaýyn netijeli iş alnyp barylýanlygyny tassyklaýar.

Adalatçynyň Diwanynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan seminarlar, maslahatlar, tegelek stol duşuşyklary geçirildi. Bular barada Maglumatyň VI babynda giňişleýin beýan edilýär.

Adalatçynyň Diwanynyň Milli adam hukuklary edaralarynyň Ählumumy bileleşiginde (GANHRI) akkreditirlenmegi bilen bagly geçirlen işlerde gazanylan üstünlikler beýan edilmäge degişlidir. Bu bileleşik Milli adam hukuklary edaralarynyň utgaşdyryjy edarasy bolup, adam hukuklarynyň goragyny we höweslendirilmegini amala aşyrýan Milli adam hukuklary edaralarynyň hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine, başga-ça aýdylanda Pariž ýörelgelerine laýyk getirilmegine ýardam berýän Ählumumy edara bolup durýar. Bu Ählumumy bileleşikde akkreditirlenmek üçin Adalatçynyň Diwany Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi, Ösüş Maksatnamasy, Aziýa Ýuwaş Umman Forumy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde degişli işleri alyp bardy we 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda widioaragatnaşyk arkaly GANHRI-niň akkreditasiýa boýunça kiçi komiteti bilen gürreňdeşlik geçirdi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanyna «B» hukuk derejesi berildi. Bu hukuk derejesiniň berilmegi Adalatçynyň Diwanynyň, onuň ýurtda adam hukuklaryny goramakda alyp barýan işleriniň, adam hukuklaryny goramakda halkara standartlaryna laýyk gelýändiginiň halkara derejede ykrar edilmegini tassyklaýar. Munuň özi Adalatçynyň Diwanynyň adam hukuklaryny goramak babatdaky işleriniň dünýä giňişligine çykmagynyň ýene-de bir ädimi bolup, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy ugrunda jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle-de halkara parahatçylygy we adam hukuklary babatda Türkmenistan döwletimiziň halkara bileleşiginiň çäklerinde öňe sürýän dünýä bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli syýasatynda öz ornuny tapýar.

Geçen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanynyň institusional mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna täsir eden wakanyň biri hem 2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kararyna laýyklykda Adalatçynyň Diwanynda täze bölümleriň döredilmegi we Diwanyň işgärleriniň sanynyň köpeldilmegi bolup durýar. «Adalatçynyň diwanynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Adalatçynyň Diwanynyň täze gurluşy tassyklandy. Oňa laýyklykda şu günki günde Diwanda 3 sany, ýagny, Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça, Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça, Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümler hereket edýär. Bu bolsa adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny diňe döwlet edaralary bilen gatnaşyklarda däl-de, eýsem hususy ulgam bilen gatnaşyklarda hem üpjün etmek mümkinçiliklerini döretdi. Adalatçynyň işiniň kämilleşdirilmegi we onuň Diwanynyň düzümine girizilen üýtgeşmeler kanun esasynda kesgitlenildi. Ýagny, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizilmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmegi göz öňünde tutulýar. Adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi alyp barmak bilen, Adalatçy, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygyny takyklan halatynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara ýa-da beýleki ygtyýarly adamlara ýüz tutýar. Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna getirip biljek ýagdaýlaryň öňüni almak babatda teklibini berip bilmegi baradaky kadalaryň goşulmagy onuň ygtyýarlyklaryny artdyrdy. Bu bolsa Adalatçynyň ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almakda ýardam etmegine mümkinçiligi artdyrar.

Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň şonuň bilen birlikde eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň adam hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän namalarynyň öwrenilmegi, şeýle hem, bu mesele boýunça Adalatçynyň Diwanyna gelip gowuşýan ýüztutmalary, ýurdymyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişine we berjaý edilişine baha bermäge we öwrenmäge mümkinçilik döretdi.Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanyna gelip gowşan her bir dilden we ýazmaça ýüztutmalar, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda seredilip, degişli netijeler çykaryldy.

Ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň raýat we syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişi, şeýle-de Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutmalar bilen bagly amala aşyrylan işler şu Maglumatyň degişli baplarynda giňişleýin beýan edildi.


II bap. Raýat we syýasy hukuklar

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky II bölüminiň başlangyç maddalarynda bellenen kadalara laýyklykda, Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär. Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr.

Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi baradaky borçlanmalar BMG-sy tarapyndan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadasy hökmünde 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklary baradaky Jarnamadan başlanýar. Türkmenistan döwletimiz garaşsyzlyk döwründe, adam hukuklaryny belleýän halkara şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy bilen, olardaky borçnamalary kabul etdi. Hususan-da BMG-niň esas goýujy resminamalarynyň biri bolan Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyna goşulmagy döwletde bu ugurda adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulýandygynyň aýdyn subutnamasydyr.

Adalatçynyň Maglumatynyň bu babynda baha beriljek adam hukuklarynyň ugry Türkmenistanyň 1996-njy ýylyň dekabr aýynda goşulnan, BMG-nyň Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyndan gelip çykýar. Bu halkara resminama laýyklykda biziň döwletimiz adamyň ýaşamaga bolan hukugyny, gulçulykda saklanmazlyga, mejbury ýa-da hökmany zähmete mejbur edilmezlige, şahsy eldegrilmesizlige bolan hukugyny, azatlykdan mahrum edilen adamlaryň ynsanperwer garaýyşa, şahsyýetine mahsus bolan mertebesine hormat goýulmaga bolan hukugyny, ýurtdan çykmakda we ýurda gaýdyp gelmekde, hereket etmekde we ýaşaýan ýa-da bolýan ýerini saýlamakda erkinlik hukugyny, kazyýetiň öňündäki deňlik hukugyny, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizlik hukugyny, pikir, ynam-ygtykat, dine garaýyş erkinligini, parahatçylyk ýygnaklaryny geçirmäge, jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge, nika baglaşmaga bolan hukugyny, çagalaryň hukuklarynyň goralmagyna, jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga bolan, saýlanmak we saýlamak hukugyny, kemsitmelerden goranmak, etniki, dini we dil boýunça azlyklaryň öz medeniýetini we ene dilini peýdalanmak, öz dinine uýmak, däp-dessurlaryny amala aşyrmak hukuklaryny berjaý etmeklige borçlanýar. Şunyň bilen baglylykda agzalyp geçilen we beýleki hukuklaryň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigi baradaky kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we beýleki kanunçylyk namalaryna ornaşdyrylandyr. Has takygy, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Raýat iş ýörediş, Saýlaw kodekslerinde, «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda», «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda», «Bosgunlar hakynda», «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» we Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda, adamyň raýat we syýasy hukuklary hakynda halkara resminamalarynda görkezilen hukuk kadalary göz öňünde tutulandyr. Döwrüň talaplarynyň üýtgemeginiň, täze gatnaşyklaryň ýüze çykmagynyň, dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirine baglylykda halkara resminamalaryna goşmaçalaryň girizilmegi, fakultatiw teswirnamalaryň kabul edilmegi bilen baglylykda, şeýle-de ýurdumyzyň syýasy-ykdysady taýdan ösmegi bilen baglylykda milli kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçen 2024-nji ýylda milli kanunçylygymyzda adamyň raýat we syýasy hukuklary bilen bagly kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek işi hem dowam etdirildi. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine, şeýle hem, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Döwlet gullugy hakynda», «Adalatçy hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna degişli goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi.

Kabul edilen we kämilleşdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalary döwletiň syýasy durmuşynda, raýat-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň berjaý edilmeginiň kanunçylyk binýadyny emele getirýär. Milli kanunçylyk binýadyndan gelip çykýan wezipeler döwletimiziň milli maksatnamalarynda, meýilnamalarynda we kosepsiýalarynda görkezilip, olary ulgamlaýyn amala aşyrmagyň ugurlary hem-de möhletleri bellenilýär. Adamyň raýat we syýasy hukuklary bilen baglylykda, ýurtda raýatsyzlygy aradan aýyrmak wezipeleri üns merkezine alyndy. Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024 ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda anyk wezipeler kesgitlenildi. Ol wezipeler ýurdymyzda netijeli amala aşyrylyp gelindi. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 1 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. 2024-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Aşgabatda ministrler derejesinde geçirilen sebitleýin maslahatda, şol wagta çenli, ýurdumyzda ýaşaýan raýatlygy bolmadyk 32 müň 144 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi, 5 müň 152 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilendigi bellenildi. Şu maslahatda Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykan döwlet hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa döwletimiziň halkara resminamalara goşulmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Şu amala aşyrylan anyk işleriň netije bermegi bilen baglylykda maglumat döwründe Adalatçynyň Diwanyna raýatlyga kabul etmek meselesi bilen bagly arza-şikaýat gelip gowuşmady.

Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktynyň 25-nji maddasyna laýyklykda raýatlaryň döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmak, saýlamak we saýlanmak hukugy adamyň esasy syýasy hukuklarynyň biri hökmünde kesgitlenen. Paktyň bu kadalary Türkmenistanyň konstitusion kepillikleri hökmünde döwletiň Esasy Kanunynda berkidilen. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň ygtyýarlyklary tamamlanan deputatlarynyň ýerine täze deputatlaryň saýlawy geçirilende raýatlaryň bu konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak mümkinçiligi döredildi. Şunda, saýlawlara taýýarlyk işleriň demokratik esaslarda gurnalmagyna we geçirilmegine gözegçilik, garaşsyz edaranyň wekilleri hökmünde Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri tarapyndan amala aşyryldy. Saýlawlaryň geçirilişinde kanun bozulma ýagdaýlar ýüze çykarylmady. Saýlawyň geçirilmeginde adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly arza-şikaýat gelip gowuşmady.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen ygtyýarlyklaryna laýyklykda hem-de Adalatçynyň Diwanynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurdymyzyň düzediş edaralarynda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilşi hem yzygiderli gözegçilikde saklandy. Adalatçy tarapyndan käbir edaralarda, hususanda azatlykdan mahrum edilen adamlaryň saklanýan DZ-E/8 hem-de MR-E/16 düzediş edaralarynda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilişine barlaglar geçirildi.

Barlaglar geçirilende agzalan düzediş edaralarda saklanýanlar babatda sanitariýa kadalarynyň, saglygy goraýyş, iýmit we beýleki maddy-durmuş üpjünçiliginiň, zähmet, medeni-dynç alyş, sport bilen meşgullanmak şertleriniň, dine uýmak erkinliginiň, ýakyn garyndaşlary bilen gysga we uzak möhletli duşuşykda bolmak we şikaýat etmek hukuklarynyň berjaý edilişi öwrenildi, olaryň hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna laýyk gelýändigi barlanyldy. Şeýle-de, barlagyň barşynda Adalatçy tarapyndan bu düzediş edaralarda saklanýanlar bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

DZ-E/8 düzediş edarasynda geçirilen barlagda, düzediş edaranyň wezipe sanawynda göz öňünde tutulan işgärler düzüminiň doly däldigi, hususanda aýallaryň saklanýan düzediş edarasy üçin zerur bolan käbir lukmançylyk wezipeleriň boş durandygy anyklandy.

Şeýle-de, düzediş edaranyň resminama dolanşygy Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2018-nji ýylyň awgustynda çykaran 168 belgili buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalaryna garamagyň we olary kabul etmegiň guralyşy baradaky tertibi hakynda Gözükdirijisine laýyk derejede alnyp barylmaýandygy anyklandy. Şeýle hem, şahslardan gelip gowuşýan ýüztutmalaryň hasaba alyş kitabynda hasaba alynmagynda kanunçylygyň talaplarynyň bozulýandygy ýüze çykaryldy.

Barlagda ýüze çykarylan kemçilikler beýan edilip, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmak barada teklip iberildi. Adalatçynyň teklibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan seredilip, ýol berilen kemçilikleriň aradan aýyrylmagynda zerur çäreleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

MR-E/16 düzediş edarasynda geçirilen barlagda, bu düzediş edarasynda jeza çäresini çekýänleriň bellenen möçberden artyk gelýändigi anyklandy. Jeza çäresini çekýänler üçin meýletin zähmet şertleriniň döredilendigine garamazdan zähmeti we saglygy goramagyň, tehniki howpsuzlygyň we önümçilik sanitariýasynyň kadalarynyň ýeterlik derejede berjaý edilmeginde, hususy gorag we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün edilmeginde, medeni-dynç alyş şertleriň döredilmeginde kemçilikleriň bardygy anyklandy. Ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek barada «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň IIM-ne teklip iberildi. Şeýle hem, düzediş edarasynda howpsuzlygy üpjün etmek we dürli görnüşli zyýan ýetirijileriň geçirilmeginiň öňüni almak maksady bilen iş kesilenlere iberilýän ýollamalaryň, geçirilýän zatlaryň, banderollaryň gözden geçirilýän nokatlarynda ýörite skaner enjamlarynyň goýulmagy teklip edildi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan düzediş edaralarynyň işini Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk guramak we teklipde görkezilen kanun bozulmalary aradan aýyrmakda görülýän çäreler barada, şeýle hem, bu düzediş edara üçin täze binalaryň gurulmagynda zerur işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyna laýyklykda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durmagy bilen, maşgala abadançylygyny, maşgala arabaglanyşygyň pugtalygyny saklamak döwletiň üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Maşgala kodeksine we Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada kanun taslamalary işlenip taýýarlananda Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri hem gatnaşyp, belliklerini we tekliplerini beýan etdiler. Kanunçylyga girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen kabul edilen kanunlarda maşgala bitewiligini saklamaga gönükdirilen kadalar, nika bozulmagy bilen baglanyşykly maşgala işlerine seredilende, maşgala abadançylygyny dikeltmegiň mümkinçiliklerini, taraplaryň özara ylalaşyga gelmegine ýardam berilmegini belleýän kadalar goşuldy. Şeýle hem, nika bozmak barada raýat işlerine seredilende, ýaraşmak üçin bellenilýän möhleti dokuz aýa çenli uzaltmak hakynda kadalaryň goşulmagy maşgala abatlygynyň saklanmagyna gönükdirildi.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanyna adamlaryň raýat we syýasy hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly jemi 164 sany ýazmaça, 76 sany dilden ýüztutma gelip gowuşdy. Olardan 8 sany ýazmaça ýüztutmalar kanagatlandyrylan. Raýat we syýasy hukuklar bilen baglanşykly esasan hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerinden nägilelik, migrasiýa, ýazga durmak meseleleri, kazyýet kararlaryndan hem-de olaryň ýerine ýetirilişine nägilelik, jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada nägilelik meseleleri bilen bagly bolup, olar barada Adalatçynyň Maglumatynyň IV babynda giňişleýin beýan edildi. Adamlaryň raýat we syýasy hukuklarynyň bozulmagy boýunça ýüztutmalary bilen bagly Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Aşgabat şäheriniň we käbir welaýatlaryň häkimlikleri bilen degişli işler geçirildi.

Şeýlelikde, döwletimizde adamlaryň syýasy we raýat hukuklarynyň üpjün edilişine geçirilen seljermäniň we Adalatçynyň amala aşyran işleriniň netijesinde adamlaryň bu hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek maksady bilen şu aşakda beýan edilenleri teklip edýäris:

 - Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine berlen tekliplerde görkezilenleriň ýerine ýetirilmegini, şol sanda irki ýyllarda gurulan düzediş edaralaryň binalarynda saklanýanlaryň şertleriniň kanunçylygyň talaplaryna laýyk getirilmegini, täze binalaryň gurulmagy boýunça degişli işleriň geçirilmegini.


III bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar


Milli kanunçylygymyzda we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda kesgitlenen ykdysady, durmuş we medeni hukuklar – adamyň durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaýyna, bilime, saglygy goraýyşa, ýeterlik iýmite, medeni durmuşa gatnaşmaga, suw üpjünçiligine,arassa daşky gurşawa, şeýle hem, zähmete bolan hukuklaryny öz içine alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilmegi bilen, olaryň agzalan hukuklarynyň üpjün edilmegine ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugry bolan, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işler geçen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem netijeli dowam etdirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» üstünlikli amala aşyryldy. Bu we amala aşyrylýan beýleki Maksatnamalaryň çäginde ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmekde we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda uly netijeler gazanyldy. Toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ösüş depgini 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim berjaý edildi. Maglumat ýylynda ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi 99,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk-zähmet haky, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.

Ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmek, raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen milli kanunçylygymyz hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Has takygy, 2024-nji ýylda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, şeýle hem, «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilmegi bilen «Döwlet gullugy hakynda», «Adalatçy hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, olarda adamyň we raýatyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen kadalar kesgitlenildi.

Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde halkara ülňülere laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda tassyklanylan, Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy we Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy ol resminamalaryň üstüni doldurdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr. Ýurtda ýeterlik ýaşaýyş jaýynyň bolmagy, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyna laýyklykda, adamyň mynasyp durmuş derejesine bolan hukugynyň amala aşyrylmagynyň şerti bolup durýar. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan täze edara binalary we ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda giň gerimli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdirildi. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalarynyň gurluşygyna gönükdirildi.

Maglumat ýylynda gurlup ulanylmaga berilen durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynda Polat turbalary we profilleri öndürýän kärhanany, Lagym arassalaýjy desgany, Lebap welaýatynda «Şir Ýag» çalgy ýaglaryny öndürýän zawody, Mary welaýatynda Poliefir we polipropilen süýümini öndürýän kärhanany we Serhetabat-Turgundy demir ýol köprüsini, «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegini, Daşoguz welaýatynda «Balkan-Daşoguz» elektrik geçiriji howa ulgamyny, «Daşoguz» elektrik bekedini, Aşgabat şäherinde «Arkaç» ýerasty awtoduralgaly söwda, medeni dynç alyş we işewürlik merkezini, Çagalar üçin niýetlenen awtoduralgaly meýdançany, şol bir köçäniň ugrunda birbada 8 sany edara ediş we söwda maksatly binalary, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde «Arkadagly nesiller» çagalar medeni-dynç alyş merkezini mysal hökmünde görkezip bolar.

Ýurdumyzda yzygiderli gurulýan iri ýaşaýyş jaýlary, köp öýli ýaşaýyş jaýlary we kottej toplumlary ýurduň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirýär. Geçen ýyl Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda jemi 767,8 müň m2 kuwwatlygy we 2939,6 mln. manat gymmaty bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulyp ulanmaga berilmegi bilen ýüzlerçe maşgalalaryň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklary üpjün edildi. Mysal üçin, diňe bir Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy gurulyp ulanylmaga berildi. Ilatyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy we köp çagaly eneleriň birnäçesine täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Geçen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna ýaşaýyş jaý meselesi bilen bagly 89 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olardan 59 sany ýazmaça ýüztutmalar, 30 sany dilden ýüztutma bolup durýar.Ýazmaça ýüztutmlaryň 1 sanysy kanagatlandyrylan. Raýatlaryň ýaşaýyş jaý meseleleri bilen bagly ýüztutmalary boýunça geçirilen işleriň netijesinde olara Türkmenistanyň kanunçylygyna, şol sanda Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyklykda kanagatlanarly jogaplar berildi. Bular barada Maglumatyň IV bapynda giňişleýin beýan edilýär.

Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar we olaryň ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synpa kabul edilen okuwçylara Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşuryldy. Şol gün ýurdumyzda täze döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary açyldy. Mysal üçin, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, Mary welaýatynda 160 orunlyk mekdebe çenli çagalar edarasy, Ahal welaýatynda 1200 orunlyk, Lebap welaýatynda 1360 orunlyk, Mary welaýatynda 500 orunlyk umumybilim berýän mekdepler ulanmaga berildi. Ýurdumyzda 2022-2023-nji okuw ýylynda mekdepleriň sany 1882 bolsa, 2023-2024-nji okuw ýylynda 1901 sany bolup, olaryň sany köpeldi. 2023-nji ýylda okuwçylaryň sany 1566812 bolup, olardan 767112 gyzlar bolup durýan bolsa, 2024-nji ýylda okuwçylaryň sany 1633708 bolup, olardan 799826 gyzlar bolup, deňeşdirmede okuwçylaryň, şol sanda gyzlaryň sanynyň hem köpelendigini görmek bolýar.

Ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýyl ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilen talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda alnyp barylýan anyk işleriň mysaly bolup durýar. Ýagny 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 16017 (şol sanda 7399 gyzlar), orta hünär okuw mekdeplerine 10820 (şol sanda 7394 gyzlar) talyplar kabul edilen bolsa, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 16080 (şol sanda 7758 gyzlar), orta hünär okuw mekdeplerine 10303 (şol sanda 7335 gyzlar) talyplar kabul edildi.

2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Konsepsiýada diňe bir mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerinde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler dälde, eýsem okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler hem göz öňünde tutulan. Umumybilim berýän mekdeplerde «Elektron mekdep» ulgamy işlenip taýýarlanyldy we synag edildi. Bu ulgam arkaly ene-atalar çagalarynyň dürli dersler boýunça ýetişigi bilen tanyşmak bilen çagalarynyň bilim almaga bolan hukuklarynyň berjaý edilişine göz ýetirýärler.

Mälim boluşy ýaly Türkmenistan 2023-nji ýylyň maýynda 2024-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň birnäçe mekdepleri ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Bu wakalar ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýäniniň subutnamasydyr.

Her ýylda bolşy ýaly, Adalatçynyň Diwanynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda bilim edaralarynda hukuklaryň berjaý edilişi gözegçilikde saklandy we käbir edaralarda barlaglar geçirildi. Muňa mysal edip, Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirlen barlagy getirmek bolar. Barlagyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň Döwlet bellige alyş resminamalaryna, Tertipnamasyna we Wezipe gözükdirijilerine, Naharsanawyna, toplumyň bölümleriniň gün tertiplerine, toplumyň mekdep ýaşly we mekdebe çenli ýaşly çagalar bölümleriniň okuwçylary barada maglumatlara, mekdep ýaşly we mekdebe çenli ýaşly, gatnaýan we ýatymlaýyn bejergi alýan çagalaryň sanawyna, Saglygy dikeldilen çagalar baradaky maglumata, esasanda toplumdaky cagalara saglygyny dikeldiş, bilim beriş işlerine barlag geçirildi. Toplum 420 çaga niýetlenip, onda jemi 393 çaga terbiýelenýändigi anyklandy. Barlagyň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikler babatda, esasanda çagalaryň saglygynyň dikeldilmegini, bilim almagyny talaba laýyk gurnamaga täsirini ýetirip biljek resminamalaryň, çagalar bilen işleýän her bir işgäriň wezipe-borçlaryny takyk kesgitleýän Wezipe gözükdirijileriniň, kabul edilýän buýruklaryň, toplumyň Gün tertibiniň kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy barada Türkmenistanyň Bilim ministrligine teklip berildi.

Teklibiň netijesinde Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda görkezilen kemçilikler aradan aýrylyp, kemçiliklere ýol beren 3 sany işgär düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilen.

Geçen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna raýatlaryň bilime bolan hukugy bilen bagly 6 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olardan 2 sanysy ýazmaça ýüztutma, 4 sanysy dilden ýüztutma bolup, olardan bir ýazmaça ýüztutma kanagatlandyryldy. Bular barada Maglumatyň IV bapynda anyk görkezildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt we ýeňillikli peýdalanmaga hukugy bardyr. Tölegli lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi kanunda bellenen esaslarda we tertipde amala aşyrylýar. Halkyň saglygyny goramak ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024-2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda», «Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek hakynda» gol çeken kararlary, ýurdumyzda ynsan saglygyny goralmakda alnyp barylýan işleriň has-da kämilleşdirilmeginiň maksatnamalaýyn amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Maglumat ýylynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumy, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramygyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň köpugurly hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasyna we Mary welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmek üçin edilýän taýsyz tagallalardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen bu gazna ugurdaş edaralara hemmetaraplaýyn kömek bermek bilen, ýaş nesliň saglygyny goramak üçin uly işleri alyp barýar. Gaznanyň serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi çykdajylaryna, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän, okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk serişdelerini satyn almaga tölegleri geçirmek üçin peýdalanylýar. 2024-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahatyň geçirilmegi we haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasynyň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Haýyr-sahawat gaznasynyň hereket etmegi döwletimiz tarapyndan çagalaryň alada bilen gurşalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Adalatçynyň Diwanynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş edaralarynda hem, raýatlaryň saglygyny goramak hukuklarynyň berjaý edilişi gözegçilikde saklandy we käbir edaralarda, esasan hem ilatyň aýratyn topary bolan Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýlerinde barlaglar geçirildi.

Daşoguz welaýatyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýünde barlag geçirildi. Barlagyň dowamynda edaranyň hukuk belleýji we beýleki resminamalary hem-de Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýünde bolýanlaryň saglygyny goraýyş, ýaşaýyş, durmuş üpjünçilik, sanitariýa-gigiýena, iýmitlendiriliş şertleri barlanyldy. Geçirilen barlagyň netijesinde käbir kanun bozulmalar ýüze çykaryldy. Has takygy, bu edarada wezipe boýunça anyk borçlar, wezipä bildirilýän talaplar, ygtyýarlyklar, hukuklar, şeýle hem, ol ýerde bolýanlar bilen gatnaşykda gulluk we hünär etikasynyň saklanylmagyny göz öňünde tutýan Wezipe gözükdirijileriň işlenip taýýarlanylmandygy we tassyklanylmandygy, agyz suwy we arassaçylyk üçin gyzgyn we sowuk suw bilen ýeterlik derejede üpjün edilmändigi, naharhananyň gap-gaçlar bilen talaba laýyk üpjün edilmändigi ýüze çykaryldy. Bular barada hem-de edaranyň naharsanawy düzülende Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen kadalardan ugur alnyp, ol ýerde saklanýanlaryň ýaş we saglyk aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy, naharsanawynda göz öňünde tutulan iýmitleriň doly berilmegini berk gözegçilikde saklamagy, agzalan meseleler babatda kanun bozulmalara ýol beren işgärleri düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine teklip berildi.

Teklip boýunça degişli netije çykarlyp, Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýünde ýüze çykarylan kanun bozulmalar boýunça degişli işler geçirilip, kanun bozulmalar aradan aýrylyp, kemçiliklere ýol beren 4 sany işgär düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilen.

Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýünde bolýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilişine barlag geçirildi. Barlagyň dowamynda edaranyň hukuk belleýji we beýleki resminamalary hem-de Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýünde bolýanlaryň ýaşaýyş, durmuş üpjünçilik, sanitariýa-gigiýena, iýmitlendiriliş şertleri barlanyldy. Barlagda Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýünde bolýan 50 adama (olardan 18 sany aýal, 32 sany erkek adam) ýaşaýyş şertleriniň döredilişinde kemçiliklere ýol berilýändigi ýüze çykaryldy. Geçirilen barlagyň netijesinde ýüze çykarylan kemçilikleriň aradan aýrylmagy, hususanda, her bir işgäriň wezipesi boýunça Wezipe gözükdirijiniň işlenip taýýarlanyp, Iş beriji tarapyndan tassyklanyp, olarda wezipe boýunça anyk borçlar, wezipä bildirilýän talaplar, ygtyýarlyklar we hukuklar barada kadalaryň beýan edilmegi, ol ýerde bolýanlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin çäreleriň görülmegi, ýurdumyzyň maýyplar we gartaşan adamlaryň öýleriniň iş tejribelerini artdyrmak maksady bilen, olaryň aralarynda tejribe alyşmalaryň gurnalmagy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine teklip berildi.

Geçen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna saglygy goramaga bolan hukugy bilen bagly 10 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olardan 6 sany ýazmaça ýüztutma, 4 sany dilden ýüztutma bolup, olardan 1 sany ýazmaça ýüztutma kanagatlandyryldy. Bular barada Maglumatyň IV babynda giňişleýin beýan edilýär.

Ýurdumyzda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr. Ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarynda 45 sany durmuş işi boýunça hünärmen wezipesi girizilip, olar ýurdumyzyň jemi 18 sany şäherdir, etraplaryna berkidilen. 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýurdumyzda adamlaryň aýratyn toparlaryna olaryň şahsy zerurlyklaryny göz öňünde tutup, sosial-durmuş, sosial-saglygy goraýyş, sosial-psihologik, sosial-pedagogik, sosial-zähmet, sosial-hukuk durmuş hyzmatlarynyň görnüşlerinden peýdalanmaga goldaw berilýär. Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar tarapyndan adamlaryň aýratyn toparlarynyň durmuş agzybirligini berkitmäge, durmuş taýdan aýry saklanmagyna ýol bermezlige, mynasyp, howpsuz we döredijilikli ýaşamaga, döwletiň jemgyýetçilik durmuşyna deň gatnaşmaga şertleri döretmäge ýardam etmek bilen bagly görülýän çäreleriň toplumy ýerine ýetirilýär.

Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak babatda hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maşgalanyň bitewiligini saklamak ugrunda netijeli işler dowam etdirilýär, hukuk binýady berkidilýär. 2024-nji ýylyň martynda kabul edilen, «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanuna laýyklykda, maşgala işleri boýunça önümçiligiň alnyp barylmagy bilen bagly kadalar, ýagny maşgalanyň bitewiligini saklamak çäreleri bilen bagly goşmaça möhletiň bellenilmegi göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanda zenanlar ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlar, lukmanlar, deputatlar, diplomatlar, telekeçiler we başga-da birnäçe kärdäki zenanlar bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2024-nji ýylda jemi 29824 (ýigrimi dokuz müň sekiz ýüz ýigrimi dört) agzasy bolup, olardan 5726 (bäş müň ýedi ýüz ýigrimi alty) sanysy zenan telekeçiler bolup durýar. Geçen ýyl jemi 725 sany telekeçi agzalyga kabul edilip, olardan 133 sanysy zenan telekeçilerdir. Bu görkeziji ýurdumyzda zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini berkitmäge bolan hukuklarynyň berjaý edilýänliginiň subutnamasydyr. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň hususy pudagy tarapyndan jemi 17 sany, ýagny oba hojalyk ugurly 10 sany, söwda ugurly 4 sany, tekstil ugurly 1 sany we senagat ugurly 2 sany binalar we desgalar açylyp ulanylmaga berilip 1329 sany täze iş orunlary döredildi.

Döwletimiz tarapyndan zenanlaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Her ýyl ýurdumyzda gelin-gyzlaryň baýramy bolan Halkara zenanlar güni bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli ak gyňaçly enelere, önümçilikde işleýän gelin-gyzlara, talyp we okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşurylýar.

Geçen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna durmuş üpjünçiligine bolan hukugy bilen bagly 2 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olardan 1 sany ýazmaça ýüztutma, 1 sany dilden ýüztutma bolup, olaryň ikisi hem kanagatlandyryldy. Bular barada Maglumatyň IV bapynda giňişleýin görkezildi.

Türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdyr. Halkyň medeni hukuklarynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda giň gerimli çäreler, wagyz işleri geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp, ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleri: ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň we filosofynyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde, 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu çärä Adalatçy hem gatnaşdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, bu medal bilen ýurdumyzyň döredijilik we beýleki işgärleri sylaglanyldy. Ýeri gelende aýtsak bu sylag bilen ýurdumyzda ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleri we daşary ýurt döwlerleriň raýatlary hem sylaglandy.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny bellemek maksady bilen, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen medeni çäreleriň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Şeýle-de ýurdumyzda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we onuň çäginde TÜRKSOÝ-yň teatrlar Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň X mejlisi, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirildi.

Geçen 2024-nji ýylda medeniýet hepdeligi mynasybetli Arkadag şäherinde dürli medeni çäreler guraldy, olaryň hatarynda maslahatlar hem-de sergiler, çagalaryň we ulularyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gurnaldy. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän bu medeni çärelere diňe bir türkmenler däl-de ýurdumyzda ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleriniň hem gatnaşmagy, ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň medeni hukuklaryny amala aşyrmaga kanuny esasda hem-de iş ýüzünde mümkinçilikleriň döredilenligini görkezýär.

Umuman «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere beslenip tamamlandy.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanyna medeni hukuklaryň bozulanlygy barada ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Döwletimizde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halal zähmet çekip, ýurdumyzy ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren, zähmetde öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan raýatlar Hormatly Prezidentimiz tarapyndan şanly seneler mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň 2024-nji ýylda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň senagat pudaklary ösdürilip, sebitlerde täze iş orunlary döredildi we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Geçirilen işleriň netijesinde her ýyl bolşy ýaly maglumat ýylynyň 1-nji ýanwaryndan hem, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzda ýaşlaryň iş bilen üpjün edilmegine hem aýratyn üns berildi. Çünki «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda hünär bilimi edaralaryny tamamlan ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyna zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli töleg, ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna ýa-da ýaşaýyş jaýyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmenler Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek göz öňünde tutulan.

2024-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, bu Kanun bilen mejbury ýa-da hökmany zähmet hasap edilmeýän işleriň hataryndan raýatlaryň adaty raýat borçlarynyň bir bölegi bolup durýan islendik iş (gulluk) we ownuk jemgyýetçilik işleri aýryldy.

Şeýle hem, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan «Iş gözleýän adamlary hasaba almagyň, işe ýerleşdirmegiň we hasapdan çykarmagyň» Tertibine laýyklykda Adalatçynyň Diwany tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralarynyň, iş gözleýän adamlary hasaba almak we işe ýerleşdirmek işlerine seljerme geçirildi. Seljerme geçirilende, 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralarynda iş gözleýänleriň sany jemi 24964 adam (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň sany 78) bolup, olardan işe ýerleşdirilenleri 16393 sany (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň işe ýerleşeni 69 sany) bolan bolsa, 2024-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda iş gözleýänleriň sany jemi 25987 adam (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň sany 115) bolup, olardan işe ýerleşdirileni 18468 sany (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň işe ýerleşeni 103 sany) bolandygy takyklandy. Bu görkezijilerde işe ýerleşmek üçin ýüz tutanlaryň sany köpelende bolsa, işe ýerleşdirilenleriň sanynyň hem artandygy görünýär.

Geçen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna zähmete bolan hukugy bilen bagly 40 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olardan 32 sany ýazmaça ýüztutma, 8 sany dilden ýüztutma bolup, olardan 4 sany ýazmaça ýüztutma kanagatlandyryldy. Bular barada Maglumatyň IV babynda giňişleýin beýan edilýär.

Geçen ýylda ýurdumyzda raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işleriň netijelerine syn bermek bilen, Türkmenistanda adamyň agzalan hukuklaryna aýratyn üns berilýändigini we olaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini bellemelidiris.

Adalatçynyň Diwany tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň mundan hem beýläk berjaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen, şulary teklip edýäris:

 - Maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýyş jaýlaryna we durmuş desgalaryna baryp bilmegi, ulag serişdelerinden peýdalanmaklarynyň elýeterli bolmagy üçin şertleriň döredilmegini, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, durmuş desgalarynyň we edara binalarynyň taslamalary işlenip taýýarlananda, jemgyýetçilik ulag serişdelerini satyn almak meýilleşdirilende maýyplygy bolan adamlara mümkinçilikleriň we amatlyklaryň göz öňünde tutulmagyny

- Maýyplygy bolan adamlaryň habarlylygyny artdyrmak maksady bilen, çap edilýän maglumatlaryň, eserleriň, teleýaýlymlaryň elýeterli bolmagyny, ýagny Braýl şriftiň, subtitr ýazgylaryň, surdoterjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaklarynyň ýola goýulmagyny;

- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan, boş iş orunlary baradaky maglumatlaryň, işe ýerleşmek meselesi bilen ýüz tutan raýatlaryň, hödürlenen iş orunlary, işe ýerleşdirilmegi baradaky hasabatlylygyň ýöredilişini gözegçilikde saklamagy, nobata duran raýatlaryň habarlylygynyň üpjün edilmegini;

 - Ýurdumyzyň Maýyplar we gartaşan adamlar öýlerinde bolýän raýatlara seretmekde kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmegini gazanmak, bu edaralarda zähmet çekýän işgärleriň iş tejribelerini, düşünjeliligini ýokarlandyrmak, resminamalaýyn işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, edaralaryň özara tejribe alyşmalarynyň guralmagyny;


IV bap. Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme


«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda esasy wezipeleriniň biri Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüztutmalaryna seretmekden ybarat bolup durýar. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň V babynda Adalatçynyň raýatlar tarapyndan ýazmaça hem-de dil üsti bilen beýan edilýän şikaýatlara seretmegiň tertibi, şertleri, möhletleri we ýüz tutulan şikaýatlar boýunça çözgütleri kabul etmek babatda ygtyýarlyklary, şeýle hem, adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek barada hukuklary we borçlary bellenilýär.

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kararyna laýyklykda, Adalatçynyň Diwanynda täze bölümleriň döredilmegi bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda alnyp barylýan işler bilen birlikde, raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek bilen baglanyşykly kadalar hem kämilleşdirildi. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi bilen, Adalatçynyň ygtyýarlyklary giňeldildi. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine ýardam etmek wezipesine, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmeklerine ýardam etmek wezipesi hem goşuldy. Şeýle hem, Adalatçynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň ygtyýarly adamlarynyň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlara seretmek wezipesi hem goşuldy.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna girizilen üýtgetmeler esasynda, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda, adamyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny gaýragoýulmasyz dikeltmek hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen Adalatçynyň döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmak ygtyýarlygy artdyrylyp, onuň, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan beýleki ygtyýarly adamlara hem ýüz tutmak hukugy goşuldy. Şunuň bilen birlikde bu maddanyň birinji bölegine, Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna getirip biljek ýagdaýlaryň öňüni almak barada teklip bermäge bolan hukuklary babatda hem kada hem girizildi.

Bu kadalar diňe bir raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça geçirilen ýa-da Adalatçynyň öz başlangyjy bilen geçirilen barlaglarda ýüze çykarlan bozulan adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldildilmegine ýardam etmek boýunça däl-de, eýsem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna getirip biljek ýagdaýlar ýüze çykarylanda hukuk bozulmalaryň gaýragoýulmazdan öňüniň alynmagyna şert döredýär.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna bu hukuklar we ygtyýarlyklar baradaky kadalaryň goşulmagy, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, olaryň ýüztutmalary boýunça barlaglary geçirmekde we netije çykarmakda uly mümkinçilikleri döretdi. Munuň özi Adalatçynyň we onuň Diwanynyň ýurtda alyp barýan işine döwlet tarapyndan ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Maglumatyň şu babynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmeginde 2024-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan işler, hususanda raýatlaryň ýazmaça we dil üsti bilen ýüztutmalary boýunça alnyp barylan işler seljerilip, netijesi giňişleýin beýan edildi.

Seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwanynyň önümçiligine јemi 538 sany ýüztutmalar kabul edilip, olaryň 382 sanysy ýazmaça görnüşde, 156 sanysy bolsa dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar boldy. Kabul edilen 382 sany ýazmaça görnüşli arza-şikaýatlaryň 332 sanysy Adalatçynyň Diwanynyň Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 28-si Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 22-si Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine degişli boldy. Dil üsti bilen beýan edilen 156 sany ýüztutmalaryň 130 sanysy Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 24-si Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 2-si Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine degişli bolup, bu sanlar umumylykda aşakda getirilýän görkeziјilerde çärýekleýin ýerleşdirildi.

Ýokardaky görkeziјilerden görnüşine görä, hasaba alnan ýazmaça ýüztutmalaryň sany ikinji çärýekde peselen hem bolsa, birinji, üçünјi we dördünji çärýeklerde köpeldi. Dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň sany bolsa birinji çärýekde peselip, ikinji, üçünji we dördünјi çärýekde köpeldi.

Şeýlelikde, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nјi ýylda ýazmaça görnüşinde hasaba alnan ýüztutmalaryň sany 17-ä çenli (4,26 %), dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň sany bolsa 7-ä çenli (4,29 %) azaldy.

Görkeziјiden ugur alyp, seljerilýän ýylda hasaba alnan ýazmaça we dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň 2023-nji ýyla garanyňda azalmagyny ýurt boýunça raýatlarda ýüze çykýan käbir meseleleriň ýerlerde belli bir derejede oňyn çözülýändigi bilen düşündirmekligi dogry hasapladyk.

Şeýle hem, Maglumatyň şu ýerinde, ilatyň habarlylygyny we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Adalatçynyň Diwanynyň jogapkär işgärleri tarapyndan adam hukuklary boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň, şol sanda raýatlaryň ýüztutmalary we olara seretmegiň tertibini kesgitleýän kadalaryň Adalatçynyň web-saýtynda yzygiderli ýerleşdirilmeginiň dowam etdirilýänligini bellemek gerek.

Maglumatyň şu ýerinde Adalatçynyň Diwanyna seljerilýän ýylyň dowamynda gelen ýazmaça ýüztutmalara syn berilýär.

Bu görkeziјilerden görnüşine görä, Adalatçynyň Diwanyna јemi gelen ýazmaça ýüztutmalaryň umumy sanynyň köpüsi, ýagny 105 sanysy Aşgabat şäherinden gowşup, göterim gatnaşygynda alanyňda 27,5 %-me, Balkan welaýatyndan 43 sany ýüztutma hasaba alnyp, 11,25 %-me, Daşoguz welaýatyndan 88 sany ýüztutma gowşup, 23,03 %-me, Lebap welaýatyndan 47 sany ýüztutma hasaba alnyp 12,3 %-me, Mary welaýatyndan 68 sany ýüztutma hasaba alnyp, 17,8 %-me deň boldy. Ýüztutmalaryň iň azy Ahal welaýatyndan, ýagny 30 sany bolup, umumy hasaba alnan ýüztutmalaryň 7,85 %-ni düzdi. Selјerilýän döwürde Russiýa Federasiýasynda ýaşaýan daşary ýurt raýatyndan 1 ýüztutma (umumy hasaba alnan ýüztutmalaryň sanynyň 0,27 %) gelip gowuşdy, emma «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-nјy maddasynyň 2-nјi bölegine laýyklykda, ýagny Adalatçynyň Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň şikaýatlaryna seredýändigi sebäpli, ol raýatyň ýüztutmasy hasaba alynandygyna garamazdan seredilmän galdyryldy.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nјi maddasynda görkezilen kadalara laýyklykda, Adalatça ýüz tutýan raýatlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär. Şeýlelik-de, Maglumatyň şu ýerinde Adalatçynyň Diwanyna ýylyň dowamynda ýazylan ýazmaça, şol sanda köpçülikleýin ýüztutmalar boýunça raýatlaryň sanyna çärýekleýin selјerme geçirmek bilen olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy јynsa we millete degişlidikleri baradaky maglumatlar aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

Ýokarda görkezilen görkeziјilerden görnüşine görä, seljerilýän ýylyň dowamynda ýazmaça görnüşde kabul edilen 382 sany ýüztutmalar boýunça jemi 681 raýat ýüz tutup, olardan 33 ýüztutma 332 sany raýat tarapyndan berilen köpçülikleýin ýüztutma boldy. 2023-nji ýylyň dowamynda bolsa ýazmaça görnüşde önümçilige alynan 399 sany ýüztutmalar boýunça jemi 598 sany raýat ýüz tutup, olardan 36 ýüztutma 235 sany raýat tarapyndan berilen köpçülikleýin ýüztutma boldy. Seljerilýän ýylda köpçülikleýin ýüz tutmalaryň sany 3 san azalan hem bolsa, köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sany 97-ä çenli köpeldi.

Ýokardaky görkeziјilerden Adalatçynyň Diwanyna ýazmaça şikaýatlary bilen ýüz tutan raýatlaryň dürli milletleriň wekillerinden ybaratdygy görünýär. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar, şol maddanyň 2-nji bölegi esasynda bolsa Adalatça ýüz tutýanlaryň ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde ýüz tutmaga hukuklary bar. Şeýle ýagdaýda ýüz tutan raýata јogap döwlet dilinde we onuň bilýän diline terјime edilip berilýär.

Adalatça ýazmaça görnüşde ýüz tutýan raýatlar arza-şikaýatlarynda özleriniň hukuklarynyň goragy barada dürli meseleleri görkezýärler. Şeýlelik-de, Maglumatyň şu ýerinde olaryň her-bir ýüztutmalarynyň meselelerine sebitlere degişlilikde hem selјerme geçirildi we aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

Ýokardaky görkeziјilerdäki selјermeden görnüşine görä, raýatlaryň ýazmaça ýüztutmalarynyň esasy bölegi, öňki ýyllardakysy ýaly, ýaşaýyş јaý hukugy bilen baglanyşykly bolup, olaryň sany 59 bolmak bilen göterim gatnaşygynda 15,44 %-ni düzdi we bu görkeziјi 2023-nji ýyldaka garanyňda 31 san azaldy, 2023-nji ýylda ýaşaýyş јaý hukugy bilen baglanyşykly meseleler bilen raýatlardan 90 sany ýüztutma gowuşyp ýüztutmalaryň 23,07 %-ni düzüpdi. Şeýlelikde, Maglumatyň şu ýerinde, seljerilýän ýylda ýaşaýyş jaý hukugy boýunça gelip gowşan ýüztutmalaryň diňe ýaşaýyş jaý almak däl-de olaryň 5,08 %-mi bolan 3 sanysy ýaşaýyş jaý şertlerini gowlandyrmak meselesi boldy. Öňki ýylda, ýene-de bir esasy meseleleriň biri ýazga durmak baradaky ýüztutmalar bolan bolsa selјerilýän ýylda şeýle görnüşli mesele bilen ýüz tutanlaryň sany azalyp jemi 7 sany ýüztutmalar hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 1,83 %-ni (2023-nji ýylda 16 sany ýüztutma 4,1%), kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine nägilelik bildirlen ýüztutmalaryň 10-sy hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 2,61 %-ni (2023-nji ýylda 13 sany ýüztutma 3,33 %), bilime bolan hukuk bilen bagly ýüztutmalaryň 2-si hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 0,52 %-ni (2023-nji ýylda 6 sany ýüztutma 1,53 %), hossarlyk-howandarlyk mesele bilen baglanyşykly 1 sany ýüztutma hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 0,26 %-ni (2023-nji ýylda 2 sany ýüztutma 0,51 %), jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly ýüztutmalaryň 20-si hasaba alnyp 5,23 %-ni (2023-nji ýylda 25 sany ýüztutma 6,41%), günä geçmek bilen bagly ýüztutmalaryň 10-sy hasaba alnyp 2,61 %-ni (2023-nji ýylda 13 sany ýüztutma 3,33 %), durmuş üpjünçiligi bilen bagly ýüztutmalaryň 1-si hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 0,26 %-ni (2023-nji ýylda 5 sany ýüztutma 1,3 %), saglygy goramaga bolan hukuk bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 6-sy hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 1,6 %-ni (2023-nji ýylda 8 sany ýüztutma 2,05 %) düzdi.

Şeýle hem, käbir ýüztutmalaryň sany geçen ýyldaka garanyňda köpeldi we migrasiýa meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 27-si hasaba alnyp, olaryň 7,07 %-ni (2023-nji ýylda 11 sany ýüztutma 2,82 %), zähmet hukugy bilen bagly ýüztutmalaryň 32-si hasaba alnyp, olaryň 8,4 %-ni (2023-nji ýylda 24 sany ýüztutma -6,15 %), ýer hukugy bilen baglanşykly ýüztutmalaryň 33-si hasaba alnyp, olaryň 8,63 %-ni (2023-nji ýylda 21 sany ýüztutma - 5,4 %), hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilen ýüztutmalaryň 52-si hasaba alnyp, olaryň 13,61 %-ni (2023-nji ýylda 25 sany ýüztutma - 6,41 %), kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky ýüztutmalaryň 38-si hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 9,94 %-ni (2023-nji ýylda 37 sany ýüztutma - 9,5 %), gaz, tok, suw meseleleri bilen bagly ýüztutmalaryň 9-sy hasaba alnyp, olaryň 2,35 %-ni (2023-nji ýylda 8 sany ýüztutma -2,05 %), bank meselesi bilen bagly ýüztutmalaryň 3-si hasaba alnyp, olaryň 0,8 %-ni (2023-nji ýylda 1 sany ýüztutma - 0,25 %) düzdi. Galan beýleki meselelere degişli hasaplanan ýüztutmalaryň sany hem geçen 2023-nji ýyla garanyňda azaldy we 72 sany ýüztutma hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 18,84 %-ne (2023-nji ýylda 74 sany ýüztutma - 18,97 %) deň boldy.

Şeýle hem, beýleki meseleler öňki ýyllardaky ýaly esasan raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerine bildiren nägilelikleri, algy-bergi, emläk, maşgala ýa-da goňşy dawalary, kanunçylygy düşündirmek, edara-guramalara ýazan arzalaryna јogap berilmeýändigi, berlen јogaplardan nägiledikleri, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi we ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykýan dürli meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalar boldy.

Ýüztutmalarda goýlan meseleler boýunça geçirilen selјermede, haýsy meseläniň esasy ýüze çykýan sebitlerine hem üns berildi, ýagny Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, şol sanda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, ýazga durmak, kazyýet kararlaryna, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilýän nägilelikler, günä geçmek, beýleki meseleler, Balkan welaýaty boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilýän nägilelikler, beýleki meseleler, Daşoguz welaýaty boýunça migrasiýa meseleleri, zähmet hukugy, ýer hukugy, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine hem-de jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler barada bildirilýän nägilelikler, beýleki meseleler, Lebap welaýaty boýunça kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler, migrasiýa meseleleri, zähmet hukugy, ýer hukugy, Mary welaýaty boýunça ýer hukugy, kazyýet kararlaryna, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine hem-de jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler barada bildirilýän nägilelikler, beýleki meseleler, Ahal welaýaty boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, ýer hukugy we beýleki meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalar iň esasy meseleleriň biri boldy.

Şeýle-de, geçirilen seljermede ýaşaýyş jaý hukugy, ýazga durmak, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine bildirilen nägilelikler, bilime bolan hukuk, hossarlyk-howandarlyk, jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler barada, günä geçmek, durmuş üpjünçiligi, saglygy goramaga bolan hukuk we beýleki meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň sanlarynyň hem-de göterim gatnaşyklarynyň geçen ýyldaka garanyňda seljerilýän ýylda peselendigine, galan ýüztutmalarda goýulan meseleleriň bolsa sanlary we göterim gatnaşyklary geçen ýyl bilen deňeşdirilende, seljerilýän ýylda köpelendigine hem üns berildi.

Raýatlar tarapyndan berlen şikaýat Diwana gowşandan soň, Adalatçy ony önümçilige kabul etmek, kabul etmekden ýüz döndermek hakynda ýa-da arza berene öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdelerini düşündirmek hakynda çözgüt çykarýar.

Selјerilýän ýylda hem önümçilige kabul edilen şikaýatlarda gozgalýan meseleler doly öwrenilenden soň, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, ygtyýarly döwlet edaralaryna, şol sanda ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralaryna we wezipeli adamlara Adalatçynyň ýüztutmalary iberildi şeýle-de olar boýunça geçirilen barlaglaryň netiјeleri barada alnan јogaplar bilen ylalaşylan ýagdaýynda olara esaslanyp, raýatlara јogap hatlary iberildi.

Şeýle-de, selјerilýän döwürde, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanylyp, degişli edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklipler ýollanyldy.

Raýatlaryň ýüztutmalarynda goýýan meselelerine baglylykda, olaryň käbirleri kanunçylyga laýyklykda degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi. Degişliligi boýunça iberilen ýüztutmalar esasan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine we Türkmenistanyň müftiýetine iberilip, olaryň ýüztutmalara seretmek boýunça beren netijeleriniň esasynda raýatlara јogap hatlary berildi.

Mundan başgada, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, käbir ýüztutmalar boýunça degişli resminamalar alynyp öwrenilip, gelnen netijeler barada raýatlara jogap hatlary iberildi.

Maglumat döwründe «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda maslahat beriş häsiýetindäki teklip bilen ýüz tutulan, agzalan Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda barlamaga ýardam bermek soralan, degişliligi boýunça iberilen, şeýle hem, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, resminamalar alynmak arkaly seredilen ýüztutmalaryň kanagatlanarly netiјe çykarylanlary hem bolup, olar barada Maglumatyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky VIII bapda giňişleýin görkezilip geçildi.

Şeýle hem, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen talaplara laýyk gelmedik arza-şikaýatlar, ýagny düýp manysy beýan edilmedik, gol çekilmedik, ýüz tutmak möhleti geçirilip berlen ýa-da Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler hem-de öň şol bir mesele boýunça seredilip jogap berlip gaýtadan ýazylan ýüztutmalar seredilmän galdyryldy.

Mundan başga-da arza-şikaýaty kabul etmek ýa-da kabul etmezlik barada çykarylan çözgüt we onuň esaslary hakynda arza beriјilere kanunda göz öňünde tutulan möhletde, ýagny bäş günden giјikdirilmän jogap berildi.

Aşakdaky görkeziјilerimizde Adalatçynyň Diwanyna gelen ýüztutmalar boýunça gelnen netijelere sebitler boýunça aýratynlykda geçirilen selјerme ýerleşdirildi. Şu görkezijilerde önümçilige alnanlaryň üstüne 2023-nji ýylda seredilmän, seljerilýän ýylyň başyna galan ýüztutmalar hem goşuldy.

Ýokardaky görkeziјilerden we beýan edilenlerden görnüşine görä, Adalatçynyň Diwanyna seljerilýän ýylda gelip gowşan 382 sany ýüztutmalaryň 14 sanysy raýatlaryň ilkinјi ýazan 9 sany şikaýatlaryna јogap berilmänkä şol bir mesele bilen gaýtadan ýazylan şikaýatlar boldy we şol ýüztutmalarda goýlan meseleler birmeňzeş bolandyklary sebäpli olar öňki ýazylan şikaýatlara birikdirilip seredildi.

Seljerilýän ýylda önümçilige alnan ýazmaça ýüztutmalaryň üçden bir böleginden köpüsine, ýagny 140-syna ýa-da 37 %-mi boýunça, raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri düşündirilip, maslahat beriş јogap hatlary iberildi. Munuň özi hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýüz tutan raýatlara meseleleri boýunça kanuny hereketleri etmeklerine ýardam berýän maslahat beriş häsiýetli düşündirişler boldy. Şeýle hem, maglumat döwründe önümçilikde bolan ýüztutmalaryň 91 sanysy ýa-da 24 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda, mazmuny beýan edilmedik, gol çekilmedik, gaýtadan ýazylan, ýüz tutmaklyk möhleti geçirilen we Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler bilen baglanyşykly ýazylan arza-şikaýatlar bolanlygy sebäpli seredilmän galdyryldy.

Mundan başaga-da, 2023-nji ýyldan galan 3,1% bolan 7 sany, maglumat döwründe hem 35,9 % bolan 137 sany, umumy 144 sany ýüztutmalar önümçilikde bolup, öňki ýyldan galan ýüztutmalaryň 7-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, barlag geçirmäge ýardam edilmegi soralyp ygtyýarly edaralara iberilenler bolmak bilen şolardan 2 sany ýüztutma boýunça barlaglaryň netijesi bilen ylalaşylman, anyk netiјe çykarylmagy soralyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanylyp, teklip iberildi we seljerilýän ýylda olaryň ählisine seredildi.

Şeýle hem, seljerilýän ýylda önümçilige alnan umumy ýüztutmalaryň sanynyň 35,9 %-mi, ýagny 137 sany ýüztutmalaryň 104 sanysy «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp ygtyýarly edaralara we 11 sany ýüztutma degişliligi boýunça iberildi. Bulardan başga-da «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda 17 sany ýüztutmalar degişli resminamalar alynmak arkaly seredildi. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna laýyklykda hem ýüztutmalaryň 5 sanysy boýunça ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklipler ýollanyldy. Şeýlelik-de, 2024-nji ýylda Adalatçynyň önümçiligine kabul edilen (birikdirilen 14 sany ýüztutmalar bilen birlikde) umumy 151 sany ýüztutmalaryň 132-sine seredilip, olardan 22-si ýa-da 16,7 %-mi kanagatlandyryldy, 19-sy seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Kanagatlandyrylan ýüztutmalar Maglumatyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky VIII babynda beýan edildi.

Ýyllyk Maglumatyň şu ýerinde ýokarda beýan edilenlere we görkezilen görkeziјä laýyklykda, 2024-nji ýylda hasaba alynyp, olardan 14-siniň öňki ýazylan arzalara birikdirilmek arkaly seredilmegi bilen netije çykarylan ýüztutmalara hem sebitler boýunça selјerme geçirildi.

Şeýlelik-de, Aşgabat şäheri boýunça ýüztutmalaryň 1-si birikdirilmek, ýene-de 2-si degişli edaralardan resminamalar almak, 25-si ýa-da 67,6 %-i «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara iberilmek, 4-si agzalan Kanunyň 30-nјy maddasyna laýyklykda ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklip ugradylmak, 5-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 37 sany ýüztutmalar boýunça 5 sany ýüztutma ýa-da 13,5 % kanagatlandyryldy we 3 arza seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy.

Balkan welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 1-si birikdirilmek, 2-si ýerlerden degişli resminamalar almak, 13-si ýa-da 76,5 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly döwlet edaralara we 1-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 17 sany ýüztutmalar boýunça 3 sany ýüztutma ýa-da 17,6 %-im kanagatlandyryldy.

Daşoguz welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 6-sy birikdirilmek, 3-si ýerlerden degişli resminamalar almak, 26-sy ýa-da 68,4 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara iberilmek, 1-si agzalan Kanunyň 30-nјy maddasyna laýyklykda ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklip ugradylmak, 2-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 38 sany ýüztutmalar boýunça 6 sany ýüztutma ýa-da 15,8 %-im kanagatlandyryldy we seredilmän ýylyň ahyryna 9 sany arza galdyryldy.

Lebap welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 3-si birikdirilmek, 2-si degişli resminamalar almak, 12-si ýa-da 66,7 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara we 1-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 18 sany ýüztutmalar boýunça 2 sany ýüztutma ýa-da 11,1 %-im kanagatlandyryldy we seredilmän ýylyň ahyryna 4 sany arza galdyryldy.

Mary welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 1-si birikdirilmek, 4-si degişli resminamalar almak, 20-si ýa-da 74 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara we 2-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 27 sany ýüztutmalar boýunça 5 sany ýüztutma ýa-da 18,1 %-im kanagatlandyryldy we seredilmän ýylyň ahyryna 3sany arza galdyryldy.

Ahal welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 2-si birikdirilmek, 4-si ýerlerden degişli resminamalar almak, 8-si ýa-da 57,1 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 14 sany ýüztutmalar boýunça 1 sany ýüztutma ýa-da 7,1 %-im kanagatlandyryldy.

Raýatlar tarapyndan ýazylan ýüztutmalar Adalatçynyň önümçiligine kabul edilenden soň, ygtyýarly edaralardan ýüztutmalarda görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermekligiň soralýandygy ýa-da ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklipleriň ýollanýandygy, degişliligi boýunça ygtyýarly edaralara iberilýändigi we ygtyýarly edaralardan resminamalar alnyp seredilýändigi barada ýokarda bellenilip geçildi. Şeýlelik-de, ýüztutmalar boýunça teklip ýollanan, degişliligi we barlanmagy üçin iberilen, resminamalar soralan edaralar tarapyndan olara seredilmeginiň netiјeleri boýunça hem selјerme geçirildi.

Seljerme geçirilen ýokardaky görkeziјä laýyklykda, Adalatçynyň Diwanyna ýazmaça gelip gowşan ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilenlerinden 104-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna, şolaryň ýene-de 5-si agzalan Kanunyň 30-nјy maddasyna esaslanylyp, Adalatçy tarapyndan olara seretmekligiň möhletleri görkezilip, ygtyýarly edaralara ýollanyldy. Şeýle hem, önümçilige kabul edilen ýüztutmalaryň 11-si degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi we 14-si ygtyýarly edaralardan degişli resminamalar almak arkaly seredilip, umumy 134 sany ýüztutmalaryň 15-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy.

Şeýlelik-de, degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberilen, ygtyýarly edaralardan degişli resminamalar almak arkaly seredilen, şeýle-de seretmeklige ýardam berilmegi soralyp hem-de teklip bilen ygtyýarly edaralara iberilen 134 sany ýüztutmalaryň 83-si ýa-da 61,9 %-mi boýunça јogaplar bellenilen möhletden giјikdirilip berildi.

Јogaplary giјikdirilip berlen ýüztutmalara geçirilen selјermeden görnüşine görä, Aşgabat şäher häkimligine iberilen 18 sany ýüztutmalaryň 14-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 2-si boýunça ýatlama haty iberildi, 2-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Balkan welaýat häkimligine iberilen 3 sany ýüztutmalaryň 3-sinede möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 2-si boýunça ýatlama haty iberildi. Daşoguz welaýat häkimligine iberilen 8 sany ýüztutmalaryň 7-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 3-si boýunça ýatlama haty iberildi, 2-si kanagatlandyryldy, 2-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Lebap welaýat häkimligine iberilen 5 sany ýüztutmalaryň 4-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 1-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Mary welaýat häkimligine iberilen 14 sany ýüztutmalaryň 12-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 5-si boýunça ýatlama haty iberildi, 2-si kanagatlandyryldy, 2-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Ahal welaýat häkimligine iberilen 7 sany ýüztutmalaryň 6-syna möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 4-si boýunça ýatlama haty iberillip, 1-si kanagatlandyryldy. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberilen 21 sany ýüztutmalaryň 14-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 4-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine iberilen 15 sany ýüztutmalaryň 13-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 1-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilen 12 sany ýüztutmalaryň 3-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 1-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrligine iberilen 2 sany ýüztutmalaryň 1-sine möhlet geçirilip jogap berildi we 2-si kanagatlandyryldy. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberilen 7 sany ýüztutmalaryň 1-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 2-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine iberilen 5 sany ýüztutmalaryň 1-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberilen 2 sany ýüztutmalaryň 1-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 1-si kanagatlandyryldy. Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberilen 4 sany ýüztutmalaryň 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Merkezi bankyna iberilen 2 sany ýüztutmalaryň 1-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligine iberilen 1 sany, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine iberilen 1 sany ýüztutmalar seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldylar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine iberilen 1 sany ýüztutma kanagatlandyryldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine iberilen 1 sany ýüztutma möhlet geçirilip jogap berildi we kanagatlandyryldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine iberilen 1 sany ýüztutma seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň müftiýetine iberilen 1 sany ýüztutma möhlet geçirilip jogap berildi.

Jogaplary gijikdirilip berlen ýüztutmalara geçirilen seljermede, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan ýüztutmalara seretmekde јogapkärçiliksiz çemeleşilmegi sebäpli, raýatlaryň ýüztutmalary möhletinden giјikdirilip seredilip, raýatlaryň gaýtadan Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutmaklaryna getiren ýagdaýlary boldy. Kanunda bellenen möhletinde јogap berilmedik şikaýatlar boýunça degişli ýolbaşçylaryň ünsleri çekilip ýatlatma hatlary ugradyldy.

Ondan başgada ýokadaky görkezilenler seljerilip görlende möhletleri geçirlip, jogaplary gijikdirilip berlen käbir ýüztutmalarda, esasanda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilen ýüztutmalarda goýlan meseleleri anyklamak boýunça goşmaça barlaglaryň geçirilmegi wajyp bolup, wagt talap edenligi sebäpli, olaryň möhletleriniň esasly geçirilendigi mälim boldy.

Beýan edilenlerden görnüşi ýaly käbir ýüztutmalar boýunça goşmaça barlagyň wagt talap etmegi bilen baglanşykly olara seretmekligiň möhleti geçirildi. Tejribede ýüze çykýan şu meselelerden ugur alnyp, Adalatçynyň Diwany tarapyndan ýüztutmalara seretmegiň möhleti babatda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek teklip edildi. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna birnäçe goşmaçalar we üýtgetmeler bilen bir hatarda, Kanunyň 27-nji maddasyna üýtgetme girizilip, «Eger-de ýüztutmada görkezilen mesele boýunça goşmaça barlaglary geçirmegiň zerurlygy ýüze çykan halatynda ýüztutmanyň seredilmegi üçin Adalatçy tarapyndan bellenilen möhlet ýüztutma iberilen wezipeli adam tarapyndan bir aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Şunda möhletiň uzaldylan gününden başlap üç günüň dowamynda bu barada Adalatça ýazmaça habar berilmelidir.» diýen kada goşuldy. Bu kadanyň girizilmegi ýüztutmalaryň has düýpli seredilmegi üçin talap edilýän möhletiň kanuny esasyny kesgitledi.

Selјerilýän ýylyň dowamynda raýatlaryň Adalatçynyň Diwanyna gelip, dil üsti bilen beýan eden 156 sany ýüztutmasy hasaba alyndy we olara hem ýurdumyzyň sebitleri boýunça aýratynlykda selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

Ýokardaky görkeziјilere görä öňki ýyllarda bolşy ýaly, dilden ýüztutmalaryň esasy bölegi, ýagny 66-sanysy - 42,30 %-mi Aşgabat şäherinden bolup, olaryň köp sanlylygynyň sebäpleriniň biri, Adalatçynyň Diwanynyň Aşgabat şäherinde ýerleşmegi we onuň ýüz tutýan raýatlar üçin elýeterli bolmagydyr.

Maglumatyň şu ýerinde ýylyň dowamynda dilden ýüztutmalar babatda çärýekleýin we ýüz tutan raýatlaryň sany boýunça hem selјerme geçirildi.

Selјermeden görnüşine görä, seljerilýän ýylyň dowamynda dil üsti bilen kabul edilen 156 sany ýüztutmalar boýunça jemi 184 sany raýat ýüz tutup, olaryň 54 sanysy köpçülikleýin ýüz tutan raýatlar boldy. 2023-nji ýylda bolsa dil üsti bilen kabul edilen 163 sany ýüztutmalar boýunça jemi 189 sany raýat ýüz tutup, olaryň 48 sanysy köpçülikleýin ýüz tutan raýatlar bolmak bilen seljerilýän ýylda köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sany 6 adam köpeldi.

Şeýle-de ýüz tutan raýatlaryň јyns we millete degişliligi boýunça hem selјerme geçirildi. Ýagny, ýüz tutan raýatlaryň 119-sanysy aýal we 65-si erkek adamlar bolmak bilen, olar dürli milletiň wekilleri bolup, olardan türkmen - 137, rus - 11, azerbeýjan - 11, ermeni - 6, özbek - 9, pars - 1, lezgin - 1, tatar-3, ukrain-2, nemes-1, ýewreý-1 adam bolup, umuman göterim hasabynda alanyňda, beýleki milletleriň wekilleriniň göterim gatnaşygy ýüztutmalaryň 25,5 %-ni düzdi.

Ýüz tutan raýatlaryň milletine ýa-da beýleki aýratynlyklaryna görä selјermäniň netijeleri, olaryň ählisine öz hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikleriň döredilýänligini görkezýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, raýatlaryň ýazmaça beren ýüztutmalaryna jogaplaryň özleriniň ýüz tutan dilinde ýa-da bilýän dilinde terјime edilip berlişi ýaly, dilden ýüz tutup gelýän raýatlar bilen hem gürrüňdeşlik özleriniň bilýän dillerinde geçirilip, degişli maslahatlar we düşündirişler berilýär. Öňki ýyllarda, şeýle hem selјerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwany tarapyndan ýazmaça ýa-da dilden berlen јogaplaryň mazmunlaryna düşünmeýändikleri barada mesele ýüze çykmady.

Ýylyň dowamynda hasaba alnan dilden ýüztutmalaryň meseleleri, şeýle hem dilden ýüztutmalaryň meseleleriniň sebitlere degişliligi boýunçada selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

Ýokardaky görkezijilerde getirilen selјermelerden görnüşine görä, raýatlaryň dilden ýüztutmalarynyň esasy bölegi, ýagny 30 sanysy ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, umumy ýüztutmalaryň 19,23 %-ni, kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň 32 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 20,51 % -ni, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine bildirilen nägilelikler baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň 5 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 3,20 %-ni, migrasiýa meseleleri boýunça ýüztutmalaryň 12 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 7,69 % -ni, zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 8 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 5,13 % -ni, ýer hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 7 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 4,49 % -ni, bilime bolan hukuk bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 4 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 2,56 % -ni, hossarlyk-howandarlyk bilen bagly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 2 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 1,28 %-ni, hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerinden nägiledikleri baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň 12 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 7,69 % -ni, jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň 5 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 3,20 % -ni, saglygy goramaga bolan hukuk bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 4 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 2,56 % -ni, günä geçmek meseleleri boýunça ýüztutmalaryň 1 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 0,64 % -ni, durmuş üpjünçiligi bilen bagly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 1 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 0,64 %-ni, ýazga durmak meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 9 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 5,8 % - ni düzdi. Galan -15,38 % - mi bolan 24 sany dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar hem beýleki meselelere degişli bolan ýüztutmalar bolup, olar esasan hem raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägiledikleri, algy-bergi, maşgala ýa-da goňşy ara dawalary, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi we ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykýan beýleki dürli meseleler boldy we 156 sany dilden ýüztutmalaryň 0,64 %-mi bolan durmuş üpjünçiligine degişli 1 sany ýüztutma kanagatlandyryldy.

Raýatlaryň dil üsti bilen beýan edýän ýüztutmalary boýunça sebitlerde esasy ýüze çykýan meselelere selјerme berlende, Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş jaý, kazyýet kararlaryna, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine, migrasiýa we ýazga durmak meseleleri boýunça bildirilýän nägilelikler, Mary welaýaty boýunça hem kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler baradaky meseleler bolup durýar.

Maglumatyň şu ýerinde, raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalaryna seljerme geçirmegiň netijesinde, köpçülikleýin ýüztutmalaryň meseleleriniň üstünde hem çärýekleýin hem-de sebitler boýunça durup geçmeklik makul bilindi.

Ýokardaky görkezijiden görnüşi ýaly, maglumat döwründe ýazmaça köpçülikleýin ýüztutmalaryň 33-si we olar boýunça ýüz tutan 332 sany raýatlar hasaba alynyp, olaryň köp sanlysy Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan bolmak bilen, Daşoguz welaýatyndan 10 sany ýüztutma boýunça 70 adam ýüz tutup, olaryň meseleleriniň 2-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägilelikler, 1-si jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada,1-si kazyýet kararlaryna bildirilen nägilelik, 1-si gaz, tok, suw meselesi, 2-si zähmet hukugy, 1-si durmuş üpjünçilik, 2-si beýleki mesele, Lebap welaýatyndan 8 sany ýüztutma boýunça 60 adam ýüz tutup, olaryň 2-si zähmet hukugy, 4-si ýer hukugy,1-si migrasiýa meselesi,1-si beýleki mesele, Mary welaýatyndan 9 sany ýüztutma boýunça 172 adam ýüz tutup, olaryň 1-si ýaşaýyş jaý hukugy, 1-si ýer hukugy, 1-si jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada, 4-si gaz, tok, suw meselesi, 2-si beýleki mesele boldy. Mundan başga-da, Aşgabat şäherinden 4 sany ýüztutma boýunça 22 adam ýüz tutup, olaryň 2-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägilelikler, 2-si beýleki mesele, Balkan welaýatyndan hem 2 sany ýüztutma boýunça 4 adam ýüz tutup, olaryň meseleleri beýleki meselä degişli boldy. Ahal welaýaty boýunça maglumat döwründe ýazmaça görnüşinde köpçülikleýin ýüztutmalar hasaba alynmady.

Raýatlaryň köpçülikleýin ýazan arzalary boýunça käbir ýüztutmalaryň kanagatlandyrylanlary boldy we olar bilen Maglumatyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky VIII babynda tanyşmaklyga mümkinçilik döredildi.

Şeýle hem, ýokardaky görkezijiden görnüşine görä, maglumat döwründe dilden köpçülikleýin ýüztutmalaryň 26-sy we olar boýunça ýüz tutup gelen 54 sany raýatlar hasaba alyndy. Bu ýüztutmalaryň 13-si boýunça Aşgabat şäherinden 26 sany raýat ýüz tutup, 13 meseläniň 2-si ýaşaýyş jaý hukugy, 1-si zähmet hukugy, 1-si migrasiýa meselesi, 2-si ýaşaýyş jaýa ýazga durmak, 3-si jenaýat we jenaýatçylykly hereketler barada, 1-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelik, 2-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägilelikler, 1-si beýleki mesele, ýüztutmalaryň 1-si boýunça Balkan welaýatyndan 2 sany raýat ýüz tutup, olaryň bu meselesi kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelik, ýüztutmalaryň 3-si boýunça Daşoguz welaýatyndan 6 sany raýat ýüz tutup, 3-meseläniň 2-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelikler, 1-si beýleki mesele, ýüztutmalaryň 1-si boýunça Lebap welaýatyndan 2 sany raýat ýüz tutup, olaryň bu meselesi ýaşaýyş jaý hukugy, ýüztutmalaryň 5-si boýunça Mary welaýatyndan 10 sany raýat ýüz tutup, 5 - meseläniň 1-si ýaşaýyş jaý hukugy, 1-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelik, 1-si ýer hukugy, 1-si günä geçmek, 1-si beýleki mesele bilen baglanyşykly meseleler boldy.

Adalatçy tarapyndan raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça alnyp barylýan işlerde kanunçylygyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen hem-de raýatlardan gelýän ýüztutmalaryň we gaýtadan ýüztutmalaryň azalmagyna ýardam etmek maksady bilen aşakdakylary teklip edýäris:

 -Adalatçynyň şikaýatyň barlanylmagyna ýardam edilmegi baradaky ýüztutmasyna ýa-da teklip bilen ýüztutmasyna döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan jogapkärçilikli çemeleşilmegini we kanunda bellenen möhletde hem-de düýp mazmuny boýunça jogaplaryň berilmegini;

 - Raýatlaryň ýüztutmalarynyň köp böleginiň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegi we ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy bilen bagly mesele bolup durýandygyny göz öňünde tutup, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrylmaga mätäç adamlaryň toparyna girýän raýatlaryň ýaşaýyş jaý nobatynyň hasaba alnyşynyň we ýöredilişiniň kämilleşdirilmegini, şol sanda nobata duranlaryň habarlylygynyň üpjün edilmegini aýratyn gözegçilikde saklamagy; 

- Ýurdyň welaýatlarynda, hugusan-da Mary welaýatynda zähmet hukugy, ýer hukugy we gaz-tok-suw meselesi bilen baglanşykly ýüztutmalaryň sanynyň öňki ýyllara garanyňda köpelendigi sebäpli, ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ýerli edaralary tarapyndan bu ugurda ygtyýarly edaralaryň ýerine ýetirýän işlerini gözegçilikde saklamagy.


V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri


«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda ýurdumyzda bolup geçen möhüm ähmiýetli wakalar bilen bir hatarda bu ýylda kabul edilen kanunlardyr - kararlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Milli Maksatnamalar we Meýilnamalar, Konsepsiýalar we Strategiýalar ýurdumyzyň ösüşiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmagyň hukuk esaslaryny üpjün etmäge, şeýle-de adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny doly üpjün etmäge we durmuşa geçirmäge niýetlenendir. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny düzgünleşdirýän birnäçe halkara resminamalarynyň gatnaşyjysy bolup, halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny özünde jemleýän bu resminamalaryň gatnaşyjysy hökmünde olaryň kadalaryny milli kanunçylymyza ornaşdyrmak we ol kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly ýurt hökmünde çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda 2024-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda esasy ädimleriň biri boldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Mejlisiň dowamynda ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek, ylym we önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek ugrunda innowasiýa ulgamynyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň möhümdigi nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnamalaýyn-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, ykdysady işjeňligi üpjün etmek, ulag we logistika, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, oba hojalyk önüm öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýaly meselelere degişli kanunçylygy seljerip, möhüm işleri geçirmek döwletimiziň kanunçykaryjylyk işiniň wajyp bölegi hökmünde kesgitlenildi. Durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň çäklerinde «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenen Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda Düzgünnamanyň, Hossarlygy we howandarlygy amala aşyrmagyň tertibi hakynda Düzgünnamanyň döwrüň talabyna laýyk işlenip taýýarlanylmagynyň, kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi nukdaýnazardan uly ähmiýete eýedigi göz öňüne tutulyp bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Şeýle hem, ösüp gelýän nesili goramak, olary goldamak babatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň zerurlygy bellenildi. Şunda enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belentde tutmak, olaryň kanuny bähbitlerini goramak, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk esaslaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biridigi bellenildi. Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça kanun çykaryjylyk başlangyçlaryna bolan hukugyň esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreleri görmegiň zerurlygy bellendi.

Mälim bolşy ýaly milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge ýardam etmek «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça Mejlisde döredilen iş toparlarynyň maslahatlaryna Adalatçynyň Diwanynyň jogapkär işgärleri hem agza hökmünde gatnaşyp, hödürlenilýän kanun taslamalary boýunça öz tekliplerini we belliklerini beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisinde işlenip taýýarlanan, Adalatçynyň Ddiwanyna gelip gowşan kanun taslamalar boýunça hem degişli teklipler berildi. Taýýarlanylýan kanun taslamalar boýunça teklipler berilende kanun taslamasynyň kadalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine, hereket edýän milli kanunçylygymyzyň kadalaryna hem-de adam hukuklary boýunça halkara hukugynyň kadalaryna we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde öňde goýulan maksatlara laýyklygy seljerildi.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanynda Türkmenistanyň Mejlisinde taýýarlanylan, «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna seredilip, olar boýynça teklipler we bellikler berildi. Şeýle hem, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri iş toparyň agzalary hökmünde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet reýestri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparynyň maslahatlaryna gatnaşdylar. Ýokarda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, ýylyň dowamynda Adalatçynyň kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek wezipesi Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy we Türkmenistanyň Mejlisiniň seretmegine girizilen kanun taslamalary bilen yzygyderli tanyşymagy we olar boýunça degişli teklipleri bermegi, şeýle-de Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlaryň agzalary hökmünde geçirilen maslahatlara gatnaşmagy arkaly amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, maglumat ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 3 sany maslahaty geçirilip, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36 sanysy, Mejlisiň kararlarynyň 26 sanysy kabul edildi. Kabul edilen kanunlaryň hatarynda, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine, Maşgala kodeksine, Sanitariýa kodeksine, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse, Zähmet kodeksine, «Ýer hakynda» we «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunlaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi hakynda Türkmenistanyň kanunlaryny we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Weterinariýa işi hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Döwlet gullugy hakynda», «Adalatçy hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Diplomatik gulluk hakynda», «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlary görkezmek bolar.

Maglumat ýylynyň ikinji ýarymynda, «Adalatçynyň diwanynyň işini kämileşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünde işler alnyp baryldy. Hususan-da Adalatçynyň Diwanynyň gurluşyny üýtgetmek we düzümini giňeltmek wezipeleriniň üstünde işlenildi. Munuň netijesinde Adalatçynyň Diwanynda hereket edýän bir bölüm üýtgedilip guraldy we goşmaça iki bölüm döredildi.

Ýurtda adam hukularynyň goralmagy we üpjün edilmegi ugrunda Adalatçy tarapyndan alnyp barylan işleriň döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösmegine oňyn täsir edýändigi, Adalatçynyň öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýändigi göz öňünde tutulyp, Adalatçynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly Kanun taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu kanun taslama Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparynda, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň gatnaşmagynda öwrenildi we kabul edilmegi üçin hödürlenildi. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, bu Kanun bilen «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birnäçe maddalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Kabul edilen Kanun esasynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Adalatçynyň adam hukuklaryny goramakda alyp barýan işleriniň gerimini giňeldýän, Adalatçynyň Diwanynyň gurlyşyny pugtalandyrýan we işini kämilleşdirýän kadalar goşuldy. Has takygy, ýurtda Adalatçynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda alyp barýan işine hörmat goýulmagy we onuň kanuny talaplaryna jogapkärçilikli çemeleşilmegi we berjaý edilmegi maksady bilen, Kanunyň 1-nji maddasyna, Adalatçynyň wezipesiniň döwlet wezipesi bolyp durýandygy baradaky kada goşuldy. Şeýle hem, Kanunyň 1-nji, 2-nji, 19-njy, 21-nji maddalarynda kesgitlenen kadalar üýtgedilip, Adalatçynyň, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda döwlet kepillikleriniň döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary bilen birlikde, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan hem berjaý edilmegine ýardam ermek, adamyň we raýatyň bozulan hukuklaryň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek ygtyýarlyklary goşuldy we şikaýatlara seretmekde alyp barýan işi kämilleşdirildi. Şeýle hem Kanunyň 30-njy maddasynda kesgitlenen kadalar, ýagny Adalatçynyň, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara, wezipeli we beýleki ygtyýarly adamlara, bozulan hukuklaryň we azatlyklaryň gaýragoýulmasyz dikeldilmegi hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ýüz tutmak ygtyýarlygy artdyrylyp, Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna getirip biljek ýagdaýlaryň öňüni almak babatda hem teklip berip bilýändigi baradaky kadalar goşuldy. Bulardan başga-da Kanunyň 23-nji we 27-nji maddalaryna, Adalatçy tarapyndan şikaýatlara seretmegiň möhletini kesgitleýän we Adalatçynyň ýüztutmalaryna ýardam etmekde ygtyýarly döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň hereketleri kesgitlenildi.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň Adalatçynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, bozulan hukuklary dikeltmekde alyp barýan işiniň gollanylýandygyna we hasda kämilleşmegi üçin şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Adalatçynyň 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky 6 belgili buýrugy esasynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň 2024-2028-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamasy kabul edildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany beýleki düzümler bilen deňeşdirilende, adam hukuklary boýunça milli edara bolup, 2017-nji ýylda döredilen gününden bäri işiniň ugurlaryny we wezipeleýin mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmegini dowam etdirýär. Ýokarda agzalan işleriň çäklerinde, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça milli adam hukuklary boýunça edaralarynyň forumynyň (AÝF), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM) goldaw bermeginde Diwanyň mümkinçiliklerine baha bermek işleri geçirildi. Mümkinçiliklere baha bermek işi Diwanyň gazananlaryny, şeýle hem mümkinçilikleri ösdürmegiň kynçylyklaryny we ugurlaryny kesgitledi. Baha bermek işiniň dowamynda Adalatçynyň Diwanynyň uzak möhletleýin strategik ugrunyň kesgitlenilmegi Diwanyň geljekdäki ösüşi üçin esasy ugurlaryň biri bolup durýandygy bellenildi.

Beýan edilenleriň esasynda, adam hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge we kanunçylygyň talaba laýyk ulanylmagyna ýardam etmek maksady bilen teklip edýäris:

 -Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kabul edilen, adam hukuklary bilen baglanyşykly hukuk namalarynyň seljerilip, hereket edýän kanunçylyga laýyk getirilmegini; 

 -Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öz işlerini guramagyň hukuk esasyny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny degişli tertipde kabul etmek we döwlet belliginden geçirmek işlerini alyp barmagyny; 

 -Kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen bagly alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna ygtyýarly edaralar bilen Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri, hossarlyk we howandarlyk bölümleriň hukuk belleýji hem-de hossarlygyň we howandarlygyň amala aşyrylmagy bilen bagly hukuk namalarynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlenmegini. 


VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi


«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen talaplara laýyklykda, Adalatçynyň ýerine ýetirýän işleriniň esasy ugurlarynyň biri ýurdumyzda adam hukuklaryny goramagyň usullary we görnüşleri babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Maglumat ýylynda ýurdumyzda adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesi esasan hem Adalatçynyň hut özi tarapyndan, we onuň Diwanynyň işgärleri tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen we jemgyýetçilik çärelerinde çykyşlaryň edilmegi arkaly amala aşyryldy. Ýagny, adam hukuklarynyň esaslary barada, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde döwlet kepillikleri barada we adam hukuklary bilen baglanyşykly mozuklarda gazet-žurnallarda makalalar bilen çykyş etmek, telewideniýe we radio gepleşiklerinde gürrüňdeşlik geçirilmek arkaly hem-de okuw sapaklaryny gurnamak görnüşinde amala aşyryldy. Şeýle hem, Adalatçynyň Diwanynyň internet web-saýtynda adam hukuklarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunçylygynda kepillendirilen kadalar barada, ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegi üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan işler barada hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň dürli ugurlaryna degişli bolan maglumatlar yzygiderli ýerleşdirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçen 2024-nji ýyl döwletimiz üçin üstünlikli taryhy ýyllaryň birine öwrüldi. Bu yyl adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna hem bagyşlanan syýasy-jemgyýetçilik, medeni-köpçülikleýin çärelere, sebit hem halkara derejesinde geçirilen çärelere baý ýyllaryň biri boldy. Bu çärelere gatnaşmak bilen Adalatçy we onuň Diwanynyň işgärleri tarapyndan, turkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim paýhasyndan emele gelen, adalaty ündeýän, adam gymmatlykllaryna sarpa goýýan, milli ýörelgelerimize öwrülen şygyrlaryny, milli kanuncylygymyz hem-de döwlet syýasaty bilen baglanyşdyryp, öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bu çärelere işjeň gatnaşdy. Şeýle hem, Adalatçynyň Diwanynyň 2024-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwany tarapyndan milli we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermeklige gönükdirilen çäreler geçirildi.

Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýän döwlet wezipeli adam hökmünde, döwletimiziň syýasy, jemgyýetçilik we medeni köpçülikleýin çäreleriniň her birine gatnaşdy. Adalatçynyň jemgyýetçilik medeni çärelerine gatnaşmagy barada aýdamyzda, ilki bilen onuň, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmagyny bellemelidiris. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri bilen bir hatarda Adalatçynyň, bu iň ýokary wekilçilikli edaranyň agzasy hökmünde gatnaşanlygy, Halk Maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylýan her bir meseläniň demokratik ýörelgelere esaslanyp çözülýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty gadymdan gelýän milli däplerimizde, häzirki zamanda kanunçylygymyzda beýan edilen deňlik, adalatlylyk, adam hukuklaryny ileri tutmak ýaly ýurdymyzda il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak däbine eýerilip her ýylda geçirilýän umumy milli forumdyr. Bu ählihalk maslahaty bolup, onda Türkmenistanyň ähli halkynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän iň ýokary wekilçilikli edaranyň maslahaty bolmak bilen, onda agzalar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, adamlaryň hal ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen wajyp meseleleriň çözgüdini ara-alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikler döreýär. Bu maslahatda «2025-nji-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» ähmiýeti uly bolan resminamalara seredildi we makullanyldy.

Mälim bolşy ýaly, Adalatçy öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda her ýylky Maglumatyny Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine berýär. Ol Maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen 2024-nji ýylyň dowamynda Adalatçy Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda geçiren, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji, altynjy we ýedinji maslahatlaryna gatnaşdy. Şeýle hem, 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynyň gün tertibine we «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda 2023-nji ýylda alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty bilen çykyş etdi.

Adalatçynyň ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy babatdaky taýýarlaýan her ýylky Maglumaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär we halk köpçüligine hödürlenilýär. Şeýle hem, bu Maglumat bilen baglanyşykly 2024-nji ýylyň awgust aýynda Altyn Asyr teleýaýlymynda «Jemgyýet we Kanun» atly gepleşikde Adalatçynyň Diwanynyň wekiliniň çykyş edendigi we bu gepleşigiň halk köpçüligine hödürlenilendigi hem aýratyn bellärliklidir.

Adalatçy, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň agzasy bolup durýar. Pudagara toparyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen üç sany mejlisine gatnaşyp, Adalatçy Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda kesgitlenen, adam hukuklary babatda ýörelgeleriň we kadalarynyň milli kanunçylygymyz bilen sazlaşykly berjaý edilişinde öz garaýyşlaryny beýan etdi. Şeýle hem, ýurdumyzda Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Pudagara toparynyň agzasy hökmünde, Toparyň 2024-nji ýylda geçirilen üç sany mejlisine gatnaşyp, mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen dürli meseleler boýunça öz pikirlerini beýan etdi.

Şeýle hem, ýokarda görkezilen Pudagara toparlaryň iş toparlarynyň agzasy hökmünde Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň hem gatnaşanlygy we bu geçirilýän iş toparlarynyň mejlisleri adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Mundan başga hem Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli komitetlerinde kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň agzasy bolup, ýylyň dowamynda geçiren maslahatlaryna gatnaşandyklaryny hem bellemelidiris.

Maglumat ýylynda Adalatçy we Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna bagyşlanyp geçirilen okuw-maslahatlaryna, wagyz-nesihat çärelerine hem işjeň gatnaşdylar.

Olardan, 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahata, 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhy, häzirki döwri we geljegi» atly baýramçylyk dabarasyna, «Çagalary goramak we olar üçin adyl kazyýetliligi üpjün etmek boýunça milli derejesinde ileri tutulýan wezipeler» boýunça maslahatlaşmalara, «Zähmet hukugyna degişli ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň ýerine ýetirilmeginiň halkara ýörelgeleri» atly maslahata, «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde Administratiw hukugy boýunça maslahata, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: ykdysady we syýasy ösüşleriň gözbaşydyr» atly baýramçylyk dabarasyna, «Adam söwdasy bilen bagly jenaýatlaryň öňüni almak we howpsuz migrasiýany wagyz etmek» atly maslahata Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri gatnaşdylar, maslahatlarda öňe sürülen pikirleri goldap, öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 16-nji aprelinden bäri Adalatçynyň Diwanynyň internet web-saýty (ombudsman.gov.tm) hereket edýär. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly bu saýtda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda alnyp barylýan işler, adam hukuklary babatda ileri tutulýan ugurlar bilen bir hatarda, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Adalatçynyň alyp barýan işleri aýan edilýär. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar, adam hukuklaryny kadalaşdyrýan halkara we milli kanunçylygyň kadalary, hem-de Adalatçynyň Diwanynyň işgärleriniň bu ugurda gatnaşýan çäreleri, okuw maslahatlary we neşir edilen ylmy makalalary ýerleşdirilýär we bu saýtyň maglumatlary yzygider täzelenip durulýar.

Mundan başga hem, Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, şeýle hem ýurtda demokratik gymmatlyklary berkarar etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işleriň, özgertmeleriň we demokratik özgerişlikleriň häsiýetini açyp görkezýän makalalary ýurdumyzyň metbugat, neşirlerinde, gazetlerde we žurnallarda çap edildi. Mysal üçin, «Adalat» gazetiniň 2024-nji ýylyň 27-nji sentýabryndaky sanynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty - döwlet häkimiýetiniň gözbaşy» atly makala bilen çykyş edilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň milli demokratiýamyzyň halkara giňişligindäki dabaralanmasynyň ýene bir aýdyň subutnamasynyň bolandygy we demokratik ösüşleriň ýurtda adam hukuklarynyň üpjün edilmegine döredilýän giň mümkinçilikleri beýan edildi.

Ýurdumyzyň taryhy wakalarynyň hatarynda, geçen ýylda Türkmenistan döwletimiziň ýurt Garaşsyzlygynyň 33-ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilen çärelere Adalatçy we diwanyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Bu taryhy waka bagyşlanyp, «Garaşsyzlyk-milli buýsanjymyz» atly makala bilen «Ahal durmuşy» gazetiniň 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky sanynda çykyş edildi. Bu makalada Garaşsyzlygymyzyň ýurduň syýasy, ykdysady taýdan özygtyýarly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halkyň milli düşünjeliliginiň ösmegine, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde öz mynasyp ornunyň tapmagynda itergi berendigi, şeýle hem döwletimize, halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berendigi barada giňişleýin beýan edildi.

Şeýle hem, ýurdumyz üçin ýene bir esasy baýramçylygymyz bolan hemişelik Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň uludan tutulmagy we bu şanly sene bilen baglanyşykly geçirilen dabaralara we çarelere Adalatçynyň we onuň Diwanynyň wekilleriniň gatnaşanlygy bellärliklidir. Bu çärä bagyşlanyp «Ahal durmuşy» gazetiniň 2024-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky sanynda «Türkmeniň döwletliliginiň ykrary» atly makala bilen çykyş edildi. Bu makalada hemişelik Baky Bitarap ýurdumyzyň her bir raýatynyň ata-Watanymyzyň ösüşlerine, ýeten sepgitlerine buýsanyp zähmet çekýändikeri beýan edildi.

Ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak, olaryň bozulan hukuklarynyň dikeldilmegini üpjün etmek üçin we bu babatda ilatyň habarlylygyny artdyrmak Adalatçynyň esasy işi bolup, Adalatçy we onuň Diwanynyň işgärleri her ýylda, BMG-niň Adam hukuklary hakyndaky Ähliumumy Jarnamasynyň kabul edilen senesi bilen baglanyşykly geçirilýän çärelere işjeň gatnaşyp, bu ugurda edilýän işler barada çykyşlar etmek hemişeki ýaly amala aşyryldy. 2024-nji ýylda Adam hukuklary hakyndaky Ähliumumy Jarnamanyň kabul edilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli «Adalat» gazetiniň 2024-nji ýylyň 31-nji maýyndaky sanynda «Adam hukuklary: ileri tutulýan wezipeler» atly, «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 31-nji iýulyndaky sanynda «Adam hukuklarynyň goraglylygy: kämil raýat jemgyýetini goramagyň ýolunda» atly hem-de 23-nji noýabryndaky sanynda «Adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri» atly, «Watan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 24-nji dekabryndaky sanynda «Demokratik ýörelgeler berkidilýär» atly makalalar bilen çykyşlar edildi. Bu makalalarda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň azatlygy, erkinligi, asuda durmuşy, abadan ýaşaýyşy ugrunda döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli işler bilen bir hatarda, milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygy we bu ugurda Adalatçynyň Diwany tarapyndan alnyp barylan işler barada giňden beýan edildi.

Türkmenistan döwletimizde çagalar aýratyn alada we goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzda çagalary diňe bir milli ruhy gymmatlyklar bilen däl-de, eýsem umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigi aýdyň duýulýar. Bu babatda her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde bellenilip geçilýän Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde «Забота о детях-приоритетное направление государственной политики» atly makala bilen, şeýle hem, «Дети - забота государствa» atly makala bilen, we «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalda «Дети - наше будущее» atly makala bilen çykyşlar edildi. Bu makalalarda döwletimiz tarapyndan çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslarynyň kesgitlenilmegi, onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegi, çagada belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine, onuň taryhy we milli däp-dessurlara, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklara hormat goýulmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine uly mümkinçilikleriň döredilmegi beýan edildi. Şeýle hem, Adalatçynyň Diwany tarapyndan çaganyň hukuklarynyň ileri tutulmagy ugrunda amala aşyrylýan işler barada we Türkmenistanyň Esasy kanuny bolan – Konstitusiýasynda bu barada berkidilen kadalaryň üstünde durlup geçildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Konstitusiýaynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda «Türkmenistan» gazetinde «Raýat jemgyýeti: hukuk we kanun» atly makala bilen çykyş edildi. Onda Esasy Kanunymyzyň umumadamzat gymmatlyklaryna eýe bolan özbaşdaklyk, döwletlilik, agzybirlik baradaky kadalary özünde jemläp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmegiň, şeýle hem raýatlaryň syýasy, zähmet, durmuş, medeni we beýleki binýatlaýyn hukuklaryny üpjün etmegiň berk kanuny esaslaryny emele getirýändigi barada beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan döwletimiziň raýatsyzlygyň soňuna çykan ýurt hökmünde yglan edilmegi hem adam hukuklary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, bu ugurda ýurdumyz tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda «Adalat» gazetinde «Ynsanperwerlik ýörelgesiniň dabaralanmagy» atly makala neşir edilip, okyjylara hödürlendi.

Şeýle-de Diwanyň işgäriniň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň «Demokratiýa we hukuk» žurnalynda çap edilen «Hususy telekeçilikde françaýzing şertnamasynyň orny» atly makalanyň, «Demokratiýa we hukuk» žurnalynda yglan edilen «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» baradaky ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp bolandygy hem aýratyn bellärliklidir.

Maglumat ýylyň dowamynda Adalatçynyň jemgyýetçilik medeni çärelerine gatnaşmagy we raýatlarymyzyň hukuk habarlylygyny, şeýle-de ýurdymyzda adam hukuklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler hakynda habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça alyp baran işleriniň netijesinde, adam hukuklary babatda ilatyň, şol sanda jogapkär wezipeli adamlaryň hukuk habarlylygyny, sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurlygy barada netijä gelmek bilen, aşakdakylary teklip edýäris:

 - Ilatyň adam hukuklary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak we hukuk medeniýetini ösdürmek maksady bilen okuw maksatnamalaryna adam hukuklary barada dersleri, ýörite sagatlary ornaşdyrmak işini alyp barmagy; 

 - Geçen ýyllarda beren teklibimizi gaýtadan goldamak bilen, ýurdumyz boýunça adam hukuklary babatda ilatyň, şol sanda wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň hukuk habarlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, yzygiderli, utgaşykly we ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, hukuk goraýjy edaralar, habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan anyk çäreleri göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlenmegini.


VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy


Özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynda parahatçylyksöýüjilik, ynanyşmak we özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini gollaýar. Abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň geriminiň giňemegi dünýä halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Köptaraplaýyn diplomatiýanyň strategiki ugurlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek we Durnukly ösüş maksatlaryny üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň jebisleşmegine gönükdirilen konstruktiw teklipleri we başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Türkmenistan «2025 ýyly - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky taryhy teklibi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78-nji mejlisiniň 63-nji umumy mejlisinde, 86 döwletiň gollamagynda karar bilen kabul edildi.

Adam hukuklary baradaky esas goýujy halkara resminamalara gatnaşyjy döwlet hökmünde Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär we halkara hukugynyň ösmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurtda adam hukuklaryny üpjün etmekde we goramakda döwletimiz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny diňe bir milli kanunçylyga girizmek bilen çäklenmän, eýsem ol hukuklary amala aşyrmagyň möhüm ugurlaryny kesgitleýär we şertleri döredýär.

BMG-niň Adam hukuklaryny goramakda we höweslendirmekde milli edaralar babatdaky Ýörelgelere - Pariž ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklary boýunça milli edara bolan Adalatçy halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň milli adam hukuklary institutlary bilen özara gatnaşyklary saklaýar. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, halkara standartlaryny öwrenmek we ornaşdyrmakda, adam hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmekde ýardam etmek, Türkmenistanyň Adalatçysynyň işiniň esasy ugurlary bolmagynda galýar.

Adalatçy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygy, beýleki ýurtlaryň we halkara guramalaryň adam hukuklary babatda tejribelerini hem-de öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Munuň özi Adalatça we onuň Diwanyna iş usullaryny kämilleşdirmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny has netijeli goramaga hem-de ilerletmäge mümkinçilik berýär. BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen adam hukuklarynyň halkara ulgamyna, şeýle hem adam hukuklary bilen baglanyşykly degişli çärelere gatnaşmak arkaly özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýýar hem-de zerur bolan tejribäni toplaýar.

Adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we utgaşdyrmak işi Adalatçynyň 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň 2024-2028-njy ýyllar üçin Strategik meýilnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Bu meýilnamany işläp düzmekde ýurduň milli kanunçylygynda adam hukuklaryny üpjün etmeklige gönükdirilen ýörelgelerden we kadalardan ugur alyndy. Şeýle hem, adam hukuklary babatda döwlet maksatnamalary we meýilnamalary, strategiýalary we konsepsiýalary, halkara hünärmenleriniň teklipleri, hususan-da, Adalatçynyň Diwanynyň işine baha bermegiň netijelerine esaslanýan Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň teklipleri hasaba alyndy.

2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanynyň Strategik meýilnamasyna, we Adalatçynyň işiniň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda hem-de bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde «Adam hukuklary çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we utgaşdyrmak» babatda BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Bu bolsa Adalatçynyň we onuň Diwanynyň mümkinçilikleriniň giňemegine esas boldy.

Bu işleriň çäginde 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň iş meýilnamasynyň Maglumat ýylynyň fewral aýynda gol çekilendigini bellemelidiris. Gol çekilen resminama Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki çäreleri göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky edarasy çaganyň hukuklaryny goramakda Adalatçynyň Diwanynyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Hyzmatdaşlygyň çäginde, çagalar we çagalaryň hukuklary bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň wekilleri, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýagny ýerli derejede çagalary goramakda ygtyýarlyklary bolan we adyl kazyýetliligi alyp barýanlar bilen, ÝUNISEF-iň meýilnamasyna laýyklykda strategiki meýilnamalaşdyrmak we baha bermek hem-de beýleki dürli çäreler geçirildi.

Bu dabarada Adalatçynyň Diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) wekilhanasynyň arasynda üýtgedilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam etmek» taslama resminamasyna gol çekildi. Adalatçynyň Diwanynyň döredilen ilkinji günlerinden bäri BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bu edaranyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.

Ýokarda agzalan taslamanyň çäginde ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak çäreleri geçirildi. Ýagny Diwanyň işgärleriniň adam hukuklarynyň dürli ugurlarynda hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça seminarlar, maslahatlar geçirildi, şeýle-de daşary ýurtlaryň milli adam hukuklary institutlarynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin saparlar gurnaldy. Bu ýerde bellemeli zatlaryň biri hem Adalatçynyň Diwanyny Milli Adam Hukuklary edaralaryň Ähliumumy Bileleşiginde akkreditirlemek üçin ýüztutma bermek, resminamalary taýarlamak we ol guramanyň kiçi komiteti bilen gepleşiklere taýýarlyk görmek we geçirmek işleri dolylygyna taslamanyň çäginde geçirildi. Gol çekilen Taslama resminamasy maglumat döwründe netijeli durmuşa geçirildi, taslamanyň çäginde Adalatçynyň Diwanynyň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda hünärmen we beýleki ýardamlar edildi.

Geçen ýylda Adalatçynyň işiniň möhüm wakalarynyň biri hem Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň ýerine ýetirilişi barada taýarlan Alternatiw hasabaty boýunça BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetiniň agzalary bilen bolan gepleşikleridir. Bu gepleşikleri geçirmek üçin 2024-nji ýylyň 6-10-njy fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýyllyk iş Meýilnamanyň çäginde, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna iş sapary gurnaldy. Geçirilen gepleşikde, Türkmenistanyň Adalatçysy Komitetiň agzalaryny ýurdymyzdaky çagalaryň hukuklarynyň ýagdaýy, çagalar babatda hökümetimiziň alyp barýan syýasaty, çagalaryň bähbidine amala aşyrylýan işler we Adalatçynyň Diwanynyň çagalaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Bu Alternatiw hasabat Adalatçynyň BMG-niň düzüm birliklerine beren ilkinji alternatiw hasabatydyr.

Saparyň çäginde BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri, BMG-niň Adam Hukuklary Boýunça Ýokary Komissaryň edarasynyň, şeýle hem hökümete degişli bolmadyk «Child Rights Connect» guramanyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň adam hukuklary ulgamy bilen, şeýle hem BMG-niň aýry-aýry komitetleriniň we guramalarynyň işi hem-de hökümete degişli bolmadyk «Child Rights Connect» guramanyň işi bilen tanyşdyryldy.

Adalatçynyň bu sapary Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň halkara hyzmatdaşlygy, hususanda BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanynyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýuldy we bilelikde kesgitli işler geçirildi.

Geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Adalatçysy Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin ýolbaşçysy Beata Andresiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen tegelek stola gatnaşdy. Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň dürli pudaklarynda mynasyp zähmeti üpjün etmek meselelerini çözmek babatda interaktiw, ynanyşma esasynda gepleşik geçirildi. Bu duşuşykda Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2024-2025-nji ýyllar aralygyndaky hyzmatdaşlyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen agzalan meselä bagyşlanan birnäçe çäreleri geçirildi. Şeýlelik bilen, maglumat ýylynyň iýun aýynda Adalatçy Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin deň hak tölemek, halkara zähmet standartlary boýunça hünärmeni hanym Miranda Fajerman we BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň sebitleýin edarasynyň wekili hanym Matilda Bogner bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Adalatçysynyň Diwanynyň ýurtda adam hukuklarynyň, şol sanda zähmet hukuklarynyň üpjün edilmegini gazanmakda garaşsyz edara hökmünde alyp baran işine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we ösüş ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumat ýylynyň iýul aýynda Adalatçy bilen, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Halkara Zähmet Guramasynyň halkara bilermeni Manuel Roksonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Halkara bilermeniň biziň ýurdumyza eden saparynyň maksady, Türkmenistandaky döwlet edaralarynyň, şol sanda Adalatçynyň Diwanynyň raýatlaryň zähmet hukuklary baradaky şikaýatlaryna garamak mümkinçiligine baha bermekden ybarat boldy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-2025-nji ýyllar üçin ýol kartasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de Halkara Zähmet Guramasynyň halkara bilermenleriniň Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri bilen duşuşygy geçirilip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde ulgamlaýyn gatnaşyklary ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşyşykda Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-2025-nji ýyllar üçin ýol kartasynyň, özara gatnaşyklarda ýakyn geljekde möhüm ugurlary kesgitleýän, ikinji giňişleýin resminama bolup durýandygy bellenildi.

Bu çärelerden başgada, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasynyň gurnamagynda «HZG standartlaryna laýyklykda möwsümleýin işgärleri işe almak babatda meýilnamalary we teswirnamalary işläp taýýarlamagyň iň oňat tejribesi: Özbegistanyň tejribesi» atly maslahat geçirildi.

Ýurtda adamyň we raýatyň döwlet tarapyndan kepillendirilen hukularynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini gazanmak, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine gözegçiligi alyp barmak Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu jähtden, 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri üçin gendere duýgur aragatnaşyk meseleleri boýunça Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde maslahat geçirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek maksatnamasynyň 4-nji bölümi (BOMCA) we Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen bilelikde serhetýaka etraplaryň wekilleri üçin gurnalan bu maslahatda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklylygyny kepillendirýän kanunçylyk namalary we onuň berjaý edilmegine döwlet tarapyndan alnyp barylýan işler, mümkinçilikler we iň oňat tejribeler baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumat ýylynyň aprel aýynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Helsinki uniwersitetiniň Hukuk dolandyryş merkeziniň we Finlýandiýanyň Ýustisiýa ministrliginiň goldawy bilen Finlýandiýa Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ombudsmenleriniň edarasy üçin gurnalan maslahata gatnaşdy. Maslahatda Türkmenistanyň Adalatçysy, şeýle hem beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleri tarapyndan adam hukuklaryny üpjün etmek ugrundaky işlerde gazanylan tejribeleriň mysallary barada çykyşlar edildi.

Bu maslahat, adam hukuklaryny goramakda Merkezi Aziýa döwletleriniň Adalatçylarynyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri barada özara pikir alyşmaklaryna hem-de milli adam hukuklary guramalarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna mümkinçilkleriň döremegine ýardam berdi.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça Ýolbaşçy toparynyň mejlislerine we «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» Strategiki maslahat beriş toparynyň Geňeşiniň mejlislerine hem gatnaşdy.

Şeýle hem, Adalatçynyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen, adam hukuklary çygrynda birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň mejlislerine gatnaşanlygyny hem bellemelidiris. Şol mejlisleriň birinde, has takygy aprel aýynda geçirlen mejlisde Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, hususanda Diwanyň düzümini giňeltmek, täze ugurlaryň açylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň yzysüre Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky «Adalatçynyň Diwanynyň işini kämilleşdirmek hakynda» kararyna laýyklykda Adalatçynyň Diwanynyň düzüminde täze ugurlar, ýagny aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak meseleleri boýunça, şeýle hem, hususy ulgamda adam hukuklaryny goramak meseleleri boýunça bölümler döredildi.

Maglumat ýylynda, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa bileleşigine girýän döwletleriň ýolbaşçy düzümleri we wekilleri bilen geçiren duşuşyklary adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Şeýle ähmiýetli duşyşyklaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç, ýurdymyzda öz ygtyýarlygyny tamamlaýan BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen geçirlen üç duşuşygy, Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skoogyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň şertnamalaýyn edaralary bölüminiň adam hukuklary boýunça maslahatçysy Artur Ýasewiç, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň sebitleýin ösüş depertamendiniň ýolbaşçysy Sara Kuper, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet, ABŞ-nyň Döwlet departamendiniň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi Sindi Dearanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet, Gruziýanyň Halk goragçysynyň orunbasary Tamar Gwaramadze,Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş bankynyň uly syýasy geňeşçisi Dewid Lýuwis, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili Džeffri Skarin, ýurdymyzda öz ygtyýarlyny başlaýan BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen bolan duşyşyklary belläp geçmelidiris.

Ýokarda agzalyp geçilen duşuşyklardan başga-da, ýylyň dowamynda Milli adam hukuklary edaralaryň Ählumumy bileleşiginiň akkreditirlemek boýunça kiçi komiteti (GANHRI) bilen duşuşyklar dowam etdirildi. Netijede Maglumatyň beýleki baplarynda belleýşimiz ýaly Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanyna «B» hukuk derejesi berildi. Bu hukuk derejesiniň berilmegi bilen Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrylyp, Pariž ýörelgelerine laýyk getirmekde, ýokary «A» hukuk derejesine mynasyp bolmakda degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekligini tassyklaýar.

Şeýle hem, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Adalatçy, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde, ÝHHG-niň Polşada adam ölçegi boýunça Warşawa konferensiýasyna gatnaşdy. Bu saparyň mejlisleriniň biri ynsanperwer meseleler we demokratik institutlar mowzuga bagyşlandy. Adalatçy Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmekde alnyp barylýan, şol sanda ynsanperwerligiň subutnamasy bolan Türkmenistanyň raýatlygy ýok etmek baradaky döwlet syýasatynyň gazananlary barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de, ol öz çykyşynda demokratik institutlary goldamak boýunça alnyp barylýan işler, hususanda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada belläp geçdi.

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda, Aşgabatda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesinde geçirilen sebitleýin maslahata Adalatçynyň gatnaşmagy hem ähmiýetlidir. Ýeri gelende Adalatçynyň raýatlyk pasportlary we hemişelik ýaşamaga hukuk berýän resminamalaryň gowşyrylyş dabarasyna hem ýylba-ýyl gatnaşýanlygyny bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, agzalan maslahatda Türkmenistan ynsanperwer, demokratik ösüşe we häzirki zaman hukuk jemgyýetine ygrarlydygyny subut edip, raýatsyzlygyň soňuna çykan ýurt hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklandy we üstünlikli durmuşa geçirildi. Soňky ýyllarda 32 müň 144 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi we 5 müň 152 adama ýaşamak üçin rugsat berildi.

Maglumat ýylynda, Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak bilen baglanşykly çareler esasan hem Adalatçynyň Diwany bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda gol çekilen «Türkmenistanyň Adalatçynyň Diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» taslamasynyň çäginde alnyp baryldy. Şeýle hem, taslamanyň çäginde milli adam hukuklary edaralary bilen döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň özara gatnaşyk ýörelgelerine we Pariž ýörelgelerine laýyklykda Adalatçynyň kanuny ygtyýarlyklary boýunça seminarlar paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde geçirildi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýanyň gatnaşmagynda «Adalatçynyň Diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» taslamanyň çäginde Taslama geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda, 2024-nji ýylda taslamanyň çäginde alnyp barylan işleriň netijelerine baha berildi we indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýagny, Adalatçynyň Diwanyna «B» hukuk derejesiniň berilmegi bilen, garaşsyz milli adam hukuklary guramasy hökmünde Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň Global Bileleşigi, Aziýa Ýuwaş umman Forumy ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda, Pariž ýörelgelerine laýyklykda Adalatçynyň kanuny ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak we Adalatçynyň Diwanynyň işini pugtalandyrmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumat ýylynyň dowamynda, halkara guramalarynyň we dünýä döwletleriniň adam hukuklaryny goramak babatda işleri alyp barýan wekilleri bilen geçirilen maslahatlara Adalatçynyň we onuň Diwanynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmaklary, adam hukuklaryny ösdürmekde we tejribe alyşmakda netijeli boldy.

Şonuň ýaly çäreleriň biri bolan BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan Durnukly ösüş maksatlaryny we adam hukuklary gün tertibini durmuşa geçirmek üçin syýasatlary we meýilnamalary gowulandyrmak üçin baha bermegiň we strategiki meýilnamalaşdyrmagyň ähmiýetine bagyşlanan mejlisine Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri hem gatnaşdy. Maslahat Çagalar gaznasynyň halkara bilermenleri Saltanat Rasulowanyň we Natalýa Koşelýewanyň gatnaşmagynda geçirildi.

Maglumat ýylyň 18-20-nji martynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynda BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) halkara geňeşçisi hanym Ýanina Arsenyýewanyň gatnaşmagynda seminar maslahat geçirildi. Maslahatda zenanlaryň reproduktiw hukuklary, maýyplygy bolan adamlar üçin reproduktiw saglyk hyzmatlaryny bermegiň aýratynlyklary we reproduktiw saglyk hyzmatlary berlende edaralar, guramalar tarapyndan halkara hukugynyň berjaý edilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistan bilen BMG-niň 2021–2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş babatda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça bilelikdäki toparyň maslahaty geçirildi. Maslahatda 2024-nji ýylda bilelikdäki durmuşa geçirilmeli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnalan çärelere hem yzygiderli gatnaşdylar. Maglumat ýylynyň 15-nji aprelinde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda guramanyň «Ykdysady ösüşi güýçlendirmek» taslamasynyň çäginde halkara bilermen jenap Mirshod Nasullaýewiň gatnaşmagynda «Biznes Ombudsmenleri döretmekde we işletmekde ÝHHG-nyň iň oňat tejribeleri» atly gibrid görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çäräniň maksady, Adalatçynyň halkara tejribesini we ösüş maksatlaryny, şol sanda kiçi we orta kärhanalara goldaw bermekdäki ornuny öwrenmekden ybarat boldy.

Mundan başga-da, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň «Türkmenistanyň jeza çäresini geçmek ulgamyna halkara hukuk ülňüleriniň we özgertmeleriniň ornaşdyrylmagyna goldaw» atly taslamasynyň çäginde, Gyrgyzystanyň, Niderlandiýanyň, Germaniýanyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahata Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri gatnaşdy we bu ugurda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşyldy.

Bulardan başga-da, geçen ýylyň dowamynda birnäçe halkara guramalary we dünýä döwletleriniň adam hukuklar babatda işleri alyp barýan wekilýetleri bilen wideokonferensiýalar gurnaldy.

Geçen ýylyň 17-nji aprelinde widioaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarlysynyň Diwany bilen O.Ý.Kutafin adyndaky Uniwersitetiň Adam hukuklary boýunça ylmy merkeziniň bilelikde gurnamagynda sanlaşdyrma ulgamynda adam hukuklarynyň goragyna bagyşlanan maslahata Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri gatnaşdylar.

Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Ýewraziýa sebitindäki beýleki ýurtlardan milli adam hukuklary guramalarynyň wekillerini jemläp, maslahata gatnaşyjylar milli adam hukuklary guramalarynyň arasynda adam hukuklarynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we tejribe alyşmagyň möhüm ornyny bellediler.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri 4-nji Bütindünýä Aýal-gyzlar konferensiýasynda we Hereket platformasynda kabul edilen Pekin Deklarasiýasynyň milli derejesinde ýerine ýetirilişine syn bermek, Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşini ýok etmek baradaky komitetiň jemleýji tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak, Durnukly ösüş çygrynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky Çarçuwaly maksatnamanyň çäginde hyzmatdaşlygyň netijeleri boýunça, BMG-niň Çaganyň hukuklary komitetiniň ýurduň indiki hasabaty baradaky jemleýji bellikleri babatdaky maslahatlara işjeň gatnaşdylar.

Çagalaryň hukuklaryny goramak Adalatçynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Adalatçynyň Diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda bu ugurda degişli işleriň alnyp barylmagy bilen bir hatarda çaganyň hukuklaryna bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşyldy. Olaryň hatarynda 2024-nji ýylyň 13-nji maýynda başlanan Psihiki saglyk we çagalary, ýerli derejede ideg edýänleri, kyn durmuş ýagdaýyndaky adamlary we şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda psihososial taýdan goldamak boýunça ÝUNISEF-iň bütindünýä wideoaragatnaşyk arkaly17-nji iýuna çenli dowam eden okuw maslahatyny; 17-nji maýda geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça müdirligi tarapyndan gurnalan «Raýatsyzlygyň öňüni almak üçin dogluşyň hasaba alynmagyny üpjün etmek» boýunça Merkezi Aziýa konferensiýasyny görkezmek bolar.

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň işgärleri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan gurnalan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerde we serhetlerde kömege mätäç adamlary ýüze çykarmak boýunça maslahat geçirildi.

Maslahat BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň gorag boýunça uly geňeşçisi hanym Rano Saidumarowa, Müdirligiň Merkezi Aziýadaky edarasynyň raýatsyzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Sergeý Gaýna we Müdirligiň hukuk meseleleri boýunça geňeşçisi hanym Hanifa Karimi tarapyndan geçirildi we Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň işgärleriniň adamlaryň kömege mätäç toparyny, mejbury göçürilen adamlary we tussaglykda saklanýan ýerlerde,serhetlerde raýatlygy bolmadyk adamlary ýüze çykarmak we olaryň ýagdaýyny öwrenmek ukyplaryny güýçlendirmek maksat edinildi.

Maglumat ýylynyň iýul aýynyň başynda Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin « Gender meselelerini hemmetaraplaýyn hasaba almak» atly ýöriteleşdirilen onlaýn kursa gatnaşdylar. Bu çärede döwlet işgärleriniň adam hukuklaryna hormat goýmakda we raýatlaryň mertebesini we hukuklaryny goramakda alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň web sahypasy arkaly bu ugurdaky bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen okuwdan ybarat boldy.

2024-nji ýylyň 3-5-nji sentýabrynda Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri «Zähmet hukuklaryna gönükdirilen ykdysady, sosial we medeni hukuklaryň halkara ýörelgeleri» atly seminara gatnaşdylar. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň Sebitleýin edarasy bilen Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan bilelikde gurnaldy we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň Ykdysady, Durmuş we Medeni hukuklary bölüminiň hünärmenleri, hanym Ýung Rin Kim we hanym Harumi Fuentos, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet standartlary we zähmet hukuklary boýunça hünärmeni Miranda Fajermanyň gatnaşmagynda geçirildi.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda, Adalatçynyň Diwanynyň wekili Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan gurnalan « Administratiw hukugy we tejribe, häzirki ýagdaý we geljekdäki wezipeler» atly 15-nji halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy. Duşuşykda bazar ykdysadyýetinde administratiw kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem raýatlara jemgyýetçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde sanly ulgamlary ulanyp, dolandyryş gatnaşyklaryny häzirki zamana laýyk derejede guramak meselelerine üns berildi.

Adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak mehanizmleriniň işlenip düzülmegi we güýçlendirilmegi Türkmenistanyň Adalatçysynyň işiniň esasy bölegidir. Bu wezipe, raýatlaryň şikaýatlaryna seretmegiň düzgünlerini kämilleşdirmek, adam hukuklarynyň kanuny goragyny güýçlendirmek üçin degişli döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen hereket etmek, adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly barlaglary geçirmek, adam hukuklarynyň möhüm meseleleri boýunça tematiki maglumatlary çap etmek we maksatlaýyn gözegçilik çärelerini geçirmek arkaly gazanylyp bilner.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň 2024-2028-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň biri hem Adalatça adam hukuklarynyň bozulmagy barada şikaýatlary bermegiň düzgünlerini, şikaýaty bermegiň usullaryny artdyrmak bilen kämilleşdirmek bolup durýar.

Geçen ýylyň ahyrynda bu meselä bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Ýagny, 5-7-nji noýabr aralygynda Adalatçynyň Diwanynda Gruziýanyň halk goragçysynyň orunbasary Tamar Gwaramedzeniň we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň halkara bilermeni Natalýa Uteşowanyň gatnaşmagynda «Milli adam hukuklary edaralarynyň şikaýatlara seretmeginiň netijeli mehanizmleriniň halkara tejribesi» boýunça maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda milli adam hukuklary edaralarynyň wezipeleri, Pariž ýörelgeleriniň talaplaryna laýyklykda şikaýatlara seretmek, barlaglary geçirmegiň usullary we Gruziýanyň Halk goragçysynyň şikaýatlara seretmek mehanizmleri barada çykyşlar diňlenildi.

Maglumat ýylynyň 27-28-nji noýabrynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Adalatçynyň Diwany tarapyndan gurnalan bu guramanyň halkara bilermeni Georgiý Tuguşiniň gatnaşmagynda şikaýatlary kabul etmegiň we garamagyň mehanizmini kämilleşdirmeklige bagyşlanan maslahat geçirildi.

Ýokarda görkezilenlerden başga-da, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilen Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025-2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan mejlislerine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň we onuň Diwanynyň wekilleriniň adam hukuklaryny goramagyň dürli ugurlary boýunça seminarlara, maslahatlara we tegelek stollara işjeň gatnaşmalary bu ugurda öz bilim derejelerini, tejribelerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

Maglumat ýylynda, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklary esasynda Adalatçy tarapyndan alnyp barylan işlere syn berilende, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerip, ösüş arkaly parahatçylygy berkitmäge, halklar bilen döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, adam hukuklary çygrynda halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işlerii netijeli dowam etdirilenligi görünýär. Bu bolsa, Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen,ýurtda adam hukuklaryny üpjün etmekde halkara borçnamalaryna ygrarlygynyň subutnamasydyr.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, ýurtda adam hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we goralmagynyň halkara ülňülerine laýyk derejede kämilleşmegini gazanmak maksady bilen aşakdakylary teklip edýärin,:

 -Adam hukuklary babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen kadalaryň milli kanunçylygymyza ornaşdyryp kämilleşdirilmegi bilen baglanşykly işleri dowam etdirmegi;

- Türkmenistan tarapyndan ünse alnan BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini öwrenmek we ýerine ýetirmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan ulgamlaýyn netijeli işleri alyp barmagy;

- adam hukuklary babatynda täze halkara resminamalaryna goşulmagyň mümkinçiligini öwrenmekligi dowam etdirmegi.


VIII bap. Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri


Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň we 19-nјy maddasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriniň biri, Türkmenistanyň çäginde ýa-da daşynda ýaşaýandyklaryna garamazdan, Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şikaýatlaryna seretmegi bolup durýar. Raýatlaryň Adalatça haýsy ýagdaýda, möhletde, tertipde we nähili mazmunda ýüz tutup bilýändikleriniň, ondan başga-da, Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmegi boýunça hukuklary we borçlary baradaky kadalar «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji we 29-njy maddalarynda anyk görkezýär.

Maglumatyň şu babynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde önümçilige kabul edilen raýatlaryň arza-şikaýatlaryny barlamaklyga ýardam edilmegini sorap ygtyýarly döwlet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara iberen ýüztutmalarynyň, Kanunyň 30-nјy maddasyna esaslanyp adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan mahalynda, bozulan hukuklaryň gaýragoýulmasyz dikeldilmegi barada kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara ýüztutmalarynyň, Kanunyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda ygtyýarly edaralardan degişli resminamalary almak arkaly sereden we degişliligi boýunça iberen ýüztutmalarynyň üstünde, şeýle-de, Adalatçynyň diňe bir raýatlaryň ýüztutmalary bilen bagly bolmadyk başga ýagdaýlarda hem teklip bilen degişli edaralara ýüz tutan ýagdaýlarynyň üstünde durup geçilýär.

Şeýle hem, arza-şikaýatlara syn berilen IV bapda görkezilişi ýaly, maglumat ýylyň dowamynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Adalatçynyň iberen 104 sany ýüztutmasy, 30-nјy maddasyna esaslanyp beren 5 sany teklibi, 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda ygtyýarly edaralardan degişli resminamalary almak arkaly sereden 14 sany we degişliligi boýunça iberen 11 sany ýüztutmalarynyň netiјesinde kanagatlandyrylan meseleleriň käbirini aşakdaky getirjek mysallarda görkezilýär.

Türkmenistanyň Kostitusiýasyna we «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň bilim almaga hukugy bolup, ol hukuk adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri hasaplanýar. Adalatçynyň Diwanyna gelip gowşan ýüztutmanyň birinde, ýagny, Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy K.J. 2024-nji ýylda birinji synpa gitmeli 2018-nji ýylda doglan gyzynyň Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdebe kabul edilmeýänligi görkezilip, bu meselede ýardam berilmegini soralypdyr. Bu arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda, arza boýunça degişli barlag geçirip, netijesi barada habar berilmegi soralyp Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýüz tutuldy. Adalatçynyň üztutmasyna seredilip, K.J.-nyň gyzy Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 1-nji synpyna kabul edilendigi barada habar berildi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 111-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, iş berijiniň özüniň maliýe ýagdaýyna garamazdan zähmete hak tölemegiň bellenilen şertlerine we möhletlerine laýyklykda işgäre ýerine ýetiren işi üçin hak tölemäge borçludygy kanun esasynda kesgitlenen hem bolsa, Adalatçynyň Diwanynyň önümçiligine kabul edilen käbir ýüztutmalarda kanunyň bu talabynyň ýerine ýetirilmeýän ýagdaýlaryna gabat gelindi. Şeýle görnüşli ýüztutmalar boýunça Adalatçynyň geçiren işleriniň netijesinde kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirdilendigi barada aşakdaky mysallarda görkezildi.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy Ş.G. 2022-2024-nji ýyllardaky zähmet hakynyň doly tölenmeýänligine nägilelik bildirip, bu meselede ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda Ş.G.-nyň işleýän edarasyndan degişli resminamalar alynyp barlanylanda,onuň 2022-2024-nji ýyllardaky zähmet hakynyň doly tölenilmändigi anyklandy. Netijede Adalatçynyň ýüztutmasyna Ahal welaýat häkimligi tarapyndan seredilip Ş.G.-nyň şahsy plastik kartyna degişli töleg tabşyrygy esasynda 18028 we 38053 manat möçberdäki zähmet hakynyň geçirilendigi, galan 13932 manadyň bolsa, 2024-nji ýylyň pagta hasylyndan alynjak girdejiden töleniljekdigi barada habar berildi.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary A.A. we beýlekiler tarapyndan zähmet haklarynyň alnyp berilmegine ýardam edilmegi soralyp ýazylan köpçülikleýin arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça iberildi. Arzada soralan meseläniň Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan barlanylmagy netijesinde, «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 3-nji noýabryndaky kabul eden çözgüdine laýyklykda, daýhan birleşikleriniň ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalyklary boýunça 2023-nji ýylyň harajatlaryny maliýeleşdirmek üçin tölegiň geçirilendigi we bu geçirilen töleg esasynda A.A.-nyň we beýlekileriň zähmet haklaryny tölemekligiň meýilleşdirilendigi barada habar berildi.

Şeýle-de, Adalatçynyň Diwanyna ýazylan ýüztutmalaryň käbirlerinde raýatlaryň hukuklarynyň ýönekeýje jedelsiz meselelerde hem ýerine ýetirilmeýänligine gabat gelinýär. Ýagny, döwlet edaralaryndan gerekli resminamalary almakda bökdençlik çekýändikleri, döwlet edaralaryna ýazan arzadyr-şikaýatlaryna jogap berilmän galdyrylýan halatlaryň bolýandygy anyklandy. Adalatçynyň şeýle ýüztutmalar boýunça geçiren işleriniň netijesinde hem raýatlaryň ýüztutmalarda gozgan meseleleriniň oňyn çözülenleri boldy.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy N.A. Aşgabat şäher häkimligine hat üsti bilen iberen ýüz tutmasyna jogap berilmeýänliginden nägile bolup, bu meselede ýardam berilmegini sorap ýazan şikaýaty Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan seredilmegi netijesinde, Aşgabat şäher häkimliginiň Awtoulag önümçilik kärhanasyndan N.A. soraýan resminamasy bolan satyn almak-satmak şertnamasynyň tassyklanan nusgasy alnyp, N.A. Aşgabat şäher häkimligine ýazan arzasyna berlen jogap bilen bilelikde iberlendigi barada habar berildi.  

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy A.Ý. Mary şäheriniň ýer serişdeler bölüminde saklanýan ýüplük kitapdan göçürme almaga ýardam bermekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça arzada soralan meselä Mary welaýat häkimligi tarapyndan seredilmegi netijesinde, Mary şäheriniň ýer serişdeler bölüminde saklanýan ýüplük kitapdan A.Ý. merhum kakasy G.Ý. adyna berlen 0,16 ga. mellek ýeriň hasaba alynandygy barada göçürme berlip, arzasynyň kanagatlandyrylandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 33-nji maddasyna laýyklykda, iş berijiniň başlangyjy boýunça şol bir kärhanada işgäri başga hemişelik işe geçirmeklige ýa-da iş ýerini üýtgetmeklige diňe işgäriň ýazmaça razylygy bilen ýol berilýär. Kanunyň bu talabynyň iş beriji tarapyndan ýerine ýetirilmezligi bolsa raýatlaryň arza bilen ýüz tutmaklary esasynda kabul edilen buýruklaryň ýatyrylmagyna getirýär. Aşakdaky görkezilen mysal bolsa muňa şaýatlyk edýär.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary B.N. we beýlekileriň özlerinden razylyk alynmazdan, aýal maşgaladyklaryna salgylanylyp iş ýerleriniň üýtgedilenligine nägilelik bildirilip köpçülik bolup ýazylan arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna ýüz tutuldy. Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça arzada görkezilen meseläni anyklamak barada Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan geçirilen barlagyň netijesinde, Görogly etrabynyň hassahanasynyň baş lukmanynyň 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabryndaky 247 belgili buýrugy bilen, etrap hassahanasynyň gorag işgärleri bolan B.N. we beýlekileri hassahananyň töwerek çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça işçi kärine geçirmekde kanun bozulmalara ýol berlendigi sebäpli etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabryndaky 196-IŞ belgili buýrugy ýatyrylyp, B.N. we beýlekileriň öňki iş ýerlerine geçirilendigi barada habar berildi.

Adalatçynyň Diwanynyň önümçiligine kabul edilýän arzalaryň käbirlerinde ýüz tutýan raýatlaryň jenaýat edenlere çäre görülmeýändigine nägilelik bildirip, bu meselede ýardam berilmegi soralýar. Adalatçynyň iberýän ýüztutmalary ygtyýarly edaralar tarapyndan barlanmagy netijesinde olaryň käbirleri kanagatlandyrldy we olar aşakdaky mysallarda görkezildi.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Z.M. zorlukly hereketleriň netijesinde gyzy G.R. öz janyna kast edip ölendigi baradaky waka boýunca O.S. jenaýat jogapkärçiligine çekilmändigine nägilelik bildirip, bu meselede ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Geçirilen barlagyň netijesinde, 2003-nji ýylda doglan G.R. öz öýlerinde özüni asyp aradan çykandygy baradaky habar boýunça Akdepe etrabynyň prokuraturasy tarapyndan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 214-nji we 215-nji maddalaryna laýyklykda barlag işleriniň geçirilendigi we 2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda O.S.-yň garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bölegi (öz-özüni öldürmäge mejbur etmek) bilen jenaýat işi gozgalyp, aýyp bildirlip, tussag astyna alynyp, deslapky derňew işleriniň alynyp barylýandygy barada habar berildi.

Магу welaýatynyň ýaşaýjylary S.M. we beýlekiler tarapyndan Mary şäherindäki 20-nji orta mekdebiň müdiriniň we orunbasarynyň bilim ulgamynda edýän bikanun hereketleri üçin olaryň garşysyna derňew işiniň uzak wagtlap alnyp barlyp, olara çäre görülmeýändigi barada köpçülik bolnup ýazylan arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Arzada soralan mesele boýunça, Mary şäher prokuraturasynyň Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 214-nji we 215-nji maddalaryna laýyklykda geçiren derňew hereketleriniň dowamynda K.A. 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri ýokarda agzalan mekdebiň müdüri, O.A. bolsa 2020-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan bäri okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işlemek bilen, olaryň rus dili mugallymy A.K. hakykat ýüzünde okatmandygyna garamazdan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda onuň 12 sagat rus dili sapagyny okadandygy barada galp resminama dolduryp, soňkydan 2707 manady, şol mekdebiň mugallymlary bolan A.A., E.A., A.B. dagylardan hem dürli möçberdäki pullary alandyklary ýüze çykarylyp, K.A. hereketlerinde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 203-nji maddasynyň 1-nji böleginde, 250-nji maddasynyň 2-nji böleginde, O.A.-nyň hereketlerinde hem Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 203-nji maddasynyň l-nji böleginde, 250-nji maddasynyň 2-nji böleginde, 206-njy maddasynda görkezilen jenaýatlaryň alamatlary bar hem bolsa, olaryň ilkinji gezek jenaýat edendikleri, eden etmişleriniň jemgyýetçilik howply bolmagynyň bes edilendigi göz öňünde tutulyp, olaryň garşysyna Mary şäher prokuraturasy tarapyndan 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 218-nji maddasynyň 2-nji bölegi esasynda jenaýat işini gozgamakdan ýüz dönderilendigi, şeýle hem Mary welaýatynyň Baş bilim müdürliginiň 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabryndaky 156 §2 belgili buýrugy bilen K.A., 2024-nji ýyl 18-nji sentýabryndaky 165 §3 belgili buýrugy bilen O.A. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 41-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda öz islegleri boýunça işden boşadylandyklary barada habar berildi.

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 9-njy babynda çagalykdan ene-atasyndan galan ýetim çagalaryň ýaşaýyş jaý edinmek meselesinde olary hasaba almagyň, nobata goýmagyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, Adalatçynyň Diwanynda hasaba alynan arzalaryň birinde ýerine ýetiriji häkmiýetiň ýerli edarasy tarapyndan kanunyň bu talaby ýerine ýetirilmän, nädogrylyga ýol berlendigi ýüze çykaryldy we Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça ygtyýarly edaranyň geçiren barlagynyň netijesinde bu göýberilen nädogrylyk düzetdirildi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy A.D. mätäç hökmünde ýaşaýyş jaý edinmek meselesinde ýardam bermekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan barlag geçirildi. Geçirilen barlagyň dowamynda, Türkmenistanyň Yaşaýyş jaý kodeksiniň 68-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 11-nji bendine laýyklykda, ata-enesini ýitiren ýetim çagalaryň döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda almaga hukugynyň bardygyna garamazdan, ene-atasy näbelli bolan A.D. kiçilikden çagalar öýünde terbiýelenip, durmuş ýoluna gadam basandan soňra, onuň 2024-nji ýylda ýaşaýyş jaý edinmek üçin Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligine beren arzasy esasynda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäçleriň hatarynda nädogry hasaba alynandygy anyklanyp, ýokarda agzalan etrap häkimligine bu meselede göýberilen nädogrylygy düzetmek barada Berkararlyk etrabynyň prokuraturasy tarapyndan tabşyryknamanyň berlendigi barada habar berildi.

«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýeterlik derejede berjaý edilmeýänligi bilen baglanyşykly olaryň işine nägilelik bildirilip, ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan ýazylan arzalar boýunça hem Adalatçynyň Diwany tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde kanagatlanarly netije çykaryldy.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary A.S. we beýlekileriň ýaşaýan ýerlerinde elektrik energiýa üpjünçiliginiň kadaly işlemegine ýardam edilmegini sorap köpçülik bolup ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Daşoguz welaýat häkimligine iberildi. Geçirilen barlagda A.S. we beýlekileriň ýaşaýan ýerleri bolan Şabat etrabynyň Diýar geňeşliginiň Ogşuk obasynyň Bedew köçesiniň elektrik energiýasy bilen kada laýyk üpjün edilmeýändigi ýüze çykarylyp, elektrik geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerini geçirmekligiň zerurdygy anyklanypdyr we netijede, agzalan obanyň Bedew köçesini elektrik energiýasy bilen üpjün edýän KTP-630 belgili tok paýlaýjy transformator bekedi Şabat etrap elektrik ulgamy tarapyndan çalşylyp, degişli abatlaýyş işleri geçirilip, elektrik energiýa üpjünçiliginiň kadalaşdyrylandygy barada habar berildi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary J.J. we beýlekiler tarapyndan ýaşaýan jaýlarynyň ýerleşýän ugry bolan 2255-nji (Oraz Annaýew) köçesinden geçýän merkezi lagym geçiriji ulgamynyň talaba laýyk işledilmegine ýardam edilmegi soralyp ýazylan köpçülikleýin arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Aşgabat şäher häkimligine iberildi. Barlagyň netijesinde, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy miidirliginiň «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň Lagym önümçilik ulanyş dolandyryş müdirliginiň işgärleri tarapyndan arzada görkezilen salgyda barlag işleri geçirilip, köçeden geçýän lagym ulgamynda hapa dykylmanyň dörändigi anyklanyp, degişli arassalaýyş işleri geçirilip, lagym ulgamynyň kadaly işlemek ýagdaýyna getirilendigi barada habar berildi.

Ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan Adalatçynyň Diwanyna dürli meseleler bilen ýüz tutýandyklary ýokarda beýan edilenlerden hem görünýär. Şol ýüztutmalaryň birinde raýatlaryň maliýe serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýyny gurup bermek barada baglaşylan şertnamanyň ýatyrylandygyna garamazdan, şertnamada göz öňünde tutulan şertiň jaý gurujy tarapyndan ýerine ýetirilmeýänligi görkezilip, bu meselede ýardam bermek soralyp ýazylan arza boýunça Adalatçynyň geçiren işleriniň netijesi aşakdaky mysalda görkezildi.

 Balkan welaýatynyň  ýaşaýjysy Ý.D. Balkanabat şäheriniň «Nebitçi 1» ýaşaýyş toplumynda gurulýan 4 gatly 36 öýli 13-nji ýaşaýyş jaýynyň 30-njy öýüni gurdurmak üçin Zerger «Demirbetonönümleri» zawody bilen baglaşan şertnamasynyň şertlerine laýyklykda ilki başda tölän 10%-mi bolan 180000 manat puluny şertnamanyň ýatyrlandygyna garamazdan gaýtaryp bermeýändiklerini görkezip, bu meselede ýardam etmekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine iberildi. Barlagyň netijesinde, Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynyň hasabyna Ý.D. tölän 180000 manat pulunyň gaýtarylyp berlendigi barada habar berildi.

Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga bolan hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen kepillendirilendir. Şu meselede ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan Adalatçynyň Diwanyna ýazylýan arzalaryň käbirinde olaryň saglyklarynyň goragy we saglyklaryny dikeltmek bilen baglanyşykly meselelerde ýardam berilmegi soraldy. Adalatçynyň şeýle ýüztutmalar boýunça geçiren işleriniň netijesinde raýatlaryň arzalarynda gozgan meseleleriniň oňyn çözülen ýagdaýlaryda boldy.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Ý.G. ýarawsyzlygy sebäpli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hataryndan boşadylmagyna ýardam bermekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrligine iberildi. Arza seredilmegi netijesinde, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 49-njy maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine (harby-lukmançylyk topary tarapyndan harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilmegi bilen baglanyşykly) laýyklykda, Ý.G. möhletinden öň harby gullukdan ätiýaçlyga boşatmak bilen baglanyşykly degişli işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy I.I. çagyryş boýunça harby gullugy geçýän döwri gözüniň görüjiligine zyýan ýeten ogly M.I. saglygynyň dikeldilmegine ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrligine iberildi. Arza seredilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Goranmak we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň 2017-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky 277/381 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Yaragly güýçlerinde luykmançylyk güwä geçmesi hakynda» Düzgünnama laýyklykda 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Merkezi harby lukmançylyk toparynyň çözgüdi bilen M.I. gözüne goýlan kesel kesgidi esasynda harby gullukdan möhletindeň öň boşadylyp, gözüni gaýtadan lukmançylyk barlagyndan geçirmek üçin goşmaça 40000 manat möçberinde kömek pulunyň berlendigi barada habar berildi.

Ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan Adalatça ýazylýan arza-şikaýatlaryň käbirlerinde, olar öz raýat işleri boýunça kanuny güýjine giren kazyýet kararlaryndan nägile bolup, Türkmenistanyň Rýat iş ýörediş kodeksiniň 49-njy babynda kanuny güýjüne giren kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna) gaýtadan gözegçilik basgançakly kazyýetlerde seretmek kadalarynyň göz öňünde tutulandygyna salgylanyp, gözegçilik tertibinde ýazan şikaýatlarynyň ýokary basgançakly kazyýetler tarapyndan seredilmegine ýardam bermekligi soralýar. Bu görnüşli arza-şikaýatlar Adalatçynyň Diwanynda hasaba alynandan soňra, esasan hem Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň çäginde resminamalar alynmak arkaly soralýan meseleler öwrenilip, Adalatçynyň degişliligi boýunça ibermegi ýa-da «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda maslahat beriş häsiýetindäki beren teklibi esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapynda geçirilýän işleriniň netijesinde kanagatlandyrylýanlary bolup, olaryň käbiri aşakdaky mysallarda görkezilýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy M.G. tarapyndan umumy hojalyga degişli awtoulagy bölmek, almak-satmak şertnamany hakyky däl diýip bilmek baradaky hak isleýiş arzasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň çykaran çözgüdi bilen kanagatlandyrylmanlygyna nägilelik bildirilip, raýat işine gözegçilik tertibinde seredilmegine we adalatly netije çykarylmagyna ýardam bermek soralyp ýazylan arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi. Adalatçynyň iberen teklibine seredilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysynyň 2024-nji ýylyň 13-nji dekabryndaky kesgitnamasy bilen M.G. degişli raýat işiň talap edilip alynandygy we teklipde beýan edilen delilleriň hemmetaraplaýyn barlanyljakdygy barada habar berildi. 

 Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy G.T. öz raýat işi boýunça çykarylan kazyýet kararlaryndan nägile bolup, bozulan hukuklarynyň dikeldilmegine ýardam bermekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda arzada soralýan mesele degişli resminamalar alnyp öwrenildi. Netije-de Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça G.T.-nyň Türkmenistanyň Yokary kazyýetine gözegçilik tertibinde beren şikaýaty Türkmenistanyň Yokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň 2024-nji ýylyň 25-nji aprelindäki mejlisinde seredilip, Lebap welaýatynyň Saýat etrap kazyýetiniň 2023-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky çözgüdi we Lebap welaýat kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň 2024-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky kesgitnamasy sökülip, işi täzeden kazyýet mejlisinde, kazyýetiň başga düzüminde seretmek üçin Lebap welaýatynyň Tiirkmenabat şäher kazyýetine iberilendigi barada habar berildi.

Ýokarda hem bellenip geçilişi ýaly her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga bolan hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen kepillendirilýär. Raýatlaryň saglyklarynyň goragy bilen bagly şeýle mesele boýunça seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwanyna dil üsti bilen ýüz tutup gelen Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary Ş.T. we beýlekiler kabul edilip, olaryň meselesi aýdyňlaşdyrylandan soňra gaýragoýulmasyz işleri geçirmek zerurlygyň ýüze çykan ýagdaýy boldy. Netije-de, bu ýüztutma boýunça Adalatçy tarapyndan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çägindäki demir ýol duralgasyna dürli hususy kärhanalar tarapyndan granulirlenen tehniki kükürt gaplanmadyk görnüşde getirilip, dökülip, açyk meýdanda saklanylýandygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine habar berlip, ministrligiň garamagyndaky Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan ýokardaky görkezilen hereketlerde sanitariýa kadalarynyň berjaý edilişine sanitariýa gözegçilik barlagyny hem-de kükürdin ysynyň we tozgajyklarynyň ýaýramagy netijesinde adamyň saglygyna ýetirip biljek zyýanynyň derejesine anyklama geçirmek soraldy. Adalatçynyň bu ýüzlenmesine kükürdiň ýokarda görkezilen derejede we görnüşde saklanmagy howanyň şertleri göz öňünde tutulyp, adamyň saglygyna uly zyýanynyň bardygy barada resmi habar berlenden soňra, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Adalatcy tarapyndan Sarahs etrabynda ýüze çykan bu waka beýan edilip Ahal welaýat häkimligine zerur çäreleriň gyssagly görülmegi barada maslahat beriş häsiýetindäki teklip berildi. Ýylyň ahyryna çenli berlen teklip boýunça degişli işler dowam edýärdi.

Adalatçynyň Diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, Adalatçynyň 2024-nji ýylyň dowamynda Daşoguz welaýatynda bolan iş saparynyň çäginde, welaýat häkimligindäki raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça ýörite topar agzalary bilen bilelikde geçiren kabul edişliginde, welaýatyň telekeçiler topary kärendä alynýan döwlet emläginiň obýektlerine kärende töleginiň bellenilşine nägilelik bildirdiler. Bu mesele boýunça ýerinde geçirilen barlagda Daşoguz welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça Maliýe we ykdysadyýet müdirligi, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirligi, «Türkmenörimeýdanlarysuwlandyryş» önümçilik birleşiginiň «Daşoguzörisuw» bejeriş gurluşyk kärhanasy we beýleki edara-kärhanalar kärende töleginiň möçberini öz buýruklary bilen kesgitläp, «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 1452 belgili karary bilen tassyklanan Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibiniň 17-nji böleginiň «döwlet emläginiň kärende obýektiniň meýdan birligi ýa-da başga görkezijiler üçin kärende tölegi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär»-diýlen talaplaryna nädogry gelýän hereketlere ýol berendikleri ýüze çykaryldy. Netije-de, ýokarda agzalan kärendä beriji edaralaryň bikanun hereketlerine we döwlet emläginiň kärende gatnaşyklarynda ygtyýarly edara hökmünde bellenen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ünsi görkezilen edaralaryň bikanun hereketlerine çekilip, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda degişli işleri geçirmek barada maslahat beriiş häsiýetindäki teklip edildi. Emma, garaşylan netije bolmandygy sebäpli Adalatçy tarapyndan bu mesele boýunça teklip Türkmenistanyň Baş prokuroryna iberildi we netijede Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň kärende töleginiň bellenilmegi baradaky welaýat müdirliklerine berilen tabşyryklar boýunça çykarylan öňki buýruklar ýatyrylyp, 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 274-iş belgili buýrugy bilen Türkmenistan boýunça kärende tölegleriň kesgitlenen möçberleri bellenildi.

Maglumatyň degişli babynda Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolan adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam bermek bolup durýandygy hem-de beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden gelip gowuşýan ýüztutmalarynda goýulan meseleleri boýunça Türkmenistanyň çäginde ýardam etmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli işleri geçirýändigi görkezildi. Maglumat ýylyň dowamynda şeýle meseleler bilen bagly, daşary ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden 8 sany ýüztutma gelip gowuşdy. Bu ýüztutmalar Türkmenistanyň raýaty tarapyndan tölenilýän aliment pulynyň iberilmegine ýardam bermek, pensiýa üçin zerur bolan resminamalary Türkmenistanyň edara-kärhanalaryndan alyp bermek we raýatlyk meseleleri bilen baglanyşykly bolup, olar boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli işler geçirilip, jogaplar iberildi.

Şeýlelik-de, Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri baradaky bu bapda maglumat ýylynda alnyp barylan işler ýokardaky mysallary getirmek arkaly görkezilip, Adalatçynyň Diwanyna gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilmeginiň netijeleri boýunça kanagatlanarly çözgütlere gelinýänligine garamazdan, ýol berilýän kanun bozulmalar barada wezipeli adamlaryň we ygtyýarly edaralaryň ünsüni çekmek zerur bolup durýar.


IХ bap. Netije


Şu Maglumatda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda hem-de Adalatçynyň Diwanynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy esasynda alyp baran işleri seljerildi we jemlenildi. Bular barada Maglumatyň aýry-aýry baplarynda her bir ugur boýunça alnyp barylan işler görkezildi hem-de amala aşyrlan işleriň mysalynda adamyň we raýatyň mynasyp ýaşaýyş durmuşa, saglygyny goramaga, bilim almaga, ýaşaýyş jaýyna, zähmet çekmäge, dynç almaga, arassa daşky gurşawa bolan we beýleki hukuklarynyň üpjün edilişinde ýurtdaky ýagdaý hem-de Adalatçynyň alyp baran işleri beýan edildi we anyk teklipler görkezildi.

Maglumatda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda Adalatçynyň alyp baran işleriniň gerimi has-da giňeldi. Ýurtda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň we üpjin edilmeginiň meseleleri işjeň ýagdaýda, hemmetaraplaýyn, giňden päsgelçiliksiz öwrenildi. Munuň sebäbi, ilki bilen demokratik we hukuk döwletimizde Adalatçynyň alyp barýan işine döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň we oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de kanunda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň hiç bir çäklendirilmezden ýerine ýetirilendigi bilen düşündirip bolar. Çünki Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär.

Adalatçy tarapyndan alnyp barylan işlere seljerme berilende ýurtda adam hukuklarynyň üpjün edilmeginde döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan kanunçylygyň berjaý edilişiniň ýyl-ýyldan kämilleşýändigini aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň sebäbi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň, şeýle hem alnyp barylýan syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady-durmuş we medeni-ynsanperwer ösüşleriň ilki bilen raýatlaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowylandyrylmagyna gönükdirlýändigi bilen baglanyşykly diýip belläp bileris.

Geçen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwany tarapyndan amala aşyrylan işler, adamyň we raýatyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary hem-de wezipeli adamlar tarapyndan adam hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçiligi amala aşyrmaga, raýatlaryň ýüztutmalaryna netijeli seretmäge, milli kanunçylygyň, şol sanda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, adam hukuklary boýunça bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmaga, raýat jemgyýetiniň adam hukuklarynyň goragyna gönükdirilen işlerine ýardam etmäge, Adalatçynyň Diwanynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Maglumatda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmegiň netijeleri, geçirilen barlaglarda ýüze çykarylan kanun bozulmalar we olar boýunça raýatlaryň hukuklarynyň dikeldilen, jogapkär wezipeli adamlar babatda görilen çäreler beýan edildi. Alnyp barylan işleriň netijesinde ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp iberen ýüztutmalary we 30-nјy maddasyna esaslanyp beren teklipleri görkezildi.

Şu Maglumatyň degişli baplarynda görkezilşi ýaly, 2024-nji ýylda Adalatçynyň ygtyýarlyklary we onuň alyp barýan işiniň gerimi has-da giňedi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky «Adalatçynyň diwanynyň işini kämilleşdirmek hakynda» karary esasynda Adalatçynyň Diwanynyň gurluşy kämilleşdirilip, täze bölümler döredilip, işgärleriniň sany artdyryldy. Has takygy, Adalatçynyň Diwanynda ozal bar bolan bir bölüm kämilleşdirilip, göşmaça iki bölüm, ýagny, Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüm we Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüm döredildi.

2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň Kanunyna üytgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna Adalatçynyň wezipesini giňeldýän we işini kämilleşdirýän kadalar goşuldy. Adalatçynyň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň diňe bir döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan däl-de, eýsem, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan hem berjaý edilmegine gözegçilik ygtyýarlyklary goşuldy. Şeýle hem, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara, wezipeli we beýleki ygtyýarly adamlara bozulan hukuklaryň we azatlyklaryň gaýragoýulmasyz dikeldilmegi hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ýüz tutmak ygtyýarlygy artdyrylyp, Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna getirip biljek ýagdaýlaryň öňüni almak babatda hem teklip berip bilýändigi baradaky kadalar goşuldy.

Bu bolsa Adalatçynyň we onuň Diwanynyň ýurtda adam hukuklaryny goramakda we adam hukuklarynyň üpjün edilmegini gazanmakda alyp barýan işiniň döwlet tarapyndan gollanylýandygyna we uly baha berilýändigine şaýatlyk edýär.

Maglumat ýylynda, Adalatçynyň Diwanynyň Milli adam hukuklary edaralaryň Ählumumy bilelleşiginde (GANHRI) akkreditirlenmegi üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi, Ösüş Maksatnamasy, Aziýa Ýuwaş Umman Forumy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde alnyp barylan işler hem bellärliklidir. Bu işleriň netijesinde, 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanyna «B» hukuk derejesi berildi. Bu derejäniň berilmegi bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň, ýurtda adam hukuklaryny goramakda alyp barýan işleriniň halkara standartlaryna laýyk gelýändigi tassyklanyldy. Adalatçynyň we onuň Diwanynyň işiniň kanun esasynda giňeldilmegi hem-de halkara derejede akkreditirlenmegi bilen geljek ýyllarda has-da jogapkärli we işjeň hereketler öňde durýar.

Şeýle-de, Maglumatyň degişli baplarynda Adalatçynyň geçen 2024-nji ýylyň dowamynda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam bermek ýaly ugurlar boýunça alyp baran işleri beýan edildi. Maglumatyň her bir babynyň ahyrynda, degişli ugurlarda işleri kämilleşdirmek, gözegçiligi güýçlendirmek, adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak barada Adalatçynyň teklipleri ýerleşdirildi. Bu teklipler esasynda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary hem-de wezipeli adamlar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň berjaý edilmegine has-da jogapkärçilikli çemeleşer diýip umyt edýäris.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň öz wezipe ygtyýarlyklaryny doly ýerine ýetirmegi üçin, şeýle hem, Adalatçynyň Diwanynyň işini dünýä ülňülerine laýyk derejede giňeltmek we kämilleşdirmek babatda berilýän goldaw we döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Hökümetine çäksiz sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, Adalatçynyň Diwanyň agzybir işgärleri bilen bilelikde, ýurtda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine öz goşandyny goşjakdygyna ynandyrýarys.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyny gutlady
26.08
Umumy abadançylygyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
25.08
Parlament forumy: ählumumy hyzmatdaşlyga çagyryş
24.08
Ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
23.08
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
22.08
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
top-arrow