Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň täze rejelenen görnüşini tassyklady
Teswirlemeler
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň täze rejelenen görnüşini tassyklady
Çap edildi 24.09.2019
25033

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklap, ýurdumyzda howanyň täsirini meýilnamalaşdyrmak we ony seljermek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Bu gün tutuş dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseldip biljekdigine hem-de oňa ykdysadyýetiň we jemgyýetiň uýgunlaşmagyny üpjün etjekdigine göz ýetirmek barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Tutuş adamzat üçin möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna Türkmenistan jogapkärli çemeleşýär we bu işe mynasyp goşant goşýar. Çünki bilelikdäki iş hem-de mümkinçilikleriň utgaşdyrylmagy dünýäde parahatçylygy we durmuş üpjünçiligini saklamagyň ýeke-täk ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. Aýratyn-da, ekologiýa ulgamynda möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, Türkmenistan bu ugurdaky iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, howanyň üýtgemegi barada hereketleriň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Ministrler Kabinetiniň 20-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bellenilişi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýany kabul eden BMG-ä agza döwletleriň ilkinjileriniň biridir. Howa goýberilýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmak boýunça anyk maksatlary we çäreleri, esasy ýörelgeleri özünde jemleýän bu resminama 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda geçirilen «Rio+20» sammitiniň öňüsyrasynda kabul edildi hem-de ýedi ýylyň dowamynda netijeli durmuşa geçirildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, ähli önümçilik pudaklarynyň ekologiýa taýdan howpsuz ölçeglere tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini esasy ugur edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda eden çykyşynda dünýäniň döwletleriniň hem-de halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşini daşky gurşawy goramak hakyndaky aladadan üzňe üpjün etmegiň mümkin däldigini belledi. Şonda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi kabul edildi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi barada sammitiň kabul eden halkara ylalaşygyna goşulmaga taýýardygyny belledi. Ol şondan birnäçe aý geçensoň Parižde kabul edildi. Şondan bir ýyl soň, 2016-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan Pariž ylalaşygyna gol çekildi. Soňra ol ýurdumyzyň Mejlisinde tassyklanyldy. Howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen Pariž ylalaşygy iri halkara şertnamasy bolup durýar, ol 2016-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje girdi. Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň täze ylalaşygyna gol çeken ähli taraplar gazyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça meýletin borçnamany öz üstüne aldylar hem-de pes uglerod ösüş ýoluny saýlap alandyklary barada Konwensiýanyň Müdiriýetine habar berdiler. Durnukly ösüş maksatlaryndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen, Türkmenistanyň howa strategiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy, onda bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ine, şu hepdäniň başynda, 23-nji sentýabrda bolsa, Nýu-Ýorkda howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş tarapyndan sammitiň geçirilen gününde Aşgabatda milli Liderimiz tarapyndan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa rejelenen görnüşde tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ekologiýa konwensiýalaryna ygrarlydygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak baradaky işjeň syýasatynyň dowam edýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürendigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ägirt uly kuwwatyny tutuş dünýäniň bähbitlerine peýdalanmagy teklip edýär hem-de ählumumy maksatlaryň we öz mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny wajyp hasaplaýar. Bu meselelerde içeri syýasat barada aýdylanda bolsa, ol ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işlemeginiň binýatlaýyn esasy hökmünde «ýaşyl ykdysadyýetiň» ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Munuň özi dünýäniň esasy nebitgaz döwletleriniň, uglewodorod çig malyny öndürýän we eksport edýän iri ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna hem doly derejede degişlidir. Şeýle jogapkärli çemeleşme energetika howpsuzlygy meselesinde halkara ylalaşygyny işläp taýýarlamagyň zerurlygy babatynda Türkmenistanyň ornuny şertlendirýär, ekologiýa ugry baş wezipeleriň biri bolup durýar. Bu barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş boýunça BMG-niň «Rio+20» (Braziliýa, 2012-nji ýyl) maslahatynda aýdypdy. Şonda milli Liderimiz täze guraly — Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Sebitara energetika gepleşigini döretmek barada teklibini beýan etdi. Biziň umumy wezipämiz häzirki döwrüň ykdysady bähbitlerini, halkara hyzmatdaşlygyň ýagdaýlaryny ekologiýa deňeçerligini saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmakdyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan beýleki döwletler we abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny gözlemekde, şol sanda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilik işlerine netijeli tebigaty goraýyş tehnologiýalary ornaşdyrylanda ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny gözleýändigini hemişe aýan edýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň usullarynyň häzirki wagtda iň ýokary ekologiýa ölçeglerine kybap gelýändigini, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilendigini bellemek gerek. BMG-niň biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmä garşy göreş baradaky, howanyň üýtgemegi baradaky, ozon gatlagyny goramak hakynda, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak hakyndaky, tebigaty goramak boýunça konwensiýalarynyň Türkmenistan tarapyndan tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa gaznasy ýaly abraýly halkara guramalary we beýlekiler bilen bilelikde Türkmenistan milli hem-de sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasyny durmuşa geçirýär. Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we ibermegiň iri dünýä merkezleriniň birine okgunly öwrülýändigini nazara alanyňda, bu sebitiň bioköpdürlüligini hem-de ekologiýa deňeçerligini gorap saklamak milli çäklerden çykýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň bu halkara guramasynyň resmi dillerinde BMG-niň Baş assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmeginiň we çap edilmeginiň guwandyryjy ýagdaýdygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamasynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň oňa girizilen Hazar meselelerine häzirki döwrüň ählumumy wezipeleri, şol sanda daşky gurşawy goramagyň nukdaýnazaryndan garaýan konseptual teklipleriniň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu deňziň örän baý tebigy serişdeleriniň goralyp saklanylmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde döretmek baradaky pikirini beýan edip, «Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys» diýip, Hazar üçin «ýaşyl diplomatiýanyň» netijeli ýollaryny döretmegi hem-de döwletleriň bu işlerine halkara agentliklerini, ekologiýa merkezlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmegi teklip etdi. Mundan başga-da, sebitimizde tebigy we ekologiýa heläkçilikleri bilen baglanyşykly bilelikdäki çözgütleri talap edýän beýleki meseleler bar. Şolaryň hatarynda Aral deňziniň meselesi örän möhümdir. Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işine uly goşant goşýar, bu ekologiýa heläkçiliginiň ýetiren täsirlerini peseltmegiň ýollaryny gözlemäge işjeň gatnaşýar hem-de Aral boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmegi teklip edýär. 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» barada Kararnamany kabul etdi, bu resminama ekologiýa ulgamynda doly derejeli halkara hyzmatdaşlygynyň guralyny, hususan-da, Aral heläkçiliginiň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki işiň guralynyň döredilmegine gönüden-göni degişlidir. BMG bilen hyzmatdaşlyk biri-biri bilen baglanyşykly suw, energetika, ekologiýa wezipelerini çözmek boýunça has giň gerimli çäreleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge mümkinçilik berer. Bu mesele 2017-nji ýylyň iýun aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen duşuşyk mahalynda hem gozgaldy. Birleşen Milletler Guramasy BMG bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Kararnama bilen bilelikde, ekologiýa dahylly ýene bir resminamany — 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek barada çözgüdi kabul etdi. Şeýlelikde, Milletler Bileleşigi Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleri goldaýar. Ekologiýa syýasaty diňe bir tehniki çemeleşme bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň sazlaşygyny, onuň ruhy-ahlak terbiýesini we raýatlylygyň ykrar edilmegini, ýokary medeniýetliligi we tebigata parasatly, jogapkärçilikli gatnaşygy hem öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz ekologiýa diplomatiýasyny ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bilen, halkara gatnaşyklary ulgamyny ynsanperwerleşdirmegiň we oňa ekologiýa häsiýetiniň berilmeginiň, olaryň ahlak ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, şunda ynsan ömrüniň gymmatyny ilkinji orna çykarýar. Türkmen döwletiniň täze eýýamy şöhratly wakalaryň hem-de sepgitleriň birnäçesine beslenýär, şunda ýurdumyzyň täsin tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini saklamaga, baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegine goldaw berýän taslamalar aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Garagumda ägirt uly Türkmen kölüniň gurulmagydyr. Bu köl eýýäm daşky gurşawa, şol sanda biologik köpdürlüligiň artmagyna amatly täsir etdi. Onuň akabalarynyň kenarlaryndaky gamyş jeňňelleri we ýylgyn tokaýlyklary guşlaryň ýaşaýan mesgenine öwrüldi. Kölüň suw ulgamy çölüň gazaply howasyny gowşatmaga hem amatly täsir eder. Häzirki wagtda kölüň gurluşygynyň ikinji nobatdakysy dowam edýär. Özüniň gerimi taýdan deňsiz-taýsyz bolan bu köl Türkmenistan üçin bolşy ýaly, tutuş Orta Aziýa üçin hem uly ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösmegi üçin hil taýdan täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak bilen birlikde, tutuş sebitiň ekologiýasyna hem amatly täsirini ýetirer. Köpetdagyň eteklerinden Hazaryň kenarlaryna çenli tutuş ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň hem gerimi haýran galdyrýar. Aşgabadyň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde peýda bolan tokaý zolaklary diňe bir kalplary tolgundyrmak bilen çäklenmän, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleriniň mesgenine öwrülýär. El bilen döredilen bu tokaýlyklar topragyň zaýalanmagynyň öňüni alýar, onuň çyglylygyny saklaýar, howa ýagdaýyny gowulandyrýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.. Çöllük we yssy ýurtda eýýäm köpýyllyk zähmetiň miwesi görünýär hem-de iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda tokaý zolaklaryny döretmegiň täze ugry kemala gelýär. Täzeden dikeldilýän energetika ulgamynda ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynyň uly geljegi bardyr. Ösüşiň ekologiýa taglymaty ahyrky netijede adamlaryň täsin türkmen tebigaty bilen sazlaşykly durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, daşky gurşawyň sagdynlaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda Türkmen döwletiniň tejribesi beýleki döwletlere, ilkinji nobatda bolsa, senagat taýdan ösen ýurtlara peýdaly bolup biler. Howanyň üýtgemegi barada Hökumetara bilermenler toparlarynyň hasabatynda howanyň üýtgemeginiň gürrüňsizdigi, onuň atmosferanyň we umman howasynyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagynda, buzly gatlaklaryň eremeginde, ummanyň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagynda, adatdan daşary ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan gaýtalanmagynda ýüze çykýandygy bellenilýär. Adamyň hojalyk işleri bilen baglylykda, atmosferada zyýanly gazlaryň toplanmagynyň artmagy sebäpli, howanyň üýtgemeleriniň ýüze çykmagynyň ähtimallygy örän ýokarydyr. Hatda zyýanly gazlaryň toplanylyşynyň durnuklaşan ýagdaýynda hem ummanlaryň suwunyň ýylamagy hem-de derejesiniň ýokarlanmagy birnäçe asyrlap dowam eder. Ýeri gelende aýtsak, soňky 100 ýylyň dowamynda ummanyň suwunyň derejesi takmynan 17 santimetr, soňky 10 — 15 ýylyň dowamynda bolsa 3 millimetr ýokary galdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşi ýurdumyzyň pes uglerod ösüşine ýardam edýän, esasy pudaklaryň ählisiniň howanyň üýtgemek ýagdaýlaryna uýgunlaşmagyna we ykdysadyýetiň durnuklylygynyň, şol sanda azyk, suw hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine şert döredýän netijeli çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir. Bu strategiýa şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasy, Pariž ylalaşygy hem-de Durnukly ösüşiň degişli maksatlary babatynda borçnamalaryň öz wagtynda berjaý edilmegine gönükdirilendir. Bu resminamada anyk wezipeler, şol sanda gidrometeorologiýa gözegçilikler ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa tygşytlaýjy, netijeli we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ulgamda ylmy üpjünçiligiň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak babatynda wezipeler kesgitlenildi. Tebigy serişdelerden jogapkärli peýdalanmak häzirki wagtda ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşigini bu ugra eýermäge çagyrýar. Türkmenistan dünýä derejesinde ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly binýady döredýär, ählumumy meseleleriň çözgüdine uly goşant boljak öz gymmatly tejribesini toplaýar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow