Geçen hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, Garaşsyz Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýändigini aýdyň görkezdi. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.
19-njy awgustda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşine täze agzalary kabul etmegiň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ýerli halk maslahatlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, ýaşulularyň wekillerinden teklipler gelip gowuşdy. Il içinde uly abraýdan peýdalanýan, ýokary şahsy häsiýetlere, guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklara eýe bolan ýaşululary dalaşgärlige hödürlemek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şunlukda, Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna hödürlenilen ýaşulular maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan saýlanyldy.
20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geňeşiň guramaçylyk meselelerine garaldy we bu düzümiň ýerlerde alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmäge, bu ugurda tagallalary birleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda Milli Liderimiz kabul edilen çözgütlere laýyklykda, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” hem-de “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekdi.
20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de ony guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekildi.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onuň maksady türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmekden, ýaş bagşy-sazandalary höweslendirmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka geçirildi. Sergä Türkmenistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragy gatnaşdy. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri, çaga iýmitleriniň 7 görnüşi sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň meşhur moda öýleriniň we dizaýnerleriniň çagalar üçin taýýarlan täze lybaslar toplumynyň görkezilişi, intellektual bäsleşikler, beýleki gyzykly çäreler geçirildi.
22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda, beýleki durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine ünsi çekdiler.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeliligi bilen tapawutlanýandygy, şunda söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň durnukly ýagdaýda saklanýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de onuň geljekki ösüş ugurlary kesgitlenildi.
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, üçtaraplaýyn görnüşdäki gepleşikler geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk döwletleriň Baştutanlaryny Türkmenistana gelmäge we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
“Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga wajyp orun degişlidir” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Hormatly Arkadagymyz döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini, halklaryň baý medeni mirasyny, dilini, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, halyşynaslyk, amaly-haşam we aýdym-saz sungatyny gorap saklamagyň häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýandygyny nygtady.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş edip, ýakynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilendigini belledi. Munuň özi oňa gatnaşan döwletleriň taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyldy. Özbek Lideri şu duşuşygyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklaryň üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça gazanýan ägirt uly üstünliklerine ýokary baha berdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Dostlukly ýurduň Baştutany ýakynda Hazaryň kenarynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetli waka öwrülendigini belledi. Forumyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi tutuş dünýä ýurtlary üçin möhüm çözgütler hökmünde kabul edildi.
Gepleşikleriň barşynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ykdysady ugra hem degip geçmek bilen, üç ýurduň kuwwatlyklarynyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada-da geoykdysady bähbitlere itergi bermekde uly ähmiýete eýedigini tassykladylar. Elektroenergetikada ozaldan gelýän hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň, gaz pudagynda strategik özara hereketleriň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Ulag pudagy hem üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini we ugurlaryny, olaryň infrastrukturasyny has-da işjeň ulanmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekildi. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň hem-de Hazarüsti sebitiň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amatly şertleri döretmek babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, sungat, hususan-da, aýdym-saz, halyçylyk, atşynaslyk ýaly köp sanly ugurlary öz içine alýar.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde medeni çäre geçirildi. Onuň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykyş etdi hem-de belent mertebeli myhmanlara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.