Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Ol DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, bu ýurtlary goldamaga gönükdirilen strategiýalary we bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda foruma gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalary barada pikir alyşdylar hem-de tejribelerini paýlaşdylar.
Parlament forumy halkara giňişlikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri baradaky habarlylygy artdyrmaga hem-de bu meselelere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de ol gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertleri döretdi. Geljekde bu gatnaşyklar howanyň üýtgemegi, bilime we saglygy goraýşa elýeterliligi giňeltmek ýaly anyk meseleleri çözmäge gönükdirilen taslamalaryň binýadyny goýar. Forumyň netijeleri boýunça geljekki hereketler üçin özboluşly “Ýol kartasy” bolan Parlament ýüzlenmesi kabul edildi. Resminamada DÇBÖBD-niň ykdysady çykdajylary artdyrýan we bäsdeşlige ukyplylygy peseldýän düzümleýin meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellenilýär. Munuň özi bu ýurtlarda durnukly ösüş üçin päsgelçilikleri döredýär. Bu meseleleriň ykrar edilmegi netijeli goldaw strategiýalaryny işläp taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar. Awazada geçirilen maslahat dünýä jemgyýetçiliginiň bu meselä düşünýändigini we hereketlere taýýardygyny görkezdi.
Resminamada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly ösüş ýolunda bökdençlik döredýän geosyýasy durnuksyzlyk we ulgamlaýyn töwekgelçilikler aýratyn nygtalýar. Howanyň üýtgemegi, ählumumy ykdysady durnuksyzlyk, çig mal serişdeleriniň bahalarynyň üýtgäp durmagy ýaly meseleler olaryň ykdysadyýetlerine täsir edýär. Şeýlelikde, bu ulgamlaýyn töwekgelçilikleriň aradan aýrylmagy bu ýurtlarda ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ýüzlenmede 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine baha berilýär we onda ileri tutulýan alty ugurda käbir öňegidişlikler gazanylan bolsa-da, umumy netijeleriň kanagatlanarly bolmandygy bellenilýär. Ylmyň, tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmazlygy DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga päsgelçilik döredýär; ýeterlik derejede ösmedik infrastruktura bolsa bu ýurtlaryň aglabasyna öz mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga päsgelçilik berýän esasy meseleleriň biri bolup durýar. Munuň özi geljekde has aýgytly we maksada gönükdirilen hereketleriň zerurdygyny mälim edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu meselelere netijeli çözgüt hökmünde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy kabul edildi we ol BMG-niň Awaza maslahatynyň dowamynda yglan edildi. Bu resminama geljek on ýyl üçin esasy strategik meýilnamadyr. Parlamentariler Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýratyn nygtaýarlar.
Agzalan maksatnama DÇBÖBD, dünýä bileleşigi, halkara guramalar we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin giňişleýin “Ýol kartasy” bolup, durnukly ösüşi gazanmak üçin ileri tutulýan anyk ugurlarydyr çäreleri kesgitleýär. 2034-nji ýyla çenli DÇBÖBD-niň dünýä ykdysadyýetine gatnaşmagyny giňeltmek, daşarky täsirlere durnuklylygyny pugtalandyrmak, olaryň ilatynyň abadan durmuşyny has-da berkitmek bu resminamanyň baş maksadydyr. Parlament ýüzlenmesinde bu ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň diňe bir adaty ynsanperwer jogapkärçilik bolman, eýsem, halkara raýdaşlygyň binýat goýujy meselesi bolup durýandygy, şeýle hem ählumumy durnukly ösüşi gazanmagyň zerur şertidigi bellenilýär. Dünýäniň ilatynyň ep-esli böleginiň geografik çäklendirmeler zerarly öz mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirip bilmedik ýagdaýynda, durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny hem gazanmak mümkin däldir. Şoňa görä-de, DÇBÖBD-ne maýa goýumlar tutuş dünýäde durnukly we abadan geljege maýa goýumdyr.
Awazadaky forumda parlamentariler ähli taraplary has ylalaşykly, utgaşykly hereketlere çagyrdylar. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler içerki özgertmeleri durmuşa geçirmek, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, netijeli institutlary ösdürmek bilen baglanyşykly ýolbaşçylygy öz üstüne almalydyrlar. Üstaşyr geçiriji ýurtlaryň hyzmatdaşlyk etmegi, üstaşyr geçiriş amallaryny ýeňilleşdirmäge taýýarlygy, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, BMG-niň düzüm birlikleriniň bolsa serişde we bilermenlik goldawyny bermegi DÇBÖBD üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem parlamentariler halkara, sebit guramalaryny, köptaraplaýyn we sebitleýin ösüş banklaryny has ylalaşykly tagallalary etmäge çagyrdylar. Olar infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmekde, tehniki goldawy bermekde esasy orny eýelemelidirler. DÇBÖBD-de durnukly we hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşi ýokarlandyrmaga ýardam bermek, bu ýurtlaryň halkara söwda amallaryna netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek bu tagallalaryň esasy maksadydyr.
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly hem-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin özgertmeler, hususan-da, düýpli düzümleýin özgertmeler zerur. Ýüzlenmede ähli çeşmelerden serişdeleri artdyrmagyň, maliýeleşdirmegiň innowasion mehanizmlerini ýola goýmagyň wajypdygy nygtalýar. Mundan başga-da, gyzyklanma bildirýän taraplaryň giň bileleşigini döretmek esasynda ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak teklip edilýär. Bu bileleşik hökümetleri, hususy pudagy, raýat jemgyýetini, ylmy jemgyýetçiligi, DÇBÖBD-ne ýardam berip biljek beýleki guramalary birleşdirmelidir. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme bar bolan serişdeleri has netijeli ulanmaga mümkinçilik berer. Awazada geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň ösüşinde milli kanun çykaryjylyk edaralarynyň möhüm ornuny ykrar etdi. Parlamentler wekilçilikli, kanun çykaryjy we býujet edaralary hökmünde çykyş etmek bilen, döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlaryna täsir etmäge ukyplydyrlar. Olar ähli derejede netijeli dolandyryşy pugtalandyrmakda, aýanlygy, hasabatlylygy üpjün etmekde esasy orny eýeleýärler. Olaryň bu işlere gatnaşmagy ykdysady, ekologiýa, durmuş syýasatynyň sazlaşykly alnyp barylmagyna, durnukly we inklýuziw ösüşe ýardam bermek üçin zerurdyr.
Parlamentler Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli derejede amala aşyrylyşyna yzygiderli, hemmetaraplaýyn syn berilmegini işjeň goldamalydyrlar. Bu syn ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň, ýerli jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda ýurtlaryň ýolbaşçylygynda hem-de olaryň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilmelidir. Şeýle parlament hasabatlylygy maksatnamanyň wezipeleriniň netijeli we ilatyň ähli gatlaklarynyň bähbitleriniň nazara alynmagy arkaly ýerine ýetirilmegini kepillendirýär. Şeýle-de ýokarda agzalan ýüzlenmede parahatçylykly, adalatly we inklýuziw jemgyýeti gurmagyň zerurdygy ykrar edilýär. Parlamentler kanun çykaryjy edaralar hökmünde adalatlylyga deňeçer elýeterliligi üpjün edýän, adam hukuklaryna hormat goýmaga, kanunyň rüstemligi, ähli derejede talabalaýyk dolandyryşa esaslanýan hukuk binýadyny döretmekde esasy orny eýeleýärler. Aýdyň, netijeli we hasabatly institutlaryň pugtalandyrylmagy bolsa durnukly ösüşiň binýadydyr.
Parlamentariler ýüzlenmede zenanlaryň ösüş işinde we çözgütleri kabul etmekde möhüm ornuny ykrar edip, olaryň parlamentlerde wekilçiligini artdyrmaga çagyrýarlar. Mundan başga-da, resminamada parlamentleriň raýat jemgyýeti, hususy pudak, beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen has ýakyn hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtalýar. Açyk dialog we kanun çykaryjylyk işine ilatyň dürli gatlaklarynyň çekilmegi jemgyýetiň zerurlyklaryna laýyk gelýän has netijeli çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär. Şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmekleri üçin olara tehniki we maliýe ýardamy zerurdyr. Munuň özi degişli halkara guramalar tarapyndan institusional maslahatlary bermekde, serişdeleri herekete getirmekde goldawy öz içine alýar. Şeýle goldaw parlamentlere kanun çykaryjylyk işine, býujet serişdelerine gözegçilik wezipelerini has talabalaýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Uzak möhletleýin geljekde DÇBÖBD-niň parlamentleri öz hökümetleriniň Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerinde üstüne alan borçnamalary üçin hasabatlylygy üpjün etmekde işjeň orny eýelemelidirler. Çünki parlament gözegçiligi demokratik dolandyryşyň esasy bölegi bolup, hökümet borçnamalarynyň anyk hereketlere we netijelere öwrüljekdigini kepillendirýär. Hasabatlylygyň güýçlendirilmegi diňe bir Awaza maksatnamasynyň maksatlaryny gazanmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ýurtlarda demokratik institutlary pugtalandyrmaga hem mümkinçilik berer.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem-de onuň çäklerinde geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň meseleleri boýunça halkara dialogy ilerletmekde möhüm ädim boldy. Giň möçberli çäreler bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini nygtamak bilen, geljek üçin “Ýol kartasyny” teklip etdi. Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň umumy ygrarlylygyna, serişdeleriň netijeli ulanylmagyna, DÇBÖBD-niň durnukly, inklýuziw we abadan geljegini gazanmak üçin zerur bolan kanunçylyk hem-de institusional özgertmeleri ilerletmekde milli parlamentleriň işjeň, jogapkärçilikli çemeleşmesine bagly bolar. Bu wakanyň uzak möhletleýin geljegi on ýyllyk meýilnamanyň çäginden has daşary çykyp, DÇBÖBD-ne geografik çäklendirmeleri ýeňip geçmäge we olara dünýä ykdysadyýetiniň deňhukukly gatnaşyjylary bolmaga mümkinçilik berjek durnukly hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy goldaw ulgamyny döretmekde öz beýanyny tapar. Munuň özi üstaşyr geçiriji ugurlara baglylygy peseltmek, ekologik durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin logistikada yzygiderli innowasiýalary, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegini, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyny talap edýär.
Bu işde adam maýasynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Bilime, saglygy goraýşa, hünär taýýarlygyna maýa goýumlar uzak möhletleýin ösüşiň binýady bolup durýar. Döwrebap ukyp-başarnykly, ýaş we bilimli nesiller diňe bir täze tehnologiýalary netijeli ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdunyň özboluşly zerurlyklaryna laýyk gelýän innowasion çözgütleri özbaşdak döretmäge-de ukyplydyrlar. Şeýlelikde, Hereketleriň Awaza maksatnamasy diňe bir ykdysady meýilnama bolman, eýsem, has durnukly, abadan jemgyýetleri gurmak boýunça hemmetaraplaýyn strategiýa hem bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, hususy pudagyň işjeň çekilmegi maksatnamany üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Döwlet maýa goýumlary we halkara goldawlar özgertmeleriň zerur gerimini hem-de tizligini ýekelikde üpjün edip bilmeýär. Amatly işewürlik gurşawynyň döredilmegi, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi täze iş orunlaryny döretmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasiýalary ornaşdyrmak üçin zerur bolan hususy maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berer.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde dürli forumlaryň, şol sanda Parlament forumynyň geçirilen ýeri hökmünde ýurdumyzyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Gadymy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan logistika we ulag päsgelçiliklerini ýeňip geçmekde baý tejribe toplady. Üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen syýasat bilen berkidilen bu tejribe ýurdumyzy bu ugurda anyk çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwürdi. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar geçelgeleri ýaly sebit we sebitara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde wajyp orny eýeleýär. Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryny baglanyşdyrmaga gönükdirilen bu başlangyçlar diňe ýurdumyza däl, eýsem, goňşy döwletlere hem geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berýär.
Şeýlelikde, Awaza forumy DÇBÖBD-niň meselelerini üstünlikli çözmekde anyk mysallar bilen tanyşdyrmaga, sebitiň üstaşyr ulag kuwwatyna ünsi çekmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, BMG-niň bu giň möçberli çäresiniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik we bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bitarap Türkmenistan ynanyşmak hem-de netijeli dialog gurşawyny döretmäge ukyply ýer eýesi hökmünde çykyş etdi. Häzirki geosyýasy ýagdaýlarda şeýle meýdança çylşyrymly meseleler boýunça ylalaşyk gazanmak üçin örän möhümdir. Awaza syýahatçylyk we diplomatiýa merkezi hökmünde Türkmenistanyň parahatçylykly tagallalara açykdygynyň, ählumumy meseleleri çözmäge ýardam bermäge taýýardygynyň nyşany boldy.