Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni hem köpöwüşginli çärelere baý boldy. Oňa gatnaşyjylar üçin şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem milli tansy we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli medeni mirasy öwrenmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek we aýawly saklamak medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şonuň esasynda ýurdumyzda döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumy durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda folklor-etnografik hem-de aýdym-saz we tans toparlarynyň ençemesi, şol sanda çagalar toparlary peýda boldy. Olaryň çykyşlarynda gadymdan gelýän we häzirki döwrüň däpleri ajaýyp sazlaşyk döredýär hem-de ýaşlaryň däp bolan sungatlary öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen folklory örän täsindir we özboluşlydyr, halkymyzyň dilden-dile geçip gelýän döredijiligi bolsa baýdyr hem-de köpdürlüdir. Ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu sungatyň üsti dürli taryhy eýýamlarda döredilen täze eserler bilen ýetirildi, zehinli artistleriň çykyşlary bilen baýlaşdyryldy. Türkmen topragy bolsa olaryň zehini bilen hemişe şan-şöhrata eýe bolupdyr. Biziň jemgyýetimiz gadymdan bäri parasatly we özboluşly türkmen folkloryna ýokary baha beripdir hem-de uly sarpa goýupdyr. Biziň folklorymyzda kyssa eseri, şygryýet we aýdym-saz aýratyn sazlaşyk döredýär. Milli tanslar hem türkmen sungatynda möhüm orun eýeleýär. Onuň özboluşly dili şahyrana sözüň üstüni ýetirýär we türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, arzuw-isleglerini aýdyňlyk bilen beýan edýär. Ýurdumyzda ähli toý-dabaralar, baýramçylyklar aýdym-saz, folklor toparlarynyň işjeň gatnaşmagynda geçirilýär. Olaryň çykyşlary gadymy we häzirki döwrüň sungatlarynyň sazlaşygyny emele getirip, ruhubelentlik ýagdaýyny döretmäge ukyplydyr. Siwilizasiýanyň gözbaşynda peýda bolan küştdepdi tansy iň meşhur we täsin tanslaryň biridir. Arheologik tapyndylar hem-de gadymy ýazuw çeşmeleri bu sungatyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny tassyklaýar. Özünde tansyň hem-de aýdymlaryň-gazallaryň ugurlaryny jemleýän türkmen küştdepdi tansy milli medeniýetiň köpöwüşginli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýar. Tansa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, geljekki üstünlikleri we belent sepgitleri wasp etmek bilen, gadymy döwürlerdäki ýaly, özleriniň arzuw-isleglerini beýan edýärler. Şeýlelikde, diňe bir tans sahnasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gadymdan gelýän dessur bolan küştdepdi milli aýdym-saz we tans sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, taryhyny wagyz etmekde döwrebap çemeleşmeleriň ulanylmagy maddy däl milli gymmatlyklary aýawly saklamak işinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň medeniýet-döredijilik ulgamynyň işgärleri bu işde multimediýa žurnalistikasynyň usullaryny we sanly tehnologiýalary ulanyp, tutuş jemgyýetiň ruhy we aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen türkmen halk döredijiligini we tans sungatynyň täsin däpleri baradaky bilimleri giňden ýaýratmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şu gün usuly maslahatda ýurdumyzda strategik maksatnamalary amala aşyrmak hem-de şu maksat bilen häzirki döwrüň mümkinçiliklerinden, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly telewideniýäniň, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we beýleki medeniýet ojaklarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar oba medeniýet öýleriniň işini ösdürmek we kämilleşdirmek, oba ýaşaýjylaryny döredijilige, medeni ösüşe we sungat babatdaky bilime, şol sanda halk teatrlaryny guramak işine çekmek üçin medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek hem-de ony geljekde hem netijeli we doly ulanmak mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň medeni gymmatlyklarynyň jemgyýetimiziň ähli agzalary üçin deň derejede elýeterli bolmagyny üpjün etmäge çalyşýandygyny bellediler we milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde folklory we milli tans sungatyny aýawly saklamaga hem-de giňden wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmagyň ýollary barada pikir alyşdylar. Medeniýet öýünde mowzuklaýyn sergi hem guraldy. Agşam dabaralar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda dowam etdi. Şol ýerde, aýdymçylaryň we sazandalaryň howandary Aşyk Aýdyň piriň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Diýarymyzyň bagşylarynyň we dessançylarynyň gatnaşmagynda «Bitarap Watanyň bezegi-nagşy, Şirwan perdä galyp, çalsana bagşy!» atly dabara geçirildi. Artistleriň ýerine ýetirmeginde dessanlar hem-de halkymyzyň söýgüli aýdymlary ýaňlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň bagşyçylyk mekdebini ösdürmegi dowam edýän ýaş nesliň arasynda gadymy dessançylyk sungaty aýratyn meşhurlyga eýedir. Daşoguz welaýatynyň çäginde türkmen milli saz guraly bolan dutar ýadygärliginiň dikeldilmegi, welaýatyň merkezinde bolsa täsin bagşyçylyk muzeýiniň döredilmegi tötänden däldir. Şol muzeýde aýdym-saz döredijiligine bagyşlanan edebiýatlaryň müňlerçesi we gymmatlyklaryň ýüzlerçesi, şol sanda milli saz gurallary bolan dutar, gyjak, gopuz, tüýdük we beýlekiler bar. Şu günki dabara milli bagşyçylyk mekdebiniň esaslarynyň mizemezdigini, bagşy-sazandalaryň milli dessanlary we aýdymlary örän oňat bilýändigini görkezdi. Şol dessanlar we aýdymlar ata-babalarymyzyň we nesilleriň dowamatlylygyny äşgär edýär, olarda halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary — watançylyk hem-de adalatlylyk, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasynda goýlandyr. Döredijilik forumynyň wakalara baý bolan dördünji güni Daşoguz şäherinde sungat ussatlarynyň köpöwüşginli konserti bilen tamamlandy.